• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • PEŞEW WE JYNS ÝOLLARYNYŇ KÖMELEKLI KESELI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

PEŞEW WE JYNS ÝOLLARYNYŇ KÖMELEKLI KESELI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.39 (23 Ses)

Peşew çykaryş we jyns ýollarynyň nemli örtügine zeper ýetirýän kömelekli keselleri (urogenital kandidozy) kandida maşgalasyna degişli bolan heň kömelejikleri döredýär. Urogenital kandidozy giňden ýaýran bolup, ol dowamly häsiýete eýedir. Bu kesele gaýtalanyp durma ýagdaýy mahsusdyr.

Candida maşgalasyna kömelejikleriň 150 golaý görnüşi degişlidir. Olaryň birnäçesi adamda keselçilik döretmäge ukyplydyr: C. albicans, C. tropikalis, C. krusei, C. guiellermondi, C. parap-silosis, C. psewdotropikalis. Sanalyp geçilenleriň arasynda C. albikans görnüşiniň kesel döredijilik ukyby has hem ýokarydyr.

Jyns agzalarynyň ýokançlyklarynyň içinde kandidozyň paýyna 40%-e barabar orun düşýändir. Şol ýokançlyklar sebäpli, her ýylda lukmana ýüz tutmalaryň 100 mln. golaý ýagdaýynyň 20-25%-i jynshana kandidozyna degişlidir. Aýallaryň 75%-i öz ömründe iň bolmanda bir gezek bu kesele sezewar bolýarlar. Olaryň 40-50%-de bolsa, bu kesel gaýtalanma häsiýete eýe bolýandyr. ABŞ-da urogenital kandidozyň her ýylda 13 mln. ýagdaýy hasaba alynýar. Bu bolsa aýal ilatynyň 10%-ni tutýandyr.

Urogenital kandidozyň gelip çykyş aýratynlyklary doly öwrenilen däldir. Keselçilik sebäpli bedeniň kesellere durnuklylyk ýagdaýy pese gaçan, endokrin ulgamynyň üýtgeşmeleri bolan aýallarda kömelekli ýokançlyklar has ýygy duş gelýändir.

Kandidozyň ýüze çykmagy köp sebäplere (içki we daşky) baglydyr.

Daşky ýagdaýlar:

  • Deriniň we nemli örtügiň şikeslenmegi;
  • Temperaturanyň we çyglylygyň ýokarlanmagy;
  • Antibiotikleri, kortikosteroid gormonlary, sitostatikleri (öýjükleriň köpelmegini kesýän dermanlar) ulanmak;
  • Agyr kontraseptiwleriň, süýji keseline garşy ulanylýan dermanlaryň ýaramaz täsiri ýüze çykanda;
  • Kesel döredijilik ukyby ýokary bolan kömelejikleriň ýokuşmagy.

Içki ýagdaýlar:

  • Bedeniň kesellere garşy bolan durnuklylygynyň dogabitdi ýa-da gazanylan gowşaklygy;
  • Çagalyk ýa-da garrylyk döwri;
  • Bedeniň alyş-çalyş ýagdaýlarynyň üýtgemegi (belok, ýag, uglewod çalşygy);
  • Endokrin keselleri – süýji keseli, gipotireoz, gipoparatireoidoz, ýumurtgalygyň işiniň ýetmezçiligi;
  • Witamin ýetmezçiligi, gan azlylyk;
  • Bedeni tapdan düşürýän agyr keseller we operasiýadan soňky ýagdaýlar;
  • Iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleri (holesistit, kolit, içegäniň disbakteriozy);
  • Göwrelilik we aýal jyns agzalarynyň keselleri (sowuklama keseli,  ýumurtgalygyň işiniň ýetmezçiligi, howply täze döremeler).

 

Kömelekler başga ýokançlyklar bilen bilelikde (wiruslar, ureoplazma, hlamidiý) jynsy gatnaşyk arkaly ýokuşyp bilerler. Tersine, şol ýokançlyklar sebäpli geçirilen bejergiden soň, kömelekli ýokançlyklar köpelip biler.

Aýallarda daşky jyns agzalaryň we jynshananyň kandidoz zeperlenmegi, esasan aşakdaky alamatlar bilen ýüze çykýar:

  • Jynshanadan bölünip çykmalaryň köpelmegi. Bölünip çykmalar ak süýt ýa-da tworog görnüşli bolup, turşumtyl yslydyr;
  • Daşky jyns agzalarda gijileme, awuşama duýgularyň döremegi;
  • Ýylylykda agzalaryň gijemeginiň güýçlenmegi (uky wagty ýa-da ýyly wanna kabul edilmeden soň);
  • Jyns agzalaryň nemli örtüginiň suwa hem-de peşewe ýokary duýgurlylygynyň döremegi;
  • Gijilemeleriň we agyrylaryň jynsy gatnaşykdan soň güýjemegi, ýakymsyz ysyň döremegi;
  • Gijilemäniň aýbaşydan soň güýjäp, ondan soň gowşamagy.

 

Käbir aýallarda daşky jyns agzalaryň kandidozy gasyk-but gasynlaryna, artbujagyň töweregine hem ýaýrap bilýärler. Bu ýagdaýlar süýji keseli, galkan şekilli mäziň we ýumurtgalyklaryň ýetmezçiligi bilen bilelikde geçýän dowamly kandidozda duş gelýär.

Aýallarda peşew ýollarynyň we peşew haltasynyň kandidozyna mahsus alamatlaryň ýoklugy sebäpli, ol seýrek anyklanylýandyr. Peşew ýollaryň kandidozy peşew etme wagty awuşama, agyrylar, peşew etmäniň ýygjamlanmagy ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Aýaly garnynyň aşagynda agyrylar, peşew edesi gelýän ýaly duýgular biynjalyk edýär.

Erkek adamlarda urogenital kandidozyň alamatlary balanopostit (ujydyň kellejiginiň we pürçüginiň sowuklamagy) hem-de uretrit (peşew ýollarynyň sowuklamagy) görnüşde ýüze çykyp bilýär. Balanopostit köplenç hususy arassaçylyk düzgünleri berjaý etmeyän ýa-da ujydynyň pürçigi insiz we uzyn bolan erkek adamlarda duş gelýär. Ol ujydyň kellejiginde gijeme we awuşamanyň döremegi bilen ýüze çykýar.

Keseliň ýiti döwründe ujydyň pürçigi çişip, iç ýüzünde  ak reňkli örtük bilen örtülen bolýar. Bejerilmedik, dowamly ýagdaýa geçen halatynda jaýryklar emele gelýär. Jaýryklaryň bitmegi tyg yzlaryny goýup, peşew çykaryş ýolunyň daşky deşiginiň daralmagyna getirip biler. Bu bolsa peşewiň çykmagyny kynlaşdyryp bilyär. Ondan başga-da, ujydyň beze keseli, limfa damarlaryň we düwünleriň sowuklamagy,siňňilleriň, başyň emele gelmegi ýaly gaýraüzülmeler döräp biler.

Balanopostit bilen deňeşdirlende erkeklerde kandidozly uretrit has seýrek duş gelýändir. Bölünip çykmalaryň başlanmagyndan birnäçe gün öň, peşew ýolunda agyrylar we awuşamalar döreýär. Bölünip çykmalar köplenç nem ýa-da suwly görnüşde bolup, diňe seýrek ýagdaýlarda köp mukdarda ýa-da iriňli bolup bilýändir.

Bejerilmedik ýagdaýlarda kandidozly uretrit erkeklik jyns mäziniň, peşew haltasynyň, ýumurtga goşundysynyň sowuklamagyna getirip biler.

Bu beterleşmeler kömelek ýokançlygynyň başga ýokançlyklar bilen utgaşmasynda has hem agyr görnüşde ýüze çykýandyr.

Birnäçe sebäpleriň bileleşiginiň (wagtyndan öň bolan çagalar, çaganyň emeli iýmitlenmegi, antibiotikleriň we glucokortikoidleriň ulanylmagy, neşekeşlik, hirurgiki bejergi, himiobejergi, deriniň we nemli örtügiň şikeslenmegi) ýüze çykmagy, kömelekli ýokançlygyň bedene ýaýramagyna itergi berip biler. Ýaýran kandidoz keseli öz gowşak geçişi bilen tapawutlanýar. Ol ysytmanyň ýüze çykmagy, nerw, iýmit siňdiriş ulgamynyň, ganyň düzüminiň üýtgemegi bilen häsiýetlendirilýär.

Hiç bir kliniki alamatsyz, kömelekli ýokançlygy özünde göterýän adamlaryň duş gelýänligini bellemelidir. Olary “kandida göterijiler“ diýip atlandyrýarlar. Olarda ýokançlygyň alamatlary bolmasa hem, laborator barlaglary bedende ösýän hem kömelekleriň barlygyny anyklaýar.

Kandida göterijiler jynsy gatnaşykda bolýan ýoldaşyna we dogrum wagty çagasyna kömelekleri ýokuşdyryp bilerler.

Urogenital kandidozy anyklamak kyn däldir. Kliniki alamatlaryň (bölünip çykmalaryň häsiýeti) esasynda hem keseli ýüze çykaryp bolar. Ýöne kandida göterijiligi ýa-da  dowamly görnüşleri anyklamak laborator barlaglary geçirmegi talap edýändir. Barlag üçin serişde höküminde heň kömelekleriň öýjüklerinden ybarat ak ýa-da tworog pisint örtükler alynýar.

Häzirki wagtda kandidozy anyklamakda mikroskopiýa, serologiki, immunologiki, immunoferment usullary ulanylýar.

Kandidoza garşy bejergi kömelekli ýokançlygy ýok etmäge we onuň bedene ýetirýän täsirini aradan aýyrmaga gönükdirilen bolmalydyr.

Umumy we ýerli geçirilýän bejergi bellenilýär. Keseliň ýiti döwründe ýerli häsiýetli bejergi geçirilýär. Şol maksat bilen köp ýyllardan bäri kömeleklere garşy antibiotikler ulanylýar: nistatin-ýag, jynshana we göni içegä salynýan şem görnüşde, leworin-gerdejik görnüşde, pimofusin-gerdejik, şem, krem görnüşde, amfoferisin-ýag görnüşde jynshana goýulýandyr.

Häzirki wagtda imidazol toparyna degişli serişdeler giňden ulanylýar: klotrimazol, mikonazol, ekonazol, izokonazol ýaly dermanlar.

Olardan başga-da, ýerli bejergi geçirlende klion-d şemleri, poližinaks, pimafukort, batrafen dermanlaryny hem ulanmak maslahat berilýär.

Köpe çekýän, kandidozyň dowamly görnüşlerinde, ýerli bejergiden başga-da, umumy täsir ediji serişdeler hem bellenilýär. Olara gerdejik görnüşde nistatin, pimafusin, nizoral, fluconazol, mikomaks, mikosist ýaly demanlar degişlidir.

Ýerli we umumy bejergi üçin, bir topardan bolan demanlaryň dürli görnüşlerini saýlamaga (meselem, pimofusiniň gerdejigi we kremi) çalyşmalydyr.

Göwrelilere, 12 hepdlik möhletden soň, diňe ýerli bejergi (şem, krem, ýag görnüşde) bellenilýändir.

Kömeleklere garşy serişdeler ulanylanda, bedeniň kesellere durnuklylygyny ýokarlandyrýan dermanlary hem-de witaminleri bellemek peýdalydyr. Näsagyň jynsy gatnaşykda bolýan ýoldaşyna hem bilelikde bejergi geçirmelidir.

Bejergini belläp, onuň netijeliligini diňe lukman anyklap biler. Laborator barlaglaryň otrisatel jogaby we kliniki alamatlaryň ýitmegi bejerginiň netijeliligini subut etmäge esas döredýändir.

Utgaşykly ýüze çykýan ýokançlyklarda hem, degişli serişdeler bilen ýerli we umumy bejergi geçirilmelidir.

Şahsy arassaçylyk düzgünleri berjaý etmek, antibiotikleri ýerliksiz  ulanmakdan gaça durmak, endokrin keselleri öz wagtynda bejermek, kandidozly näsaglara doly bejergi geçirmek ýaly çäreler, kömelekli ýokançlyklaryň ýaýramagynyň öňüni alyp bilerler.

  • 9801 gezek okalan