• Makalalar
  • Göwrelilik
  • Sagdyn çaga
  • ÇAGALARDA MIOPIÝANYŇ ÖŇÜNI ALMAK ÖRÄN AŇSAT

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇAGALARDA MIOPIÝANYŇ ÖŇÜNI ALMAK ÖRÄN AŇSAT

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

cagalarda miopiyanyn onuni almakEger sen hem çagalaryňy elektroniki enjamlaryň öňünden aýyrmakda kynçylyk çekýän bolsaň, synanyşmagy bes etmezlige ýene bir sebäp: Daşarda her gün azyndan 2 sagat wagt geçirmek çagalaryň görejini goramak üçin edip boljak iň möhüm zatlaryň biridir.

1970-nji ýyllarda ABŞ-nyň ilatynyň diňe 25%-inde miopiýa (şowalyk) bolan bolsa, häzirki wagtda ol 42%-e çykdy. Gündogar Aziýa ýurtlarynyň käbirinde ýaş oglan-gyzlaryň 90%-i kämillik ýaşyna ýetýänçä miopiýa ulaşýarlar.

Miopiýa näme we nädip döreýär?

Miopiýa (ýa-da ýakyndan görüjilik) göz almasynyň süýnüp uzalmagy netijesinde ýakyndaky zatlaryň dury, emma daşdaky zatlaryň bulaşyk görünmegidir. Çagada bir gezek miopiýa döränsoň onuň gözüniň almalary süýnmegini dowam edýär we bu ýagdaý barha beterleşýär. Eger çagada ýokary derejeli miopiýa dörese, ol geljekde çynlakaý göz meseleleriniň ýüze çykma töwekgelçiligini ulaldýar we hatda körlüge hem eltip bilýär.

Miopiýanyň beterleşmegini haýallatmaga kömek edýän bejeriş çäreleri hem bar: meselem, dermannamaly alyp bolýan damjalar ýa-da ýörite gündizlik we gijelik linzalar. Emma, lukmanlar iň gowy çäre hökmünde çagalary ilki başdan miopiýa ulaşmakdan goramagy maslahat berýärler.

Daşarda wagt geçirmek nädip kömek edýär?

2008-nji ýylda Awstraliýada dört müňden gowrak 6-12 ýaşly çagalarda geçirilen 2 ýyllyk barlagyň netijeleri daşarda köp wagt geçirmegiň miopiýanyň döreme ähtimallygyny ep-esli peseldýändigini ýüze çykardy.

Bu barlagdan ylhamlanan taýwanly oftalmolog (göz lukmany) hem Taýwanyň mekdeplerinde ylmy barlag geçirip birmeňzeş netijeleri alýar. Soňra ol ýurduň Bilim ministrligini ähli başlangyç mekdeplerden okuwçylary her gün azyndan 2 sagat daşary çykarmagy talap etmäge iterýär. Täze kanuny durmuşa geçirip başlanyndan soňra Taýwanyň mekdep okuwçylarynda miopiýanyň derejesi 2011-nji ýylda 50%-den 2015-nji ýyla çenli 45.1%-e düşýär.

Bu ugurda geçirilen beýleki barlaglar hem daşarda wagt geçirýän çagalarda, hatda olar kitap-depdere ýa-da ekrana köp seredýän hem bolsalar, miopiýanyň döreme ähtimallygynyň pes bolýandygyny görkezdiler. Şeýle-de, hatda çagalaryň ene-atalarynda miopiýa bar hem bolsa daşaryk çykmak çagalaryň görejini miopiýadan goraýar.

Çagalar näçe ir daşarda köp wagt geçirip başlasalar şonça-da peýdalydyr. Daşarda bolmagyň göze peýdasy howanyň üýtgemegi bilen hem üýtgemeýär. Bulutly bolsun ýa güneşli, çaga daşarda oýun oýnasyn ýa-da öý işini etsin, parhy ýok, esasy zat onuň daşarda wagt geçirmegidir. Ol wagt hem 2 sagatdan az bolmasa iň gowusydyr.

Çeşme

  • 109 gezek okalan