• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • ÇAGA BEÝNI YSMAZY: SEBÄPLERI, GÖRNÜŞLERI WE BEJERGISI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇAGA BEÝNI YSMAZY: SEBÄPLERI, GÖRNÜŞLERI WE BEJERGISI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.52 (21 Ses)

Çaga beýni ysmazy (ÇBY) – bu giň düşünje bolup, birnäçe dürli kesel alamatlar toplumyny öz içine alýan, kesel alamatlarynyň ýüze çykmalarynyň we döreme sebäpleriniň biri-birine meňzeşligi bilen belli bolan keseldir.

ÇBY – kelle beýnisiniň zeperlenmesi sebäpli irki çagalyk döwründe ýüze çykyp, merkezi degna we hereket ulgamynyň bozulmalary: ysmazlyk, bedeniň myşsalarynyň gowşamagy, dogry hereketlenmäniň bozulmagy we elleriň, aýaklaryň erksiz hereketi bilen häsiýetlendirilýär. Bu keselde ýüze çykýan beýniniň hereket merkezi we başga merkezleriň zeperlenmesi elleriň, aýaklaryň, kelläniň, boýnuň, göwräniň myşsalarynyň işjeňliginde aýdyň görünýär. Keseliň bildirýän alamatlary beýniniň zeperlenmesiniň ýaýramasyna bagly bolup, ýeňil çala bildirýän derejeden çenden aşa agyr görnüşde ýüze çykyp, çagany doly maýyplyga getirip biler. Kähalatlarda garagyş tutgaýlary, aňyň ösüşiniň saklanmasy sebäpli okamaga, öwrenmäge akyl ýetirme, özleşdirme ukyplarynyň bozulmalary bilen birlikde görüşiň, eşidişiň, gepleýşiň bozulmalary hem ýüze çykyp biler.

ÇBY nesil yzarlaýan kesel däl, gös-göni ölümçilige getirenok. Ýöne berlen ýaşaýyş ömrüň hilini peseldip, dowamlylygynyň gysgalmagynyň sebäbi bolup bilýändir. Keseliň aýratyn düýpli we netijeli bejergisi ýok.

Keseliň sebäpleri

Keseliň esasy sebäbi çaganyň beýnisiniň haýsy hem bolsa bir böleginiň ölmegi ýa-da kemçilikli ösmegi, beýniniň dokumalarynyň kislorod ýetmezçiligi sebäpli zeperlenmegi we beýniniň dogrumdan öňki ýa-da soňky döwürde şikeslenmesiniň (beýniniň ýenjilmegi, gan inme) sebäp bolýandygy bellenilse-de, keseliň 80% ýagdaýlarda göwrelilik döwründe döräp başlaýandygy bellenilýär.

Täze bolan çaganyň merkezi nerw ulgamynyň keselçiligine getirýän 100-den gowrak töwekgelçilik sebäpleri öňe sürülýär we şu aşakdaky uly toparlara birleşdirilýär.

Göwrelilik döwründe bolup geçýän ýaramaz ýagdaýlar:

► göwrelilik döwründe we dogrum wagtynda enäniň dürli şikeslenmeleri;    

► dogrum wagtyndaky gaýraüzülmeler;

► ýaramaz täsirli ekologiýa ýagdaýy;

► enede bolan genetiki keseller;

► çaganyň beýnisiniň gan aýlanşynyň bozulmalary;

► irki aş saýlama we giçki gestoz;

► göwreliniň içki agzalarynyň keselleri ýagny, ýürek-damar (gan basyşynyň ýokarlanmagy, doga kemçilikli ýürek, ýüregiň işemiýa keseli) we içki mäzleriň keselleri (süýji keseli);

► göwrelilik döwründe bolan zyýanly endikler (çilim çekme, spirtli içgileri içme);

► enäniň ýokanç keselleri;

► enäniň we çaga düwünçeginiň gan toparynyň ýa-da rezus-faktorynyň gabat gelmezligi;

► göbegiň çaganyň daşyna aýlanyp, dartylyp durmagy;

► çörekçäniň wagtyndan öň sypyrylmagy;

► witaminleriň ýetmezçiligi we nädogry iýmitlenme.

Şeýle hem ÇBY keseliniň döremeginiň töwekgelçilik toparyna:

► wagtyndan öň dogma;

► az agramly çaganyň dogmagy;

► aşa uly çaganyň dogmagy;

► çaganyň çanaklygy bilen dogmagy;

► anatomiki we kliniki dar çanaklyk;

► çalt, okgunly dogrum;

► dogurmany derman serişdeleriniň täsiri bilen oýandyrmak;

► buşluk suwuny deşip, dogrumy çaltlandyrmak ýaly sebäpler degişli edilýändir.

Çaga dogulandan soň ÇBY-ny döredip biljek sebäpler:

→ agyr ýokançlyklar (meningit, ensefalit, ýiti uçuk ýokançlygy);

→ gurşun bilen zäherlenme, kelle çanagyň şikesleri;

→ beýnini kislorod ýetmezçiligine getirýän başga hadysalar (suwa gark bolma, dem alyş ýollarynyň iýmit bölejikleri bilen we başga zatlar bilen ýapylmagy).

Keseliň döremegine sebäp boljak töwekgelçilik alamatlarynyň uly böleginiň öňüni alma mümkinçiliginiň bardygyny ýa-da çaganyň saglygyna zyýanyny has azaldyp boljakdygyny bellemelidir.

Maglumatlara görä, ÇBY bilen kesellän çagalaryň 40-50%-i wagtyndan öň doglan çagalardyr. Wagtyndan öň bolan çagalaryň beýnisi doly kemala gelmedik bolup, dürli zyýanly sebäplere garşy durma başarnygy pes bolýar.

Keseliň alamatlary

ÇBY-yň alamatlarynyň çaga doglan badyna ýa-da süýt emýän döwründe bildirip ugramagy mümkin. Bu ýagdaý çalt takyklanyp, tizden-tiz keseliň anyklanylmagy möhümdir.

Keseliň alamatlary beýniniň zeperlenme derejesine we ýaýraýşyna baglylykda dürli-dürlidir. Kesele mahsus şu aşakdaky alamatlary bellemek bolar:

♦  myşsalaryň dartgynlylygynyň bozulmasy;

♦  hereketleriň erksiz, gözegçiliksiz bolmagy;

♦  akyl ýetirşiniň, aňynyň ösüşiniň togtamagy;

♦  damar çekmeler;

♦  sözleýşiň, eşidişiň, görüşiň bozulmagy. Keselli çagalaryň 75% -i görüşiniň kemçiliginden ejir çekýärler. Köplenç göreji herekete getirýän myşsalaryň gowşaklygy sebäpli gözi çaşylyk, kähalatlarda şowa körlük ýüze çykýar;

♦  düşünmek, duýmak, akyl ýetirmek, giňişligi anyklama ukybynyň bozulmagy we okuwy özleşdirmegiň pese düşmegi;

♦  ýuwdunmanyň kynlaşmagy;

♦  aşgazan-içege, peşew çykarma ulgamlarynyň işiniň bozulmasy;

♦  tolgunma, duýgulary äşgär etme başarnygynyň bozulmasy.

Keseliň görnüşleri

Kelle beýnisiniň haýsy böleginiň zeperlenendigine we ýüze çykmasynyň häsiýetine garaşlylykda şu aşakdaky görnüşleri tapawutlandyrýarlar:

1. Spastiki diplegiýa – keseliň görnüşi bolup, 40% ýagdaýlarda duş gelýär. Ol esasan ýaşaýşyň birinji ýylynyň ahyrynda, ýetik dogmadyk çagalarda aýdyň ýüze çykýar. Bu görnüşde beýniniň elleriň, aýaklaryň hereketiniň işjeňligine jogap berýän bölegi zeperlenip, ýokary derejede elleriň, aýaklaryň doly ýa-da bölekleýin yzmazlygy syn edilýär, aýaklaryň ysmazlygy has ýokary derejede ýüze çykýar. Bu keselli çagalaryň elleri, aýaklary epýän we ýazýan myşsalarynyň hemişe dartgynlylykda bolany sebäpli mejbury ýagdaýda bolýarlar. Gollary tirseginde eplenip, göwresine gysylan, aýaklary bolsa adaty ýagdaýdakysy ýaly uzaldylman, biri-birine gysylan ýa-da çatryk ýagdaýda bolýar. Çaganyň ösmegi bilen dabanyň görnişi üýtgeýär. Bu ýagdaýdaky çagalaryň köplenç gepleýşi, eşidişi bozulan, ýady, akyl ýetirme, aňlaýyş ukyby pes, ünslerini belli bir zada jemlemäni başaranoklar. Bu görnişde damar çekme alamaty seýrek bolýar.

2. Goşa gemiplegiýa – agyr görnişi bolup, 2% ýagdaýlarda duş gelýär. Bu görnüşde göwrelilik döwründe kislorod ýetmezçiligi sebäpli beýniniň uly ýarym togalagyna ýa-da umumy hemme agza zeper ýetýär. Körpejäniň durmuşynyň birinji aýynda ýüze çykýar. Bu görnüşde elleriň, aýaklaryň ysmazy, esasan hem eller zeperlenip, goly tirseginde eplenip, göwresine gysylan, aýaklary dyzynda we çanaklyk-bud bognunda eplenen ýa-da ýazylan bolup biler. Olaryň sözleýşi çalt we gaty bolup, haýal, ýuwaş maňkalap, düşnüksiz ýagdaýda gepleýärler. Ol çagalaryň ýatlary, akyl ýetiriş ukyplary pes, bilýän sözleriniň sany az. Olar köplenç keýpli ýada sus bolýarlar. Bu görnüşde damar çekme bolup, ol näçe ýygy we güýçli bolsa, keseliň geçişine ýaramaz täsir edýär.

3. Gemiparetik görnüş – 32% ýagdaýda duş gelip, çaga doganda anyklanylýar. Beýniniň hereketi berjaý edýän ýarym togalagynyň beýni bardasynyň düzümi zeperlenip, bedeniň bir tarapynyň (eliň, aýagyň birtaraplaýyn) ysmazy bolup, alamatlar ýarym togalaga görä atanaklaýyn ýüze çykýar. Çaganyň sözleýşiniň bozulmasy döräp, onuň sözleri dogry aýdyp bilmezligi bu görnüşe häsiýetlidir. Akyly, ýady, ünsi peselen ýagdaýda bolýar. 40-50% ýagdaýlarda damar çekme bolup, ol ýygy boldugyça keseliň geçişine ýaramaz täsirini ýetirýär.

4. Giperkinetiki görnüşi – 10% ýagdaýda duş gelip, çaganyň durmuşynyň birinji ýylynyň ahyrynda, ikinji ýylynyň başynda ýüze çykýar. Beýniniň aşaky gatlagynyň düzüminiň gurluşy zeperlenýär. Hereketiň güýjemegi (giperkinez) bilen elleriniň, aýaklarynyň, ýüzüniň myşsalarynyň, boýnunyň erksiz artyk hereketleri ýüze çykyp, ýadaw we tolgunan wagtynda alamatlaryň güýjemegi bellenilýär. Beýle çagalar giç gepläp, sözleriň aýdylyşy bozulan, haýal, bir labyzly bolýar. Aň, akyl ýetiriş ukyplary köplenç ýerinde bolup, mekdebi, käbirleri ýokary okuw çaýlary okap gutaryp bilýärler. Damar çekme alamaty seýrek bolýar.

5. Atoniki-astatik görnüşi beýnijigiň zeperlenmegi bilen ýüze çykyp, 15% ýagdaýda duş gelýär. Bu görnüşde hereketiň sazlaşygy, deňagramlylyk duýgusynyň bozulmagy syn edilip, myşsalaryň dartgynlylygy gaty pes ýagdaýda bolýar. Bu alamaty çaga doganda anyklap bolýar. Ol çagalar giç oturýar, turýar we giç ýöreýär. Hereket sazlaşygynyň bozulandygy sebäpli, köplenç çaganyň elleri, aýaklary, kellesi titreýär. Aň-akyl ýetiriş ukybynyň ujypsyzja bozulmasy duş gelýär.

Şeýle hem keseliň gatyşyk görnüşi 1% ýagdaýlarda duş gelip, keseliň dürli görnüşleriniň utgaşmasy bilen ýüze çykýp biler.

Keseliň anyklanylşy

Öz wagtynda goýlan kesel kesgidiniň we ir başlanan bejergi çäreleriniň çaganyň geljekki durmuşyny ýeňilleşdirjekdigini her ene-atanyň bilmegi hökmandyr. Şonuň üçin her bir ene-ata öz körpejesiniň akyl-hereket ösüşine ünsli gözegçilik edip, onuň ösüşinde bir alamat howsalandyrýan bolsa, ol ýagdaýy anyklamak, oňa wagtynda täsir edip, aradan aýyrmak üçin her aýda maşgala lukmanynyň barlagyna barmalydyr.

Eger:

► 1 aýlyk çaga gaty güýçli sesi eşidende gözüni gyrpmaýan bolsa;

► 4 aýlyk çaga ses eşdende kellesini öwürmeýän bolsa;

► 4 aýlyk çaga oýunjak oýnamaga ymtylmaýan bolsa;

► 7 aýlyk çaga goltgysyz oturmaýan bolsa;

► 12 aýlyk çaga hiç bir söz diýmeýän bolsa;

► 12 aýlyk çaga hemme hereketleri bir elinde edýän bolsa;

► çagada damar çekmeler bolup dursa;

► çagada gözi çaşylyk bolsa;

► çaganyň hereketi örän çalt ýa-da gaty haýal bolsa;

► çaganyň ýöremezligi ýa-da barmagynyň ujynda ýöremegi ýaly alamatlar bar bolsa, newropatolog lukmana hökman ýüz tutmalydyr.

Lukman çaga ünsli seredip, ene-atanyň, maşgalanyň kesel taryhyny, göwreliligiň we dogrumyň geçişini anyklap, kesel kesgidini goýar. Şeýle hem dürli ýokançlykly keselleri, gormonal we bedende bolup geçýän alyş-çalyş bozulmalaryny, genetiki keselleri aradan aýyrmak üçin ganyň, peşewiň umumy derňewini, biohimiki, genetiki barlaglary, kelle beýnisiniň çiş kesellerini we gan inmäni aradan ayrmak üçin ultrases barlagy we magnit-rezonans tomografiýa barlagyny görkezme bilen geçirmelidir.

Keseliň bejergisi

ÇBY-nyň bejergisiniň netijeliligi keseliň görnüşlerine baglydyr. Ir başlanan, yzygiderli, degerli geçirilýän bejergi çäreleriniň netijesinde näsaglar köp ýagdaýlarda kadaly durmuşda ýaşamaga ukyply bolup galýarlar. Ene-atalar keselli çaga 8 ýaşyna çenli dikeldiş çärelerini yzygiderli, doly geçirmegiň aladasyny etmelidir. Bu beýniniň sagdyn böleginiň kesel tarapyndan zeper ýeten ýerleriniň işini dikeltmäge ýardam edýär.

Keseliň bejergisi toplumlaýyn çäreleri öz içine alýar:

► owkalama – myşsalaryň dartgynlylygyny aradan aýyrmaga, tersine, myşsalaryň gowşaklygynda tijendirmäge kömek edýärler;

► bejeriş bedenterbiýe maşklaryny bellenen tertipde, yzygider ýerine ýetirmeli. Maşklar bedeniň hereketini işläp düzüp, hereketleriň has anyk goýulmagyny gazanmaga ýardam berýär.

► fizioemleri (elektroforez, myşsalaryň tijendirilmegi)- damar çekmeler bolmadyk ýagdaýynda bellenilýär;

► elektrorefleks bejergisi-kelle beýnisiniň gabygyndaky hereket neýronlarynyň işjeňligini dikeldip, myşsalaryň dartgynlylygyny peseldýänligi sebäpli hereketleriň sazlaşygyny, gepleýşi, sözleriň aýdylşyny gowlandyrmaga ýardam berýär;

► haýwanlar bilen bejergi – ippoterapiýa, kanisterapiýa;

► logoped, psiholog lukmanlaryň sapaklary;

► hereket endiklerini ösdürmek üçin sapaklar;

► beýniniň işleýşini kadalaşdyrýan derman serişdelerini ulanmak:

→ Beýniniň damarlaryny giňediji serişdeler (winposetin, sinnarizin);

→ Beýni dokumasynyň alyş-çalyş hadysalaryny kadalaşdyryjy serişdeler (pirasetam, kalsiý pantonat, aminoturşylyklar);

→ Myşsalaryň dartgynlylygyny kadalaşdyryjy serişdeler (tolperazin);

→ Toplumlaýyn täsirli serişdeler (meselem, korteksin);

► görkezme bilen myşsalaryň dartgynlylygyny kadalaşdyryjy hirurgiki usullar hem ulanylýar.

Keseliň döremegine garşy anyk bellenen netijeli öňüni alyş çäreleri bolmasa hem, göwreliligiň meýilleşdirilýän döwründe enede bolan dowamly ýokançlykly keselleriň bejerilmegi, gyzylja keseliň garşysyna wagtynda sanjymyň geçirilmegi, aýal-gyzlar lukmanynyň kadaly gözegçiligi, göwrelilik döwründe bolsa özüňe we çaga bolan aýawly gatnaşygy saklamak, wirusly keselliler bilen gatnaşykda bolmazlyk, gan basyşyna gözegçilik etmek we göwrelilik döwründe rezus gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy, wagtyndan öň bolýan dogrumlaryň garşysyna çäreleri geçirmegiň netijeli bolup biljekdigini bellemelidir.

  • 7353 gezek okalan