Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
GÖZE GARA SUW INME KESELI (GLAUKOMA)
Glaukoma – gözüň dowamly agyr keseli bolup, göz içindäki basyşyň hemişelik ýa-da wagtal-wagtal galmagy, görüş nerwiniň atrofiýasy we görüş meýdanynyň üýtgemegi bilen häsiýetlendirilýär.
Glaukoma – grekçe deňiz suwunyň reňki diýmekdir. Sebäbi keseliň ýiti tutgaýly döwründe giňän we hereketsiz görejiň reňki ýaşylymtyl reňke öwrülýär.
Bu kesel islendik ýaşda döräp biler. Ýöne kesel garrylyk döwründe has köp duş gelýändir. Dogabitdi glaukoma täze doglan 10-20 müň çaganyň arasynda diňe bir çagada duş gelmegi ahmal. 40-45 ýaş aralygynda birinji gezek ýüze çykýan glaukoma ilatyň 0,1%-de duş gelýär, 50-60 ýaş aralykda – 1,5%, 75 ýaşdan uly adamlarda-3% ýagdaýlarda duş gelýändir. Bu kesel bejerip bolmaýan körlügiň sebäpleriniň biri bolup, möhüm sosial ähmiýete eýedir.
Keseliň ýüze çykmagynda käbir töwekgelçilik faktorlary bellidir:
- Ýaşyň 40 ýaşdan uly bolmagy;
- Bugdaýreňk, gara saçly we gözüniň älemgoşar gatlagy gara reňkde bolan aziýa halklarynyň wekilleri;
- Nesil yzarlamak ýagdaýy (eger garyndaşlarynda bu kesel duş gelýän bolsa);
- Gözüň gurluş aýratynlygy bar bolanda (gara reňkli älemgoşar gatlagy, gözüň nerwiniň dogabitdi aýratynlyklary, gözüň buýnuz perdesiniň ýuka bolmagy);
- Gözüň dowamly sowuklama keselleri, ötüşen katarakta (göz merjenjiginiň ümezlemegi);
- Demgysma ýa-da bogunlaryň keseli sebäpli uzak wagt kortikosteroid gormonlary kabul edilende;
- Arterial gipertoniýa (gan basyşyň ýokarlanmagy) we süýji keseli;
- Gözüň gurluşyna täsir eden gözüň şikeslenmeleri;
- Şowakörlükden ejir çekýän adamlar.
Glaukoma öz gelip çykyşy boýunça birnäçe görnüşlere bölünýändir:
- Dogabitdi glaukoma-seýrek duş gelip, ýaňy bolan çaganyň ömrüniň birinji aýlarynda ýüze çykarylýandyr. Göwrelilik döwründe enä täsir edýän dürli ýaramaz ýagdaýlar onuň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler: ýokançly keseller (gyzylja, hapgyrtma, merezýel, garahassalyk), A witaminiň ýetmezçiligi, galkan şekilli mäziň işiniň bozulmalary, alkogolyň, radioaktiw şöhleleriň täsiri degişlidir;
- Jahyllyk glaukoma-3 ýaşdan uly bolan çagalarda duş gelip, 35 ýaşa çenli ýüze çykyp bilýär;
- Ilkinji glaukoma-gözüň ýaşa görä üýtgemeleri sebäpli ýüze çykýan we iň ýygy duş gelýän görnüşidir;
- Ikilenç glaukoma-gözüň içindäki basyşyna täsir edýän gözüň ýa-da bedeniň başga kesellerinden soň ýüze çykyp bilýär.
Iň ýygy duş gelýän ilkinji glaukomanyň üstünde durup geçeliň. Onuň hem esasy kliniki görnüşleri bar: açyk burçly, ýapyk burçly hem-de gatyşyk duş gelýän glaukoma.
Açyk burçly glaukoma, beýniniň hem-de gözüň gan aýlanşygyny ýaramazlaşdyrýan we gözdäki alyş-çalyş ýagdaýlaryna täsir edýän sebäplerden soň ýüze çykyp biler (garrylyk, şowakörlük, süýji keseli, ateroskleroz, boýun osteohondrozy, gan basyşyň üýtgemegi).
Bu görnüş iki göze hem birden zeper ýetirýändir. Açyk burçly glaukoma duýdansyz ýüze çykyp,oňa ötüşip gitme häsiýeti mahsusdyr. Şonuň üçin hem ýakymsyz alamatlary duýmaýan näsag, lukmana görejiň ýitiligi peselip, kesel ötüşenden soň ýüz tutýar. Ýagtylyk çeşmelerine seredilende älemgoşar reňkde aýlawlaryň döremegi, görejiň ümezlemegi näsaglaryň 15-20%-de duş gelýändir. Bu alamatlar göz içiniň basyşynyň ýokarlanmagy sebäpli ýüze çykyp, kellagyrylara, ýüzde, gaşlaryň üstünde güýçli agyrylaryň döremegine getirip biler. Wagtynda bejerilmedik ýagdaýlarda görüş meýdanynyň çäginiň üýtgemegi, görejiň ýitiliginiň peselmegi ýüze çykyp biler. Bu bolsa keseliň gaýraüzülip, görüş nerwiniň atrofiýasynyň emele gelenligini aňladýandyr.
Ýapyk burçly glaukomailkinji ýüze çykýan glaukomanyň 20-25% ýagdaýlaryny düzýändir. Erkek adamlara garanyňda, aýallar ýygy keselleýändirler.
Göz almasynyň gurluş aýratynlyklary glaukomanyň bu görnüşiniň ýüze çykmagynyň sebäbi bolup bilerler: kiçi gözler, gözüň öňki boşlugynyň kiçi burçly bolmagy, uly merjenjik, diňe daşdan görmek ukybynyň döremegi ýaly sebäpler.
Ýapyk görnüşli glaukomanyň geçişi, ilki gysga wagtlyk bolup, soň uzak dowam edyän göz içiniň basyşynyň galmagy bilen häsiýetlendirilýär. Bu ýagdaýda gözüň içindäki suwuklykly nemiň aýlanşygy peselýändir. Gözüň öňki boşlugynyň burçunyň doly ýapylan pursatynda ýapyk görnüşli glaukomanyň ýiti tutgaýy başlap biler.
Glaukomanyň ýiti tutgaýlary nerw dartgynlylykdan, ýadawlykdan soň, kelläňi egip uzak wagt işlemeden soň, köp mukdarda suwuklyk kabul edilenden soň ýa-da uzak wagt garaňky ýerde bolnandan soň ýüze çykyp biler. Köplenç tutgaý hiç hili sebäpsiz başlanýar. Näsagy gözde we kellede döreýän agyry, görejiň ümezlemegi, ýagta seredilende älemgoşar reňkli aýlawlaryň döremegi biynjalyk edýär. Agyrylar älemgoşar ýorkasynyň nerw süýümleriniň basylmagy netijesinde döreýändir. Gözdäki ýakymsyz duýgular bolsa, buýnuz gatlagynyň çişmegi netijesinde ýüze çykýar. Tutgaýyň agyr görnüşlerinde ýürek bulanma we gaýtarma bolup, ýürege we garyn boşlugyna berýän agyrylar döräp biler. Bu ýagdaý bolsa, ýürek-damar kesellerine ýalňyş güman etmäge esas döredip biler.
Ýiti tutgaýy başdan geçirýän göz gök öwüşgünli (damarlarda ganyň durmagy), gyzyl reňkde (göz almasynyň damarlarynyň giňelmegi sebäpli) bolýar. Buýnuzjyk çişme zerarly ümezleşýär. Göreç giňelýär we ýagtylyga täsirini ýitirýär. Ellenilende göz daş ýaly gaty bolýar.
Eger tutgaý döränden soň, biraz wagtdan gözüň basyşy derman serişdeleri ýa-da hirurgiki ýol bilen peseldilmese,bejerip bolmajak körlügiň ýüze çykjakdygyny ýatda saklaň!
Glaukomanyň ýiti tutgaýy tiz lukmançylyk kömegini talap edýändir.
Glaukomanyň görnüşine garamazdan, onuň bejergisini ýörite barlaglardan soň oftalmolog-lukman bellemelidir.
Gözüň içiniň basyşyny göze derman damjalaryny damdyrmak arkaly peseldýärler. Ilkinji glaukomada adatça bejergini 1% pilokarpin gidrohloridiň erginini ulanmakdan başlaýarlar. Degerli netije bolmadyk ýagdaýynda 2% pilokarpiniň erginini ýa-da onuň uzak möhlet bilen täsir edýän görnüşlerini ulanýarlar. Açyk burçly glaukomada fosfakol,armin,tosmilen ýaly serişdeleri hem maslahat berýärler. Olaryň esasy täsiri gözdäki suwuklykly nemiň hereketini kadalaşdyrmaga gönükdirilendir.
Gan basyşy pes ýa-da kadada bolan açyk burçly glaukomada adrenalin ýa-da adrenopilokarpiniň damjalary günde 2-3 gezek ulanylýar. Ýöne adrenalin gan basyşyň ýokarlanmagyna, kellagyra, ýüregiň çalt we kadasyz urmagyna getirip biler. Şonuň üçin ony ýürek-damar we endokrin ulgamynyň kesellerinden ejir çekýän adamlarda ulanmaly däldir.
Gan basyşy ýokary ýa-da kadada bolan açyk burçly glaukomada 0,25-0,5%-li klofelin erginlerini hem ulanýarlar. Klofelin gözdäki suwuklykly nemiň mukdaryny azaldyp, onuň hereketini kadalaşdyrýandyr.
Açyk hem-de ýapyk burçly glaukomada okupres, timolol, optimol ýaly serişdeleri ulanmak bolýandyr.
Ýapyk burçly glaukomada pilokarpin, korbaholin, asekledin hem ulanylýar.
Ýerli basyşy peseldýän serişdeler peýda bermedik ýagdaýynda, umumy häsiýetli dermanlar gysga wagtlyk ulanylýar: diakarb, gliserol, aminozin.
Glaukomanyň bejergisinde hirurgiki usullar aşakdaky ýagdaýlarda ulanylýar:
- basyşy peseldýän ýerli serişdeleriň ulanylşyna garamazdan gözüň basyşynyň ýokarlanyp durmagy;
- kliniki alamatlaryň kadalaşman, şol bir görkezijilerde galmagy;
- görüş meýdanynyň üýtgäp, barha ýaramazlaşmagy.
Soňky ýyllarda glaukomanyň bejergisinde lazer giňden ulanylýandyr.
Glaukomaly näsaglar hemişe oftalmolog lukmanyň gözegçiliginde saklanmalydyr. Lukman bejergi çäreler toplumyny saýlap, gözüňiziň basyşyny bir derejede saklamaklygy gazanmaga kömek eder. Siz her 3-4 aýdan lukmanyň barlagyna gelmelisiňiz.
- 9073 gezek okalan