Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÖWRELILIGIŇ HOWPLY GAÝRAÜZÜLMESI: PREEKLAMPSIÝA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

preeclampsiaPreeklampsiýa – gan basyşynyň ýokarlanmagy we peşewde belogyň döremegi bilen häsiýetlendirilýän, göwreliligiň 20 hepdesinden soň döreýän ýagdaýdyr. Ol bedende çişleriň döremegi we beden agzalarynyň utgaşykly bozulmalary bilen birlikde hem döräp bilýändir.

Eklampsiýa – bu garaguşagyry keseline ýa-da başga sebäplere bagly bolmazdan, bejerilmedik preeklampsiýanyň fonunda döreýän tutgaýlardyr. Eklampsiýa dürli agyrlyk derejelerinde dörän preeklampsiýanyň esasynda bolup biler, ýöne 30% ýagdaýlarda eklampsiýa preeklampsiýa bolmazdan hem döräp bilýändir. Bejerilmedik preeklampsiýa ölümçilige getirip bilýändir.

Döremeginiň sebäpleri

Häzire çenli preeklampsiýa getirýän anyk sebäpler belli bolmasa hem, töwekgelçilik howp toparlary tapawutlandyrylýar:

↪ Gan basyşynyň ýokarlanma keseliniň bolmagy;

↪ Gan damarlarynyň bozulma ýagdaýlary (meselem, böwrek keselleri, süýjüli diabet);

↪ Göwrelilikde gestasion diabetiň bolmagy;

↪ Göwreliniň ýaşy (35 ýaşdan uly ýa-da 17 ýaşdan kiçi);

↪ Ejesinde ýa-da aýal doganlarynda preeklampsiýanyň bolmagy;

↪ Geçen göwreliliklerinde preeklampsiýanyň ýüze çykmagy;

↪ Köpdüwünçekli göwrelilik;

↪ Semizlik;

↪ Gan ulgamynyň bozulmalary (meselem, antifosfolipid sindromy).

Preeklampsiýa we eklampsiýa ýagdaýlaryna sebäp bolup biljek beden üýtgemeleriniň hem belli görnüşlerini tapawutlandyryp bolmaýar. Keseliň döremegine getirip biljek birnäçe patologiki ýagdaýlar (çaga ýoldaşynyň spiral görnüşli arteriýalarynyň ýetmezçiligi ýa-da onuň infarkty, 13-nji hromosomanyň genetiki anomaliýasy, immun ulgamynyň bozulmalary, öýjük membranalaryň üýtgemegi) bellenen bolsa hem, olaryň hiç birini mahsus üýtgeme höküminde belläp bolmaýar.

Preeklampsiýanyň alamatlary

Preeklampsiýa hiç aýdyň alamatsyz geçip bilýär ýa-da beden çişginliligi, beden agramynyň artmagy syn edilip bilner. Ýaýraň beden çişleri bolman, çişginlilik diňe ellerde ýa-da ýüzde bolup biler. Aslynda çişler preeklampsiýanyň wajyp kesgitleýji alamaty däldir, çünki çişler kadaly geçýän göwrelilikde hem bolup biler. Çişsiz preeklampsiýa has agyr geçip bilýändir we tersine, çişler bolanda preeklampsiýaly göwrelileriň ýagdaýy kada ýakyn bolup bilýändir.

Preeklampsiýanyň wajyp alamaty-gan basyşynyň ýokarlanmagydyr. Gan basyşynyň görkezijileri esasynda aram derejeli (gan basyşy 140|90 ýa-da ondan ýokary, ýöne 160|110 pes) we agyr derejeli preeklampsiýa (160|110 deň ýa-da ondan ýokary) tapawutlandyrylýar.

Preeklampsiýa ýagdaýy üçin peşewde belogyň (proteinuriýa) bolmagy häsiýetlidir. Bu ýagdaýda bir gije-gündiziň dowamynda peşew bilen belogyň 0,3 gr-dan ýokary mukdary ýitirilip bilinýär.

Agyr preeklampsiýanyň alamatlary

Preeklampsiýanyň agyr derejesi üçin gan basyşynyň 160|110 deň ýa-da ondan hen ýokary bolmagy, peşewde belogyň döremegi, beden agzalarynyň işiniň ýetmezçiligi mahsusdyr:

↪ Güýçli kelle agyry;

↪ Görüşiň bozulmagy;

↪ Sepirjikde agyrylaryň bolmagy;

↪ Ýürek bulanma, gaýtarma;

↪ Tutgaý taýýarlygy (myşsa tonusynyň ýokarlanmagy).

Preeklampsiýanyň gaýraüzülmeleri

Wagtynda bejerilmedik preeklampsiýa tutgaýlaryň döremegi bilen häsiýetlendirilýän eklampsiýa ýagdaýy, bagryň işiniň bozulmagy ýa-da onuň ýarylmagy, ýiti böwrek ýetmezçiligi, öýken çişmesi, miokardyň infarkty, insult, çörekçäniň gopmagy, çaganyň enesiniň göwresinde ölmegi ýaly örän howply gaýraüzülmelere getirip bilýändir.

Bejergi çäreleri

Preeklampsiýanyň islendik görnüşinde göwreli aýal dogrum öýüne ýerleşdirilmelidir

Bejergi çäreleri ýüze çykan alamatlara, beden agzalarynyň işiniň bozulmalaryna, göwreliligiň möhletine, dogum ýollarynyň we göwredäki çaganyň ýagdaýyna baglylykda saýlanylmalydyr.

Göwreliligiň möhleti 34 hepdeden az bolup, agyr preeklampsiýanyň we çaganyň ejir çekmeginiň alamatlary ýok bolsa, garaşmaklyk we gözegçilik etmek maslahat berilýär. 34-37 hepde möhletde aram ýa-da agyr däl preeklampsiýany alyp barmak, tejribeli akuşer-ginekolog lukmany tarapyndan aýalyň we çaganyň ýagdaýyna baglylykda kesgitlenýär. 37 hepdeden ýokary möhletde dogumy geçirmek maslahat berilýär.

Preeklampsiýada gan basyşy peseldiji derman serişdeleriniň çaga üçin howply bolmadyk, tassyklanan toparyny (nifedipin, labetolol, metildopa, metoprolol) tertip boýunça ulanmak maslahat berilýär.

Eklampsiýanyň we başga gaýraüzülmeleriň bejergisi reanimasiýa bölüminde üznüksiz gözegçilik astynda alnyp barylýar.

Dogrumdan soňky gözegçiligiň aýratynlyklary

Preeklampsiýanyň alamatlarynyň dogumdan soň hem 6 hepdäniň dowamynda saklanýandygyny ýatda saklamalydyr. Dogran aýal akuşer-ginekolog we maşgala lukmanynyň kadaly gözegçiligi astynda saklanyp, gan basyşyny ölçemeler, laborator barlaglara gözegçilik özwagtynda geçirilmelidir.

Eger dogumdan soň, 6 aýyň dowamynda aýalda gan basyşynyň ýokarlanmagy, peşewde belogyň döremegi saklansa, aýala ýöriteleşdirilen (kardiologiýa, nefrologiýa) hassahanada bejergi berilmelidir.

Ulanylan edebiýat:

1. "Akuşerçilik boýunça kliniki beýanlar" Aşgabat-2020ý. sah 60-65.

2. Ş. Berdiýewa, A. Orazgeldiýewa, G. Jumaniýazowa, Z. Nakimowa, B. Rahmanowa, B. Seýradowa, G. Otuzowa, O. Gullyýewa, O. Annaýewa, T. Annaýewa "Perinatal tapgyrlaýyn kömegiň esaslary" Aşgabat-2020 ý.

  • 854 gezek okalan