• Makalalar
  • Göwrelilik
  • Sagdyn göwrelilik
  • GÖWRELILIK ÜÇIN PEÝDALY WITAMINLER WE MINERALLAR

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÖWRELILIK ÜÇIN PEÝDALY WITAMINLER WE MINERALLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (6 Ses)

gowreliler ucin witaminler

Göwreli zenanlaryň arasynda göwrelilik döwründe witamin-mineral toplumlary kabul etmegiň zerurlygynyň ýokdugyny dogry hasaplaýanlar bar. Olar özleriniň dogry we ýeterlik iýmitlenýändiklerini, şonuň bilen hem peýdaly mikroelementleri alýandyklaryna ynamly bolýarlar. Ýöne lukmançylyk tejribeleriniň görkezişi ýaly, dürli önümler bilen dogry iýmitlenmezlik netijesinde eýýäm göwreliligiň birinji ýarymynda göwrelide 3 we ondan hem köp mikroelement ýetmezçilik edip bilýär.

Göwreliligiň kadaly geçmegi üçin:

↪ Bir günde kalsiý mineralynyň 1000 mg. mukdary;

↪ 10 mg. С witamini;

↪ 15 mg. E witamini;

↪ Bir gije-gündizde ýoduň 100-150 mkg. mukdary;

↪ Bir gije-gündizde 400 mkg. foliý turşylygy beden üçin wajypdyr.

Peýdaly mikroelementlere mätäçligiň öwezini dolmazlyk göwreliligiň birinji ýarymynda düwünçegiň doga kemislikleriniň döremegine getirip biler. Göwreliligiň ikinji we üçünji ýarymynda bolsa witaminlere we minerallara bolan mätäçlik 30-40% ýokarlanýandyr.

Göwrelilik döwri üçin wajyp witaminleriň we mikroelementleriň çaga üçin peýdasyny, iýmit çeşmesini, bir gije-gündizde gerek mukdaryny bilmek her bir göwreli aýal üçin peýdaly bolup, öz iýmitlenişini dogry gurnamaga kömek edip biler.

Göwreliler üçin peýdaly witaminler

Foliý turşylygy (witamin B9) – göwrelilik döwri üçin örän wajyp witamin bolup, bedende öýjükleriň çalşygyna jogap berýändir. Onuň ýetmezçiligi düwünçegiň nerw ulgamyny zeperlendirip, çaga düşmelere getirip bilýär. Bu witamin çaga ýoldaşynyň emele gelmek hadysasyna hem işjeň gatnaşýar. BSGG-nyň maslahatlaryna görä, göwreliligiň gaýraüzülmeleriniň öňüni almak üçin bir gije-gündizde göwreli aýala bu witaminiň 400 mkg. mukdary gerekdir. Bu mukdardan köp kabul etmek howply bolup durýandyr.

Çeşmeleri – ysmanak, sawoý kelemi, ýaşyl nohut.

"B" toparyň witaminleri – foliý turşylygyndan başga-da, bu topara degişli B6 we B12 göwrelilik üçin peýdalydyrlar. Olar peýdaly maddalaryň kadaly çalşygyny amala aşyrýarlar, düwünçegiň nerw, ýürek-damar we endokrin ulgamynyň emele gelmegine gatnaşýar. Ondan başga-da, B12 witamini foliý turşylygynyň ýeňil özleşdirilmegini amala aşyrýan bolsa, B6 witamini düwünçegiň beden ösüşine gatnaşýan beloklary emele getirmäge gatnaşýar. B6 witaminiň ýetmezçiligi göwreli aýallarda aşsaýlama alamatlarynyň döremegine, işdäsizlige we ukysyzlyga getirip bilýändir.

Çeşmeleri – et, peýnir, deňiz önümleri, noýba, ýumurtganyň sarysy.

E witamini (tokoferol) – beden dokumalaryň kislorod bilen üpjünçiligini amala aşyrýar. Şeýle hem, jyns mäzleriniň işini sazlaýar. Onuň ýetmezçiligi enede ysgynsyzlygyň döremegine, beden agyrylaryna, göwreliligiň düşmegine getirip bilýändir. Göwrelilik döwründe bir gije-gündizde bu witaminiň 15 mg. köp bolmadyk mukdary talap edilýär.

Çeşmeleri – ösümlik ýaglary, maňyzlar.

D3 witamini (holekalsiferol) – bedende gün şöhleleriniň (ultrafiolet) täsiri bilen emele gelýär. Şonuň üçin hem göwreli aýala arassa howada ýygy gezelenç etmek maslahat berilýär. D3 witamini bedende kalsiý we fosfor minerallarynyň özleşmegini ýeňilleşdirýär, çaganyň direg-hereketlendiriş ulgamynyň kadaly emele gelmegine täsirini ýetirýär.

Çeşmeleri – balyk bagry, balyk işbili, ýumurtga.

A witamini (retinol, beta-karotin) – düwünçegiň umumy ösüşine täsirini ýetirýär. Onuň ýetmezçiligi az agramly çaganyň dogmagyna, şeýle hem onda gan azlylygyň döremegine getirip bilýändir. Bir gije-gündizlik kabul ediliş mukdary – 3000 ME köp bolmaly däldir. Ýatda sakla! Ýokary mukdarda zäherleýji täsiri ýüze çykýandyr.

Çeşmeleri – balyk, deňiz önümleri, bagyr, erik.

Göwreliler üçin peýdaly minerallar.

Ýod – ene we çaga üçin örän wajyp mineral bolup durýandyr. Ol dogjak çaganyň fiziki we akyl taýdan kadaly ösmegini üpjün edýär. Onuň ýetmezçiligi düwünçegiň nerw ulgamynyň doga kemisliklerine, beden agramynyň ýetmezçiligine we göwreliligiň düşmesine getirip bilýändir.

Çeşmeleri – balyk, deňiz önümleri, onuň ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin ýörite ýodlanan nahar duzyny ulanmak ähmiýetlidir.

Sink – ekspertleriň bellemegine görä, göwrelileriň 80%-den köpüsi bu mineraly ýeterlik derejede kabul etmeýärler. Onuň ýetmezçiligi agram ýetmezçilikli ýa-da doly kemala gelmedik çaganyň dogmagyna, şeýle hem, dürli beden agzalarynyň doga kemçiliklerine getirip bilýändir. Sinkiň kadaly mukdary geljekki enäniň derisiniň we saçlarynyň ýagdaýyny gowlaşdyrmaga kömek edip biler.

Çeşmeleri – sygyr eti, keşýu maňzy, deňiz önümleri.

Demir – bu mineraly ýeterlik mukdarda kabul etmek wajypdyr, çünki ol beden myşsalaryny we agzalary kislorod bilen üpjün etmäge gatnaşýar. Demir geljekki enede gan azlylygyň döremeginiň öňüni alýar we immun ulgamynyň işini kadalaşdyrýar.

Çeşmeleri – hemme kösükliler, ysmanak, sygyr eti.

Kalsiý – diňe bir düwünçegiň myşsalarynyň we süňkleriniň ösmegi üçin dälde, eýsem onuň nerw ulgamynyň kämilleşmegi üçin hem gerek mineraldyr. Onuň ýetmezçiligi düşükleriň, giçki gestozlaryň döremeginiň sebäbi bolup bilýär.

Çeşmeleri – süýt we süýt önümleri, losos balygy, brokkoli.

Bellenilip geçilenlerden başga-da, lukmanlar iki mikroelementiň göwrelilik üçin wajyplygyny belleýärler: lýutein we rutin (witamin P). Lýutein çaganyň beýnisiniň we gözleriniň dogry emele gelmegi üçin peýdaly bolsa, rutin immun ulgamyny berkleşdirmäge gatnaşýandyr. Göwreliligiň birinji ýarymynda rutin ene bedeninde allergiki täsirliligi gowşatmaga gatnaşýan bolsa, ikinji ýarymyndan gan damarlary berkleşdirmäge we çaga ýoldaşynyň dogry emele gelmegine kömek edýär. Rutiniň kabul edilmegi warikoz keseliniň we göwrelilik döwründe döreýän aýaklaryň çişginliliginiň öňüni almaga goldaw berýär.

Ulanylan çeşme: "Ýetginjek gyzlaryň, göwrelilik we emdirýän döwründe zenanlaryň iýmitlenmesi boýunça gollanma" TSG we DSM-iň 2020-nji ýylyň 3 fewralyndaky 38 belgili buýrugy bilen tassyklandy.

  • 1452 gezek okalan