• Makalalar
  • Göwrelilik
  • Sagdyn çaga
  • ÇAGA DERLEGENLIGI: KADA WE BOZULMALARYŇ SEBÄPLERI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇAGA DERLEGENLIGI: KADA WE BOZULMALARYŇ SEBÄPLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.27 (26 Ses)

Sagdyn çaga her bir ene-ata üçin bolup biljek iň uly gymmatlyklaryň biridir. Şonuň üçin hem, çaga bedeninde döreýän islendik üýtgeşiklik ene-atalarda uly howsalalygy döredýändir. Esasan hem ýaş eneleri, çagalaryň emdirilýän wagtynda, ýatanda, oýnanda derlemekligi alada goýýar. Şol pursatda ene: "Çagam iglilik-rahit bilen kesellän-ä däldir-dä?" diýip howsalaly pikir edip biler. Çagalarda döreýän derlegenligiň sebäpleri dogrusynda maglumatlar azdyr. Ýöne hakykatdan hem rahit bilen kesellän çagalar iýmitlendirilende, ýatanlarynda derlegen bolýandyrlar. Çaganyň maňlaýynda, kesellesinde iri der damjalary emele gelýär. Çaganyň deri adaty bolmadyk turşy ysa eýedir. Der çaganyň kellesini gijedip, kellesini hemişe ýassyga süýkemekligi mejbur edýär. Şonuň üçin hem rahitden tapawutlandyrýan alamata diňe bir köp mukdarda derlemeklik däl-de, kelläniň ýeňsesinde kelligiň peýda bolamagy hem degişlidir. Şulardan başga-da, çagada rahitiň bardygyny gümän etdirýän: aglak bolmagy, işdäniň peselmegi, horlanmagy we ukusynyň bimaza bolmagy ýaly alamatlary hem göz öňüne tutmalydyr.

Çagalaryň köp derlemekliginiň (gipergidrozyň) sebäpleri

Adam bedeninde deriň bölünip çykmagy üçin wegetatiw nerw ulgamy jogap berip, bu ulgam 1 ýaşa çenli çagalarda ösen däldir. Der mäzleriniň özi hem 1 aýlykdan işläp başlaýar we 5 ýaşa çenli iň uly ösüş derejesine ýetýärler. Şonuň üçin hem, çaga bedeni kadadan ýokary islendik temperaturada köp mukdarda derläp başlaýar.

► Ene-atalar üçin täze doglan çaga has ejizje görünýär. Şonuň üçin hem olar körpejäni sowukdan gorajak bolup, has galyň gundaýarlar we üstüni galyň ýorganlar bilen ýapýarlar. Ýöne ene-atalar tarapyndan beýle alada körpeje üçin artykmaç bolýar, beýle etmeklik bilen onuň beden gyzgynlyk alyş-çalşy bozulýar we yzygiderli derlemekligine getirýär. Eger siziň çagaňyz gije ýatyrka derleýän bolsa, onda siziň ony aşa galyň edip gundan bolmagyňyz mümkindir. Beýle ýagdaýda ýatmazdan öňürti otagy şemallatmaly, gerek bolsa otag sowadyjyny az wagtlyk açyp goýmaly. Çaga otagynyň kadaly temperaturasy 200C, çyglylygy bolsa 60% bolmalydyr. Çagany sintetiki ýassyklarda ýatyrmak we galyň sütükli ýorganlar bilen ýapmaklyk bolmaýar. Eşikler, ýatyan ýeri we ýorgan düşekleri hökmany tebigy önümlerden bolmalydyr. Sintetik önümler howany geçirmän beden gyzgynlyk alyş-çalşyny bozýarlar we netijede çaganyň derlemekligine getirýäler. Bäbejik 1-2 aý bolanyndan olary özüňiziň geýnişiňiz ýaly geýindirmeklik ýerliklidir. Has hereketjeň çagalary bolsa has hem ýeňiljek geýindirmelidir. Çünki işjeň hereketliligiň täsiri bilen çaga çalt gyzýar.

► Geçirlen sowuklama we ýokanç kesellerden soňra hem çaga ýygy-ýygydan derlegiç bolup biler. Kesellän döwründe bolsa beden gyzgynlygy ýokarlanyp, derlemeklik bilen beden gyzgynlygyny sazlamak we zäherleri bedenden çykarmakda özboluşly goranyş mehanizm hökmünde amala aşyrylýandyr. Sagalandan soňra sagdyn çaganyň bedeni gowşan ýagdaýda bolýar we şonuň üçin goraýjy mehanizmi bolan derlemeklik saklanyp galýar. Şunuň netijesinde köp çagalar bedeniň ýokary gyzgynlygy bolmazdan hem köplenç derlemeklik bilen bolýarlar. Beýle ýagdaýda çaganyň ýagdaýyna we onuň gurplylygyna baglylykda, derlemeklik öz-özünden aýrylyp gidýär.

► Çaganyň derlemekligi oňuň beden gurluşyna we emosional ýagdaýyna hem baglydyr. Köp halatlarda beden agramy ýokary bolan we nerw ulgamynyň işjeňligi bozulan çagalar derlegiç bolýarlar. Eger ene-atasy hemişe käýäp ýa-da temmi berýän çaga bolsa, onda ol gorkudan ýa-da aşa emosional ýagdaýdan ýaňa derläp bilýändir. Oglanjyklar has emosional bolup, olar sähel aljyrasalar ýa-da bolmasa bir zada çyndan gynansalar hem derläp bilerler.

► Ýadawlylyk, doly ukyny almazlyk we nädogry iýmitlenmeklik hem aşa derlemeklige getirip biljek ýagdaýlardyr. Nerw ulgamynyň näsazlygy sebäpli bolýan derlemeklik beýleki adaty derlemeklerden özüniň ýakymsyz ysy bilen tapawutlanýandyr. Eger siziň çagaňyz hiç hili sebäpsiz derläp, der bedeniň belli bir ýerlerinde, meselem, maňlaýynda bolup, der goýy we öz boluşly ysa eýe bolsa, onda çagaňyzy newrologyň barlagyndan geçiriň.

► Çaganyň aşa derlemekliginiň iň howply sebäpleriniň biri hem nesle geçýän keselleriň bolmaklygydyr. Meselem, mukowissidoz ýa-da fenilketonuriýa. Beýle kesellerde diňe bir der bölünip çykyş däl-de, beýleki mäzleriň – tüýkülik mäzleriniň, aşgazan-içege mäzleriniň hem işleri bozulýandyr. Bu kesellerde deriň düzümi adaty dere garaňda üýtgeýär we has duzly, özboluşly ysa eýe bolýar.

  • 4115 gezek okalan