• Makalalar
  • Göwrelilik
  • Sagdyn çaga
  • SANJYMLAR ÇAGA ZYÝANLYMY?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SANJYMLAR ÇAGA ZYÝANLYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (4 Ses)

caga sanjymlaryHer bir ene-ata wagtly-wagtynda çagasyna sanjym etdirmek barada jogapkärli karara gelmeli bolýar. Çaganyň saglygynyň hatyrasyna dogry netijä gelmek üçin özbaşdak maglumat gözlemekden we sanjymlar barada öwrenmekden çekinmäň. Häzirki wagtda sanjym barada dürli-dürli toslamalara duş gelmek bolýar. Olaryň iň kän ýaýranlaryna mysallar:

Toslama: Sanjym etdireniňden keseli keselläp geçireniň aňsat.

Hakykat: Adamyň immuniteti sanjymdan soň, edil keselçilikden soň bolşy ýaly, bedeni goraýan öýjükleri (antitela) işläp çykarýar. Eger sanjym etdiren adam kesellese, immunitet keseli "tanaýar" we oňa garşy göreşip başlaýar. Keselçilik bilen deňeşdirilende, sanjym akyl taýdan yza galmak, ysmaz, erkek önelgesizligi ýaly keselleriň döretjek gaýraüzülmelerine sebäp bolmaýar.

Toslama: Sanjymlar autizme sebäp bolýar.

Hakykat: Bu pikiri subut edýän hiç hili ygtybarly ylmy barlag ýok. Hatda 2010-njy ýylda autizm bilen sanjymyň arasyndaky baglanyşyk barada kitap ýazan awtor Beýik Britaniýada lukmançylyk pudagynda zähmet çekmek hukugyndan mahrum edildi.

Toslama: Sanjymlar howply.

Hakykat: Her bir sanjym Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan düýpli barlagdan geçirilýär. Sanjym ulanyşda wagty hem gözegçilikde saklanyp, ähli ýaramaz täsirleri derňelýär.

Toslama: Garyşyk görnüşli sanjymlar (düzüminde birnäçe kesele garşy serişdeleri saklaýan) çaganyň immunitetine agram salýar.

Hakykat: Hatda umumy sowuklama hem çaganyň immunitetine sanjymdan has uly agram berýär.

Toslama: Çagaka sanjym edilmedik ýetginjekler we ulular şonsuz hem sagdyn.

Hakykat: Kimiň nähili keseli haçan we nähili agyrlykda geçirjekdigini öňünden bilmek mümkin däl, şonuň üçin hem sanjym etdirip, uly howpuň öňüni alanyň gowy.

Toslama: Sanjymlar rak keseline sebäp bolýar.

Hakykat: Sanjymlar rak keseline sebäp bolup bilmeýär, gaýtam papillomawirusa garşy sanjym bizi ygtybarly ýagdaýda rak keselinden goraýar.

Çeşme: BSGG – Immunizasiýa barada toslamalar we hakykatlar

  • 1293 gezek okalan