SİZİŇ BAKTERİÝALARYŇYZ HEM TÜRGENLEŞÝÄRMİ? - Bedeniňi bilmek - saglygyňy berkitmek.

  • Makalalar
  • Göwrelilik
  • Sagdyn çaga
  • SİZİŇ BAKTERİÝALARYŇYZ HEM TÜRGENLEŞÝÄRMİ?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SİZİŇ BAKTERİÝALARYŇYZ HEM TÜRGENLEŞÝÄRMİ?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

antibiotik durnuklylygySoragy geň görmäň! Gerek däl ýerinde antibiotik serişdelerini ulanan wagtymyz biz, ine, şeýle türgenleşik geçýäris. Meselem, çaga sowuklanda-da şeýle bolýar. Emma aslynda sowuklamanyň gyzdyrmak, burnuň akmagy we bokurdagyň agyrmagy ýaly alamatlary wirus zerarly ýüze çykýar. Ýagny, köp ýagdaýlarda sowuklama wirusly keseldir. Wirus bolsa düýbünden bakteriýa däldir.

Çaganyň sowuklamasynda ulanylýan antibiotikler wirusa hiç hili täsir etmeýär. Emma sagdyn adamda bar bolan bakteriýalara welin ol ters täsir edýär. Ýagny, doly bolmadyk möçberde we doly bolmadyk tapgyrda goýberilen antibiotikler şol bakteriýalary adatdakydan güýçlendirýär. Geljekde çagada nähilidir bir bakteriýaly kesel dörände, şol antibiotikler bolmalysy ýaly kömek edip bilmeýär. Inçekesel, öýken sowuklamasy, sözenek we ýiti içege keseli bolan salmonellez ýaly bakteriýaly keselleri bejermekde asla peýda etmeýär.

Antibiotikleriň adamlara peýda bermegini dowam etdirmegi üçin şu düzgünleri berjaý ediň:

1. Çagaňyza elini dogry ýuwmagy öwrediň. Bu bakteriýaly kesellerden gaça durmagyň iň aňsat ýoludyr.

2. Eger çaga sowuklan bolsa, bu onuň bedeniniň wirusa garşy göreşýändigini aňladýar. Şeýle ýagdaýda biz ilkinji nobatda bu göreşiň dermanly ýa-da dermansyz birnäçe günläp dowam etjekdigini kabul etmelidiris. Beden temperaturasynyň ýokarlanmagy bolsa immun ulgamyň bedeni wirusdan saplamagy üçin hökmany şertdir. Diňe çagaňyzyň ýagdaýyna gözegçilik ediň, köpräk suw içiriň we 380C derejeden geçen ýagdaýynda gyzgynyny düşüriň.

3. Lukmanyň maslahaty bolmazdan, çagaňyza antibiotikleri bermäň.

4. Tanyşlaryňyzyň çagalaryna kömegi degen hem bolsa, olara gulak asmaň we size beren antibiotiklerini almaň.

5. Eger lukman çagaňyza antibiotikleri ýazyp beren bolsa, edil lukmanyň görkezen möçberini ulanyň.

6. Çagaňyza antibiotikleri diňe bellenen wagtlarda beriň.

7. Çaga gowlanyp başlan hem bolsa, antibiotikler bilen bejerginiň möçberini we möhletini özüňizçe üýtgetmäň.

Çeşme: BSGG – Antibiotik serişdelerine bolan durnuklylyk

  • 1353 gezek okalan