Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BÄBEGINI ÝITIREN AÝALY NÄDIP GOLDAMALY?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (6 Ses)

babegini yitirmekÇaga aýrylmasy (düşmesi) göwreliligiň dowamynda bäbegiňi ýitirmegiň iň köp ýaýran sebäbidir. Bu barada dürli statistikalar bar. "March of Dimes" atly enäniň we çaganyň saglygy ugrunda iş alyp barýan gurama özleriniň göwrelidigini bilýän zenanlarda çaga aýrylmasy 10-15% deň diýip habar berýär. Bäbegiňi ýitirmek dünýäniň her ýerinde her hili kesgitlenýär, ýöne umuman alanyňda göwreliligiň 22-nji hepdesinden öň düşýän düwünçege "çaga aýrylmasy" diýilýär. 22-nji hepdede ýa-da ondan soň ölýän çaga bolsa, "çaganyň öli dogulmasy" diýilýär. Her ýyl 2.6 million çaga öli dogulýar we bu ölümleriň köpüsiniň öňüni almak mümkindir. Emma çaga aýrylmalary we öli dogulmalar hatda ösen döwletlerde hem yzygiderli we takyk sanawa alynmaýar. Bu bolsa sanlaryň has hem ýokary bolmagynyň mümkindiginden habar berýär.

Dünýäniň dürli böleklerinde zenanlar üçin saglyk hyzmatlarynyň elýeterliligi dürli hili bolýar. Köp ýurtda hassahanalarda we klinikalarda köplenç serişdeler we işgärler ýetmezçilik edýär. Dünýäniň her ýerinde zenanlar her dürli sebäplere görä bäbeklerini ýitirýärler, emma ähli ýerde diýen ýaly olar esasy üç duýgyny başdan geçirmäge mejbur edilýärler: biabraýçylyk, utanç, ýazyklylyk. Bäbeklerini ýitirýän enelerden jebirleridir duýgulary barada dil ýarmazlyk talap edilýär. Çünki adamlar çaganyň aýrylmagy ýa-da öli dogulmagy heniz hem köp duş gelýän ýagdaý diýip pikir edýärler ýa-da olar bu ýagdaýy öňüni alyp bolmajak kysmat hökmünde kabul edýärler.

Şeýle düşünjeleriň we tejribeleriň ýaramaz täsirleri bolsa gelip enä degýär. Göwrelilikde çagasyny ýitirýän köp ene aýlardyr ýyllar boýy dowam edýän psihiki kesellere ulaşyp bilýär. Bu ýagdaý hatda olar soňra sagdyn çaga dograndan soň hem dowam edip bilýär.

Garaýyşlar

Dürli milletleriň we jemgyýetleriň bäbegiň düşmegine bolan garaýşy tapawutly bolýar. Meselem, Afrikanyň günorta Sahara böleginde çaganyň öli dogulmasyna jadygöýlik ýa-da jynlar sebäp bolýar diýen ynanç bar.

Ylma görä bolsa, çaganyň düşmegine düwünçegiň kemçilikleri, enäniň ýaşy, ýokançlyklar ýaly birnäçe faktorlar sebäp bolup bilýär. Gyzzyrma we merezýel (siflis) ýaly köp ýokançlyklaryň öňüni hem alyp bolýar. Emma çaganyň düşmeginiň anyk sebäbini bilmek köplenç başartmaýar.

Çaganyň düşmeginiň öňüni almak üçin berilýän maslahatlar esasan sagdyn iýmitlenmegi, maşk etmegi, çilimdir alkogoldan we neşe serişdelerinden gaça durmagy, kofeini çäklendirmegi, stresi kontrol etmegi we sagdyn agramda gezmegi öz içine alýar. Bularyň köpüsi ýaşaýyş stili bilen baglanşykly bolansoň, bu durmuşyny beýle ýaşamaýan eneleriň çagalarynyň aýrylmagynda özlerini günäli duýmaklaryna eltip bilýär.

Gürrüň etmesi gadagan hasaplanýan käbir psihiki keseller ýaly, bäbegini ýitiren köp zenanlar hem medeniýetine, terbiýesine we bilimine garamazdan, ýakynlarynyň olaryň ýitgisi barada gürrüň edesleriniň gelmeýändigini aýdýarlar. Muny bolsa, umuman gam-gussa barada gürrüň etmäge gezek gelende adamlaryň dymmagy saýlaýandygy bilen baglanyşdyryp bolar.

Näme üçin çagalar öli dogýar?

Çaganyň öli dogulmagy göwreliligiň soňky möhletlerinde duş gelýär. Her 2 öli dogulýan çaganyň biri dogrum wagtynda ölýär. Köplenç çaganyň öli dogulmagynyň öňüni almak mümkindir. Öli dogulmalaryň 98%-i girdejisi pes we girdejisi orta ýurtlarda bolup geçýär. Göwreliligiň we çaga dogrumynyň dowamynda berilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini gowlandyrmak arkaly, dünýä ýüzünde ýarym milliondan hem köp öli dogulmalaryň öňüni alyp bolar. Çünki, hatda girdejisi ýokary bolan döwletlerde hem, öli dogulmalara esasan halkara standartlaryna gabat gelmeýän lukmançylyk hyzmatlary sebäp bolýar.

Göwrelilikde ölýän çagalaryň sanyny azaltmagyň aýdyň ýollary bardyr: çaga dogulmazyndan öňki medisina hyzmatlaryny elýeterli etmek (dünýäniň käbir künjeklerinde eneler göwrelilikleri birnäçe aýa baryp ýetýänçä saglyk işgärini görmeýärler). Mundan başga-da, göwreliligiň dowamynda yzygiderli lukmançylyk gözegçiligini üpjün etmek we mümkin bolan ýerlerde jemgyýetçilik hyzmatlaryny girizmek sagdyn dogulýan çagalaryň sanynyň artmagyna getirip bilýär.

Göwrelilikde ýokançlyklaryň bejergisini, düwünçegiň ýürek uruş gözegçiligini, dogrumda ýakyn idegi öz içine alýan göwrelilik hyzmatyny ýola goýmak her ýylda 1.3 million bäbegi öli dogulmakdan gorap bilerdi.

Göwreliligiň dowamynda dogry we yzygiderli ideg edilmek zenanlaryň jynsy we önelgelilik hukuklarynyň bir bölegidir. Emma dünýäde müňlerçe zenan bu hukuklardan peýdalanyp bilmeýär.

Dünýäniň köp böleginde jemgyýetiň talaplary zenanlaryň psihiki we fiziki taýdan taýýarlygyna seretmän, olary göwreli bolmaga mejbur edip bilýär. Hatda 2019-njy ýylda hem, entek göwreli bolmak islemeýän 200 million zenan üçin häzirkizaman kontrasepsiýa usullary elýeter däl bolup galýar. Haçanda olar göwreli bolanda bolsa, olaryň 30 milliony saglyk öýünde çaga dogurmaýar; 45 milliony göwreliligiň dowamynda hiç hili ýa-da ýeterliksiz ideg alýarlar. Bu bolsa enäniň we bäbegiň ikisinde hem gaýraüzülmeleriň we ölümiň ähtimallygyny ýokarlandyrýar.

Entek ýaşyň kiçikä çaga dogurmak enäniň we çaganyň ikisini hem howp astynda goýýar. Ýetginjek eneler (10-19 ýaşly) kämillik ýaşyna ýeten enelere (20+) garanyňda eklampsiýa we ýatgynyň ýokançlyklary bilen kesellemäge has ýakyn bolýarlar. Bu bolsa çaganyň öli dogulma ähtimallygyny ýokarlandyrýar. 20 ýaşdan kiçi enelerden bolýan çagalar kem agramly ýa-da wagtyndan ir dogulmaga ýakyn bolýarlar. Şeýle-de, olar doglansoňlar howply gaýraüzülmelere uçramaga ýakyn bolýarlar. Bularyň ählisi bolsa çaganyň öli dogulmagyna sebäp bolup bilýär.

Zenanlaryň idegini we aladasyny üns merkezinde goýmak göwreliligiň ýeňil we ýakymly geçmesi üçin zerurdyr. Göwrelilik döwründe zenanlar diňe biomedik we fiziologik idege mätäç bolman, eýsem ýakynlaryndan we jemgyýetden ruhy we emosional goldawa hem mätäçdir.

Emma, hatda ýokary hili medisina hyzmatlarynyň elýeter bolan döwletlerinde hem, bäbegini ýitirýän eneler ýeterlik ideg almaýarlar. Çaga aýrylmasynyň we öli dogulmasynyň sebäpleri hökmünde ulanylýan sözler hem ("ýatgysy ejiz", "ýumurtgalygy gowşak") ene üçin şikeslendiriji we ýürek ýaralandyryjy bolup bilýär.

Hassahananyň düzgünlerine baglylykda, öli bäbegiň göwresi kliniki galyndy hökmünde ýakylyp bilner. Käwagt, çaganyň ölendiginiň üsti açylandan soň, eneden ony ýene birnäçe hepdeläp göwresinde götermek talap edilýär. Bu kliniki sebäplere görä edilse-de, bu zenana we onuň ýoldaşyna agyr degýän ýagdaýdyr. Hatda ösen döwletlerde-de, zenanlar öli çagalaryny saglyk öýlerinde sagdyn çaga dogurýan zenanlaryň arasynda dogurmaga mejbur edilip bilinýär.

Çünki, hemme hassahanalaryň ýa-da klinikalaryň täze düzgünleri girizmäge ýa-da köp dürli hyzmatlary hödürlemäge ýagdaýy ýetmeýär. Bu gerdeninde aşa agyr ýük bolan saglyk ulgamy barada ajy hakykatdyr. Şeýlede bolsa, bäbeklerini ýitiren jübütlere duýgudaşlyk bilen çemeleşmegi we bäbek ýitgisi bilen baglanyşykly gürrüňleri biabraýçylyk ýa-da gadagançylyk hasaplamazlygy öňe sürmek çykdajy talap etmeýär.

Goldaw

Saglyk işgärleri bäbegini ýitiren jübütlere duýgudaşlyk bildirip, olara agyr günlerden üstünlikli çykmak üçin we ýene çaga etmegi meýilleşdirýän bolsalar, goldawyň we zerur maglumatlaryň gerekdigine düşünýändiklerini görkezip bilerler. Enä we çaga her jemgyýetiň we medeniýetiň özüne laýyk, ahlakly we hormat-sylagly ynsan hukuklary esasynda düzülen ideg-aladany üpjün etmek, saglyk işgärlerinden işlerini dürs we ýerlikli berjaý etmegi talap etmek bilen deň derejede zerurdyr.

Çaga ýitgisiniň zarbasyny başdan geçirýän ene-atalara goldaw bermek:

1. Göwrelilikde bäbegini ýitiren birine näme diýjegiňi bilmegiň kyn düşmegi ahmal, emma duýgudaşlyk we mähirlilik görkezip, olara hem öz duýgularyny beýan etmäge mümkinçilik döredip bolar.

"Wah, beýle zat siziň başyňyza gelmese bolmaýarmy?!" diýmäge derek, şeýle diýip bilersiňiz: "Bolup geçen zatlara ýaman gynandym. Bu size örän agyr degýändir".

"Geçeni geçdi bil. Ýene çaga edäýersiňiz-dä" diýmäge derek, olaryň hasratyny diňlemäge çalyş. "Özüňi duýuşyň nähili?" diýip sora.

"Gynanmaň! Başga sagdyn çagaňyzyň bardygyna şükür ediň!" diýmäge derek, belkem şeýle diýip bilersiňiz: "Ýitgiňize çyn ýürekden gynanç bildirýärin".

2. Dünýäniň her ýerinde zenanlar dürli sebäplere görä bäbeklerini ýitirýärler, emma ähli ýerde diýen ýaly, olar esasy üç duýgyny başdan geçirmäge mejbur edilýärler: biabraýçylyk, utanç, ýazyklylyk.

3. Göwrelilikde çagasyny ýitirýän köp ene aýlardyr ýyllar boýy dowam edýän psihiki kesellere ulaşyp bilýär. Bu ýagdaý hatda olar soňra sagdyn çaga dograndan soň hem dowam edip bilýär.

4. Biz göwrelilik döwründe nädip has köp bäbegi halas etmelidigini bilýäris: çaga dogulmazyndan öňki medisina hyzmatlaryny elýeterli etmeli (dünýäniň käbir künjeklerinde eneler göwrelilikleri birnäçe aýa baryp ýetýänçä saglyk işgärini görmeýärler). Göwreliligiň dowamynda yzygiderli lukmançylyk gözegçiligini akuşerlar tarapyndan üpjün etmeli we mümkin bolan ýerlerde jemgyýetçilik hyzmatlaryny girizmeli.

Her ýyl 2.6 million çaga öli dogulýar we bu ölümleriň köpüsiniň öňüni almak mümkindir. Gizlin geçýän ýokançlyklaryň bejergisini, düwünçegiň ýürek uruş gözegçiligini, dogrumda ýakyn idegi öz içine alýan göwrelilik hyzmatyny ýola goýmak her ýylda 1.3 million bäbegi öli dogulmakdan gorap bilerdi.

Terjime eden: Gülnabat Hanowa

Ulanylan WEB Salgy

  • 2499 gezek okalan