Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇAGA DOGURÝAN ENÄ RUHY, PSIHOLOGIK WE KLINIKI GOLDAW BERMEK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

doguryan ena goldaw"Diňe göwreliligiň we çaga dogumynyň ölümsiz geçmegi hiç haçan enä üstünlikli ideg edilýändiginiň nyşany bolup bilmeýär. Saglyk hyzmatlarynyň adalatlylygyny we hilini ösdürmek üçin deňsizlige çäre görmek we ähli aýallara hormat bilen ideg etmek wajypdyr".

Her bir aýalyň çaga dogmuny pozitiw geçirmäge hukugy bar – olara ideg edilende şuny ýatda saklamak möhümdir. Her bir göwrelilik we çaga dogumy tapawutlydyr. Şonuň üçin hem, dogumyň dowamynda enä we çaga iň gowy ideg bermek üçin olaryň aýratynlyklary göz öňünde tutulmaly we ylmy subutnamalara daýanylmaly.

BSGG-nyň bellemegine görä, çaga dogurýan enä sylag-hormat bilen ideg etmek üçin:

↪ Aýalyň mertebesini we şahsy gizlinligini saklamaly;

↪ Aýala zyýan ýetirmeli we ýowuz daraşmaly däl;

↪ Aýala oýlanyşykly kararlara gelmekde goldaw bermeli.

Optimal intranatal (çaga dogumyndaky) ideg” atly ylmy-iş BSGG-nyň Seksual we Reproduktiw Saglyk we Ylmy-iş bölümi tarapyndan taýýarlanyldy. Bu işde 21-nji asyrda çaga dogmunda ýüze çykýan kynçylyklar hem bellenilip geçilýär:

↪ BSGG-nyň dört ýurtda geçiren barlaglarynyň netijelerine görä, saglyk merkezlerinde çaga dogurýan her 3 aýaldan biri ýakymsyz çemeleşilmelere sezewar bolýar. Bularyň içine fiziki we dil zulumy, kemsitmeler we diskriminasiýa, professional standartlara laýyk bolmadyk ideg, aýallar bilen lukmanlaryň arasyndaky ýaramaz gatnaşyk, we saglygy goraýyş ulgamynyň şertleri we kemçilikleri hem girýär.

↪ Şeýle-de, barlagda gowy hilli dermanlaryň hemmelere elýeterli edilmelidigi hem agzalýar. Beýle dermanlara çaga dogmunyň dowamynda agyryny ýeňilleşdiriji we gaýraüzülmeleriň öňüni alyjy (uteronikler we antibiotikler) dermanlar hem degişlidir.

  • 1422 gezek okalan