Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

DOGA KEMISLIKLER NÄME ÜÇIN DÖREÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

dogabitdi kesellerGöwredäki çaganyň doga ösüş kemçiliklerini ýa-da doga deformasiýalary anatomiki ýa-da agzalaryň işiniň kadadan üýtgemesi ýaly kesgitläp bolýar. Olar çaganyň ene göwresinde ösýän döwri ýüze çykyp, çaga dogmazdan öň, dogum wagty ýa-da ömrüniň soňky ýyllarynda kesgitlenip bilýändir.

Esasy faktlar

↪ Geçirlen derňewlere görä, doga kemisliklerden ömrüniň birinji 4 hepdesiniň dowamynda her ýyl dünýäde 303.000 çaga aradan çykýar.

↪ Agyr doga kemisliklere ýürek-damar we nerw ulgamyň kemislikleri, Daun keseli degişlidir.

↪ Doga kemislikleriň esasy sebäbi nesilyzarlaýjylyk (genetiki) häsiýeti, ýokançlyk ýa-da ekologiki faktorlar hasaplansa hem, köp halatlarda anyk sebäbi kesgitlemek kynçylyk döredýär.

↪ Doga kemislikler dowamly maýyplyga getirip, aýry adamlara, olaryň maşgalalaryna, saglygy goraýyş ulgamyna we jemgyýete täsirini ýetirýändir.

↪ Doga kemislikleriň käbirleriniň döremeginiň öňüni alyp bolýar. Öňüni alyş çäreleriň düzümleri höküminde ýokançlyklara garşy waksinasiýany, iýmit önümlerini foliý turşylygy we ýod bilen baýlaşdyrylmagyny ýa-da iýmit goşundylary bilen üpjün edilmegini hem-de dogumdan öňki berilýän lukmançylyk kömeginiň hiliniň ýokarlandyrylmagyny belläp bolýar.

Sebäpler we howp faktorlary

Hemme duş gelýän doga kemçilikleriň 50%-ni belli bir sebäp bilen baglanyşdyryp bolmaýan bolsa hem, käbir umumy sebäpler we howp faktorlary bellidir.

1. Sosial-ykdysady sebäpler.

Geçirlen seljermelere görä, agyr doga kemislikleriň 94%-i ösüp barýan ýurtlarda ýüze çykýar. Az girdeýjili ýurtlarda ýaşaýan aýallara gowy hilli we peýdaly bolan iýmit önümleri ýeterlik elýeter bolmaýar. Ondan başga-da, olar göwredäki çaganyň saglygyna täsir edýän nikotin, alkogol ýaly serişdeleriň täsirine köp sezewar bolup bilýärler.

Şeýle-de, enäniň ýaşy hem üns berilmeli faktor bolup durýandyr. Uly ýaşly (35 ýaşdan soň) aýallarda enelik hromosom üýtgemelerine (meselem, Daun sindromy) getirip bilýän bolsa, has ýaş aýallarda doga kemislikleriň ençemesiniň döreme howpuny ýokarlandyryp bilýändir.

2. Genetiki sebäpler.

Garyndaşara nika seýrek duş gelýän doga kemislikleriň döremegine getirip, çaga ölümçiligini iki esse ýokarlandyrýandyr. Ondan başga hem, dogan-garyndaşlarynda gemofiliýa, talassemiýa, mukowissidoz, doga kerlik keselleri bolan jübütler göwreliligi meýilleşdirmezden öň hökman genetik lukmanyň maslahatyny almalydyr.

3. Ýokançly sebäpler.

Aýal bedeninde dowamly bolan ýa-da göwrelilik döwründe ýokuşan merezýel (siflis), uçuk, toksoplazmoz, gyzylja, sitomegalowirus, wirusly gepatitler, AIW çaganyň ösmegine ýaramaz täsirini ýetirip bilýändir.

4. Aýalyň saglygy we iýmitlenme.

Göwreliligi meýilleşdirmezden öň we göwrelilik wagty iýmit bilen alynýan makro we mikroelementleriň mukdaryna üns berilmelidir. Ýoduň, foliý turşylygyň, demriň ýetmezçiligi göwreliniň saglygynyň üýtgemegine ýa-da doga kemislikleriň döreme howpunyň ýokarlanmagyna getirip bilerler. Meselem, foliý turşylygynyň ýetmezçiligi dogjak çaganyň nerw ulgamynyň doga kemçiligine getirip bilýän bolsa, ýoduň ýetmezçiligi çaganyň galkan şekilli mäziniň işjeňliginiň peselmegine, akyl taýdan ösmegine täsirini ýetirip biler.

Göwreliligiň kadaly geçmegi üçin A we D witaminleriň mukdaryna üns berlip, onuň artyk kabul edilmeginden gaça durulmalydyr. A witamini günde 20.000 ME köp kabul edilende zäherli bolup bilýär. Şonuň üçin göwrelilik wagty ony günde 3000 ME, D witaminini bolsa 400 ME mukdardan köp kabul etmeli däldir.

Nikotin, alkogol, neşe serişdeleri doga kemislikleriň döremegi bilen birlikde göwreliligiň dürli döwründe çaganyň ösüşine, çaga-ýatgy-ýoldaş ulgamynyň gan aýlanşygyna ýaramaz täsirini ýetirip bilýärler.

Aýalda bar bolan semizlik, wagtynda bejerilmedik we kadalaşdyrylmadyk gan basyşyň ýokarlanma keseli, süýjüli diabet, garaguş keseli hem göwredäki çaganyň ýagdaýyna ýaramaz täsirini ýetirip bilýändir.

5. Daşky gurşaw bilen bagly sebäpler.

Aýalyň bedenine pestisidleriň we başga himiki maddalaryň, käbir derman serişdeleriniň, radioaktiw şöhlelenmäniň täsir etmegi doga kemislikleriň döreme howpuny ýokarlandyrýandyr. Zibil ýygnalyp saklanýan ýerleriň töwereginde ýaşamak, himiki kombinatlaryň, gaz, nebit, metallurgiki kärhanalaryň ýanynda ýaşamak ýa-da olarda işlemek hem örän howp salyjy faktorlardyr.

Öňüni alyş çäreleri

Göwrelilige taýynlyk we göwrelilik döwri geçirilýän öňüni alyş çäreleri hem-de dogumdan öňki lukmançylyk kömeginiň dogry berilmegi käbir doga kemislikleriň döremeginiň öňüni almaga kömek edýär:

↪ Çaga dogmaga ukyply ýaşdaky aýallaryň iýmitiniň hilini gowlandyrmak; witaminleriň, ylaýtada foliý turşulygynyň we minerallaryň kadaly mukdaryny kabul etmäge çalyşmak; esasy iýmit önümlerini, meselem bugdaý ununy olar bilen baýlaşdyrmak ýa-da olary derman serişdeleri görnüşinde kabul etmek, organiki önümleri kabul etmäge çalyşmak.

↪ Göwreliniň öz iýmitinden zyýanly önümleri, şol sanda alkogol serişdelerini hem aýyrmagyna gözegçilik etmek.

↪ Daşky gurşawda saklanýan howply himiki maddalaryň (meselem, agyr metallar, pestisidler, käbir derman serişdeleri) täsirinden göwrelini goramak.

↪ Lukmançylyk maksatlary üçin göwreli aýala derman serişdesiniň we şöhlelendirmäniň (meselem, rentgen şöhleleri) ulanylmagyny saglyk üçin peýdasynyň ýa-da howpunyň seljermesi bilen geçirmek.

↪ Göwrelilige taýynlyk we göwrelilik döwri dowamly beden kesellerini (meselem, süýjüli diabet, tutgaý keseli, gan basyşyň ýokarlanma keseli) bejermek we olaryň durnukly ýagdaýyny gazanmak. Şonuň ýaly hem, bedende bar bolan dowamly ýokançly keselleri bejermek we gözegçilikde saklamak.

Aýallara we çagalara öňüni alyş sanjymlary wagtynda we doly göwrümde geçirmek. Esasan hem gyzylja we wirusly gepatitlere garşy geçirilýän öňüni alyş sanjymlary derwaýys bolup durýandyr. Gyzylja garşy sanjymy bu kesele beden goraglylygy (immuniteti) bolmadyk aýallar göwreliligi meýilleşdirmezden bir aý öň almalydyrlar.

↪ Doga kemislikleriň öňüni alma çärelerine dahylly hemme lukmançylyk işgärlerine geçirilýän okuw işleriniň göwrümini giňeltmek we güýçlendirmek.

Anyklaýyş çäreleri

Göwrelilige taýynlyk görülýän we göwrelilik döwri geçirilmeli genetiki barlaglar we göwredäki çaganyň ultrases barlaglary bu ugurda berilýän lukmançylyk kömeginiň esasyny düzýärler:

↪ Göwrelilige taýynlanma döwri genetiki barlaglary geçirmek, jübütlerde tohum yzarlaýan keselleri we saglyk bozulmalarynyň görnüşini çagasyna geçirme howpuny ýüze çykarmaga kömek edýär. Genetiki barlag maşgalanyň saglyk taryhyny öwrenmäge gönükdirilen bolup, onuň geçirilmegi garyndaşara nikalarda has hem wajyp bolup durýandyr. Ýokançlyklary göterijilige hem barlag geçirmek şu döwürde derwaýysdyr.

↪ Göwrelilik döwri doga kemislikleri anyklamak üçin göwreliligiň 11-13 hepde we 19-21 hepde möhletinde ultrases barlagy geçirilip, çaganyň anatomiki ösüşine baha berilmelidir. Ondan başga-da, goşmaça barlaglary (meselem, alfa-fetoprotein belogy kesgitlemek) we amniosentes geçirmek göwreliligiň birinji we ikinji ýarymynda çagadaky hromosom üýtgemelerini anyklamaga kömek edýär.

↪ Ýaňy bolan bäbeklerde geçirilmeli barlaglar ganyň düzümini, bedeniň alyş-çalyş ýagdaýyny we gormonal durkuny barlamagy öz içine alýandyr. Doga kerligi, ýüregiň doga kemçiliklerini we başga doga kemçilikleri wagtynda ýüze çykarmak we bejermek keseliň beterleşmeginiň, agyr maýyplygyň döremeginiň öňüni almaga ýardam berýär.

  • 218 gezek okalan