• Makalalar
  • Göwrelilik
  • Sagdyn çaga
  • DERMANLARY ÇAGADAN DAŞDA SAKLAŇ!

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DERMANLARY ÇAGADAN DAŞDA SAKLAŇ!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

dermanlary dasda saklaÇagalar derman gerdejiklerini süýji ýa-da üsgülewük şiresini şerbetdir öýdüp bilerler. 2-5 ýaşly çagalar töweregindäki zatlara bolan tebigy bilesigelijiligi sebäpli dermanlary ýuwdup bilýärler.

Çagaňyzyň howpsuzlygyndan arkaýyn bolmak üçin şu maslahatlara eýerip bilersiňiz:

1. Dermanlary çagalara elýetersiz ýerde goýuň. Ýagny derman serişdeleri ýokarda, ýapyk, şeýle hem göze görünmeýän ýerlerde saklanmaly. Mysal üçin, sowadyjynyň ýokarsynda ýa-da şkafyň içinde goýlup bilner.

2. Derman serişdelerini her gün ulanýan hem bolsaňyz, çagalara elýetersiz ýerde goýuň. Olary her gezek ulananyňyzdan soň ýygnaşdyrmagy unutmaň.

3. Eger-de siz ulanmagy ýatdan çykarmakdan gorkup dermanlary el-ýüzde goýýan bolsaňyz, size muny ýatlatjak has gowy usullardan peýdalanyň. Meselem, sowadyjynyň ýüzüne bellik ýelmäp ýa-da telefondaky ýatladyjylary ulanyp bilersiňiz.

4. Mümkin bolsa, çagalaryň açyp bilmejek gaplaryndaky dermanlary saýlaň. Emma şeýle gaplary hem çagalaryň bir minuda ýetirmän açyp bilýändigini ýatdan çykarmaň.

5. Eger dermany ýanyňyzda göterýän bolsaňyz, öýüňize baranyňyzda sumkaňyzy çaganyň eli ýeterden ýokarda goýuň.

6. Maşgalaňyzdakylar bilen gepleşip, olara derman saklamak meselesinde seresaply bolmagy düşündiriň.

Çeşme: Bütin Dünýäde Çagalaryň Howpsuzlygy

  • 1326 gezek okalan