• Makalalar
  • Göwrelilik
  • Sagdyn çaga
  • ÜNSÜŇ ÝETMEZÇILIGI WE AŞA HEREKETJEŇLIK SINDROMY NÄME?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÜNSÜŇ ÝETMEZÇILIGI WE AŞA HEREKETJEŇLIK SINDROMY NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

UYAHSÜnsüň ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromy (ÜÝAHS) – merkezi nerw ulgamynyň işiniň bozulmagy netijesinde ruhy we emosional ösüşiň üýtgemegi bilen häsiýetlendirilýän ýagdaýdyr. Beýnide noradrenaliniň we dofaminiň ýetmezçiligi netijesinde ünsüňi jemleme, çözgüt tapma ýaly endiklere jogapkär merkezleriň beýni öýjükleriniň arasynda aragatnaşyk bozulýandyr.

Dünýäde, statistika boýunça gyzjagazlar bilen deňeşdirlende, oglanjyklarda 3 esse ýygy duş gelýär.

Bu sindromyň çagada bardygyny nähili bilip bolýar?

ÜÝAHS-yň ilkinji alamatlaryny 4-5 ýaşly çagalarda güman edip bolýar. Bu ýaşa çenli özüňi alyp barmagyň islendik bozulmalary kadalaýyk hasaplanyp, düzedilme gazanyp bolýandyr.

Ene-atalary aşakdaky alamatlar aladalandyrmalydyr:

↪ Çaga haýsy hem bolsa bir güýmenjä örän çalt gyzyklanmasyny ýitirýär, ýumşa ünsüni berip bilenok, islendik sese ünsi bozulýar;

↪ Çaga terbiýeleniş usullaryny äsgermeýär, soňky boljak ýagdaýlara göz ýetirmän, kellesine gelen hereketleri edýär;

↪ Çaga öňden bellenen düzgünler boýunça oýnap bilmeýär, doly derejede ünsüňi jemlemäni talap edýän meseleleri yzygider çözmäge ukyply bolmaýar.

Mekdep okuwçylarda we ýetginjeklerde bu sindromyň bardygynyň aýdyň alamatlary aşakdakylardyr:

↪ Aşa hereketjeňlik:çaga bir ýerde oturyp bilmeýär, böküp ýerinden turýar, elinde zatlary aýlaýar. Ulularyň we deň-duşlarynyň özüni asuda alyp barmagy baradaky haýyşlaryna bolsa ters hereketleri edýär (böküp turýar, gülýär, gygyrýar, aýagyny ýere urýar);

↪ Ünsüň bolmazlygy: ilkibada gyzygan hem bolsa, derrew bir işden ünsüni bozýar, başga güýmenjä geçýär;

↪ Sabyrlylygyň ýetmezçiligi: çagalar we ýetginjekler pikirlenmezden hereketleri amala aşyrýarlar, meselem, mugallymyň sözüni bölýärler ýa-da sorag berlip gutarmanka jogaby aýdýarlar, oýunda öz gezegine garaşyp bilmeýärler, garaşýan zatlaryny tiz almagy isleýärler, olary islemeýän bir hereketini etmek üçin yrma juda kyn bolýar;

↪ Ýatkeşligiň pesligi: köp bolmadyk, ençeme gezek gaýtalanan gönükme hem birnäçe minutdan uzak çaganyň kellesinde saklanmaýar, aýdymy we goşgyny öwrenende bolsa olaryň manysyna düşünmän, ýöne gaýtalaýar;

↪ Gatnaşyk açmak kynçylygy: şeýle çagalara başgalar bilen dostlaşmak, täze adamlar bilen gatnaşyk açmak kynçylyk döredýär. Öz emosional, sabyrsyz, çakgan häsiýeti bilen deň-duşlaryny özlerinden ürküzýärler.

Köplenç sindromyň alamatlary bilen birlikde newrologiki bozulmalar hem ýüze çykarylýar: gepleýşiň bozulmagy, ýüzüň damar çekmeleri, howsala düşme ýagdaýy, gijeki enurez (peşew etmäni gözegçilik edip bilmezlik), ukynyň we işdäniň bozulmagy, aşa gaharjaňlyk.

Sindromyň sebäbi näme?

Çagalarda we ýetginjeklerde ýüze çykýan ÜÝAHS-yň anyk sebäplerini belläp bolmasa hem, nesil yzarlaýjylyk häsiýetiniň we kiçi ýaşda alnan beýni şikeslenmeleriň täsiriniň bardygy bellidir.

Sindromyň döremegine ençeme töwekgelçilik faktorlary degişli edilýär:

↪ Göwrelilik döwründe aýalyň çilim çekmegi we alkogol içgileri kabul etmegi;

↪ Göwredekä ýa-da ömrüniň birinji ýylynda beýniniň we merkezi nerw ulgamyň zeperlenmegi;

↪ Çaganyň wagtyndan öň dogulmagy ýa-da kiçi agramly dogulmagy;

↪ Maşgalada ýaramaz psihologiki gurşawyň bolmagy (uruşlar, söwüşler, ene-atanyň arakhorlygy, çaganyň kemsidilmegi);

↪ Aýalyň juda ýaş ýa-da giç dogurmagy;

↪ Çaganyň psihiki mümkinçiligine gabat gelmeýän talaplar (okuw dersleriniň aşa köp berilmegi, goşmaça sapaklar) hem sindromyň döremegine itergi beriji faktor bolup bilýändir.

Bu sindromyň çagada bardygyny nädip bilip bolýar?

Göräýmäge, bellenen alamatlaryň köpüsi hemme kiçi ýaşly çagalara mahsus ýaly bolup görünýär. Ondan başga-da, ýokarda bellenen alamatlaryň köpüsi hemişe ÜÝAHS-y alamatlandyrmaýar, çünki käbir psihiki bozulmalarda, gipertireozda, oligofreniýada, garaguşagyry keselinde, görüş we eşidiş ulgamynyň kesellerinde hem bu alamatlaryň köpüsi syn edilýändir.

Çagada sindromyň bardygyny diňe inçe hünärmenleriň (newropatolog, psiholog) maslahatyndan we ýörite geçirilýän barlaglardan soň anyk aýdyp bolýandyr.

ÜÝAHS-yň bardygy barada, 12 ýaşa çenli, sindromyň çagada ýarym ýyldan uzak saklanýan altydan az bolmadyk aýdyň bildirýän alamatlary bolan halatynda aýdyp bolar.

Şeýle çagalarda bejergi nähili geçirilmeli?

ÜÝAHS-yň bejergisi çaganyň ýaşyna, sebäbine, alamatlarynyň häsiýetine we maşgala ýagdaýyna baglylykda bellenilýändir. Sindromyň bejergisi toplumlaýyn bolup, aşakdaky çäreleri öz içine almalydyr:

↪ Beýniň işini we nerw dokumasynyň alyş-çalyş hadysalaryny gowlandyrýan derman serişdelerini we fizioterapiýa emlerini ulanmak;

↪ Psihoterapiýa usullarynyň kömegi bilen çaganyň psiho-emosional ýagdaýyny sazlamak;

↪ Çaganyň ýagdaýyna görä bilim bermek meýilnamasyny düzmek, logoped lukmanynyň sapaklaryny gurnamak.

ÜÝAHS-ly çagalaryň ýagdaýynyň durnuklaşmagyna maşgala ýagdaýynyň asudalygy we ene-atalar tarapyndan ünsli çemeleşmeler uly täsirini ýetirip bilýändir.

Ene-atalar çagalaryň terbiýesinde nämelere üns bermeli?

↪ Ene-atalar çaganyň gün tertibine üns bermelidir: naharlanma, sapak etmek, oýnama we uka gitme wagtlaryna gözegçilik edilmelidir;

↪ Çaga artykmaç işjeňligini fiziki maşklary etmek, ylgama, gezmeleme netijesinde sarp eder ýaly mümkinçilik döretmeli;

↪ Ene-ata çaga birden birnäçe ýumuş bermän, ýeke-ýekeden bermelidir. Ýumuş berlende düşündirişler köpsözli bolman, anyk we gysga bolmalydyr;

↪ Aşa hereketjeň çagalara käýýeme we temmi berme täsirli däldir, ýöne olar öwülmäni halaýandyrlar. Gadagan edilmeler aşa köplük etmeli däldir, olar barada öňünden çaga bilen gepleşilmelidir we ol beriljek temmi barada habarly bolmalydyr;

↪ ÜÝAHS-ly çagalara ýumuş berlende olaryň aşa ýadamagyna ýol bermeli däldir. Şeýle-de, aşa köp berilýän okuw sapaklary, goşmaça dersler çaganyň ýadamagyna getirip, okama bolan ýigrenji döredip biler. Şeýle çagalar az sanly toparlarda okamalydyr we dersleriň dowamlylygy gysga bolmalydyr;

↪ Telegepleşikleriň görülme we kompýuter oýunlaryň oýnalma wagtlary çäklendirilmelidir, çünki uzak oýunlar çaganyň nerw ulgamynyň aşa oýandyrylmagyna sebäp bolup biler;

↪ Çaga öýe gelenden soň, gören, öwrenen zatlary barada sorap, ony ünsli diňlemek, agşam gezelenç etmek wajypdyr. Çaga maşgalada hemişe goldaw tapjakdygy barada ynamly bolmalydyr.

Çagalaryň aglaba böleginde ýaşynyň ulalmagy bilen bu ýagdaýyň alamatlary aýrylyp bilýär, ýöne degerli bejergi we düzediş çäreleri geçirilmedik halatlarda ýetginjeklik we uly ýaşly döwre geçip bilýändir. Bu bolsa geljekde adamynyň bilim almagyna, iş kollektiwinde adamlar bilen uýgunlaşmagyna päsgel berip, durmuşynyň hiline ýaramaz täsirini ýetirip biler.

Ulanylan çeşmeler:

Ю. A. Фесенко "Синдром дефицита внимания и гиперактивности. Диагностика и коррекция нарушений 2-е изд., испр. и доп. Практическое пособие"

О. Романчук "Синдром дефицита внимания и гиперактивности у детей"

  • 267 gezek okalan