Wajyp meseleler... Wajyp soraglar...

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.19 (16 Ses)

abort caklendirmeler 17072018

Yagdaý

2016-njy ýylyň awgust aýyndan başlap Türkmenistanda aýallara diňe göwreliligiň 5 hepdesine çenli mini abortlary geçirmek rugsat berilýär. Eger aýal göwreliligini 5-12 hepde aralygynda togtatmak isleýän bolsa, ony diňe lukmançylyk ýa-da sosial görkezmeleri (adamsynyň ölümi, tussagda bolmagy) boýunça, ýörite lukmançylyk toparynyň rugsat bermegi bilen amala aşyryp bolýar. Mundan öň aýallara lukmançylyk görkezmeleri bolmazdan, 12 hepdä çenli göwreliligini togtatmaga rugsat berlipdi. Lukmanlaryň we zenanlaryň bellemegine görä, lukmançylyk toparlary ýaly böwetleriň döredilmegi, korrupsiýanyň we parahorlugyň ösmegi üçin oňaýly şertleri döredýär.

Aýdyşlaryna görä, Aşgabatda uly möhletlerde abort etdirmek kynçylykly bolsa-da, welaýatlarda lukmanlar bilen gepleşip bolýarmyş. Lukmanlaryň hem temmi berlip, işden çykarylýan ýagdaýlarynyň bardygy barada maglumatlar bar.

Lukmanlaryň köpüsi bu ýagdaýdan göwreliligiň netijesini "ösmedik göwrelilik" diýip üýtgedip çykýarlar. Uly möhletlerde geçirilýän abortlar şu kesel kesgidi bilen geçirilýär.

Ýene myş-myşlarmy?

Biz hem şu ýagdaýlaryň myş-myşlar ýygyndysynda bolup galmagyna ynanasymyz gelýär. Gynansakda mediada, sosial ulgamlarynda şeýle mesele gozgalanak. Eger okyjylarda goşmaça, ýa-da şu ýazylanlary dellilendirýän, ýa-da çapraz gelýän maglumatlar, faktlar, tejribeler bolsa biz olary okyjylar bilen paýlaşmana taýýardyrys. Bu mesele babatda Saglygy Goraýyş ministriliginiň düşündirişine we pikirlerine minnetdar bolarys.

OKYJA ÝAGDAÝY SELJERMÄNE KÖMEK BERJEK MAGLUMATLAR

1-4 hepde göwrelidigini bilýan aýallar känmi?

5 hepde bolmaka göwreliligini bilýan zenanlaryň sany ujypsyzdyr. Aýallaryň aglaba bölegi aýbaşynyň gelmezligine şübhelenip ýa-da oňa garaşyp göwreliligiň 5-6 hepdelerinde ýagdaýlaryny bilip galýarlar. Gynansakda, ýurdumyzda aborta degişli hiç hili statistiki maglumatlar, hasabatlar elýeter däl.

Bütindunýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSSG) näme diýýär?

Önelgelilik saglygyna, lukmançylyk taýdan dogry maglumatlary alyp bilmek, jemgyýetde olaryň elýeterli bolmagy her zenanyň hukugydyr.

1992-nji ýylda BSSG (WHO-eng, ВОЗ-rus.) guramasyna agza bolan Türkmenistan halkara kepilnamalaryň birnäçesine eýe.

Ol hukuk anyk nämelerden ybarat?

Her zenanyň:

↪ Erkin we jogäpkärçilikli şekilde haçan we näçe çaga edinmegini basyşsyz, diskriminasiýasyz, zorluksyz öz islegine görä saýlap almagyna;

↪ Göwreliligi anyklaýan testleriň elýeter bolmagyna;

↪ Islenilmedik, meýilleşdirmedik göwreliligiň öňüni almagyna;

↪ Göwreliligiň öňüni alyş serişdelerniňi nireden we nähili alynşyny bilmäge (munuň içine prezerwatiw hem girýär);

↪ Howpsuz, kanunlaşdyrylan abortyň nirede, nähili geçirilşi we onuň bahasy barada habardar bolmaga;

↪ Kanuna görä, ýazgyda abort etdirmekde göwreliligiň möhleti babatda kanun-kadalary görüp, alyp, okap bilmäge;

↪ Abortyň howpsuz operasiýadygyndan habardar bolup, onuň gaýraüzülmeleriniň göwreliligi möhletiniň ulalmagy bilen artýandygyndan doly habarly bolmaga;

↪ Çaga düşen ýagdaýynda, howply şertlerde abort geçirilen ýagdaýynda, tizden-tiz lukmançylyk kömegini almaga we şeýle lukmançylyk hyzmatlarynyň nireden almalydygyndan habardar bolmagyna hukugy bardyr.

Abortyň öňüni alyp bolýarmy?

Döwrebap jynsy terbiýe, ýetginjeklere we ýaş adamlara niýetlenilen maşgalany meýilleşdirmek babatdaky bilim, abort baradaky bilim, kanunlaşdyrylan abort ýaly çäreler abortyň öňüni almakda uly netije berýär.

Howply abort näme?

Howply abort – "Islenilmedik göwreliligi togtatmak üçin geçirilýän prosedurany lukmançylyk işgäriniň ýeterlik derejede ukybynyň bolmazlygynda ýa-da arassaçylyk taýdan lukmançylyk talaplaryny berjay edilmezliginde geçirilýän abort". Howply abort çynlakaý gaýraüzülmelere getirip, aýalyň maýyp galmagyna we ölümine eltip bilýär.

Abortyň kanunlar, düzgünler bilen çäklendirilmegi nähili hadysalara getirip bilýär?

Jemgyýetde abortyň elýeter bolmagy we jynslaryň arasyndaky deňsizligiň, zyýanly däp-dessurlar we dini düşünjeler bilen arabaglanşygy bolýar. Aborta çäklendirmäniň girizilmegi jemgyýetde deňsizligiň döremegine goşant goşýar. BSGG-nyň bellemegine we geçiren barlaglaryna görä, abortyň rugsat edilen we rugsat edilmeýän ýurtlary deňeşdirilende, abort etdirmegi ýüregine düwen aýalyň aborty etdirmek ähtimallygy deň bolup gaýlar. Abortyň çäklendirilmegi abort etdirýan aýallaryň sanyna täsir edenok.

Çäklendirmeler gurply maşgaladan bolan aýallara mümkinçlik açyp (pul bilen çözüp bolýär), garyp gatlaklardan bolan aýal-gyzlary howply ýagdaýlara, bikanun geçirilýän abortlara mejbur edýär, olaryň ölümine getirip bilýär. "Aborty göwreliligiň haýsy möhletinde geçirilmegini çäklendirýän kanunlar we syýasatlar kanunda bellenilýän möhletden geçen göwreli aýallaryň saglygyna howp salýar. Şeýle çäklendirmeler, kanunlar käbir aýallary howply ýerlerden abort gözlemäne mejbur edýär, özlerini lukmançylyk gözegçiliksiz mizoprostol, howply usullary, serişdeleri ulanmana mejbur edýär. Ýa-da başga ýurtlara gidip abort etdirmäge (gymmat we göwreliligiň möhletini uzaldýar) mejbur edip, sosial deňsizligiň ösmegine goşant goşýar". (BSSG, Göwreliligiň möhletine bolan çäklendirmeler – sah. 93, 4.2.7)

BSGG lukmançylyk toparlaryndan rugsat almak ýaly talaplara nähili garaýar?

Abort etidirmek üçin başga bir lukmanlardan ýa-da olaryň bir toparyndan (lukmanlaryň komissiýasy) rugsat talap etmek howply abortlara amatly şertleri döredip, aýal-gyzlaryň saglygyna howp salýar, olaryň hukuklaryny bozýar. (BSSG, Howpsuz aborta bolan kanuny, administratiw päsgelçilikler – sah. 94, 4.2.2)

Aborty kanuny çäreler bilen çäklendirmelerden başga-da, aýal-gyzlaryň howpsuz ýagdaýda abort etdirmek päsgelçiliklerine abortyň bahasy, maşgalada goldawyň bolmazlygy, sosial taýdan goragsyzlyk, lukmanlaryň şahsy negatiw garaýyşlary we pes lukmançylyk hyzmatlary ýaly päsgelçilikleri mysal getirip bolar. Durmuşa çykmadyk göwreli bolan gyzlar has kyn ýagdaýda galýarlar. Dünýäde ähli howply şertlerde geçirilýän abortlaryň 14%-i 20 ýaşdan ýaş bolan gyzlaryň arasynda geçirilýär.

BSGG-nyň kadalaryna we agza ýurtlaryna edýän tekliplerine görä howpsuz abort nähili usullardan ybarat?

Iki esasy usul ulanylýar.

Dermanlar bilen geçirilýän abort – Mizoprostol we Mifepriston dermanlaryň kömegi bilen göwreliligiň 6-7 hepdesine çenli, lukmanyň gözegçiliginde geçirilýär. 2005-nji ýylda BSGG-sy Mifepriston we Mizoprostol dermanlaryny tassyklap, öz hasabatyna goşdy.

Hirurgiki abort – göwreliligiň 12 hepdesine çenli lukman tarapyndan geçirilýär. Mini-abort (wakuum-aspirasiýa – 4-5 hepdä çenli) iň howpsuz usul hasaplanýar.

Giňişleýin maglumatlar:

1. WHO Safe abortion: technical and policy guidance for health systems, 2012

2. ВОЗ: Безопасный аборт: рекомендации для систем здравохранения по вопросам политики и практики, 2012

3. ВОЗ Туркменистан

  • 1800 gezek okalan

Teswirler (1)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Dinara

Dogry ýazylan makala

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location