• Makalalar
  • COVID-19
  • BSŽ SANJYMY WE COVID-19

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BSŽ SANJYMY WE COVID-19

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid 19 bszBSŽ sanjymynyň (inçekesel waksinasy) adamlary COVID-19 wirusyndan goraýandygy barada hiç hili subutnama ýok. Häzirki wagtda bu sanjymyň täsirlerini derňeýän iki sany kliniki barlag alnyp barylýar. Barlaglaryň netijeleri belli bolanda, BSGG olara baha berer. Heniz subutnama ýokka, BSGG koronawirusdan goranmak üçin BSŽ sanjymyny ulanmagy maslahat bermeýär. Şol bir wagtda-da, BSGG inçekeseliň köp duş gelýän ýerlerinde, täze doglan çagalara BSŽ sanjymyny bermegi maslahat bermegini dowam edýär.

BSŽ sanjymynyň immun ulgamyna edýän näbelli täsirlerini adamlarda we haýwanlarda geçirilen eksperimentler görkezýär. Bu täsirler heniz anyklanylmady we kliniki taýdan talabalaýyklygy nämälim bolup galýar.

2020-nji ýylyň Aprel aýynda BSGG COVID-19, SARS-CoV-2 we BSŽ üçin iňlisçe, fransuzça we hytaýça gözleg terminlerini ulanmak arkaly esasy ylmy maglumat bazasynyň we kliniki barlaglar ambarynyň dowam edip duran subutnama synlaryny täzeledi. Synlar üç sany heniz rezenzirlenmedik (ylmy syn ýazylmadyk) ylmy işiň üstüni açýar. Bu işlerde BSŽ sanjymyny ulanýan ýurtlardaky COVID-19 hadysalary ony ulanmaýan ýurtlaryňky bilen deňeşdirilýär we sanjymy yzygiderli ulanýan ýurtlarda häzire çenli COVID-19 bilen kesellän adamlaryň has azdygy görkezilýär. Beýle ekologik barlaglar nätakyk pikirlerlerden täsirlenegen bolýar. Döwletleriň demografiýasyndaky tapawutlar, keselçiligiň derejesi, keseli anyklaýyş derejesi, we her ýurtdaky pandemiýa ýagdaýy barlaglaryň netijelerinde uly rol oýnaýar.

Çeşme: BSSG

  • 1331 gezek okalan