Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ENE-ATALAR MEKDEBI: EMDIRÝÄN ENELERE MASLAHATLAR
Ene süýdüniň kadaly emele gelmegi üçin dogumdan soňky ilkinji günler, hatda sagatlar örän wajypdyr. Dogumdan soň çagany enäniň garnyna goýup emdirme çaga bilen enäniň arasynda ysnyşygy döredýär. Ýaňy dogan aýalda enelik duýgularyň döremegine, süýdüň emele gelip başlamagyna ýardam berýär.
Dogumdan soňky ilkinji sagatlarda göwüslerde ýeterlik süýt entek bolmasa-da, düzümi we täsiri boýunça has peýdaly, ýokumly oguz süýdi emele gelýändir. Goýy we dury oguz süýdi düzüminde köp fermentleri, witaminleri, belogy, ýaglary, uglewodlary, immunoglobulinleri saklap, çaga üçin kesellerden goraýjy "galkan" bolup durýandyr.
Ene süýdi bilen kadaly we dogry iýmitlendirip, çaganyň dogry ösüşini üpjün etmek üçin birnäçe maslahatlara eýermek peýdaly bolar:
↪ Süýdüň inmegine garaşyp çagany goşmaça, emeli garyndylar bilen iýmitlendirmegiň geregi ýokdur. Ilkinji sagatlar oguz süýdüniň baý we köpdürli düzümi çaganyň iýmite bolan hemme talaplaryny üpjün edip biler. Tersine, eger çaga rezin emzikli çüýşeden iýmitlendirilse, birinjiden, süýdüni emesi gelmez. Ikinjiden, enäniň göwsüni emmeden, emzikli çüýşeden emmek bäbejige ýeňil bolup görner. Netijede, çaga kyn görüp emmese, ene süýdi hem emele gelmez. Aslynda bir wajyp düzgüni bellemek gerekdir – emdirmek bilen rezin emzikleri bermek düzgüni düýbünden gapma-garşy ýagdaýlardyr.
↪ Çagany talabyna görä emdiriň. Bäbejigiň ajygandygyny ene nähili bilip biler? Çagajyk öz islegini diňe aglama bilen bildirýär. Çaga her aglanda ilki bilen emdirip görüň. Eger ol emmeden ýüz döndürýän bolsa, diýmek, ony başga sebäpleriň (yssy ýa-da sowuk, arlygy öl ýa-da bir ýeri agyrýar) biynjalyk edýän bolmagy mümkindir.
↪ Köplenç çagalar emmek arkaly köşeşýärler. Zorluk bilen çagany göwüsden aýyrmanyň geregi ýokdur. Emdirme, çaganyň özi emzigi göýberenden soň tamamlanýandyr. Ilkibada, çaga köp wagtlar emzigi göýbermän ýatyp biler. Bu çaganyň doýmaýandygyny aňlatmaýar. Ene süýdi aňsat özleşýändir, emmek bolsa çaga üçin ejesi bilen bile bolmagyň bir mümkinçiligi bolup durýandyr.
↪ Talabyna görä ene süýdüni alýan çaga goşmaça suw berilmä mätäç däldir. Ene süýdüniň düzümi birmeňzeş bolman, ol 80% suwdan ybaratdyr. Çaganyň emende alýan ilkinji, öňki bölegi oňa suwuň ýerini tutsa, ikinji, yzky bölegi has goýy bolup, iýmit bolup hyzmat edýändir. Eger çaga goşmaça suw berilse, ol onuň aşgazanynyň dolmagyna getirip, ene süýdüniň az emilmeginiň sebäbi bolup biler. Bu bolsa, süýt mäzlerinde süýdüň az emele gelmegine getirer.
↪ Her emdirmeden soň enä göwüsleri sagyp boşatmanyň geregi ýokdur. Çaga göwüsdäki süýdüň belli bir bölegini emip, indiki emdirmäde ene süýdüniň özi üçin gerekli mukdaryny "öňünden buýrup goýýandyr" – näçe süýt emilen bolsa, şonça mukdary hem emele geler. Ene emdirmeden soň göwüsleri sagma bilen, emele geljek süýdüň mukdaryny köpeldýär. Çaga öz talabyndan artyk emele gelýän süýdi emip bilmeýär. Artyk süýdüň mukdary bolsa süýt mäzlerde süýdüň üýşüp, olaryň gatamagyna (laktostaz) getirip biler.
↪ Emdirlende göwüsleri her 2 sagatdan ýygy bolmadyk aralykda gezekleşdirmäge çalşyň. Şeýle edilende, çaga emele gelen ene süýdüniň hem öňki, hem yzky bölegini emmäge ýetişýändir. Göwüsler ýygy çalşylanda, çaga süýdüň diňe öňki bölegini emip, yzky, has ýokumly bölegini alyp ýetişmeýär. Bu bolsa çaganyň agram alyp ösmeginiň ýetmezçiligine, içegeleriň işiniň bozulmagyna getirip biler.
↪ Çaga goşmaça iýmit bermäge howlukmaň. Ol 6 aýlykdan soň girizilse dogry bolar. Çaga 6 aýlyk bolandan soň ene süýdi bilen bilelikde beriljek goşmaça önümler peýdaly iýmitlenme üçin däl-de, ony täze tagamlar bilen tanyşdyrmak üçin zerurdyr. Aslynda çagany iň bolmanda 1 ýaşa ýenli emdirmek maslahat berilse hem, ony 2-3 ýaşa çenli emdirmek has peýdaly hasaplanýandyr. Lukmanlaryň bellemegine görä, 1 ýaşda çaga ene süýdünden aýrylmaga taýyn bolmaýar. Çünki emdirmek onuň üçin diňe iýmitlenme bolman, ejesi bilen ýakyn emosional aragatnaşygyň mümkinçiligi bolup durýandyr.
↪ Emdirme wagty ene çaganyň göwüsleri alşyna üns bermelidir. Çaga diňe emzigi alman, ony daşy (emzigiň daşynda garalyp duran ýer-areola) bilen almalydyr. Dogry alnanda, onuň dodajyklary daşyna çöwrülip duran ýaly görünmeli. Çaga emzigi dogry agzyna alanda süýdi aňsat we dogry sorup, howanyň ýuwdulmagynyň öňüni alyp bolar. Ondan başga-da, emdirýän ene dürli ýagdaýlarda çagany emdirmäge çalyşmalydyr. Seýle edilende, çaga süýt mäzleriň hemme böleklerinden süýdi emip almaga mümkinçilik alýar. Bu bolsa göwüsleriň gatamagynyň öňüni almaga ýardam berýär. Esasy üns bermeli ýagdaý – çaganyň eňejigi nirä direýän bolsa, şol ýerden hem çaganyň köp süýt emýändigini aňladýandyr.
↪ Gijeki emdirmeler hökmanydyr, çünki ol süýdüň kadaly emele gelmegini üpjün edýändir. Ene süýdüni emele getirýän Prolaktin gormony gijeki sagatlarda köp emele gelýändir. Çagany emdirmeden aýyrmaly bolanda hem, gijeki emdirmeler iň soňundan bes edilmelidir.
↪ Enäniň kesellemegi – emdirmäni bes etmek üçin sebäp däldir. Emdirilýän döwürde dörän keselçilik üçin rugsat edilýän derman serişdeleriň ençemesi döredilip, emdirmäni dowam etmäge mçmkinçilik berýändir. Eger möwsümleýin sowuklama bolsa emdirmek has hem wajypdyr. Ene süýdünde kesele garşy antitela öýjükleri saklanyp, çaganyň immun ulgamyny berkleşdirmäge ýardam edýär. Eger çaga kesellese, ol keseli has ýeňil geçirýär.
↪ Çagany emdirmek döwrüniň dogry alnyp barylmagy onuň dogry ösmeginiň, ene bilen aragatnaşygynyň berkemeginiň, dürli daşky faktorlara uýgunlaşmagynyň esasyny goýýandyr. Bu soraglarda kynçylyk dörän wagty emdirýän eneler maşgala lukmanlaryna, "Ene süýdi bilen iýmitlendirmek" merkezleriň maslahatçylaryna ýüz tutup bilýändirler.
- 30 gezek okalan