• Makalalar
  • Göwrelilik
  • Sagdyn çaga
  • TÄZE DOGAN BÄBEGIŇ SARYGETIRME ÝAGDAÝLARYNYŇ GÖRNÜŞLERI WE HÄSIÝETNAMASY

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÄZE DOGAN BÄBEGIŇ SARYGETIRME ÝAGDAÝLARYNYŇ GÖRNÜŞLERI WE HÄSIÝETNAMASY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.47 (30 Ses)

Täze doglan bäbeklik döwri çaga doganyndan soňky ilkinij 28 güni öz içine alýar. Bu döwür babekleriň üytgeşmelere bay döwrüdir. Şonuň üçin ene-atalaryň çagalaryna ünsli seredip, çaga lukmanynyň kadaly gözegçiliginde saklanmaklary zerurdyr. Bäbeklik döwründe ýüze çykýan sarygetirme hem gözegçiligi we anyklaýyş çärelerini talap edýän ýagdaý bolup, bu ýagdaý hem ene-atalary ünjä goýýan sebäp bolup bilýändir.

Sarygetirme – beden agzalarymyza sary renk berýän bilirubin pigmentiniň gandaky mukdarynyň ýokarlanmagy sebäpli, deriniň, gözüň we agyz boşlugynyň nemli örtüginiň saralma hadysasydyr. Sarygetirmäniň dogrumdan soňky ilkinji ayda yüze çykan halatynda, bu ýagdaýa taze dogan bäbegiň sarygetirmesi diýilýär.

SARYGETIRMÄNIŇ GÖRNÜŞLERI

Fiziologiki (kada hasaplanýan) sarygetirme – täze dogan bäbeklerde duş gelýän sarygetirmäniň bu görnüşi, dogrum wagtynda bäbeklik gemoglobiniň has köp emele gelip, dogrumdan soň gemoglobiniň täze görnüşiniň emele gelýändigi sebäpli, olaryň dargamagy netijesinde döreýär. Täze dogan çaganyň bagrynyň kämil däldigi sebäpli, bäbeklik gemoglobiniň dargamagy netijesinde emele gelýän bilirubin pigmenti bedenden çalt işlenilip çykarylman, deriniň, nemli örtükleriň sary reňke boýalmagynyň sebäbi bolýar. Fiziologiki sarygetirmede ilki bilen çaganyň ýüzi, boýny, göwresi, soňundan bolsa aýaklary sary reňke eýe bolup, sarylama aýrylanda ters tertipde: ilki bilen aýaklary, soň göwresi, iň soňundan bolsa ýüzleri solup ugraýar.

Fiziologiki sarygetirme dogrumdan soňky 2-nji günde ýüze çykyp we 3-nji we 4-nji günde has ýokarlanyp, soň ýuwaş-ýuwaş gaýdyşýandyr. Sarygetirme, bäbegiň fiziologiki kämilliginiň ýagdaýyna baglylykda 1 ayyň dowamynda saklanyp bilýär.

Fiziologiki sarygetirme wagtynda dünýä inen bäbekleriň diňe 60%-de duş gelse, wagtyndan öň dogan babekleriň 80%-de syn edilýändir. Barlaglar göni däl bilirubiniň wagty ýetip doglan çagalarda 51-60 mkmol/l, wagtyndan öň doglan çagalarda bolsa 85-103 mkmol/l çenli ýokarlanýandygyny görkezýär.

Ene süydüniň täsiri bilen döreýän sarygetirme – sarygetirmäniň bu görnüşi dogrumdan soňky birnäçe günüň dowamynda (3-6 gün), bäbegiň ene süýdi bilen iýmitlenip başlamagy netijesinde ýüze çykýar. Bu ýagdaý, dürli sebäplere görä ene süýdüniň ýetmezçilik eden ýa-da emdirme dogry alnyp barylmadyk halatlarynda syn edilýändir. Süýdüň ýerini tutujy garyndylar bilen iýmitlenýän çagalar bilen deňeşdirlende, ene süýdi bilen iýmitlenýän çagalar, ömrüniň birinji günlerinde süýdi we suwuklygy ýeterlik kabul etmeýärler. Şol sebäpli hem, dogrumdan soňky 4-5-nji gün bilirubiniň ýokary görkezijileri kesgitlenýändir. Sarygetirmäniň bu görnüşine birnäçe alamatlar mahsusdyr:

► Ganda göni däl bilirubiniň mukdary 184 mkmol/l ýokary bolsa-da, 360 mkmol/l görkezijiden ýokary bolmaýar.

► Ene süýdi bilen iýmitlenme bes edilen (24-48 sagat) ýagdaýynda bilirubiniň peselip, sarylama alamatynyň azalmagy kesgitlenýär.

► Eger çaga ene süýdüni almagyny dowam edýän bolsa, sarylama alamatlary 4-6 hepde aralygy saklanyp, soň birazdan azalyp başlaýandyrlar. Gandaky bilirubiniň mukdary çaganyň ömrüniň 12-16-nji hepdesinde kadalaşýar.

Sarygetirmäniň bu görnüşinde kesgitlenýän bilirubiniň ýokary görkezijileriniň çaga üçin zyýanly däldigini göz öňüne tutup, emdirmekligi bes etmek maslahat berilmeýär.

Fiziologiki sarygetirmeden başga-da, bilirubiniň ýokary görkezijileri bilen häsiýetlendirilýän, beýniniň işjeňligi üçin howply sarygetirme ýagdaýlary hem tapawutlandyrylýandyr.

Kadaly däl (patologiki)sarygetirme ýagdaýy üçin aşakdaky alamatlar mahsusdyr:

• Çaga doglanda sarygetirme alamaty bilen dogulýar ýa-da ömrüniň birinji gününde peýda bolýar;

• Deriniň solgunlylygy, bagryň we dalagyň ulalmagy, ganda eritrosit öýjükleriniň dargama alamatlarynyň kesgitlenmegi;

• Wagtynda doglan çagalarda 1 hepdeden, wagtyndan öň doglan çagalarda bolsa 2 hepdeden köp dowam edýär;

• Deriniň we nemli örtükleriň sarylama alamatlary aýrylandan soň, ýene sarylamanyň gaýtalanmagy mahsusdyr;

• Gandaky göni däl bilirubiniň görkezijisiniň 220 mkmol/l ýokarlanmagy.

Kadaly hasaplanmaýan sarygetirmäni döredip biljek sebäpler:

♦ Ganyň eritrosit öýjükleriniň dargamagy (gemoliz) netijesinde bilirubiniň ýokarlanmagy-gan toparlary we rezus-faktor boýunça gabat gelinmeýän ýagdaýlarda ýüze çykýar. Gan toparlary boýunça gabat gelmezlik enäniň ganynyň 1 topara, çaganyň gany bolsa 2 ýa-da 3 gan topara degişli bolanda döreýär. Rezus-faktor boýunça gabat gelmezlik bolsa, enäniň ganynyň rezus-otrisatel, çaganyň ganynyň rezus-položitel bolan ýagdaýlarynda döreýär. Gan topary we rezus-faktoryň gabat gelmezligi täze dogan çaganyň gemolitiki (gan öýjükleriniň dargamagy) keseliniň döremeginiň esasy sebäbidir. Ýokarlanýan bilirubin nerw ulgamynyň düýpli bozulmalaryna getirip, aň ýetirme we hereketjeňlik ukyplarynyň ýetmezçiliklerine, eşidişiň we görşüň peselmegine, çaga beýni ysmaz keseliniň döremeginiň sebäbi bolup biler;

♦ Süyjikeselli eneden bolan bäbek;

♦ Dogrumda şikes alma netijesinde, uly gan ýygnanma ojaklaryň döremegi (şol sanda kelläniň derisiniň aşagyna ganyň ýygnanmagy – kefalogematomanyň döremegi);

♦ Göwrelilik wagty käbir ýokançlyklaryň çaga täsir etmegi (sitomegalowirus, uçuk, gyzylja, gepatit B, toksoplazmoz, merezýel, listerioz);

♦ Bilirubiniň beloklar bilen birleşip, bedenden çykarylma bozulmalary bilen häsiýetlendirilýän käbir nesil yzarlaýan keselleri – Jilberiň we Krigler-Naýaryň alamatlar toplumy;

♦ Öt haltanyň we öt çykaryş ýollarynyň doga kemçilikleri netijesinde ödüň çykarylmagynyň bozulmagy.

Haýsy ýagdaýlarda sarygetirmä şübhe döremeli?

Sarygetirme alamaty, ýokarda bellenilip geçilşi ýaly, ilki bilen ýüzden başlap, soň göwrä we aýaklara tarap ýaýrap başlaýar. Egerde çaga akýagyz bolman, bugdaýreňk bolsa, onda sarylama alamatyny anyk kesgitlemek kynçylyk döredip biler. Ony anyklamak üçin gözlerine we agyz içiniň nemli örtügine seretmek hem peýdaly maglumaty berip bilýändir.

Derä barmagyňyzyň ujy bilen basanyňyzda hem reňkleriň tapawudyny kesgitläp bolar.

Ondan başga-da, sarygetirmeli çagalarda şeýle alamatlar hem syn edilip bilner:

► Öňküsinden has az emip başlamagy;

► Ene bilen tasirleşmesiniň azalmagy, ukuçyllyk, ynjyklygyň peýda bolmagy, ysgynsyzlyk;

► Gaty aglap başlama;

► Myşsa dartylmalaryň ýokarlanmagy, tutgaýlaryň döremegi.

Sarygetirmä güman edilen islendik ýagdaýlarda, onuň sebäbini anyklap, bejergi çäreleri başlamak üçin lukmana ýüz tutmak zerurdyr.

SARYGETIRMÄNIŇ BEJERGISI

Sarygetirme alamatly çaga yzygiderli lukmanyň gözegçiliginiň astynda bolmalydyr. Bejergi çäreleri bilirubiniň ýokarlanmagyna getirýän sebäpleri aradan aýryp, onuň bedenden çalt çykarylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen bolmalydyr. Häzirki wagtda şeýle talaplary berjaý edýän iki usul ulanylýar.

Ornuny tutujy gan göýberme – bu usuly täze dogan bäbegiň gemolitiki keseliniň bejergisinde ulanýarlar. Bu usuly ulanma görkezme höküminde aşakdaky ýagdaýlar göz öňüne tutulýar:

⇒ Keseliň taryhyny öwrenme we sarylama alamatlarynyň ýüze çykyş aýratynlyklaryndan habarly bolmak;

⇒ Ganda antitela öýjüklerini kesgitlemek;

⇒ Bilirubiniň ýokarlanyş tizliginiň 17 mkmol/l sag. ýokary bolmagy;

⇒ Göbek bagynyň ganynda gemoglobiniň 110 g/l pes bolmagy.

Fototerapiýa – bu usul 30 ýyldan hem köp wagt bäri belli bolup, ýagtylyk şöhleleriniň bejeriş häsiýeti ulanylýandyr. Ýagtylygyň täsiri bilen ýagda ereýän, beýni üçin zäherli bilirubin, suwda eremäge ukyply, howpsuz görnüşe geçýändir. Bilirubini zähersizlendirmegiň derejesi fototerapiýanyň beden üstüniň meýdanyna ýetiren täsirine bagly bolup durýandyr. Şol sebäpli hem, çaga mümkin boldugyça eşiksiz ýatyrylýandyr, ýöne ol kuweze ýerleşdirilip, ýyladylýandyr. Diňe ýagtylygyň ultramelewşe şöhleli böleginden gözleri we jyns agzalary goramak hökman bolup durýandyr. Bagryň keselleri we öt geçirijiligiň bozulmalary fototerapiýany geçirmäge garşy görkezme bolup durýandyr.

Bilirubiniň ýokary derejelerinde erginleri göýberme peýdalymy?

Ýagda ereýän bilirubiniň zäherli häsiýetiniň bardygy sebäpli, glýukoza erginini göýbermek arkaly onuň derejesini peseltmek başartmaýar. Sarylamaly çaga erginleri göýbermek başga görkezmeler esasynda geçirilip bilner:

► çagada gaýtarma alamatynyň bolmagy;

► fototerapiýa bejergisinde suwuklygyň ýitirilmegi;

► erginleri göýbermegi talap edýän ýagdaýlaryň bolmagy (sepsis, gastroenterit).

Soňky ýyllarda geçirilen barlaglar, bedendäki bilirubini çykarmak maksady bilen işjeňleşdirilen kömrüň, holesteramin, agar, essensiale serişdeleriniň ulanylmagynyň netijesizdigini äşgär etdi.

Ulanylan çesmeler: 1 / 2

  • 5796 gezek okalan