Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

YNANÝAN-YNANAMOK: GÖWRELILIK WE YRYMLAR

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.21 (24 Ses)

gowrelilik we yrymlarEje bolmaga garaşýan her bir göwreli zenan sagdyn çagany dünýä indirmek üçin witaminlere we mikroelementlere baý bolan iýmitleri iýmäge, bedenine ýakymly eşikleri geýmäge, ýakyn hossarlaryndan bolsa söýgä we kömege garaşýar. Ýöne garyndaşlarydyr, joralary geljekki enäni "muny iýmek bolanok, ony etmek bolanok" diýip, birtopar alada goýýarlar. Aslynda ata-babalarymyzyň aýdyp geçen nakyllaryna salgylansak "Görk agyzdan" diýmändirlermi?

Biziň ene-mamalarymyzyň uýan yrymlary şu günlere çenli ýetirilipdir. Bu yrymlar lukmançylyk jähtinden düşündirmesi kyn bolan düşünjeler bolsa-da, olary halkyň özi belli-belli ahwalatlary düşündirmäge synanyşmak üçin döredipdir. Göwrelilik döwri we çaga dogumy aýal üçin aýratyn syrly hasaplanypdyr we şol döwürde aýalyň aýratyn gorag-idege mätäçligini görkezmäge synanşylypdyr. Göwrelilik döwri bilen bagly bolan ýörgünli yrymlaryň birnäçesini siziň dykgatyňyza ýetirýärin:

↪ Göwreli bolanyňy hiç kime aýtmaly däl, göz degermiş. "Temen haltada ýatmaz" diýlişi ýaly, wagty geler, görner.

↪ Göwrelilik döwründe alma we aýwa iýseň çagajygyň ýaňajygy çukurja bolýar.

↪ Mäşli aşdan aş saýlap iýseň doglan çaga garaýagyz bolýar.

↪ Ak garpyz we nar iýseň çaga akýagyz bolýar.

↪ Göwreli wagtyň meýdan kömelegini iýmekden saklan, sebäbi ýedi derdiňi gozgarmyş.

↪ Naharyň gapdalyndan sarymsak iýseň seriň sag bolar. Ýagny, gowreli wagtyň sowuklama keseli ýanyňa gelmez.

↪ Ajy burçy çenden aşa köp iýseň çaga düşmek howpy abanar.

↪ Göwrelilik döwründe düýe etini iýseň göwrelilik kyrk hepdeden uzaga çeker.

↪ Çaga emdirýän döwrüň sarymsakdyr, ajy burç iýseň çaga süýt emmekden ürker, sebäbi süýdüň tagamy üýtgeýär.

↪ Ukrop we hoz iýseň süýdüň inmegine peýda berýär.

↪ Göwreli gelne gije zibil we kir suw dökmek bolanok. Kakyn-silkin bolarmyş.

↪ Göwreli wagtyň pata barmak bolanok. Has ýakyn hossaryň ýogalyp pata baraýanyňda hem, göwreli gelniň külbike barmagyna ýogalan adamyň kepeninden ak sapak alyp dakýarlar.

↪ Öwlüýälere zyýarata gitmek bolanok, çile düşer.

↪ Göwreli gelne dar we gysyp durýan eşikleri geýmek bolanok, göwräňdäki çaga zyýan.

↪ Göwreliligiň soňky aýlarynda egilip oturyp edilýän işlerden (ýorgan syramak, tikin tikmek, haly dokamak) gaça durmaly, sebäbi çaganyň göbek bagy boýnuna oralýarmyş.

↪ Dogrum wagty golaýlansoň toýa we köpçülik ýerine gitmeli däl, göz-dil degermiş.

↪ Çaga dogurýan gelniň burgusynyň tutýanyny hiç kime aýtmaly däl. Köp adam eşitse dogrumy uzaga çeker, kösener. It-guş duýmanka dogursa ýeňil bolarmyş.

↪ Burgusy tutup durka gelin bir-iki çemçe ak ýagy eredip içse, ýylyjak suwa düşse we saçyny toplaman arkasyna tarap uzynlygyna goýberse hemme zady ugruna bolup, ýeňil dogurýamyş.

↪ Çaga doglan pursadynda dogran gelin öz saçyny ýüzüne çalsa ýüzündäki ýakallar basym aýrylýar.

↪ Dogrumdan soň ýaglyja bulamak ýa-da heýgenek iýseň içiň agyrysy aýrylýar.

↪ Çaga doglandan soň kyrk gün çileden çykýança şol öýe çyg et we çyg ýumurtga getiriljek bolsa, onda bäbek bilen ejesi ilki daşary çykmaly we şol zatlar öýe salnandan soň eje bäbegi bilen öýe girmelidir. Şeýle edilmese ikisinede çile düşermiş.

↪ Täze doglan bäbejigiň eşigi gije daşarda serilmeli däldir, kakyn-silkin bolarmyş.

Enem gelniniň toýlyja diýen buşluk habaryny eşden gününden beýläk tä bäbegini eline alyp, kyrk gün çileden çykýança gelniniň iýmitine, geýýän eşigine, edýän her bir herekedine aýawly garaýardy.

Mähriban gelinler, elbetde, yrymlara we däp-dessurlara hormat goýmalydyr, emma sizi gözegçilikde saklaýan lukmanyň maslahatlaryndan hem daşlaşmaly däldir.

Awtor: Guljan Annaýewa, akuşer-ginekolog lukmany

  • 8726 gezek okalan