• Makalalar
  • Göwrelilik
  • Sagdyn çaga
  • PAMPERSLAR BARADAKY JEDELLER: HAÝSY PAMPERSLAR HOWPSUZ?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

PAMPERSLAR BARADAKY JEDELLER: HAÝSY PAMPERSLAR HOWPSUZ?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.77 (39 Ses)

Kiçi çaga doglup hajathana maksatlary üçin niýetlenen gaby (gorşok) ulanmagy owrenýänçä, ortaça 8.000 sany pampersy harçlaýar. Bu san bir zady anyk görkezýar: siz matadan taýynlanan, ýuwlup geýdirilýän ýa-da bir gezek ulanylyp zyňylýan pamperslary ulanýandygyňyza garamazdan, bu ideg serişdeleri daşky gurşawyň, galyberse-de, butün Ýer togalagynyň tebigatyna täsir edýändir.

Elbetde, ene-atalary çaganyň saglygyna pamperslaryň edip biljek täsiri baradaky maglumatlar gyzyklandyrýar. Eýsem, pampers çaganyň saglygyna zyýanly bolup bilermikä? Daşky gurşawyň ýaramaz ýagdaýy barada aladalanýan adamlar şu netijä geldiler. Bir gezek ulanylyp zyňylýan pamperlsar, tebigy baýlyklary harç edip öndürilip, zir-zibil taşlanýan ýerleri tebigy pytraman saklanyp galýan zaherleýji plastikdan doldurýarlar. Pampersiň haýsy görnüşini saýlap almaly? Bu soraga jogap tapmak uçin ene-atalaryň birnäçe zatlar barada habarly bolmaklary zerurdyr.

Pamperslar we saglyk

Kiçi çagalaryň daşky jyns agzalary bilen 24 sagat galtaşykda bolýan pamperslaryň saglyga edip biljek täsiri baradaky aladalar hiç kimi geň galdyranok.

Birinji alada-bäbekleriň jyns agzalarynda peýda bolýan örgündir. Matadan tikilen pamperslary geýýän çaga öl bolanda, ene- atalar bu barada anyk düýduryş alýarlar – çaga ynjalyksyz aglaýar. Bir gezek ulanylýan pamperslaryň içindäki maddanyň çygy sorup alyp, pamersyň ortasyna syrykdyrýandygy sebäpli, olar gury ýaly bolup görünýär. Köp ene-atalaryň şu sebäpli çagalarynyň pampersini ýygy- ýygydan çalşyrmaýanlygy netijesinde, çaganyň daşky jyns agzalarynda örgüniň peýda bolmagyna şert döreýändir. Pampersiň haýsy görnüşini ulanýandygyňyza garamazdan, çagaňyzyň pampersyny her 2-3 sagatdan çalşyryp durmak zerurdyr.

Ikinjiden, pamperslary sintetik serişdelerden ýasaýarlar. Pampersyň içindäki himiki maddalar çagaň saglygyna howp salyp bilermi? 1999-nji ýylda Anderson Laboratories tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijelerini "The Archives of Environmental Health" žurnaly çap etdi. Bir gezek ulanyp zyňylýan pamperslaryň düzümine girýän birnäçe himiki howply maddalar daşyna çykýar. Olary rusça "летучие органические вещества ( ЛОВ )" ya-da iňlisçe "volitile organic compounds (VOCs)" diýip atlandyrýarlar. Olaryň toparyna toluol, etilbenzol, ksilol we dipenten maddalary girýärler. Bu maddalar saglyk üçin zyýanly bolup, barlaglaryň görkezişine görä, bu zäherleýji maddalaryň dowamly ýa-da köp möçberde ulanylmagynyň netijesinde rak keseli we ýokary nerw ulgamynyň çynlakaý zeperlenmeleri döräp bilýandir.

Barlaglary geçirijiler ýene bir zada syn etdiler. Syçanlar pamperlsardan çykýan zaherleýji maddalara sezewar bolanlarynda, dem alyş ýollarynyň nemli örtüginiň gyjyndyrylmagy matadan tikilen pampersler bilen deňeşdirilende, olaryň bir gezek ulanylýan görnüşinde has ýokary derejede ýüze çykdy. Bu himiki maddalaryň täsirine syçanlar gaýtadan sezewar edilenlerinde, olaryň zaherleýji täsiri artdy. Barlaglaryň awtorlary bir gezek ulanylyp zyňylýan pampersleriň kiçi çagalarda döreýan "Demgysmaly (astma) täsiriň" sebabi bolup biljekdigini bellediler. Olar pamperslardan çykýan emissiýalaryň we demgysma keseliniň mümkin bolan baglanşygyny anyk kesgitlemek üçin, goşmaça barlaglary geçirmegi teklip etdiler.

Yaş çagalar dem alanlarynda bedenleriniň 1 kg agramyna gorä, uly adamyňkydan ýygy dem alýarlar. Hut şu sebäpli hem olaryň dem alyş ýollaryna ýetirilýän zeperlenme derejesi ýokarlanyp bilýändir. Pamperslaryň düzümindäki suwy sorup saklayan esasy madda natriýniň poliakrilaty bolup durýar. Bu madda hem ýokary dem alyş ýollarynyň gyjyndyrylmagyna we deride örgünüň peýda bolmagyna sebap bolup bilýändir.

Germaniýada geçirilen barlag netijesinde oglan bäbejiklerden düzülen kiçi bir topara syn edilip, şeýle netijeler kesgitlendi: bir gezek geýlip taşlanýan pamperslary geýýän bäbek oglanjyklaryň tohum haltajygynyň temperaturasy ýokary bolup durýar. Ýone bu netijäniň babekleriň önelgelilik ukybyna edip biljek täsiri anyklanmady. Matadan tikilen pamperslary geýýän oglan bäbekleriň tohum haltajygynyň temperaturasy pesligine galypdyr.

Pampersleriň görnüşine garamazdan, olary agartmak uçin esasy agardyjy bolan hlory ulanýarlar. Şol sebäpden hem söňky wagtlar, pamperslaryň agartma hadysasynyň soňky önümi bolan dioksiniň ujypsyz mukdaryny saklaýandygy barada maglumatlar peýda boldy. Dioksin bolsa öz kanserogen (täze döremelere getirip bilýän häsiýet) häsiýetnamasy bilen bellidir. Elbetde bu maglumat ene-atalarda önelgelilik ulgamynda ýüze çykyp biljek täze döremeler barada howsalalaryň döremeginiň sebäbi bolup biler. Ýöne bu ugurda geçirilen barlaglaryň bolmazlygy, bu soraga entek anyk jogap bermäge mümkinçilik bermeýär.

Pamperslar we tebigy baýlyklarymyz

Pamperslary öndürmek uçin tebigy baýlyklaryň köp möçberi ulanylýar. Bir gezek ulanylyp zyňylýan pamperslary öndürmek üçin her ýyl 1.3 million tonn agaç serişdesi, has takygy 250.000 sany agaç we nebit önümi bolan plastigiň dürli görnüşi sarp edilýär. Pamperslary ýasamak hem-de matadan tikilen pamplerslary ýuwmak işinde kän suw we elektrik energiýasy harç edilýändir.

Käbir adamlar, esasan hem bir gezek ulanylyp zyňylýan pamperslaryň öndürjileri bir gezek ulanylyp zyňylýan pamperslar bilen deňeşdirlende, matadan tikilen pamperslar tikilende we ýuwlanda kän elektrik togy we suwy talap edip, suwy hem hapalaýandygy barada jedel edýärler.

"Mothering" zurnalyň hasabat geçirişine görä, matadan tikilen pamperslary ýuwmak uçin ulanylýan suwuň möçberi hajathanada 4-5 gezek göberliýan suwuň möçberine barabardyr. Çaga hem hajathanany ulanmagy öwrenenden soň, hajathanada her gün şu moçberde suwy ulanjakdygyny bellemelidir.

Daşky gursawyň hapalanmagy

Ulanýan pampersleriň görnüşine bagly bolmazdan, hemme pamperslaryň daşky gurşawa getirýan öz zyýanly taraplary bardyr. Ýone olaryň zyýany tapawutly bolýar.

Pamperslar kagyzdan, plastikdan we çyglygy sorup alýan gelden (natriýniň poliakrilaty) öndürilýärler. Bu himiki maddalar tebigatda gowy pytranoklar, başgaça aýtsak olar tebigy jöwher ýaly hemişelik elementler bolup galýp, köp mukdarda zir-zibil taşlanýan ýerde toplanýarlar. Birleşen Ştatlaryň daşky gurşawy goraýan döwlet edarasynyň (EPA) hasabatyna görä her ýyl 3.3 million tonn (ýa-da 18 milliard sany pamperslar!) zibile taşlanylýar.

Dogry ulanmak düzgünini berjay etmek üçin, pamers zibilli gaba taşlanmazdan öň, ondaky çaga täreti ilki bilen hajathana silkip taşlanylmalydyr. Ýone durmuşda ene-atalaryň bu düzgüni berjaý etmäge wagtlary hem, islegleri hem bolup duranok. Täretiň ysy we onda saklanýan ýokançlyklar adam saglygyna uly howp salyp bilýär. Täreti aýrylmadyk hapa pamperslar zibilhana taşlananda, ondaky janly wiruslar daşky gurşawa ýaýrap bilýärler.

Matadan tikilen pamerslaryň bähbitli tarapy-olary köp gezek ulanyp bolýandygyndadyr. Aýawly saklananda her pampersy 100-200 gezek ulanyp bolýandyr. Şuňa gorä hem, bir gezek ulanylýan pamperslar bilen deňeşdirlende, matadan tikilen pamperslaryň daşky gurşawa getirip biljek zyýanly tasiri has pesdir.

Pamperslar we pestisidler

Matadan tikilen pamperslaryň pagtadan öndürilýändigi uçin, pestisidleriň daşky gurşawy hapalaýan täsiri baradaky kynçylyklar hem göz öňüne tutulmalydyr. Ekerançylygyň başga görnüşleri bilen deňeşdirlende, gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin pestisidleriň ýokary mukdary ulanylýandyr. Gen inženerçiliginiň gazananlaryny ulanýan däýhanlaryň sanynyň artmagy hem ýene bir kynçylyklaryň biri bolup durýandyr. Şunuň şu wagt bize we biziň neslimize gönüden-göni tasiri bolmasa-da, geljekde daşky gurşawa edip biljek täsiri barada gaty az barlaglaryň geçirilýändigini bellemelidir. Üýtgedilen ösümlikleriň ösümlik dünýäsine birnäçe tüýsli täsir edip biljekdigini hem ýatda saklamalydyr.

Pamperslar we XXI asyr

Bar bolan maglumatlara görä, gowy we ýokary hilli, matadan tikilen pamperslar babegiň saglygy we daşky gurşawyň arassaçylygy üçin peýdaly we bähbitli bolup durýandyr. Bir gezek ulanylýan pamperslardan tapawutlylykda, matadan taýynlanan, köp gezek ulanylýan pamperslar (ýuwmakda edilýän çykdaýjylary hem goşsaň) bahasy taýdan hem elýeterli we bähbitlidir. Häzirki wagtda pestisidsiz ösdürilen pagtadan öndürilen, agardylmadyk pamperslar bäbegiň saglygy üçin howpsuz, daşky gurşawa zyýany az bolan ideg serişdesi bolup galýandyrlar.

TERJIME.

  • 5530 gezek okalan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Pampers zyyanly bolup biler, professor dal men, yone bu yerde pamperse garshy bolanlaryn kopusu erkek. Men chagama pampers ulanyan, sebabi chagama menden bashga seretyan yok, yoldashym ishden gelende menden bashga nahar bishiryan yok, yoldashym...

Pampers zyyanly bolup biler, professor dal men, yone bu yerde pamperse garshy bolanlaryn kopusu erkek. Men chagama pampers ulanyan, sebabi chagama menden bashga seretyan yok, yoldashym ishden gelende menden bashga nahar bishiryan yok, yoldashym gelipde gel ezizim men chagany tutayyn ya-da ishin bar bolsa mana ayt men sana komek edeyin diyenok. Chaga ulaltmak ansat diyip dushunyanizmi? 1 gunjuk ejesiz galyp ozunuz seredip gorun chagalara, ondan son pampersin gadryny, ejesinin gadryny bilersiniz. Ilk onje ody ozune bas, otmese keseka. Zyyanly bolyan bolsa, gelip ayalynyza men sana yuwmana komek ederin diy, ondan son ulanmasada bolar. Gelinler , ayallar, ejeler na günlük bilen galdyryar chagalary habarynyz bilen yok. Gurlemekde birinji bolyalar.

Dowamy
Babejigin ejesi
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Gaýrat edip 17-nji tesbiri terjime edäýiňdä. Gowy sözler ýazylypdyr öýdýän.

Okyjy.
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Hezillik boldy. Jübüň galyňça bolsa keýpine dogrubermeli. Arlyk uwma aladaň ýok. Zyýanlymy, zyýansyzmy ony bilýän ýok. Hemme aýdylýanlar çaklama. Ýogzada häzirki nesil ulanansoň, zyýany şonda özüni görkezer...

Aýnur.
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Hello, i think that i saw you visited my site so i came to return the favor.I am trying to find things to enhance my web site!I suppose its ok to use some of your ideas!!

Smithd159
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

name etmeli dakman

yaşene
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Ýaş wagtymyz çaga üçin ýakymly matalardan arlyklar ulanylardy. Häzirki çagalarda düzümi himiki zatlardan bolan pampersiň aňsat ulanylmasy türkmenlerde aýdylşy ýaly:"Aňsadyna bakan aýal gyz dogyr" bolaýmasa...

Ýaşuly
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Pampersdaky we hemme plastik onümdlerindäki zaherli maddalar topraga siňip siziň iýmitiňziden çykýar. Näme etmeli? Howa iýmelimi? Ýok, gelejek barada pikir etmeli, zyýanzyz alternatiwa elmudam bar, bilimiňi artdyrmaly..

Atsyz
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Tebigy däl himiki düzümi bolan pampers bilen saklanýan çaga laboratoriýada zäherli zatlary synag edilýän syçany ýadyňa düşürýär.

Sabyr
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Añsadyna bakyan yok jan doganlar! Görýän welin köpiñiz şäherde ýaşaýañyz öýdýän?? Ene-mamalarymyz diyibem öwünme, tapsalar şolañ özlerem ulanardylarmyka diýýän. Obada şol musorlary otlamakdan gowusy yok! Dusdunizmi? Otlamasan porsap galar-da!...

Añsadyna bakyan yok jan doganlar! Görýän welin köpiñiz şäherde ýaşaýañyz öýdýän?? Ene-mamalarymyz diyibem öwünme, tapsalar şolañ özlerem ulanardylarmyka diýýän. Obada şol musorlary otlamakdan gowusy yok! Dusdunizmi? Otlamasan porsap galar-da! Onsonam obamyz in arassa obalaryn biri! Howasam mün esse arassa Aşgabadynkydan!

Dowamy
Obaly copanyn heleyi we eltisi
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

[quote name="obaly copanyn heleyi"]Biz oba yerinde yaşayarys. Mellegimiz 16 sotuk. Mellegin ayak ujunda kül dökyan yerimiz bar. Ahli musurlary şotak dökýäs we hepdede bir gezegem otlayas. Dine kül galýar onsoñ. Onam ayda bir gezek kül daşaýan...

[quote name="obaly copanyn heleyi"]Biz oba yerinde yaşayarys. Mellegimiz 16 sotuk. Mellegin ayak ujunda kül dökyan yerimiz bar. Ahli musurlary şotak dökýäs we hepdede bir gezegem otlayas. Dine kül galýar onsoñ. Onam ayda bir gezek kül daşaýan traktorlara teleşkä ýûkledip äkitdirýäs. ''PAMPERS'', ''EVY BABY'' pampersleri ulanyas. Ulanmasañ bolar ýalam däl. Ulanmaly hökman. Balagyna siyip, sycyp, arkasy bilen öl-myjjyk bolandan milyon esse gowy. Ojagaş pampersden milyon esse zyyanly zatlaram bar ahyryn. Biza şoñ zyyanyny gormedik. Örgünem örenok Hudaya sukur. ''ÖNLEM'' ýaly biderek pampersleri ulanman yone. ''PAMPERS'' atly pampersi ulanyñ![/quote]<br /><br />Hawa, tüsse bilen hemme "gowja" himiki maddalary öýkeniňize siňdirýansiňiz! Zyýanyny şu gün görmediňiz....Türkmene ylym, maglymat näme gerek? Jähenneme..

Dowamy
Maral
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location