ARASSA SUW - SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.71 (24 Ses)

SALAM, GADYRLY OKYJYMYZ!

"Suw-ýaşaýşyň gözbaşy" diýilşi ýaly, biziň durmuşymyzy suwsyz göz öňüne getirme asla mümkin hem däldir. Teşneligi gandyryjy suw diňe bir ýaşaýşa ylham beriji, kuwwatlylyk çeşmesi bolman, eýsem ol adamynyň hojalygynda hem peýdaly, örän gerekli tebigy resurs bolup durýandyr. Suwy giňden ulanmak bilen birlikde, ondan peýdalanyş we saklanyş düzgünleri dogry berjaý edilmedik ýagdaýynda, saglyk babatda çynlakaý meseleleriň ýüze çykjakdygy ikiuçsyzdyr. Şol sebäpden hem, biz suwuň ulanylşy bilen bagly durmuş ýagdaýlaryna syn edip, saglyga zyýan ýetirilmeginiň öňüni almaga kömek edip biljek peýdaly çäreler babatda söz açýan kitapçany, Siziň dykgatyňyza hödürlemegi makul bildik.

Sen kitapçany saýtyň sahypasyndan indirip, ony islendik printerde çap edip bilersiň. Biz şu kitapçany okanyňdan soň, ony öz dost-ýarlaryňa, garyndaşlaryňa, tanyşlaryňa ýetirersiň diýip umyt baglaýarys. Il saglygyna öz goşandyňy goşup bilýändigiňi unutma! Eger şu kitapçany ýaýratmak babatda haýsydyr bir pikirleriň bar bolsa, olary biziň bilen paýlaş. Biz Seniň bilen hyzmatdaşlyk etmäge elmydama taýýar!

Saýtyň işgärler topary.

KITAPÇANY AÇMAK ÜÇIN ÇEP TARAPDAKY SURATA BASYŇ!!!
(KITAPÇA PDF FORMATYNDA ≈2.2 MB)

  • 3496 gezek okalan

Teswirler (10)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Adam ýaşaýşy üçin arassa howanyň gerek bolşy ýaly arassa suw hem ýaşaýşyň özeni. Nebsimiz agyrsada köp adamlar suwuň ulanylşyny gowy bilmeýärler. Esasy gabahatlyk hem şunda.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Ata-babalarymyzyň atasy hem babasy ýagny, türkmen halky asyrlar boýy suw gytçylygyndan kösenip gelipdirler. Şol kösençlik kommunizm gurulýan döwürde-de dowam edip,häzir hem şol tempde dowam edýär. Ýogsam durmuşy, ýaşaýşy öňki döwürler bilen...

Ata-babalarymyzyň atasy hem babasy ýagny, türkmen halky asyrlar boýy suw gytçylygyndan kösenip gelipdirler. Şol kösençlik kommunizm gurulýan döwürde-de dowam edip,häzir hem şol tempde dowam edýär. Ýogsam durmuşy, ýaşaýşy öňki döwürler bilen deňeşdirer ýaly däl,tehnika ösen, ýagdaý bar,... çynyňy edip çemeleşseň, çözülmez ýaly problema däl. Çol problemany çözmäge näme päsgel berýärkä!? Öten geçenlerimiziň arzuwyny şeýdip nesilden-nesile geçirip, arzuwlygyna galdyrmalymyka!? Ony çözçek ÝOLBAŞÇY tapylmazmyka?!<br />Bize näme bolsada,arzuw edip,kesellemez ýaly şu kitapdaky maslahatlary ýerine ýetiräýmek galýar. Şol-a öz elimizden gelýär. Häzir-ä başga alaç ýok.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Obalarda suw meselesi uly problema.Hemişe şol problemalygyna-da galýar. Çözülýän zat ýok. Kitapçada görkezilen, aýdylan maslahatlary ker kimiň özi çözüp bilýär.Kesellemezligimiz özümize bagly.Şeýle owadan görnüşde kitapçany nädip obalylara...

Obalarda suw meselesi uly problema.Hemişe şol problemalygyna-da galýar. Çözülýän zat ýok. Kitapçada görkezilen, aýdylan maslahatlary ker kimiň özi çözüp bilýär.Kesellemezligimiz özümize bagly.Şeýle owadan görnüşde kitapçany nädip obalylara ýetirip bolarka?

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Peýdaly kitapça.Merkezden daş oba ýerleriniň ýaşaýjylaryna gaty gerekli maglumatlar. Kitapda görkezilen düzgünler berjaý edilse, keselçilik köp derejede azalar.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Peýdaly kitap. Saýlap seçip, içer ýaly bol elin suw ýok. Balkan tarapda, geçen asyryň ortalarynda-da suwdan kösenilýärdi. Garagum kanaly gurlanda gowlanar öýtdik. Hemme ýerler gurap ýatyr. Häzir hem şol kösençlik.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Dogry aýdýaň Göwher!Suw meselesi mydama bar.Emma sol meseläni çözmäni hiç kim başaranok.Başarşak hem bolanoklar.Sen agyz suwunyň gürrüňini edýäň, Obalarda mellekler hem gurap ýatyr.Suw bolmansaň ekilenok.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Wah, oba ýerlerinde,suw ýok.Öýmizde 6-njy sahypadaky ýaly, betondan edilen howza wagtal-wagtal maşyn bilen guýdyrýarys. Köplenç gaýnatman hem içilýär. Elimizden gelýän zat ýok.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Batyr! Gaty dogry aýdýaň.Biri birimiziň düşünjesini artyraýmasak başga ýerden kömek ýok. Türkmenleriň yarysy iç agyrydan, infektsion kesellerden ejir çekip ýitip gijekler.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Halk köpçüligi üçin gaty gowy kitap.Ýatda galjak suratlar bilen owadanlaşdyrylan. Ýöne biziň türkmen halkymyz, okasa-da "düşünmez".Köp ýerlerde bir baklaşkany alyp, biri-birlerine geçirip içip durlar. Aý, beýdip janyňy saklap bolmaz."hudaý"gorar...

Halk köpçüligi üçin gaty gowy kitap.Ýatda galjak suratlar bilen owadanlaşdyrylan. Ýöne biziň türkmen halkymyz, okasa-da "düşünmez".Köp ýerlerde bir baklaşkany alyp, biri-birlerine geçirip içip durlar. Aý, beýdip janyňy saklap bolmaz."hudaý"gorar diýýärler.Köplerimizde sanitariýa düşünjesi ýok.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

gaty owadan we manyly kitapca! Ishigizde ustinlik!

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location