Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÖWRELILIK NÄME ÜÇIN ÖSENOK?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.25 (16 Ses)

Göwrelilik döwrüniň ýakymly garaşmalaryny, umytlaryny, arzuwlaryny puja çykarýan ýagdaýlaryň gynansak-da, duş gelýändigini bellemelidir. Şoniň ýaly ahwalatlara göwreliligiň ösmeden galmagy hem degişli edilip bilner.

Ösmeýän göwrelilik – çaga düwünçegiň ösmeden galyp ölýän ýagdaýydyr. Lukmanlar şu güne çenli düwünçegiň ösmeden galma ýagdaýlarynyň anyk sebäplerini aýdyp bilmeýärler.

Ýöne irki möhletlerde ýüze çykýan ýagdaýlaryň 70%-iň genetiki bozulmalar bilen baglydygyny seljermeler görkezýärler.

Göwreliligiň uly möhletlerinde (ikinji we üçünji ýarymy) göwreli aýalyň şikeslenmeleri, dürli ýokançlyklara ýolukmagy çaganyň ösmeginiň togtadylyp ölmegine getirip bilýändir.

Kähalatlarda görelilik anyk sebäpsiz, aýalda 2 ýa-da 3 gezek hem şeýle şowsuz tamamlanyp biler.

Ýöne köp ýagdaýlarda, göwreliligiň irki möhletlerinde düwünçegiň ösüşden galmagynyň aşakdaky sebäpleri anyklanyp bilner:

► Ýaramaz endiklere ýykgyn etme (çilimkeşlik, arakhorluk);

► Käbir derman serişdelerini kabul etmek;

► Ýokanç keselleri başdan geçirmek (dümew, sitomegalowirus, gyzylja);

► Jyns gatnaşygy arkaly geçýän keselleri (sözenek, merezýel, mikoplazmoz);

► Süýji keseli;

► Gormonal deňagramlylygyň bozulmagy (progesteronyň ýa-da estrogenyň ýetmezçiligi);

► Enäniň immun ulgamynyň çagany del beden höküminde kabul etmegi (meselem, rezus-gapma garşylykly göwrelilik);

► Antifosfolipid alamatlar toplumy – çaga ýoldaşynyň gan damarlarynda gan lagtalarynyň emele gelip, çaga düwünçegi iýmitlenmeden mahrum etmegi;

► Önümçiligiň ýaramaz täsirlerine sezewar bolmak;

► Gaýtalanýan stress ýagdaýlary;

► Aşa fiziki agramlylyk.

Aýallaryň şu toparynda ösmeýän göwrelilik ýagdaýyna sezewar bolma töwekgelçiligi ýokarydyr;

♦ 35 ýaşdan uly aýallar;

♦ Köp gezek çagany aýyrdan (abort eden) aýallar;

♦ Ýatgydan daşary göwrelilige sezewar bolan aýallar;

♦ Ýatgysynda dürli dogabitdi kemçilikleri(eýer görnüşli, iki şahly ýatgy we ş.m.)  bolan aýallar.

Göwreliligiň birinji üç aýlygy (1–13 hepdesi) çaga düwünçegi üçin has howply bolup, esasan hem göwreliligiň 3-nji – 4-nji we 8-nji – 11-nji hepdelerinde has ünsli bolmalydyr.

Ýöne göwreliligiň ikinji üç aýlygy, esasan hem 16-njy-18-nji hepde aralyklary has jogapkärli bolup durýandyr.

Göwreliligiň ösmeýänligini nädip anyklamaly?

Göwreliligiň dürli möhletinde ösmeden galan göwrelilik dürli alamatlar bilen ýüze çykyp biler ýa-da birnäçe hepde hiç hili alamat ýüze çykman hem biler.

Düwünçegiň ösmän galandygyndan habar berýän alamatlar duýlanda hökman ginekolog lukmana ýüz tutmalydyr.

Aş saýlama alamatlaryň duýdansyz kesilmegi, garnyň aşagynda dörän tutgaýly agyrylar, jyns ýollaryndan ganyň gelmegi, süýt mäzleriniň ulalyp, ýene öňki ýagdaýyna gaýdyp gelmegi, bazal temperaturanyň (göwrelilik döwründe göni içegede ölçelýän temperatura ýokary bolýar) peselmegi, bedeniň temperaturasynyň bolsa kähalatlarda beýgelmegi göwreliligiň ösüşden galandygyna güman etmäge esas döredip biler.

Uly möhletlerde bolsa düwünçegiň gymyldysynyň galmagy göwreliligiň ösmeden galanlygynyň alamaty bolup biler.

Aşakdaky barlaglaryň kömegi bilen lukman ösmedik göwreliligi anyklap biler:

⇒ Lukman bazal temperaturasynyň derejesini, ýatgynyň ululygynyň göwreliligiň möhletine deň gelşi bilen deňeşdirer;

⇒ Adamyň horion gonadotropin gormonynyň derejesini anyklamak. Onuň derejesiniň peselendigi ösmeýän göwrelilikden habar berip biler;

⇒ Düwünçegiň USB-y düwünçegiň ýürek urgularynyň ýoklugyny anyklap biler.

Göwreliligiň ösmeden galandan soňky geçirilmeli bejergi çäreleri

Düwünçek ösmeden galandan soň, hemme bejergi çäreleri aýalyň saglygyny dikeltmäge gönükdirilen bolmalydyr.

Ýatgyda ösüşden galan düwünçek bedeniň zäherlenmesine, ýatgydan güýçli gan akmalara, ýatgynyň sowuklama (endometrit) ýagdaýlaryna getirip biler.

Şol sebäpli ösmedik düwünçegi ýatgydan mümkin boldugyça çalt aýyrmak maslahat berilýär.

Kähalatlarda göwreliligiň irki möhletlerinde onuň özbaşdak düşmegi bolup geçip, aýal göwreliligiň ösmän galandygyndan habarsyz bolýar. Onuň aýbaşysy bolsa biraz gijikme bilen gelýär.

Eger "ösmedik göwrelilik" kesgidi goýlan bolsa, onda düwünçegi aşakdaky usullar bilen aýyrýarlar:

1. Derman serişdesi bilen – 8 hepdeden kiçi möhletde ulanylyp, düwünçegiň düşmegine getirýän serişdeler ulanylýar.

2. Wakuumly sorma (mini-abort) – düzgün bolşy ýaly, operasiýa agyrsyzlandyrma bilen, ýatgynyň içini arassalaýan wakum-sorujy ulanylyp geçirilýär.

3. Ýatgynyň içini we diwarlaryny gyryp, ösmedik düwünçegi aýyrmak operasiýasy. Agyrsyzlandyrma serişdeleriň täsirini ulanyp geçirilýär.Bu operasiýadan soň, ýatgynyň içini USB-nyň kömegi bilen barlap, düwünçegiň galyndylarynyň galmandygyna göz ýetirmek wajypdyr.

4. Uly möhletlerinde (16 hepdeden ýokary) çaga düwünçegini aýyrmak üçin oksitosin we prostaglandinler ulanylyp, emeli dogrum güýçleri tijendirilýär.

Ösmedik göwrelilikden soň indiki  göwreliligi meýilleşdirmek üçin geçirmeli çäreler

Ginekologlaryň maslahat bermegine görä, ösmän galan göwrelilikden soň, azyndan 6 aýgöwrelilikden saklanma zerurdyr.Bu möhlet aýalyň endokrin ulgamynyň işiniň kadalaşmagy üçin wajypdyr.

Indiki göwreliligi meýilleşdirmezden öň aşakdaky barlaglary geçirmek hökmandyr:

► ganyň gormonlaryň derejesine barlagy (progesteron we estrogen);

► jyns ýollary arkaly geçýän kesellere barlagy geçmek (jynshana çyrşagy, ganyň ýokançlyklara barlagy);

► kiçi çanaklyk agzalaryň USB-gy;

► görkezme boýunça ýatgynyň içki gatlagynyň gistologiki barlagy;

► genetik lukmanyň maslahaty we barlagy.

Göwreliligi meýilleşdirmeden öň, gyzylja hem-de garamyk ýokanç kesellerine garşy öňüni alyş sanjymlary, has hem çagalar baglarynda, mekdeplerde işleýän aýallara almak peýdaly bolup biler.

Özüňizde bar bolan dowamly beden keselleri, jyns ýollary arkaly geçýän keselleri bejerip, bedeniňi taplaýjy serişdeleri kabul etmäge çalşyň.

Bejerginiň tertibi babatda öz lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň.

Şowsuz göwreliligi başdan geçiren aýallaryň geljekde sagdyn çaga dogrup biljekdigini ýatda saklap, ruhdan düşmezligi gerekdir.

  • 9315 gezek okalan