• Makalalar
  • Göwrelilik
  • Sagdyn çaga
  • MEKDEP OKUWÇYSYNYŇ GIGIÝENASY

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

MEKDEP OKUWÇYSYNYŇ GIGIÝENASY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.38 (32 Ses)

Gigiýena ylmynyň, lukmançylygyň saglygy goramak maksady bilen tebigy gurşawyň, ýaşaýşyň we zähmetiň adam bedenine ýetirýän täsirini öwrenýän bölümidigi köpümize belli bolsa gerek. Biziň her birimiz gigiýenanyň düzgünlerini bilmäge hem-de berjaý etmäge ymtylmalydyrys.  Eýsem, biziň günlerimizde mekdep okuwçylarynyň hemmesi (olaryň ene-atalary hem) mekdep gigiýenasynyň talaplary babatda habarlymyka? Mekdep dersleriniň köpsanlylygy we olary özleşdirmäge bildirilýän talaplar, okuwçy çagalara hödürlenýän ägirt uly maglumatlar toplumy çagalardan uly fiziki we ruhy işjeňligi talap edýär. Mekdep okuwçysynyň gün tertibiniň dogry gurnalmagy, beden agzalarynyň ýagdaýyna kadaly gözegçilik etmek, dogry  iýmitlenmek, taplanmak, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, zyýanly endiklerden ýüz öwürmek ýaly gigiýenanyň düzgünleri çaganyň saglygyny goramaga hem-de ony mekdep düzgünlerine uýgunlaşdyrmaga ýardam berýär. 

Işjeňlik haçan başlanýar? 

Biziň bedenimiz kadaly iş düzgünine öwrenişen bolýar. Biz günde şol bir wagt ýatyp-turýarys, okaýarys, iýip-içýäris, dynç alýarys. Nerw ulgamynda şertli – reflektor baglanyşyk emele gelýär. Bu bolsa öz gezeginde bedeniň bir işden başga işe geçmegini ýeňilleşdirýär. Mekdep okuwçysynyň gün tertibi onuň ýaş aýratynlygy göz öňünde tutulyp gurnalmalydyr.  

Irden sagat 7 töweregi turmak we ertirki maşklary ýerine ýetirmek maslahat berilýär. Bu işjeňligiň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Sport bilen meşgullanmak ir sagat 10-dan 13.00 çenli we öýlän sagat 16-dan 20.00 çenli amatly hasaplanylýar. Hut şu görkezilen wagt adam bedeniniň işjeňligi has ýokary bolýar.

Ýönekeý, ýöne juda wajyp düzgün

Irden we agşam suwa düşünip, mazaly ýuwunmagyň örän wajypdygyny ýene bir gezek belläp  geçesimiz gelýär. Her bir adamyň şahsy desmalynyň, diş çotgasynyň, sabynynyň bolmalydygy adaty düzgün hökmünde kabul edilýär. Arassaçylyk barada aýdylanda, adamyň elinde has köp kesel dörediji mikroblaryň ýygnanýandygyny we olaryň kadaly sabyn bilen ýuwlup  durulmalydygyny unutmaly däldir. Çagalaryň dyrnaklaryna aýratyn uly üns berilmelidir, sebäbi ösgün dyrnaklaryň aşagynda gurçuklaryň ýumurtgalary we beýleki kesel dörediji ýokançlyklar ýygnanyp bilerler.

Biz okamak üçin geýinýäris

Çaga howanyň ýagdaýyna görä geýinmelidir: yssyda egin-eşikler ýeňil, nah matadan, sowukda galyň matalardan taýynlanan bolmalydyr. Ýöne sowuk diýip, gat-gat geýinmek hem maslahat berilmeýär, sebäbi aşa ýyly egin-eşikler bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagyna, bedeniň ýylylyk deňagramlylygynyň bozulmagyna getirip biler. 

Mekdep okuwçysy köp hereket etmeli bolýar. Şonuň üçin onuň aýakgaby rahat, özüne laýyk bolmalydyr. Çaganyň köwşi gyssa, dar bolsa, onuň barmaklary deformirlenýär (şekili üýtgeýär), gabarçaklar emele gelýär, aýaklaryň gan aýlanyşygy bozulýar. Bu bolsa çaganyň umumy ýagdaýyna oňaýsyz täsir edýär. Bedenterbiýe sapaklarynda we sport bilen meşgullananda, çaga bu maksatlara niýetlenen ýörite krossowkalar ýaly aýakgap geýmelidir. 

Pyýada ýöremek çaga üçinem örän peýdalydyr. Şol sebäpli hem, onuň mekdebe ulagda däl-de, ýöräp gitmegi üçin, öýden irräk çykmagyny üpjün etjek boluň.

Gözüňizi goramagy ýatdan çykarmaň!

Mekdep okuwçysynyň köp okamaly we ýazmaly bolýandygy sebäpli, onuň göreçlerine agram düşýär. Şonuň üçin hem çaganyň öý işlerini ýerine ýetirýän we okaýan ýeriniň (mekdep otagy hem) ýagtylygyna, yşyklandyrylyşyna aýratyn uly üns bermeli bolýar. Çaga sapaklaryna taýynlananda yşyklandyryş çesmesiniň çep tarapdan bolmagyny üpjün etmelidir. Lukmanlaryň bellemegine görä, mekdep okuwçylarynyň ýarysyndan gowragy mekdebi tamamlaýança görüşiň dürli bozulmalaryna sezewar bolýarlar. Göz saglygyny goramak üçin, mekdep okuwçysy ýylda bir gezek oftalmolog lukmanyň gözegçiliginden geçirilse dogry bolar. Çaganyň wagtynyň tygşytlanmagy üçin otagda okuw esbaplarynyň ýerbe-ýer bolmagy hem zerurdyr. 

Arakesme nähili bolmaly?

Mekdep çaga bilim bermek, başarnyklary, endikleri ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem onuň fiziki, akyl ukybyny türgenleşdirýär, ýatkeşligini, pikirlenişini, duýgularyny kämilleşdirýär, zähmete ukyplylygyny artdyrýar. Alymlaryň bellemegine görä, fiziki we akyl zähmetini ýerine ýetirmek üç tapgyrdan ybarat bolýar. Birinji tapgyrda adam işe girişýär, ikinji tapgyrda ol bu işe öwrenişip, doly güýjüne işleýär, üçünji tapgyrda ýadawlyk ýüze çykýar, işjeňlik peselýär. Şol sebäpli hem ikinji tapgyra has uly üns berip, işe ýuwaş-ýuwaşdan girişmeli. Belli rus fiziology A. A. Uhtomskiniň bellemegine görä, adam köp işleýändigi sebäpli ýadaman, ýaramaz işleýändigi sebäpli ýadaýar. Her gezek bahana tapyp arakesme edinende, işe girişmek we oňa gaýtadan öwrenişmek tapgyry başlanýar. Diýmek, işe, okuwa başlanyňyzda, arakasmeler 5-10 minutdan uzaga çekmeli däldir. 

Okuwçylaryň sapaklarynyň tertibi düzülende hem arakesmeleriň dowamlylygyna üns berilmelidir. 

Okuwçynyň işjeň dynç almagyny gazanmaly. Çaganyň, esasanam, mekdep okuwçysynyň arassa howada gezelenç etmegini, hereketi talap edýän oýunlary oýnamagyny, teatrlara, muzeýlere gitmegini, sport bilen meşgullanmagyny üpjün etmeli. Çaganyň akyl we fiziki zähmetiniň arasyndaky deňagramlylygy saklamaga çalyşmaly, olar bilen meşgullanmagy gezekleşdirip durmaly. Çärýegiň ýa-da okuw ýylynyň ahyrynda çaganyň işjeňligi peselýär. Şol sebäpli hem okuwçynyň gün tertibine uly üns berip, gözegçiligi güýçlendirmelidir. 

Skoliozyň döremegine ýol bermäň

Okuwçy mekdep partasynyň başynda her gün ortaça 4, 5-5, 5 sagat oturýar. Çaganyň göni we dogry oturmagy üçin, synp otaglarynyň yşyklandyrylşy oňaýly bolmalydyr, çaga ýazýan we okaýan zatlaryny göreçlerine agram bermän, iki bükülip oňurga şikes ýetirmän oturar ýaly şert döretmelidir. Bu düzgünleriň, ösüp barýan çaganyň oňurgasyna düşýän agramlylygy gowşadyp,  onuň gapdala gyşarmagynyň (skoliozyň) öňüni alyp biljekdigini unutmaň. Çagaňyzyň mekdebe göterýän aşa agyr sumkasy hem bu bozulmalaryň sebäbi bolup biler. Şonuň üçin hem, mekdep sumkasynyň içindäki esbaplaryň sanyndan ene-atalaryň hem habarly bolmagy gerekdir. 

Her okuwçynyň saglygy – mekdebiň saglygy

Mekdep okuwçysynyň gigiýenasyna degişli ýene-de bir wajyp meseleleriň biri- ýokanç kesellerden, şikeslenmelerden goraglylykdyr. Köpçülik ýerlerlerinde kesel dörediji we ýaýradyjy mikroblar üçin örän oňaýly şertler bolýar. Çagalar we ulular şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygynyň düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmeli. Okuw otaglary, mekdep naharhanasy, hajathanalar ýörite serişdeler bilen wagtly-wagtynda arassalanyp durmaly.  Çagalaryň öňüni alyş sanjymlaryndan boýun gaçyrmazlygyny, taplanmaklaryny gazanmaly.  Zähmet, fizika, himiýa, biologiýa ýaly sapaklarda tehniki howpsuzlygyň düzgünlerini berjaý etmek zerurdyr. 

Dogry iýmitlenme – saglygyň girewi 

Çaganyň dogry iýmitlenmegi örän wajyp meseledir. Wagtly-wagtynda nahar edinmeýän çaganyň işjeňligi, okamaga bolan ukyby peselýär, bedeniň goraglylyk ulgamy gowşaýar. Şol sebäpli hem, çaganyň aç bolmazlygyny üpjün etmelidir. Çaganyň iýmiti beloklaryň, uglewodlaryň ýaglaryň, witaminleriň, dürli minerallaryň kadaly utgaşmasyny özünde jemlemelidir. Bu talaplar mekdep naharhanalaryna hem degişlidir. Şonuň ýaly-da, aşa köp iýmeklik hem maslahat berilmeýär. Nädogry iýmitlenme, uglewodlaryň aşa köp kabul edilmegi çaganyň ýeterlik bolmadyk fiziki işjeňligi semreme ýagdaýyna getirip, dürli beden kesellerine getirip biler. Semiz çaga çalt ýadaýar, okamaga höwesi bolmaýar. Başlangyç we orta synp okuwçylary üçin bir gije-gündiziň dowamynda 2000-2500 kkal, uly synp okuwçylary üçin bolsa 2500-3000 kkal kuwwatlylyk zerurdyr. 

Çagany şol bir wagt ýatmaga endik etdirmeli. Onuň ýatýan otagynyň gyzgynlygy 18-20⁰C-dan ýokary bolmasa, has peýdalydyr. Ýatmazdan öň otagy şemallatmagy unutmaň. 

Mekdep okuwçysynyň sagdyn bolmagy ilkinji nobatda ene-atalar, mugallymlar we beýleki mekdep işgärleri tarapyndan gigiýenanyň esasy şertleriniň berjaý edilmegine gönüden-göni baglydyr.

  • 8537 gezek okalan