• Makalalar
  • COVID-19
  • BIR PANDEMIÝA BEÝLEKÄ ALYP BARÝAR

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BIR PANDEMIÝA BEÝLEKÄ ALYP BARÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid 19 aclyk pandemiyasy"COVID-19-yň getiren ykdysady çökgünligi wirusyň özünden hem has köp adamy öldürip biljek ‘açlyk pandemiýasyna’ alyp barýar" diýip, Bütindünýä Iýmit Programmasynyň (WFP) müdiri Dewid Bizli duýdurýar.

Bu pandemiýa ösüp barýan ýurtlara has agyr zarba salar. Wagtynda öňi alynmasa, öňümizdäki aýlarda Injilde agzalýan açlyklaryň birnäçesi ýüze çykyp biler. Emma bu açlygyň täze görnüşi bolar. Agyr açlyk krizislerine köplenç sebitleýin faktorlar sebäp bolýar. Açlygyň bu görnüşine bolsa, ýeke wirus bilen bagly global faktorlar sebäp bolar. Nebit bahalarynyň düşmegi we syýahatçylygyň togtamagy, maýylganlyk ýaly ýyl boýy dowam edýän problemalaryň sanyny köpeldýär.

Jenap Bizli baý ýurtlary häzirden herekete geçip, pandemiýadan ejir çekjeklere kömek etmäge çagyrýar.

Çeşme: Johns Hopkins Bloomberg School of Public Health

  • 1304 gezek okalan