• Makalalar
  • COVID-19
  • HABAR: TÜRKMENISTANDA GARAŞSYZ COVID-19 BARLAGY

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

HABAR: TÜRKMENISTANDA GARAŞSYZ COVID-19 BARLAGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid 19 no flight31-nji awgustda Saglyk BSGG-nyň Türkmenistandaky edarasynyň müdiri Paulina Karwowska şeýle sorag bilen ýüzlendi: "7-nji awgustda Hans Kluge, BSSG-nyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň müdiri Twitter-de şeýle habar paýlaşdy: ‘Şu gün Dr. Tedros ikimiz Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkmenistandaky #COVID19 ýagdaýy barada duşuşdyk. BSGG ýurtda köpelip barýan pnewmoniýa hadysalary barada örän aladalanýandygyny bildirdi. BSGG toparyny ýurduň içinde özbaşdak СOVID-19 barlaglarynyň nusgasyny almaga we BSGG-nyň ýurduň daşyndaky laboratoriýalaryna barlaga ibermegä çagyrdyk. Prezident razy boldy".

Biz sizden şu ylalaşygyň dowamy barada habar bermegiňizi soraýarys. Garaşsyz geçirilýän barlaglaryň netijelerini paýlaşyp bilersiňizmi? Bize ilatdan yzygiderli soraglar gelýär.

BSGG-nyň Türkmenistandaky edarasy şeýle jogap berdi: "Laboratoriýa barlaglaryny geçirjek BSGG missiýasy heniz Türkmenistana gelmedi. Häzirki wagtda Türkmenistana hiç hili kommersiýa uçuşlarynyň ýokdugy sebäpli, BSGG we Türkmenistanyň hökümeti bilelikde logistik meseleleri çözmek ugrunda işleýärler. Biz ýakyn gelejekde BSGG toparyny Türkmenistana getireris diýip umyt edýäris".

  • 352 gezek okalan