• Makalalar
  • COVID-19
  • BILERMENIŇ ANALIZI: TÜRKMENISTANDA ÇAGA ÖLÜMÇILIGINI AZALTMAK MÜMKINMI?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BILERMENIŇ ANALIZI: TÜRKMENISTANDA ÇAGA ÖLÜMÇILIGINI AZALTMAK MÜMKINMI?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

infant mortalityAwtor: Pýotr Şelopuho, neonatolog lukman, 1-nji derejeli anesteziolog reanimatolog, Russiýa.

Çaga ölümçiligi örän möhüm görkezijileriň toparyna girip, ol ýurtdaky demografik ýagdaýy kesgitlemekde uly rol oýnaýar. Çaga ölümçiliginiň görkezijisi ýurduň saglyk ýagdaýyny, ykdysady-jemgyýetçilik üpjünçiligini we jemgyýetiň umuman nä derejede ösendigini görkezýär. Çaga ölümçiliginiň analizi dogry we wagtynda amala aşyrylanda, bu keselçiligiň we ölümçiligiň öňüni almakda anyk çäreleri işläp düzmäge, şeýle hem, geçirilýän çäreleriň täsirini anyklamaga we enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ulgamynyň işine baha bermäge kömek edýär.

5 ýaşa çenli çagalaryň ölümçiligi

UNICEF islendik ýurtda çagalaryň sagdyn durmuş üpjünçiligini kesgitlemek üçin 5 ýaşa çenli çagalaryň ölümçilik görkezijisinden ugur alýar.

1997-nji ýyldan bäri Türkmenistanda 5 ýaşa çenli çagalaryň ölümçiligi ýyl-ýyldan kemelýär. 2018-nji ýylda bu görkeziji 45,8‰ (her 1000 çagadan 45.8 çaga) ýetdi. Kemelýändigine garamazdan, bu görkeziji entägem ýokarydyr. Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde çaga ölümçiliginiň iň köp bolup geçýän ýurdy bolup galýar.

Bäbek ölümçiligi hakda (doglan çaganyň 12 aýyň dowamynda ölmegi)

Garaşsyz Döwletler Arkalaşygy (GDA) ýurtlarynda bäbek ölümçiligi esasy görkeziji bolup durýar. Sebäbi ýaş çagalara berilýän lukmançylyk kömeginiň hili gowulaşdygyça, uly çagalaryň ölümçiligi hem azalýar. Şonuň üçin statistiki barlaglar ýaş çagalarda geçirilýär.

Türkmenistanda 2018-nji ýylda bäbek ölümçiliginiň görkezijisi 39 ‰ deňdi. Bu örän ýokarydyr. Munuň esasy sebäbi bolsa, ömrüniň birinji ýylynda ölýän çagalaryň köplügidir.

Ýurtda neonatal ölümçilik 1000 çagadan 21-e deňdir. Bu san nämäni aňladýar? Bäbek ölümçiliginde neonatal ölümçilik (ömrüniň ilkinji 28 güni içinde ýogalýan çagalar) aýratyn bellenýär.

Neonatal ölümçiligiň esasy sebäpleri: wagtyndan öň başlanan dogrum, ene göwresinde demikme, dogabitdi ösüş kemçiligi, infeksiýalar.

Neonatal ölümçiligiň ýokarydygy ýurtda lukmançylyk kömeginiň derejesiniň pesdigini aňladýar. Sebäbi bu döwürde duş gelýän keselçilikleriň köpüsi öňüni alyp bolýan keselçiliklerdir.

1997ý. we 2018ý. bäbekleriň we 5 ýaşa çenli çagalaryň ölümçilik derejesi.

caga olumciligi tablisa

BÖ — bäbek ölümçiligi.

5 ýaşa çenli — 5 ýaça çenli çagalaryň ölümçiligi.

Ähli sanlar promilde (‰) görkezilen — 1000 sany diri doglanyň paýyna düşýän san.

Russiýanyň tejribesi

Russiýada çaga ölümçiligini azaltmak üçin aşakdaky çäreler girizildi:

↪ "Russiýa Federasiýasynda çagalaryň saglygyny goramak baradaky" kanun kabul edildi. "Immunoprofilaktika baradaky" döwlet kanunyna üýtgetmeler we goşundylar girizildi. Şol sanda, Milli waksinasiýa senenamasyna şu sanjymlar goşuldy: ömrüniň ilkinji ýyllaryndaky ähli çagalara ‘b’ görnüşli gemofil infeksiýasyna garşy sanjym; şeýle-de, rotawirusa, garamyga, meningokoga, ‘A’ görnüşli gepatita we papillomawirus infeksiýasyna garşy (ýetginjekler üçin) sanjymlar.

↪ Enäni we çagany goraýyş gullugynyň maliýeleşdirilmegini ileri tutmagy dowam etmek (berkleşdirilen saglygy goraýyş ulgamynyň býujetiniň 35%-den az bolmadyk).

↪ Saglygy goraýyş ulgamyny üýtgedip guramak.

↪ Perinatal (doglan çaganyň ömrüniň 1-nji hepdesi) kömegini regionallaşdyrma görnüşinde üýtgedip guramak; ýagny bu akuşerlik, ginekologiýa, neonatalogiýa we täze doglan bäbekleriň hirurgiýasy ugurlary boýunça ýokary derejeli, ýokary tehnologik we gymmat bahaly lukmançylyk stasionar kömeginiň ähli görnüşleriniň üpjünçiligini öz içine alýar (Her regionda hökmany suratda agyr şikesli aýallary we çagalary kabul edýän 3-nji derejeli perinatal merkez bolmaly. Keselleriň regional merkeze eltilmegi olary paýtagtdaky ýokary tehnologik merkezlere äkitmekden az wagt alýar, şeýle hem paýtagtdaky merkezleriň doly bolmagy ahmal).

↪ Enäni we çagany goraýyş ulgamynyň merkezleriniň döwrebap anyklaýyş we bejeriş lukmançylyk tehnikalary we enjamlary, harajatlar, we derman serişdeleri bilen üpjünçiligini ileri tutmak.

↪ Ene göwresindäki çaganyň anatomik ösüşini we ýagdaýyny döwrebap usullar bilen anyklamak (dogabitdi anomaliýalar we ösüşdäki kemçilikler, ene göwresindäki infeksiýalar).

↪ Täze doglan bäbeklere gaýragoýulmasyz kömek etmekde döwrebap bejergi usullaryny giňden ornaşdyrmak.

↪ Täze doglan bäbekleriň kardio we neýrohirurgiýasyny güýçli depginde ösdürmek.

↪ Dogabitdi maýyplygyň öňüni almak (patologik embriony we düwünçegi aýyrmak, düwünçekde operasiýa geçirmek), şol sanda, dogruma ukyply ýaşdaky aýallara sanjym etmegi işjeňleşdirmek (gyzamyga, parotite we adamyň papillomawirusyna garşy, şeýle hem, düwünçegiň ösmegine güýçli täsir edýän sanjymlar).

Türkmenistanda çaga ölümçiliginiň mümkin bolan sebäpleri

Ýurtda çaga ölümçiliginiň sebäpleri barada elýeter maglumatyň ýokdugy sebäpli, biz görkezijileri seljerip, diňe çak edip bileris. Diňe şeýle maglumat elimizde bolan ýagdaýynda, çagalara lukmançylyk kömegini bermegiň has düýpli seljerişini geçirip bolar.

Meniň pikirimçe, Türkmenistanda çaga ölümçiliginiň ýokarylygy aşaky sebäpler bilen baglanyşykly bolup biler:

Ýokary derejeli lukmançylyk kömeginiň ýoklugy, easan hem göwreliligi meýilleşdiriş we göwrelilik döwürlerinde. Bu dogabitdi ösüş ýetmezçiliklerini anyklamakda, ene göwresindäki infeksiýalaryň öňüni almakda, we zerur bolanda enäni özüniň ýa-da çaganyň ýagdaýyna görä degişli saglyk edaralaryna ugrukdyrmakda, şeýle hem, geljekki enelere göwrelilik döwri dogry iýmitlenmek barada bilim bermekde örän möhümdir.

Ýeterli derejede öňüni alyş çäreleriniň (profilaktika) ýoklugy: islenilmedik göwrelilik (kontrasepsiýa), ýokanç keseller (gigiýena), we reproduksiýa barada berilýän bilimiň pesligi.

Ýokary derejeli lukmançylyk kömeginiň elýeter dälligi: oba ýerleriniň ýaşaýjylary üçin. Keseli mümkin boldugyça ir anyklamak we halk arasynda ulanylýan emler bilen bejermegiň öňüni almak üçin möhümdir.

Ýeterli derejede perinatal merkezleriň ýoklugy: agyr keselli çagalara we göwreli aýallara gerekli kömegi bermek üçin.

Agyr keselliler üçin idili transport gullugynyň ýoklugy.

↪ Lukmanlara we şepagat uýalaryna dogry we yzygiderli bilim berilmeýän bolmagy mümkin.

↪ Lukmançylyk kömegini bermegiň ähli tapgyrlarynda çaga ölümçiliginiň sebäpleriniň dogry seljerilmeýän bolmagy mümkin.

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Makaladaky pikirler redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

DEGIŞLI MAGLUMAT

  • 1305 gezek okalan