Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GÖWRELILIKDE DÖREÝÄN SÜÝJILI DIABET: SEBÄPLERI, GAÝRAÜZÜLMELERI WE BEJERGISI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

gestasion suyjili diabetBiz süýjili diabet keseli barada eşiden ýa-da bilýän bolsakda, köpümiz göwrelilikde döreýän gestasion diabeti barada habarsyzdyrys. Gestasion diabeti anyklamak we diabetli göwrelileri alyp barmak düzgünleri we ugurlary kesgitlenen bolsa hem, göwreliligiň gaýraüzülmeleriniň we bäbekleriň keselçiliginiň umumy ýygylygy peselenok. Göwrelileriň köpüsinde bu ýagdaýyň aýdyň ýüze çykmaýan glýukozanyň ýokarlanmasy we anyk däl kliniki alamatlary bilen geçýändigi üçin, bu kesel köp halatlarda giç anyklanylýar. Käbir ýagdaýlarda gestasion süýjili diabet dogumdan soň, bäbekleriň agramy we görnüşi boýunça giç anyklanyp bilinýär.

Gestasion süýjili diabet (GSD) – bu göwrelilik döwründe zenanlarda ilkinji gezek ýüze çykan, ganda glýukozanyň ýokarlanmagy (giperglikemiýa) bilen häsiýetlendirilýän keseldir.

GSD-iň dörejekdigini kimlerde güman edip bolýar?

Gestasion süýjili diabet diňe göwrelilik döwründe döräp, keseliň dörejekdigi babatda howp toparyna:

↪ 30 ýaşdan uly göwreliler;

↪ Artyk agramly we semizligi bolan aýallar;

↪ Ýakyn garyndaşlarynda süýjili diabetliler;

↪ Geçen göwreliliklerinde GSD anyklananlar;

↪ Öň 4 kg. ýokary we 2-2,5 kg pes agramly çaga dogranlar;

↪ Öň öli çaga doguranlar;

↪ Öňki göwrelilikleriň 2 we ondan hem köp gezek düşmegi (başga sebäpler bolmazdan) bilen tamamlanan aýallar;

↪ Öň dogabitdi kemli çagalary doganlar;

↪ Häzirki göwrelilikde çagasy uly (äpet) bolan aýallar;

↪ Häzirki göwreliliginde köp suwlylyk bolan aýallar degişli edilip bilnerler.

GSD-iň nähili gaýraüzülmeleri bar?

Bu keselde ýygy gabat gelýän alamat- bu uly (äpet) çaganyň dogulmagydyr. Uly çaganyň dogulmagy bilen geçýän dogrum çagalaryň kelle çanagynyň içki basyşynyň ýokarlanmagy, dogulýan çaganyň eginjikleriniň diräp, dogumy kynlaşdyrmagy, ýaýjyk süňküniň döwülmegi, Erbanyň yzmazy we agyr kislorod ýetmezçiligi bilen çylşyrymlaşýar. Şeýle hem, bäbeklerde alynýan dogum şikesleri netijesinde gan aýlanşygyň bozulmasy ýygy duş gelýär. Bu bäbeklerde dem alyş we nerw ulgamyň bozulmalarynyň döremek töwekgelçiligi ýokarydyr. Kadaly agramda doglan çagalar bilen deňeşdirlende, 4 kg. we ondan hem ýokary agramly dogulýan çagalaryň arasynda ölümçilik 2-3 esse ýokarydyr.

GSD-i nähili anyklamaly?

Her göwrelide hasaba durup, barlagdan geçende ajöze gandaky glýukozanyň mukdary kesgitlenip, ol kadada göwreli aýalda 5,1 mmol/l pes ýa-da şoňa deň bolmalydyr. Hasaba durup, ajöze tabşyran glýukoza barlagy kadada bolanlygyna garamazdan, eger göwreli ýokarda bellenen howp toparlaryna degişli bolsa, onda 75 gr. glýukoza içirip, glýukoza tolerantlyk (durnuklylyk) testini (synagyny) geçirmelidir. Glýukoza tolerantlyk testi (GTT) geçirlende wenadan gan ilki bilen ajöze, soň 250-300 ml. suwa 75 gr. gury glýukozany garyp içirip, 1sagatdan we 2 sagatdan glýukozanyň gandaky derejesini kesgitleýärler. Kadada GTT-niň görkezijileri: ajöze 5,1 mmol/l deň ýa-da şondan pes bolmaly, 1 sag-10,0 mmol/l deň ýa-da pes, 2 sag- 8,5 mmol/l deň ýa-da pes. Eger geçirlen testleriň islendik haýsy hem bolsa biriniň jogaby kada laýyk gelmese, göwreli aýala GSD kesel kesgidi goýlup endokrinolog lukmanyň maslahatyna iberilýär. Eger hasaba duranda birinji barlagyň jogaplary kada laýyk bolsa, onda gaýtadan GTT- 24-28 hepdelikde geçirilýär. Çünki bi möhlet göwreliligiň gormonal durkunyň üýtgeýän wagtyna gabat gelýär.

Howp toparyna degişli bolmadyk göwreli aýallara bolsa GTT 24-28 hepde aralykda geçirilýär.

Ekspertleriň bellemegine görä, GTT-ni geçirmegiň iň amatly möhleti 24-26 hepdelik möhletdir. Has irki hepdelerde GSD-ni köplenç aýdyň anyklap bolmaýar. 28 hepdeden soň anyklanan GSD-de bolsa, düwünçegiň ösüşindäki gaýraüzülmeleriň öňüni alyp bolmaýar.

GTT geçmäge nähili taýynlanmaly?

Synag gijeki 8-12 sagatlyk açlykdan soň, irden, ajöze geçirilýär. Iň soňky kabul edilen iýmit 30-50 gr. uglewod saklamalydyr. Suw içmek rugsat berilýär. Synag tamamlanýança çilim çekmäge rugsat berilmeýär. Synagdan öň ganda glýukozany ýokarlandyryp biljek dermanlary ( poliwitaminler, demriň gerdejikleri, glýukokortikoidler, beta-blokatorlar) kabul etmekden saklanmalydyr. Synag geçirilýän wagty göwreli asuda oturmalydyr.

GTT haçan geçirilmeýär?

Testi geçirmäge garşy görkezmeler:

↪ Glýukoza bolan allergiýa;

↪ Göwrelilikde ilkinji gezek süýji keseli anyklanan bolsa;

↪ Glýukozanyň sorujylyk ukybyny bozýan aşgazan-içege ýollarynyň keselleri (dowamly pankreatit, aşgazana geçirlen operasiýalar we baş.).

GTT-iň geçirilmesi aşsaýlama döwründe, berk düşek düzgüni berjaý edilende we ýiti sowuklama we ýokançly kesellerde wagtlaýyn saklanylýar.

GSD-li göwrelileriň alnyp barlyşynda nähili aýratynlyklar bar?

GSD-li göwreliler akuşer-ginekolog we endokrinolog lukmanyň gözegçiliginde bolup, ýörite berhiz tutdyrmak bilen alnyp barylýar. Eger glýukozanyň durnukly görkezijilerini gazanyp bolmasa, onda insulin bilen bejergi bellenilýär.

Eger göwreliligiň gaýraüzülmesi ýüze çykmasa we glýukozanyň görkezijileriniň durnuklylygy gazanylsa, onda dogrum öz ýetik möhletinde geçirilýär. GSD-li göwreliligiň gaýraüzülmesi ýüze çyksa, dogumyň möhletini we dogum usulyny kesgitlemek üçin 32 hepdede keselhana iberilýär. Şeýle göwrelilerde dogum 37-38 hepdelik möhletde geçirilse maksada laýyk bolýar. Düwünçekde ösüş näsazlyklary dörän ýagdaýynda kesar kesimi operasiýasyny geçirmäge görkezme döreýär.

Dogumdan 6 hepde geçenden soň aýal gaýtadan GTT geçip, endokrinolog lukmanyň maslahatyny almalydyr. Çunki şeýle aýallarda ömrüniň soňky ýyllarynda süýjili diabetiň II görnüşiniň döremek töwekgelçiligi ýokary bolýar. Eger çaga emdirýän aýallarda glýukozanyň ýokary derejesi anyklanylsa, bu GSD aňlatman, eýýäm aýalda II görnüşli süýjili diabetiň ýüze çykarylýandygyny mälim edip biler. GSD-li aýallardan doglan çagalarda 6 ýaşdan soň süýjili diabetiň I görnüşiniň döreme howpy ýokarydyr.

  • 975 gezek okalan