Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ONLAÝN ZULUMLAR OFLAÝN DÜNÝÄNIŇ AÝNASY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Digital Violence

Türkmenistanyň ilaty aýal-gyzlaryň statusy barada nähili pikirde?

Gysgaça Mazmuny
Progres Fondy
8 Mart, 2023

Ilkinji sosial mediýa synynyň netijeleri Türkmenistandaky aýal-gyzlaryň onlaýn dünýäde howpdan azat däldigini, şeýle-de soňky iki ýylda olara ýigrenç bilen daraşylmagynyň has artandygyny ýüze çykardy.

Saglygyň synçylar topary Türkmenistanda we onuň diasporasynda sosial mediýa syn we gözegçilik işini geçirdiler. Bu barlag işiniň maksady aýal-gyzlaryň jemgyýetde öz statuslaryna bolan garaýyşlaryna düşünmekdi. Biz erkek adamlaryň hem meselä bolan garaýşyny öwrenmegi makul bildik, çünki ol barada Türkmenistana degişli ylmy barlaglarda ýa-da köpçülikleýin söhbetdeşliklerde agzalman gelinýär. Bu barlagda sosial mediýadan ýygnalan maglumatlar ulanyldy, sebäbi sosial mediýa äleminde adamlar özlerini tanatmazdan pikirlerini aýdyp bilýärler – Türkmenistandaky oflaýn dünýäde welin beýle mümkinçilik ýok diýen ýaly.

Biziň barlagymyzyň netijeleri Türkmenistanyň hökümetine meseläni kabul etmegiň we sanly älemde aýal-gyzlaryň hukuklarynyň goraglylygyny kepillendirmek arkaly, meselä dessin çäreleri görmegiň gaýragoýulmasyz we zerurdygyny görkezýär. Dogry syýasatlaryň durmuşa geçirilmegi howpsuz onlaýn we oflaýn gurşawlaryň döremegine we hukuk bozujylaryň jogapkärçilige çekilmegine ýol açar.

 Häzirki wagtda Türkmenistanda öýdäki zorluga we jynsy erjeşmä degişli hiç hili kanun ýok. Ýurtdaky gender esasly zorluk (GEZ) barada wajyp statistikalar juda az. Ilaty diňlemek arkaly, biz Türkmenistanyň jemgyýetindäki aýal-gyzlara şeýle-de GEZ-e bolan esasy tendensiýalary we garaýyşlary anykladyk. Bu maglumatlaryň ilat içinde uzak wagtlap garaşylandygy we gereklidigi ikuçsuzdyr.

Bu barlagy geçirmek üçin ýörite synçylar topary sosial mediýa gözegçilik etdiler we 44 sany degişli çeşmeden ýekänme-ýekän maglumat ýygnadylar. Biz köpçülik tarapyndan 2 ýylyň dowamynda paýlaşylan 1904 sany posty we teswiri bir ara jemledik. Bular türkmen, rus we iňlis dillerinde bolup, çap edilen seneleri 2020-nji ýylyň ýanwary bilen 2022-nji ýylyň awgusty aralygy öz içine alýar.

Esasy Netijeler

Barlagymyzyň netijeleri internet giňişliginiň aýal-gyzlara ep-esli ýigrençli kontendiň (materiallar, teswirler we postlar) gönükdirilmegine mümkinçilik döredýändigini görkezýär. Galyberse-de, zyýanly kontendiň barha artýandygyndan çen tutup aýtsak, hökümetiň soňky wagtlarda girizen çäklendirmeleri ýaly hereketleriniň meseläni has-da ýitileşdiren bolmagy mümkin. Şeýle-de, köp halatlarda ýigrençli kontent özlerini erkek hökmünde tanadýan sosial mediýa ulanyjylaryndan çykýar we aýal ulanyjylar GEZ-e garşylyk görkezip çykyş edýärler.

Mundan başga-da, az mukdarda hem bolsa, sanly älemde gabat gelýän aşa zyýanly kontent ilat howpsuzlygyny ýokary töwekgelçilige salýar. Bu görnüşli ýokary töwekgelçilikli teswirlerdäki zulumyň derejesi haýran galdyrýar, sebäbi olarda aýal-gyzlara gönüden-göni zyýan berme niýeti beýan edilýär.

Barlagyň netijeleriniň gutarnykly däldigini hem-de bütin ilatdaky tendensiýalary şekillendirmeýändigini aýratyn belläp geçmek möhümdir. Çünki toplanan maglumatlar onlaýn çap edilýän, gizlin kanallarda ýa-da messenjerlerde paýlaşylýan kontendiň giňişleýin nusgalaryny öz içine almaýar. Maglumatlar Türkmenistanda we onuň diasporasynda internet we sosial mediýa ulanýanlaryň çap edýän kontendi bilen çäklenýär. Hut şonuň üçin-de, barlagyň netijeleri Türkmenistandaky ähli jemgyýetleri we toparlary şekillendirmeýär. Muňa garamazdan, bu netijeler hem-de maslahatlar Türkmenistandaky öýdäki zorluga we kiber zorluga degişli köpçülikleýin pikir alyşmalary başladyp we olaryň dowam etmegine goldaw berip biler. Netijeler jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň hökümetiniň we halkara guramalaryň arasynda söhbetdeşligi dowam etdirmek üçin oňaýly platformanyň döredilmegine ýol açyp biler.

Esasy Sanlar

↪ Pozitiw (24.6%) we bitarap (31%) kontent bilen deňeşdireniňde, postlaryň we teswirleriň köpüsi (44.5%) aýal-gyzlara garşy negatiw tendensiýalary görkezýär.

↪ Gürrüňlerde esasy iki tema agdyklyk edýär: aýallara garşy ýigrençli dil we gender rollary.

↪ Zyýanly ýa-da zulumly kontent barlanylan nusgalaryň örän az bölegini düzýär: 2.5% (ýokary töwekgelçilikli) we 5% (orta töwekgelçilikli).

↪ Negatiw kontendiň has uly bölegi (483 post we teswir) internetde özüni erkek hökmünde tanadýanlara degişli bolup, deňeçer möçberdäki bitarap (242 sany) we pozitiw (279 sany) postlary we teswirleri aýallar paýlaşypdyr.

↪ "Ýigrençli dil" hem özüni erkek hökmünde tanadýanlaryň kontentlerinde has köp duş gelip (42.4%), aýallaryň kontendi esasan gender rollaryna üns çekýär (30.8%).

↪ Aýallaryň paýlaşýan kontendiniň agramly bölegi zorlugy bes etmegi ündeýär (157 post we teswir). Şol sanda, erkek adamlaryň postlarynyň we teswirleriniň köpüsi (112 sany) zorlugy öňe sürýär.

Esasy Tendensiýalar

↪ Ýygnalan maglumatlaryň 2022-nji ýylda çap edilenleriniň 18%-e çenlisini aýal-gyzlara garşy zorlugy (AGGZ) öňe sürýän kontent düzýär. Şol sanda, 2021-nji ýyldakylaryň 2.8%-ni we 2020-däkileriň 10%-ini AGGZ tutýar.

↪ Ýigrençli dil ýygy-ýygydan gürrüňleriň köp bölegini eýeläpdir: 2022-de 27%, 2021-de 36% we 2020-de 21%.

↪ Aýal-gyzlaryň üstünliklerine bagyşlanan kontent iňlis dilinde, emma ýigrençli dilli kontent türkmen dilinde we gender rollaryna degişli kontent rus dilinde has ýygy duşýar.

↪ Ýigrençli dil "YouTube" we "Instagram" platformalarynda, gender rollaryna degişli gürrüňdeşlikler bolsa "Facebook"-da has uly orun alýar.

***************

< Doly hasabat (PDF) >

***************

  • 42 gezek okalan