Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ENE-ATALAR MEKDEBI: BÄBEJIK NÄME ÜÇIN AGLAÝAR?
Aglamak – sözleşme usulydyr.
Uly adamlar sözleşme arkaly aragatnaşyk saklaýarlar. Ýöne ýaňy doglan çagajyga entek dil açardan ir, şonuň üçin hem, ol sözleşmäniň ýeke-täk usuly hökmünde agyny ulanmaly bolýar.
Bäbejikleriň ýygy aglamagy kada hasaplanýar. Sözleşip bilmeýän çaga aglamak bilen haýsy hem bolsa bir biynjalyklygy ýa-da talaby barada habar bermäge ymtylýar. Ene-atany 20-30 min dowamynda uzaga çekýän, dyngysyz çaga aglamalary has-da uly alada goýýar, aljyraňňylyk, alaçsyzlyk döredýär.
Aladaçyl, ünsli enäniň biraz wagtdan çagasynyň ilkinji hykylamalaryndan başlanjak agynyň sebäbini anyklamaga ukyby döräp biler. Ýöne käbir halatlarda bäbejigi aglamaga mejbur edýän zady anyklamak kyn gelip bilýär.
Bäbejigi esasy köseýän ýagdaýlar
Bäbejik dürli sebäplere görä aglaýan bolsa-da, käbir sebäpler esasy itergi beriji ýagdaý bolup biler:
↪ Ajygma – hossarlary aladalary bilen iýmitleme (emdirme) wagtyny gijikdiren bolsa;
↪ Ýadamak, ukusynyň gelmegi – "ukusyna gatyşmak" – eger uklamana bir ýagdaýlar päsgel berýän bolsa;
↪ Arlygynyň, pampersiniň öl bolmagy, jyns agzalarynyň näzik derisiniň tenmegi;
↪ Özüni ýeke duýmak, daş-töwereginden gorkmak, ynjalyksyzlyk – eger bäbejik otagda ýeke ýatan bolsa;
↪ Üns talap etmek – eger bäbejik hemişe göterilip, "ele öwrenişdirilen bolsa";
↪ Howanyň temperaturasynyň üýtgemegi – juda yssy ýa-da sowuk. Bäbegiň ýylylyk çalşygy durnuksyz bolup, dowamly aglamak netijesinde hem gyzaryp, beden gyzgyny 37,5O C çenli ýokarlanyp biler;
↪ Içege ýelleri – iýmit siňdirişiň ýetmezçiligi 3 hepdelikden 3 aýa çenli bäbeklerde içege sanjylarynyň bolmagynyň sebäbi bolup biler;
↪ Agyry ýa-da oňaýsyzlyk duýmak – eger bäbejigiň aglamagy esasy sebäpler netijesinde bolmasa, köşeşenden soň beden gyzgynlygyny ölçemäge çalyşmalydyr. Eger çagada gyzgynyň ýokarlanmagy, işdäsizlik, gowşaklyk we dümew, üsgürme, gaýtarma, içiniň jugurdap suwuk täret etmegi ýaly alamatlar dörese, onda onuň agyry we kesel bilen bagly oňaýsyzlykdan aglaýandygyny aňladyp bilýändir. Onuň ýaly ýagdaýlarda tiz çaga lukmanyna görünmelidir.
Aglaýan bäbejigi nädip köşeşdirmeli?
Çagaňyzy köşeşdirmek üçin onuň aglamagynyň sebäbini kesgitlemek zerurdyr. Onuň üçin belli bir çäreler tertibini berjaý ediň.
↪ Arlygynyň ýa-da pampersiniň gurulygyna üns beriň. Eger ol öl bolsa, bäbejigi ýuwundyryp, gury eşik geýindiriň. Eliňizde saklap, hüwdüläň;
↪ Eger çaga ene süýdi bilen iýmitlenýän bolsa, emdiriň. Eger emeli iýmitlenýän bolup, süýt bermeli wagty ýetmedik bolsa, suw ýa-da emzik hödürläň;
↪ Çaganyň daşky gurşawyň howasyna görä dogry geýindirilmegine üns beriň. Ony anyklamagyň ýeňil usuly – bäbegiň boýnunyň yz tarapyny ellemekdir. Eger ol gury we sowuk bolsa, bäbejigiň üşeýändiginden, gyzgyn we derli bolsa, aşa geýindirilip, yssylaýandygyndan habar berer;
↪ Bäbejik dyngysyz aglaýan bolsa, enäniň ony eline ýa-da ýanyna alyp hüwdülemegi peýdaly netije berip biler. Bäbejigi çep tarapyňyza ýerleşdiriň, bu ýagdaý iýmit siňdirişini gowlandyrar, ejesiniň ýürek urmalary bolsa bäbejigi köşeşdirer. 9 aýlap enesiniň göwresinde bolup ösen çaganyň ene bilen arabaglanyşygynyň has berk bolýandygyny ýatdan çykarmaly däldir;
↪ Kähalatlarda çagany gundama hem gowy netijeleri berýär. Çaga lukmanlarynyň bellemegine görä, berk bolmadyk gundama çaga enäniň göwresinde ýatan wagtlaryny ýatladyp, ony köşeşdirýär. Gundama esasan iki aýlykdan kiçi bäbekler üçin peýdaly bolar, çünki şu ýaşda olar islendik sesden, hatda ukuda elleriniň hereketinden hem tisginip turmaga endikli bolýarlar;
↪ Eger çaga azap baryny berýän içege sanjylardan kösenýän bolsa, bäbejigiň ýalaňaç garynjygyny özüňize gysyp saklamak, garnyny aşak edip elde götermek, ýyly wanna ýa-da arlyk bilen gundama, garynjygyny sagadyň diliniň ugry bilen sypalamak ýaly çäreler peýdaly bolup biler. Käbir ýagdaýlarda simetikondan, derman ösümliklerden taýynlanan serişdeler hem lukman tarapyndan bellenilýändir;
↪ Bäbejigi rahatlandyrmaga köp ýagdaýlarda başga sesler hem kömek berip biler: kakasynyň rahatlandyryjy sesi, ýakymly aýdym-saz, tebigatyň sesleri – guşlaryň, akýan suwuň, ýapraklaryň sesleri. Gurşawyny üýtgedip arassa howada gezelenç etmek, köçäniň sesleri hem bäbejigi köşeşdirmäge kömek edýändir.
...eger onda-da aglamasyny goýmasa?
Onuň ýaly ýagdaýlarda "eldeki bolupdyr", "toplan güýjüni sarp edýär" diýýärler. Ýöne ene-atanyň hem sabyrlylygy çäksiz bolmaýar.
Şonuň ýaly ýagdaýda:
↪ Çaga gygyrmaň, ony siltemäň, temmi bermekden saklanyň;
↪ 10-a çenli sanap demiňizi uludan alyň. Muny birnäçe gezek gaýtalaň. Uludan dem almak içki dartgynlylygyňyzy aýyrmaga kömek edip biler;
↪ Çagany krowatda ýa-da ýykylmaz ýaly ýerde goýup, 5 min daşyna çykyň, asuda dem alyň, suw içiň;
↪ Maşgala agzalarynyň birine çaga bilen meşgullanmagy tabşyryň. Özüňiz bolsa öý işleri bilen meşgullanyň, halaýan sazyňyzy diňläň.
Eger bäbejik sag bolsa, oňa biraz aglamaga mümkinçilik beriň, ýöne ýanynda boluň. Belki hem aglamak bilen ol öz öýkesini ýa-da gorkusyny bildirýändir. Eger çaga köp aglaýan bolsa, ol siziň ýaramaz ene-atadygyňyzy aňladýan däldir.
Saýtyň lukmany
- 50 gezek okalan