GOMOSEKSUALIZM: TEBIGATYŇ ÝALŇYŞYMY ÝA-DA KESEL?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.98 (43 Ses)

Gomoseksual gatnaşyklary öz taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, adamzat jemgyýetinde hemişe duş gelip duran ahwalat bolsa-da, onuň sebäplerini, tebigatyny düşündirmek synanşyklary hem-de oňa bolan ýazgaryjy garaýyşlar şu güne çenli dowam edip gelýändir.

Näme üçin gatnaşyklaryň gomoseksual ugruny saýlap alýarlar? Bu ýagdaý biziň aňymyzyň gözegçiliginden çykýan hemişelik ahwalatmyka? Bu gatnaşyklar durmuşyň belli bir döwründe meýletin saýlanan çözgütmikä? Belki-de, bu gatnaşyklar çaganyň maşgalada ýa-da mekdepde alan terbiýesi netijesinde saýlanylýandyr?

Döreme sebäbini düşündirmäge synanşýan ylmy barlaglar

Gomoseksualizmiň gelip çykyş sebäplerini düşündirmäge synanyşýan ençeme ylmy barlaglaryň netijeleri alymlar tarapyndan beýan edilse-de, olaryň hiç biri hem anyk faktlar bilen tassyklanan däldir.

Z. Freýdiň çagalar bilen ene-atalaryň arasyndaky asyl modele gabat gelmeýän gatnaşyklar netijesinde gomoseksual gatnaşyklar döreýär diýen pikirinden ugur alyp, şol maglumaty tassyklamak üçin psiholog I. Biber hem-de onuň kärdeşleri 106 sany gomoseksualyň we 100 sany geteroseksualyň (garşydaş jyns bilen gatnaşyk edýänler) maşgala durmuşyny öwrendiler. Bu barlaglar köp gomoseksuallaryň ejeleriniň öýde hökmürowan, maşgalabaşy ornuny eýeläp, kakalarynyň erksiz, passiw orny eýeländigini anykladylar. Tersine, psihologlar Bene gomoseksuallaryň öz atalary bilen içgin, ýakyn gatnaşykda bolandyklaryny, Grinblat bolsa öz geçiren barlaglary esasynda gomoseksual erkekleriň kakalarynyň açyk, aladaçyl, mähirli adamlar bolup, öz ogullary bilen ýakyn emosional gatnaşygy saklaýandyklaryny äşgär edýär. Olaryň ejeleri bolsa aýratyn bir hökmürowanlygy bilen hem, mährem, ýakyn emosional gatnaşygy bilen hem tapawutlanmandyrlar. Psiholog Zidelman (1974ý.) bolsa psihologiki taýdan gowy uýgunlaşan gomoseksual we geteroseksual (deňeşdirme üçin) toparlaryň arasynda maşgala gatnaşyklarynyň aýratynlyklarynyň açyk tapawudynyň ýoklugyny belläp geçip, "ata-ene" gatnaşyklarynyň ülňüsiniň üýtgemeleriniň gomoseksual gatnaşyklarynyň ýüze çykmagyna täsir edip biljekdigini ret edipdir.

Psihologlar tarapyndan ilkinji jynsy gatnaşyklaryň goýýan emosional "tagmasynyň" hem gomoseksual gatnaşyklara bolan islegi döredip biljekdigi barada pikirler orta atylýar. Eger adam öň garşydaş jynsy bilen gatnaşyklarda ýaramaz, ürküziji tejribe toplap, öz jynsy bilen oňaýly, ýakymly gatnaşygy başyndan geçiren halatlarynda, gomoseksual gatnaşyklaryň döräp, berkemegine şert döräp biler. Dürli fantaziýalar bilen baýlaşýan hyýallar bu gatnaşyklaryň has hem berkemegine getirip biler. Erkekler tarapyndan zorlanma duçar bolan ýa-da olar bilen aragatnaşyk açma synanyşygynyň birnäçe gezek puja çykmagyny başdan geçiren aýallaryň hem gomoseksual (lesbiý) gatnaşyklaryny kabul etmäge ýykgyn bolýandygy mälimdir.

Ençeme gomoseksual adamlar öz seksual ugurlarynyň biologiki kanunlary esasynda düşündirilýänligini tassyklaýarlar. Bu tassyklamanyň dogrulygyny barlamak üçin hem dürli ugurda barlaglar geçirildi. 1952-nji ýylda Kallman gomoseksual gatnaşyklaryň genetiki gelip çykyşyny tassyklamak üçin bir ýumurtgadan hem-de iki ýumurtgadan dörän, bir ekiz taýy bu seksual ugry saýlap alan ekizleriň maşgala taryhyny öwrendi. Kallmanyň pikirine görä, ekizleriň dogrumdan öň hem, soň hem birmeňzeş şertlerde saklanýanlygy sebäpli, bir ýumurtgadan emele gelen ekizleriň ikisinde hem, iki ýumurtgadan dörän ekizler bilen deňeşdirilende, gomoseksual häsiýetleriniň döreme töwekgelçiligi ýokary bolýar. Ol bir ýumurtgadan emele gelen ekizlerde bu gatnaşyklaryň döreme alamatlary babatda töwekgelçiliginiň 100%-e çenli ýokarlanýandygyny, iki ýumutgadan emele gelen ekizler üçin bolsa onuň 12%-e barabardygyny belläpdir. Ýöne ondan soňky barlaglar (psiholog Zigler 1976ý; Heston, Zelds 1978ý.) bu netijeleri tassyklamaýarlar we häzire çenli genetiki taýdan düşündiriş alymlar tarapyndan ykrar edilen däldir.

Gomoseksual gatnaşyklaryň döremeginde gormonal faktorlaryň uly orun eýeleýändigi barada hem alymlar tarapyndan pikirler orta atylýar. Bu ugurda birnäçe maglumatlar hem toplandy. Birinjiden, dünýä inmezden öň haýwanlaryň çaga düwünçegine käbir gormonlaryň täsirini ýetirme, dünýä inenden soň olarda erkek ýa-da aýal gomoseksuallygynyň döremegine getirip biljekdigini tassyklady. Ikinjiden, adrenogenital alamatlar toplumyndan ("erkek" gormony – androgenyň köp işläp çykmagy bilen häsiýetlendirilýän endokrin keseli) ejir çekýn aýallarda "lesbiý" gatnaşyklaryna ýykgyn etme töwekgelçiliginiň ýokary bolýandygyny barlaglar görkezdi. Üçünjiden, geteroseksual hem-de gomoseksual erkek adamlaryň jynsy gormonlarynyň derejesi deňeşdirlende, gomoseksual ugry saýlap alan erkeklerde erkeklik gormony bolan testosteronyň pesligini ýa-da aýal gormony – estrogenyň ýokarydygy anyklanyldy. Ýöne başga barlaglar tarapyndan bu netijeler tassyklanmady. Barlaglaryň görkezişi ýaly, gomoseksual gatnaşygy alyp barýan adamlara jynsy gormonlary goýberme, olaryň seksual ugrunyň üýtgemegine hiç hili täsirini ýetirmeýär.

Görşümiz ýaly, ýokarda bellenip geçilen sebäpleriň hiç biri doly ykrar edilmeýän bolsa hem, gomoseksual gatnaşygy saýlap alan adamlaryň belli bir bölegine bu sebäpleriň birinden biriniň täsir edendigi ikuçsuzdyr. Belki-de, ýyllaryň geçmegi bilen gomoseksualizmiň tebigatyny beýan edýän we sebäbini açyp görkezýän täze maglumatlar, taglymatlar peýda bolup, bu düşündirişler doly ret ediler.

Jogapsyz galýan soraglar

Eýsem, gomoseksualizm keselmi ýa-da tebigat tarapyndan genetiki meýilleşdirilen hadysamy? Meniň pikirimçe, ylma belli bolan maglumatlaryň hemmesi, oňa dogrumdan öňki hem-de soňky ýaramaz faktorlaryň utgaşmasy sebäpli döreýän agyr kesel hökmünde seretmäge esas döredýär. Islendik keseliň ylmy taýdan tassyklanan bejergisi bolmaly. Kesele uçran adam bolsa özüni näsag saýmaly. Gomoseksuallaryň aglabasy öz seksual "üýtgeşikliginden" ruhy ejir çekýän bolsalar hem (olaryň 25%-i özüne kast etme synanşygyny başdan geçirip, 3%-e golaýy bu synanşyk sebäpli dünýäden ötýärler), olaryň 60-65%-i öz ýagdaýyny we ýaşaýyş tertibini kadaly hasaplap, bejergiden boýun gaçyrýarlar.

Degişli jynsy gormonlary goýberme, jyns mäzlerini oturtma, biçme (kastrasiýa), elekrtik toguny (elektroşok) ulanma çäreleriniň netijesizligi, dermanlaryň (apomorfin, aminazin) kömegi bilen psihoterapiýa usullaryny ulanmagyň az netijeliligi barada maglumatlar toplanandyr. Lukmançylyk edebiýatynda, geçen asyryň 50-nji ýyllarynda işlenilip düzülen, beýniniň gipotalamus böleginde ýerleşýän jynsy islege gözegçilik edýän merkezleri "dargatma" usullarynyň peýdaly netijeleri berendigi barada maglumatlar bardyr. Ýöne bu hirurgiki usulyň gaýraüzülmelere getirip biljekdigi hem-de ony hemme näsaglara ulanmaga mümkinçiligiň ýoklugy, ony has agyr ýagdaýlarda, çäkli ulanmaga mejbur edýär.

Gomoseksual toparlaryň jemgyýetde döremegi we olaryň öz hukuklary ugrunda çykyş etmegi möhüm lukmançylyk, sosial we ýuridiki meseleleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Şeýle bolsa, olara näsag hökmünde seretmelimi ýa-da olary ýaramaz jemgyýetçilik "kastasyna" degişli etmelimi? Ruhy taýdan bekemedik ýaşlary olaryň täsirinden nähili goramaly? Belki-de, olara jemgyýetiň "adaty bolmadyk" gatlagy hökmünde seredip, jemgyýet olara bolan çydamlylyk ugruny saýlap almalydyr? Şeýle soraglar jemgyýetiň çözmeli möhüm meseleleriniň biri bolup durýandyr.

P.S. Hormatly okyjy! Biziň jemgyýetimiz üçin wajyp bolan bu meseläniň biologiki, sosial, psihologiki sebäplerini açmaga synanşyk edip hem-de bu hadysa babatda öz pikirini beýan edip, makalanyň awtory siziň pikirleriňizi bilmek maksady bilen ençeme soragy orta atýar. Dogrudan hem, bu mesele babatda siziň her biriňiziň pikirini bilmek bizüçin gyzykly we derwaýys bolardy. Biz Siziň pikir alyşmalaryňyza garaşýarys.

  • 11767 gezek okalan