• Makalalar
  • COVID-19
  • SEN COVID-19 DÖWRÜNDE TÜRKMEN DILINDE NÄHILI SÖZLERI, JÜMLELERI DÖRETDIŇ?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SEN COVID-19 DÖWRÜNDE TÜRKMEN DILINDE NÄHILI SÖZLERI, JÜMLELERI DÖRETDIŇ?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid harplarNemesler öz dilini ep-esli derejede uýtgedip COVID-19 degişli 1200-den gowrak täze adalgasyny döredipdir. Germaniýanyň Leýbniz instituty olaryň hemmesini jemledi diýip, "Guardian" neşiri habar berýär.

Ynha käbir mysallar:

Öffnungsdiskusionorgie – "ýollar, ýurt haçan açylar" bilen baglanşykly yzy üzülmeýän gürrüňler we gysgalaňly çekişmeler orgiýasy;

Spuckshutztrennscheibe – tüýkülikden goraýan panel;

Coronafrisur – korona priçeskasy;

Overzoomed – kän Zoom ulanyp gaty ýadamak;

Impfneid – waksina göripligi.

Bu lingwistik sowgatlaryň döremegine näme mümkinçilik berdikä? Dil bilen bagly düzgünler. Nemes diliniň "goşma at emele getiriş düzgüni" bar bolan sözlerden täze, has uzyn sözleri döretmäge mümkinçilik berýär.

  • 1217 gezek okalan