• Makalalar
  • Göwrelilik
  • Sagdyn çaga
  • ULYNYŇ DIÝENINI ETMEDIK UWLAR: TÜRKMENISTANLY ENE-ATALAR NÄDIP ÖZLERINI DIŇLEDÝÄRLER?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ULYNYŇ DIÝENINI ETMEDIK UWLAR: TÜRKMENISTANLY ENE-ATALAR NÄDIP ÖZLERINI DIŇLEDÝÄRLER?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

ulynyn diyenini etmedik uwlarGÖR, ILIŇ ÇAGASY BELA ÝALY...

↪ Ene-atanyň düşünişi: Çagam utansyn we özünden gowy çagalardan görelde alsyn.

↪ Çaganyň düşünişi: Iliň çagasyny menden gowy görýärler. Men hiç kimçe ýok. Dogulmadyk bolsam gowy bolardy.

↪ Zyýansyz ýoly: Çagaňyza başarnyklaryna guwanýandygyňyzy bildiriň we gowşak taraplary barada ony hiç kime deňemän gürrüň ediň. Ondan kynçylyk çekýän zatlary barada soraň we hemişe kömege, goldawa taýýardygyňyzy düşündiriň.

GYZLAR/OGLANLAR ÖZLERINI BEÝLE ALYP BARMALY DÄL...

↪ Ene-atanyň düşünişi: Çagam köpçülikde öz ýerini bilsin, dogry edep-kadalary öwrensin.

↪ Çaganyň düşünişi: Durmuşymda köp zat jynsyma bagly ekeni. (Meselem, diňe durmuşa çykmak üçin ýaşaýan gyz ýa-da öýde diňe öz hökümini ýöredýän erkek)

↪ Zyýansyz ýoly: Çaga özüňi alyp barmagyň kadalaryny jynsy bilen baglanyşdyrman düşündirjek boluň. Jemgyýetde gyzlara we oglanlara zyýanly däplerden özüňiz hem habardar bolup, çagaňyzy olary dowam etmäge itermäň.

ULALAŇDA DÜŞÜNERSIŇ....

↪ Ene-atanyň düşünişi: Her bir temany gürleşmegiň öz wagty bar. Çagam entek ýaş, bu zatlar onuň ýaşyna laýyk däl.

↪ Çaganyň düşünişi: "Aý, bor-da, onda biljegem boljak däl. Indi hem kän sorag berjek däl." Ýa-da "Näme üçin diňe ulular bilmeli? Kiçilere bilmez ýaly nähili syrly zat ol? Indi bilmesem içim byjyklar durar. Egindeşlemden ýa-da internetden sorap göreýin."

↪ Zyýansyz ýoly: Çaganyň her bir soragyny we ýalňyşlygyny oňa öwretmäge mümkinçilik hökmünde görüň. Çaga ähli zady öz ýaşyna laýyk dilde we şekilde düşündirip bolýandyr.

SEŇ ÝAŞYŇDAKAK BIZ MUNUŇ ÝALY ZAT EDEMIZOKDYK...

↪ Ene-atanyň düşünişi: Biziň döwrümiz gowudy, biziň terbiýämiz tämizdi. Goý, çagalarymyzam şol ýoldan ýöresinler.

↪ Çaganyň düşünişi: Ejem-kakam meniň özlerine meňzemegimi, öz ýollaryndan gitmegimi isleýärler. Özbaşdak pikirlenmegimi islemeýärler.

↪ Zyýansyz ýoly: Döwür hemişe üýtgäp durýar. Çagaňyza hem öz döwrüne kybap gelýän bilim-terbiýe beriň. Bu öz alan terbiýäňizden bütinleý el çekmegi aňlatmaýar. Her döwürden iň ýaramlysyny saýlap alyň.

ÖZ ÖÝÜM – ÖZ DIÝENIM...

↪ Ene-atanyň düşünişi: Öýde kimiň hojaýyndygyny bilsin, bolmasa depäme çykar.

↪ Çaganyň düşünişi: Öz maşgalamda-da meni sygdyrmaýarlar, pikir-düşünjelerime biparh garaýarlar, erkimi elimden alýarlar.

↪ Zyýansyz ýoly: Çaga öýde öz ornuny we çäklerini bildirmeli, emma muňa sypaýyçylyk we paýhaslylyk bilen çemeleşmeli. Çaga maşgalanyň gymmatly agzasy hökmünde garap, öýde öz ýerini we sesini tapmaga kömek etmeli.

ULULAŇ IŞINE BURNUŇY SOKMA...

↪ Ene-atanyň düşünişi: Çagam bilesigelijiligine erk etmegi öwrensin. Her bir zadyň öz ýaşyna laýyk däldigine düşünsin.

↪ Çaganyň düşünişi: Näme üçin bilesigeliji çagalary äsgermeýärler? Men diňe kömek etjek boldum-a.

↪ Zyýansyz ýoly: Käbir zatlarda, meselem tehnologiýada çagalar ululardan has ökde bolýar. Diňleseňiz belki kömegi deger.

ULALYP OŇALMADYŇ

↪ Ene-atanyň düşünişi: Çagama edýän hereketleriniň ýaşyna laýyk däldigini ýatladýan.

↪ Çaganyň düşünişi: Men şeýle emelsiz. Ene-atama ýaranyp bilmeýän halyma kime peýdam deger?

↪ Zyýansyz ýoly: Çaganyň bu günki başarnyksyzlygy onuň ertir hem şowsuz boljagyny aňlatmaýar. Belki siz henizem ýaş çagaňyzdan has ir ulalmagyny isleýänsiňiz? Oňa öwrenmäge we öz badyna ulalmaga puryja beriň. Goldawyňyzy we umydyňyzy egismäň.

MENI AÝTDYRMAN ÖZÜŇDEN BILIP EDÄÝMERSIŇ...

↪ Ene-atanyň düşünişi: Çagam aýtdyrman etmäni öwrensin, isleglerimi gözümden okasyn.

↪ Çaganyň düşünişi: Ýene-de maňa igenýärler. Men bir kütek çaga, şoň üçinem ýigrenýärler.

↪ Zyýansyz ýoly: Bu agressiw diliň mysalydyr. Eger belli bir işleri çaganyň hemişe etmegini isleýän bolsaňyz, muny oňa öwrediň. Gerek bolsa, çagaňyz üçin ýörite gündelik işleriň tertibini düzüp, otagynda asyp goýuň. Sessiz talaplar bilen çagany kösemäň.

PYLANA ÇEKEN DAMARYŇ GURSUN...

↪ Ene-atanyň düşünişi: Çagam ýamany ýagşydan saýgarmagy öwrensin. Ýagşa meňzejek bolsun.

↪ Çaganyň düşünişi: "Alma agajyndan daşa düşmez" diýilýäni dogry ekeni. Pylanyň tohumyndan bolsam, şondan üýtgeşik bolup gitjek ýerim nire?

↪ Zyýansyz ýoly: Çagaňyz bilen gürleşip, oňa ýalňyşlygyna düşünmäge kömek ediň. Çaga temmi bermegiň adalatly usullaryny hem ulanyp bilersiňiz. Meselem, öý işini birnäçe gezek ýatdan çykarsa pylança günläp telewizor görmegi gadagan etmek.

ÖŇEM MÜŇ GEZEK DÜŞÜNDIRDIMÄ...

↪ Ene-atanyň düşünişi: Çagam utansyn we indikile ünslüje diňlesin.

↪ Çaganyň düşünişi: Barybir başaramok. Bu meniň başarjak işim däl.

↪ Zyýansyz ýoly: Täze zatlary her çaga birmeňzeş şekilde we birmeňzeş wagtda öwrenmeýär. Çagaňyzyň nähili öwrenýändigine üns beriň, öwretmegiň dürli ýollaryny barlap görüň, ony höweslendirmekden irmäň we sabyrly boluň.

BEÝTMEK BOLONOK....

↪ Ene-atanyň düşünişi: Bolmaýan zada ‘bolanok’ diýerin-dä!

↪ Çaganyň düşünişi: Näme üçin bolanokka? Ýa-da ejem-kakam meni halanokmyka?

↪ Zyýansyz ýoly: Çaga şeýle gödek jogap bermegiň ýerine, gadagan edýän zatlaryňyzyň sebäbini düşündiriň. Goý, çaganyň bilesigelijiligi gansyn we siz hakda nädogry pikirleri döremesin.

  • 817 gezek okalan