Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ÇAGANYŇ IÝMITLENIŞ TERTIBI NÄMEDEN BOZULÝAR?
"Salam! Meniň 1 ýaş 3 aýlyk oglum bar. Oglum hiç semremeýär – agramy 8 kg 200 gr, boýy 73 sm. Ene süýdünden başga ýanyndan nahar hem berýän, ýöne işdäsi kän gowy dal. Süýtli önümleri hiç hem iymeýär: owsýanka kaşasyny, süýt-gatyk hem içenok. Men oglumy semredip, immun ulgamyny berkitmek üçin näme etsem gowy bolarka?"
Saýtyň okyjysy.
Hormatly okyjy, kiçi ýaşly çagalaryň ene-atalarynyň ýarysyndan gowragy öz çagalarynda döreýän iýmitlenme tertibiniň bozulmagyna duş gelýärler.
Iýmitlenme tertibiniň bozulmagy dürli sebäplere görä bolup biler. Çaganyň beden saglygy bilen bagly sebäpler: iýmit-siňdiriş ulgamynyň dürli keselleri, iýmit siňdirişe jogap berýän nerw ulgamynyň bozulmalary. Şonuň ýaly-da, bu ýagdaýa psihologiki sebäpler hem öz täsirini ýetirýändir: çaganyň ýaşaýyş we iýmitleniş tertibiniň üýtgemegi, çaga üçin iýmitiň ýakymsyz we adaty bolmadyk tagamynyň bolmagy.
Elbetde, degişli barlaglary we gözegçilikleri geçirip, çaganyň işdäsiniň pesliginiň, agram ýetmezçiliginiň esasy sebäplerini anyklamak üçin çaga lukmanyna ýüz tutmak bu ýagdaýda has dogry bolardy.
Şonuň ýaly hem, işdäsizlikden kösenýän çaganyň ene-atasyna aşakdaky maslahatlary hem göz öňünde tutup bilerler:
↪ Naharara garbanmalardan gaça durmaly: gerek bolan halatlarda, çagany ýygy, ýöne az-azdan iýmitlenme düzgünine geçirip, ol günüň dowamynda berjaý edilmelidir;
↪ Naharlanyş düzgüniniň döremegine üns bermeli: maşgala agzalary bilen, şol sanda başga çagalar bilen hem bir saçagyň başynda, dürli reňkli gap-gaçlardan nahar iýmek;
↪ Naharlanmazdan öň çaganyň köşeşmegini gazanmaly: onuň ünsüni oýundan, telewizordan aýyrmaly, iýmitlenme wagty rahatlyk üpjün etmeli;
↪ Berilýän naharyň mukdary çaganyň ýaşyna we işdäsine gabat gelmeli;
↪ Dürli süýji tagamlary çaga nahardan öň bermekden gaça durmaly. Bu çaganyň işdäsiniň peselmegine we olaryň esasy nahardan wajyp bolup saýlanmagyna getirip biler;
↪ Berilýän naharyň tagam aýratynlyklaryna we dürlüligine üns bermeli;
↪ Eger çaga bir önümden ýa-da nahardan ýüz öwürýän bolsa, wagtlaýyn olary hödürlemekden saklanyp, birnäçe wagtdan soň täzeden hödürlemeli. Köplenç täze tagamy çaga gowy öwrenýänçä 10-15 gezege çenli hödürläp bolýar;
↪ Çaga onuň naharlanma kynçylygynyň barlygyny duýdurmakdan we ýanynda bu barada pikir alyşmadan saklanmaly.
Eger çaganyň tagamlara bolan islegi doly emele gelen bolsa, onuň iýmekden boýun gaçyrýan önümlerini hödürläp durmagyň geregi ýokdur. Şeýle ýagdaýda halanmaýan önümi şol bir ýokumlylyk gymmaty bolan we mümkinçilige görä bir iýmit toparyna degişli önüm bilen çalşylmalydyr. Meselem, gatygyň ýerine ýogurt, biolakt, peýnir ýa-da dorog hödürläp bolar. Ýumurtga belok düzümi boýunça bir stakan süýdüň, 70 gr. çaga dorogynyň ýerini tutup bilýändir. 100gr. sygyr eti bolsa şol mukdardaky towuk etiniň ýerini tutup biler. Süýt önümleri halanmaýan halatynda, iýmitlenmede etiň mukdaryny köpeltmek zerurdyr.
Barlagdan soň, ogluňyzyň saglyk ýagdaýyna baha berip, iýmitlenme tertibine degişli peýdaly maslahatlary almak üçin hutrisiolog (iýmitlenme düzgünlerini bilýän) lukmanlaryna ýüz tutmagy ýene bir gezek Size maslahat berýärin.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 63 gezek okalan