• Makalalar
  • Göwrelilik
  • Sagdyn göwrelilik
  • GÜNBATAR ÝURTLARYŇ TEJRIBELERI: GÖWRELI ENELER WE ATALAR

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÜNBATAR ÝURTLARYŇ TEJRIBELERI: GÖWRELI ENELER WE ATALAR

  • Maral Nazarowa
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.43 (30 Ses)

Ýaş türkmen atalary näderejede gelinleriniň göwrelilik döwründäki durmuşyna gatnaşýarlar we olaryň başyndan geçirýän ýagdaýlary barada habarly bolup durýarlar? Jübütleriň durmuşyň gymmatly we wajyp wakasy baradaky düşünjeleri, garaýyşlary näderejede döwrebap bolup, halkara tejribelerine gabat gelýär?

ABŞ-da çaga garaşýan jübütler dost-ýarlaryny habardar edenlerinde: "Biz göwreli bolduk!" diýip, buýsanyp şatlykly habary yglan edýärler. Bu nämäni aňladyp biler? Bu jümlä "Biz ikimiz hem çaga düwünçeginiň emosional, fiziki taýdan ösmegine deň jogapkär" diýilýän manysynda düşünilmelidir. Atalar eneler bilen bilelikde göwrelilik döwrüni geçirmäge, dogruma taýýarlyk görüp başlaýarar. Eýsem, beýle taýýarlyk nämäni aňladýar, haýsy çäreleri öz içine alýar?

Göwreli eneler, atalar we lukman aragatnaşygy

Göwreli aýal näçe sagdyn we fiziki taýdan güýçli boldugyça, şonça-da onuň sagdyn çaga dünýa indirmek töwekgelçiligi ýokarlanýar. Öz bedeniňe, saglygyňa üns bermek düşünjesi gyzlara ýaşlykdan, mekdep ýyllaryndan öwredilip başlanýar. Göwrelilik döwründe enäniň we doguljak çaganyň saglygyny goramak maksady bilen geçirilýän çäreler, aýal-gyzlaryň saglygyny goramak babatda edilýän işleriň möhüm, çylşyrymly we gerekli bölegi bolup durýar. Bu idege göwreliligiň ilkinji günlerinden başlamaga çagyryş edilýär. Göwrelilik döwründe geçirilýän ideg çärelerine esasan hem, dokuz aýyň dowamynda lukman bilen kadaly duşuşyklary we ýörite barlaglary geçmek degişli edilýändir.

Atalar bellenilen wagtynda aýallary bilen lukmanyň barlaglaryndan geçmäne, lukmanyň özünden maslahat almana, gyzyklandyrýan soraglaryny bermäne barýarlar. Lukman bilen duşuşyklarda jübütleriň ikisine hem söhbetdeşlige deň gatnaşmaga mümkinçilik berilýär, göwrelilik döwründe bolup geçýän üýtgemeler barada gürrüňdeş bolnup, çaga garaşýan jübütler habardar edilýär. Jübütleriň lukmanyň ýanyna bile barmaklygynyň göwreli aýal üçin uly emosional, ruhy goldaw bolup durýandygy barada düşünje giňden ýaýraýar. Lukmanlar atalaryň şeýle ünsli gatnaşmagyna begenýärler we olaryň işjeň gatnaşmagy ugrunda mahabatlandyryş işlerini alyp barýarlar. Atalar bäbegiň ilkinji ýürek urşunyň sesini eşitmegi, görmegi uly bagt diýip belleýärler. Ýone bu duşuşyklar diňe bir gezek bilen çäklenmeýär. Göwrelilik döwründe wagtly-wagtynda barlaglardan geçip durmak, lukman bilen görşüp, onuň maslahatlaryna eýermek dokuz aýyň içinde kadaly bir ýagdaýa öwrülýär. Duşuşyklarda lukmanlar göwreli aýala näsag höküminde garamaýalar, gürrüňdeşlik onuň emosional özgermeleri, gaýgy-aladalary barada hem gidip bilýär. Lukmanlar enäniň gowy iýmitlenmegini, ýagdaýyna görä kadaly maşklary ýerine ýetirmegini, açyk howada gezelenç etmegini nygtaýarlar. Meselem, sagdyn göwreli aýal üçin açyk howada pyýada ýöremegiň ähmiýeti düşündirilýär. Sagdyn aýal göwrelilik wagtynda öz bedenini uzyn aralykdaky "marafona" taýynlaýar diýen deňeşdirmeler hem ulanylýar. 24-33 sagat dowam edýän burgulary başdan geçirip çaga dogurmak uçin aýal gowy iýmitlenmeli, ýoldaşyndan, garyndaşlaryndan emosional godawy alyp, bedeni fiziki taýdan taplamalydyr.

Lukmanyň ýanyna näçe gezek barmaly?

Aýagy agyr aýal sagdyn bolup, göwrelilik agyr keselleriň täsiri bilen gaýryüzülmeli geçmedik ýagdaýynda, ol lukmanyň ýanyna şu ýygylykda barýar:

→ Göwreliligiň 4-28 hepde aralygynda – aýda bir gezek;

→ 28-36 hepde aralygynda – iki hepdeden bir gezek;

→ 36-40 hepdede – hepdede bir gezek.

Şunuň ýaly duşuşyklar göwreli aýal we onuň çagasynyň saglygyna zerur bolup duran adaty ýagdaý hökmünde garalýar. Kiçi saglyk meseleleri uly kynçylyklara öwrülmäkä, olaryň oňüni almak üçin, bellenilen wagtda lukman bilen görüşmegiň wajypdygy barada aýal-gyzlaryň düşünjesi ýokary bolup durýar.

Gorkmaň! Jogäpkärli we bilelikde taýýarlanyň!

Lukman bilen kadaly duşuşyklarda jübütlere dogruma taýýarlyk görmäne gowy mümkinçilik döreýär. Gunbatarda ýaýran tejribä görä, dogurýan aýalyň ýanynda onuň garyndaşlaryna, hossarlaryna dogrum geçýän otagda, öz eşiklerinde aýala emosional goldaw bermäge rugsat berilýär. Soňku 20 ýylyň içinde dogrum otagynda atalaryň görünmegi we olaryň dogruma işjeň gatnaşmagy adaty bir zada öwrüldi. Internedyň ösmegi bilen atalar dogruma degişli maglumatlary Internetden tapyp taýýarlanýarlar, okaýarlar. Ýone köp jübütler indi çaga garaşýan jübütler üçin niýetlenen, doly maglumaty berýän sapaklara gatnaşmaga ymtylýarlar.

Şünüň ýaly sapaklary ýorite döwlete garaşly bolmadyk jemgyýetçilik guramalary geçirýärler. Lukmanlar göwreli aýallara göwreliligiň 7-nji-8-nji aýynda sapaklara gatnaşmaga maslahat berýärler. Sapaklara dogrum wagtynda aýala goldaw berjek ýoldaşy ýa-da onuň jorasy, garyndaşy gatnaşyp bilýär. Sapaklar 6-8 hepde dowamlylykda geçirilip, hepdede 2 sagat dowamlylykly duşuşyklary düzýändir.

Sapaklaryň esasy maksatlary – jübütleriň dogruma emosional taýdan taýýarlanmak islegini kanagatlandyrmak, aýalyňa peýdaly emosional goldaw bermek, ajaýyp dogrum hadysasyna gatnaşmak we göwrelilik, dogrum barada dogry ylmy düşünjeleri öwrenmek, garaşylmadyk ýagdaýlara taýýarlanmakdyr. Sapaklar leksiýalar görnüşinde dälde, özara pikir alyşma we söhbetleşme, öýunlaryň üsti bilen, sorag-jogap görnüşinde geçirilýär.

Sapaklar şuňa meňzeş we beýleki maglumatlary öz içine alýarlar:

► Göwrelilik, dogrum we dogrumdan soňky döwür barada ylmy esasda, lukmançylyk taýdan anyk we dogry maglumatlar. Dogrumda bolup biljek garaşylmadyk ýagdaýlar barada maglumat.

► Göwrelilik döwründe sagdyn iýmitlenmek we fisiki maşklaryň ähmiýeti. Atalaryň bu çärelere goşulyp, berip biljek kömegi.

► Dogrum wagtynda burgulary ýeňil geçirmek üçin ulanylýan dem alyş usullary. Bedeniňi nähili gowşatmaly? Dogrum stressini nähili peseltmeli? Burgular tutýan wagtynda aýal üçin iň amatly oturmak, durmak, gezmek ýagdaýlary öwretmek. Atalaryň bu çäreleri geçirmekde berip biljek kömekleri barada dogry we peýdaly maglumatlar.

► Aýalda burgular başlap tä çaga dogulýan wagtyna çenli aralykda atalaryň berip biljek goldawy we dogry hereketleri barada maglumat.

► Sapaklarda çaga garaşýan jübütler özara tanyşýarlar, maglumatlary we pikirleri bilen paýlaşýarlar.

Eýsem, medeniýetimize görä bu tejribeleriň haýsysyny ulanma biz üçin peýdaly bolarka? Biziň jemgyýetimizde ýaş çatynjalaryň şeýle zatlary öwrenmäne islegleri barmyka?

Makalada beýan edilýän pikirler, garaýyşlar hem-de teklipler awtoryň özüne degişli bolup, olar Saglyk.org saýtynyň garaýyşlary hökmünde kabul edilmeli däldir.

Ulanylan WEB Salgylar: 1 / 2 / 3

  • 10244 gezek okalan