• Makalalar
  • Göwrelilik
  • Sagdyn çaga
  • POLIOMIÝELIT – HENIZ DOLY ÝOK EDILMEDIK KESEL

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

POLIOMIÝELIT – HENIZ DOLY ÝOK EDILMEDIK KESEL

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Poliomiýelitpoliomiyelit (polio) örän ýokanç kesel bolup, esasan 5 ýaşdan kiçi çagalara täsir edýär. Poliomiýelit wirusy adamdan adama nejesat-agyz ýoly arkaly, käbir ýagdaýlarda hem, zäherlenen suw ýa iýmit arkaly ýokuşýar. Wirus içegede köpelýär we nerw ulgamyna hüjüm edip, adamy ysmaz edýär. Wirusy köplenç ýokuşan adamlar (esasan çagalar) nejesatlarynyň üsti bilen ýaýradýarlar. Bu esasan gigeýana we sanitariýa şertleri ýaramaz ýerlerde çalt ýaýraýar.

Ýabany poliowirusyň 3 görnüşi bar we onuň 2-nji görnüşi 1999-njy ýylda doly ýok edildi. 3-nji görnüşli poliowirus hem 2012-nji ýyldan bäri hasaba alynmady. Şonuň üçin, 2-nji we 3-nji görnüşler "global taýdan ýok edildi" diýlip ykrar edildi. Häzirki 2020-nji ýylda ýabany poliowirusyň 1-nji görnüşi iki ýurda ýaýramagyny dowam edýär: Päkistan we Owganystan.

Poliomiýelitiň alamatlary:

Poliowirusyň inkubasiýa döwri köplenç 7-10 gün dowam edýär, emma 4-35 güne hem çekip bilýär. Wirus ýokuşanlaryň 90% ýakynynda kesel örän ýeňil ýa-da bildirmän geçip gidýär. Keseli aram agyrlykda geçirýänlerde duşýan esasy alamatlar:

↪ Gyzzyryp-üşütme;

↪ Bokurdak agyry;

↪ Kelleagyry;

↪ Gaýtarma;

↪ Ýadawlyk;

↪ Arkaň agyrmasy ýa doňmasy;

↪ Boýnuň agyrmasy ýa doňmasy;

↪ Aýaklaryň we elleriň agyrmasy ýa doňmasy;

↪ Refleksleriň ýitmesi;

↪ Myşsalaryň erbet agyrmasy we ysgynsyzlyk;

↪ Aýaklaryň we elleriň ejizlemesi.

Bu alamatlar 2 günden 10 güne çenli dowam edip bilýär we soňunda adam aýaga galýar. Emma welin, eger kesel agyr degse adamy ysmaz edýär. Ysmazlyk köplenç aýaklarda döreýär we ömürlik bolup galýar. Adam kesel ýokuşanyndan birnäçe sagat soňra ysmaz bolup bilýär. Ysmaz bolýanlaryň 5-10% dem alyş myşsalary işlemän ölýärler.

Türkmenistanda poliomiýelit barmy?

2002-nji ýylda Türkmenistan poliomiýelitden azat bolandygy barada güwanama gol çekdi, emma 2010-njy ýylda bu wirusyň Merkezi Aziýa täzeden ýaýramagy bilen, Türkmenistanda poliomiýelit bilen kesellän 3 adam hasaba alyndy.

Häzirki wagtda dünýä ýüzünde poliomiýelit ýokuşýanlaryň sany 99% azalan hem bolsa, biziň goňşy döwletlerimiz bolan Owganystanda we Päkistanda heniz hem wirus ýaýramagyny dowam edýär. Munuň esasy sebäpleri bu ýurtlaryň syýasy howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşmagy, saglygy goraýyş ulgamlarynyň we sanitariýanyň hiliniň pes bolmasydyr. BSGG-nyň aýtmagyna görä, hatda dünýäde bu wirusly ýekeje çaga galsa hem, ol ähli çagalary howp astynda goýýar.

Poliomiýelite garşy göreşmek üçin BSGG tarapyndan döredilen garaşsyz gurama awgust aýynda keseliň ýabany görnüşiniň Afrikada düýbünden ýok edilendigini tassyklady.

Nädip öňüni almaly?

Poliomiýelit keselini bejerip bolmaýar. Bu keseliň öňüni almagyň ýeke-täk netijeli ýoly – sanjymdyr. Türkmenistanda poliomiýelite garşy sanjym çagalara 2-3 günlükde, 3 aýlykda, 4 aýlykda we 18 aýlykda edilýär.

  • 132 gezek okalan