Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÜRKMENISTANDA INKLÝUZIW SOSIAL HYZMATLAR NÄHILI ORNAŞDYRYLÝAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

tkmda inklyuziw sosial hyzmatlary

Şu ýylyň iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi (TZITGM) bilen bilelikde 2020-2022 ýyllarda durmuşa geçiren "Inklýuziw ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny ornaşdyrmak" maksatnamasynyň hasabatyny çap etdi.

Hasabata görä:

↪ Maksatnama ejiz toparlaryň şahsy zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga we sosial işgärleriň üsti bilen olaryň jemgyýete goşulyşmagyny üpjün etmäge niýetlenen.

↪ Hasabat türkmen, iňlis we rus dillerinde BMG-nyň websaýtynda çap edildi, emma TZITGM saýtynda bu hasabat barada maglumat berilmeýär.

↪ Maksatnamanyň çäginde döwletiň maliýeleşdirmegi bilen 45 sany sosial işgär işe kabul edilipdir. Işgärler sosial işleriň/hyzmatlaryň nazaryýeti we tejribesi boýunça okuw okap, Aşgabatda we 5 welaýatyň 20 etrabynda 675-e golaý maşgala goldaw beripdirler.

↪ 2021 iýun – 2022 mart aralygynda sosial hyzmatlardan umuman ~ 322 adam (maýyplygy bolanlar, islenilmedik göwrelilik/bäbeginden ýüz öwürmek ýagdaýyndakylar, öýdäki zorluga sezewar bolanlar, töwekgellik toparyndaky ýaşlar we ş.m.) we gyzgyn telefon hyzmatyndan 1379-dan gowrak adam peýdalanypdyr. (sahypa 19)

Gowy habar

Sosial hyzmatlar meýilnamasyny durmuşa geçirmek türkmen jemgyýetinde hyzmatyň täze görnüşini we sosial goldaw düşünjesini ornaşdyrmakda uly ädimdir.

▶  Türkmenistanyň hökümeti ýurtda aýallaryň islenilmeýän göwrelilige, gender esasly we öýdäki zorluga sezewar bolýandygyny hem-de tölegsiz hojalyk işleriniň olara agram salýandygyny ilkinji gezek boýun aldy.

▶  Arakhorlukdan ejir çekýän agzalary bolan maşgalalara ilkinji gezek bu meýilnamanyň üsti bilen sosial goldaw üpjün edildi.

▶  2022-nji ýyldan başlap uniwersitetlerde 250 talyp sosial işgär ugrundan okadylýar.

▶  Durmuş/sosial hyzmatlary barada täze kanun kabul edildi.

▶  Ilkinji gezek resmi taýdan türkmenistanly aýalyň öýdäki zorlugy başdan geçirenligi paýlaşyldy (sahypa 21).

Muňa garamazdan, hasabatyň kemçilikleri we wajyp soraglaryň jogapsyz galýandygy göze dürtülýär.

Hasabatyň kemter taraplary:

◉  BMG hasabata umumylaşdyrylan we ýüzleý syn beripdir. Meselem, UNICEF-iň, Halkara Zähmet Guramasynyň, Bütindünýä Bankynyň bilelikde Özbegistanyň sosial goraglylygyna baha berýän hasabatynda ýurtda garyplygyň, işşsizligiň, sosial goldawa mätäçligiň statitikasyndan başlap, tä sosial goldaw almagyň tapgyrlaryna çenli jikme-jik 130 sahypalyk maglumat berilýär. Emma, Türkmenistandaky 2.3 million dollarlyk bu meýilnamanyň hasabaty bary-ýogy 36 sahypa (onuň hem 3 sahypasy bütinleý maglumatsyz) we statistika örän az.

◉  Hasabatyň türkmen dilindäki görnüşinde iňlisçedäki "social worker" adalgasy "durmuş işgäri" diýlip alynýar. (Rus dilindäki görnüşinde bolsa "специалист по социальной работе", ýagny sosial iş boýunça hünärmen). "Durmuş işgäri" adalgasy türkmen dilini baýlaşdyrmaga goşant goşsa-da, bu adaty raýata düşnüksiz bolup, "social worker" sözüniň asyl manysyny bermän biler. Oňa derek "sosial işgär" ýa-da "jemgyýetçilik işgäri" diýilse okyja düşnükli we ulanmaga amatly bolardy.

◉  Sosial işgäriň kömegini nähili "ejiz toparlaryň" alyp bilýänligi giňişleýin düşündirilmeýär.

◉  Hasabatda sosial goldaw almagyň düzgünleri we haýsy edara, nädip ýüz tutmalydygy barada maglumat berilmeýär.

◉  Döwletiň nirede näçe adama sosial kömegi üpjün edip bilýändigi barada statistika ýok.

◉  Döwletiň/ministrligiň sosial goldawa niýetlenen býujetiniň näçedigi bellenilmeýär.

◉  Taýýarlyk sapaklarynda sosial işgärlere nämeleriň öwredilendigi we olaryň nähili ukyplary ele alandygy beýan edilmeýär.

◉  Programma ýola goýlany bäri gyzgyn telefondan peýdalananlaryň sany bellenilse-de, gyzgyn telefonyň günde ýa-da aýda näçe kişä hyzmat berip bilýändigi barada sanlar görkezilmeýär.

◉  Gaçybatalgada nähili adamlaryň, näçe adamyň we näçe wagt galyp bilýänligi hakda maglumat berilmeýär.

◉  Türkmenistanda 57-den gowrak etrabyň barlygyna seretmezden, barlagyň näme üçin diňe 20 etrapda geçirilendigi düşündirilmeýär we etraplaryň atlary berilmeýär.

◉  Hasabata görä, 12 sany täze ýöriteleşdirilen sosial hyzmatlar döredilipdir. Emma hasabatda ne hyzmatlaryň ady ne olaryň kimlere niýetlendigi bellenilýär.

◉  Bilelikdäki maksatnamanyň 7 sany durnukly ösüş maksatlaryny (1 – Garyplygy ýok etmek, 4 – hili ýokary bilim, 5 – gender deňligi, 8 – iş üpjünçiligi we ykdysady ösüş, 10 – deňsizligi azaltmak, 16 – parahatçylyk, adalatlylyk we güçli institutlar, 17 – DÖM ýetmek üçin hyzmatdaşlyk) goldaýandygy hasabatda bellenilýär. Ýöne munuň anyk nähili goldalýanlygy barada maglumat berilmeýär.

Meýilnamada az sanly bolsa-da iş üpjünçiliginiň barlygy, 45 sosial işgäriň 50%-iniň aýallardygy, öýdäki zorluga sezewar bolan aýallara sosial hyzmatlaryň berlendigi we hyzmatdaşlykda iş alnyp barlandygy sebäpli bu meýilnama DÖM-iň 5, 8, 10, 17 maksatlaryny goldasa-da, 1, 4, 16 maksatlaryny goldamaýar.

Maksatnama 16 sany ýerli hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda amala aşyrylsa-da, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we döwlete degişli däl guramalaryň maksatnamada ýerine ýetiren işleri we orny bellenilmän, diňe atlary agzalyp geçilýär.

Ýeri gelende aýtsak:

Ýerli hyzmatdaşlyk we bilelikdäki meýilnamanyň möhleti gutarandan soň, sosial goldaw bermäge jogapkär ministrlik hökmünde TZITGM jemleýji hasabaty ýa-da sosial işgärleriň alyp barýan işlerine degişli maglumatlary öz web sahypasynda çap etmedi. Bu bolsa ministrligiň sosial hyzmatlaryň üpjün edilişi we meýilnamanyň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklanmaýandygyny habar berip biler.

Kemçiliklere nädip çäre görüp bolar:

◇ TZITGM websaýtynda sosial hyzmatlara we ministrligiň BMG bilen bilelikde durmuşa geçiren bu maksatnamasyna niýetlenen ýörite bölümi bolmaly.

◇ TZITGM websaýtynda sosial hyzmatlaryň býujeti, sosial işgärleriň aýlyklary barada anyk maglumatlar ýerleşdirilmeli.

◇ Gyzgyn telefon diňe aýal-gyzlaryň saglyk we maşgala ýagdaýy boýunça däl-de, eýsem sosial goldawy alýanlar we almak isleýän ähli raýatlar üçin döredilmeli.

◇ Aşgabada we Ahala sosial goraglylyk we hyzmatlaryň hili babatda ýurduň beýleki ýerlerine seredeniňde öňden bäri has köp üns berilýänligini nazara alyp, gelejekde 4 welaýatda, aýratynam çet etraplarda sosial hyzmatlary ýola goýmaly we gowulandyrmaly.

◇ Her etraba deň derejede sosial işgärler bellenilmän, etraplardaky sosial goldawa mätäçleriň sanyna görä sosial işgärleriň işe alynmagy göz öňünde tutulmaly.

◇ Hasabata görä, meýilnama Ýewropadan hünärmenler goldaw beripdir. Ýewropanyň bu ugurda öňdebaryjydygy şübhesiz. Emma, beýleki Merkezi Aziýa döwletleriniň sosial hyzmatlar babatda Türkmenistandan has ösendigi, goňşy döwletleriň Türkmenistan bilen sosial gurluş taýdan meňzeşlikleriniň barlygy sebäpli hünärmenler Merkezi Aziýadan bolan bolsa has netijeli bolardy. Bu maksatnamanyň indiki tapgyrlarynda göz öňünde tutulmaly.

BMG we TZITGM üçin soraglar:

↪ Inklýuziw sosial hyzmatlara "agyr durmuş ýagdaýyna" düşen maşgalalar girizilipdir. Agyr durmuş ýagdaýlaryna düşenlere anyk kimler, nähili ýagdaýdaky adamlar degişli?

↪ Sosial hyzmatlar/goldaw barada halkyň habardarlygyny artdyrmak üçin bu meýilnama ilatyň iň köp ünsüni çekýän telewideniýe ýa sosial mediýa ýaly ýerlerde dowamly mahabatlandyryldymy?

↪ Maksatnama neşe serişdelerini ulanýan adamlara sosial hyzmat bermek girizilipdir. Emma Türkmenistanda neşe serişdelerini ulanmagyň jenaýat hasaplanyp, olaryň azatlykdan mahrum edilýändigini göz öňünde tutsaň, neşe serişdelerini ulanýan adamlaryň sosial goldawy aljaklary tapylarmy ýa olar üçin howpsuz kanunçylyk we gurşaw döredildimi?

↪ Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlarda zähmet migrantlary bolanlary juda köp. Olaryň köpüsi çagalaryny yzlarynda goýup gaýtdy. Maksatnama howandarsyz çagalara sosial hyzmaty bermegi öz içine alýar. Muňa migrantlaryň çagalary degişlimi? Näme üçin şu uly mesele hasabatda bellenilmeýär?

↪ Maksatnamanyň çäklerinde sosial hyzmatlar üçin "Tejribeçileriň jemgyýetiniň" emele gelendigi bellenilýär. Bu jemgyýetiň işi nämeden ybarat? Maksatnama goşandy nämeler?

Gadyrly okyjy, sen bu maksatnama barada näme bilýärsiň? Sen sosial işgärlere ýa olaryň işlerine gabat gelip gördüňmi? Olaryň işine nähili baha bererdiň?

  • 612 gezek okalan