Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ÝITI WE DOWAMLY ENTEROKOLIT: SEBÄBI, ALAMATLARY, BEJERGISI
Enterokolit – içegeleriň (inçe we ýogyn içegeler) içki nemli gatlaklarynyň sowuklamagy netijesinde döreýän zeperlenmeleri öz içine alýan keselleriň uly toparlarynyň biridir.
Keseliň geçişi ýiti we dowamly görnüşlerde bolup bilýändir. Ýiti enterokolit köplenç ýokançlyklar we iýmit zäherlenmeleri bilen baglylykda ýüze çykýar. Ol içegeleriň diňe üst ýüzündäki nemli gatlagyna zyýan ýetirip, aşaky gatlaklary zeperlemeýär. Adatça ýiti gastrit bilen bile duş gelýär. Şonuň üçin ýiti enterokolitde bejergi iýmit berhizi we aşgazanyň zeperlenmegini hem aradan aýyrýan serişdeler göz öňünde tutulyp bellenilýär.
Dowamly görnüşi bagryň, aşgazanasty mäziniň, öt çykaryş ýollarynyň näsazlyklary bilen baglylykda ýüze çykýandyr. Enterokolidiň bu görnüşinde iýmit siňdiriş ulgamynyň beýleki agzalarynyň keselleriniň alamatlary hem ýüze çykyp bilýändir. Bu ýagdaýda haýsy keseliň ilkinji ýa-da ikilenç ýüze çykanyny anyklamak kynçylyk döredip bilýändir. Bejergi çäreleri bolsa iýmit siňdirişiň hemme zynjyrlaryna bir wagtda täsir etmeklik bilen amala aşyrylýar.
Enterokolit döredýän sebäplerine görä toparlara bölünýär:
► Bakteriýalar (içege ýokançlyklary: salmonellýoz, şigellýoz, dezinteriýa we bakteriýalaryň başga görnüşleri);
► Mugthorlar (içege mugthor gurçuklary, ýönekeýjeler, meselem, gelmint gurçuklar, amýobalar, trihomonadalar);
► Zäherli maddalar (içegäniň nemli örtügine dermanlaryň, zäherleriň, himiki maddalaryň täsiri);
► Alimentar (nädogry iýmitlenmek netijesinde döreýän enterokolitler);
► Mehaniki (dowamly iç gatamalardan soň);
► Ikilenç ýüze çykýan görnüşleri (beýleki agzalaryň keselleriniň gaýra üzülmeleri höküminde ýüze çykyp bilýär).
Ýiti enterokolidiň alamatlary
Kliniki ýüze çykmalar keseliň görnüşine, agyrlyk ýagdaýyna we sebäbine baglydyr. Näsaglar köplenç aşakdaky alamatlara arz edýärler:
→ garnyň tutuş üst ýüzüni eýeleýän, tutgaý görnüşli agyrylar;
→ täretiň bozulmalary – gün içinde birnäçe gezek gan gatyşykly iç geçmeler;
→ ýürek bulanma we turşy tagamly gaýtarmaklyk we onuň kähalatlarda öt gatyşykly bolmaklygy;
→ ýokançlyklaryň täsiri bilen dörände beden gyzgynlylygyň ýokarlanmagy;
→ bedeniň zäherlenmeginiň alamatlary – kelagyry, baş aýlanma, myşsalarda we bogunlarda agyry.
Ýiti enterokolit duýdansyz ýüze çykýandyr. Antibiotik bilen bejergileriň dowamynda ýa-da bejergiden soň hem enterokolidiň döremek ähtimallygy ýokarydyr. Lukman barlagynda garnyň ýellenmegi, içegeleriň jugurdamagy, diliň guraklygy we üstüniň ak örtük bilen örtülmegi ýaly alamatlar ýüze çykarylýandyr.
Kiçi çagalarda stafilokokkly enterokolit agyr geçip we iýmit siňdiriş agzalary çynlakaý zeperläp, sepsis, tutgaý alamatlary, beden gyzgynlygyň ýokarlanmagy we huşuny ýitirme ýaly gaýraüzülmelere getirip bilýändir.
Dowamly enterokolidiň alamatlary
Dowamly enterokolit beterleme we gowşama döwürleri bilen geçýändir. Beterleme döwründe indiki alamatlara gözegçilik etmek mümkindir:
⇒ içiň gatamagy bilen gezekleşýän, seýrek iç geçmeler;
⇒ içiň çişmegi we jugurdap ses etmekligi;
⇒ işdäniň kesilmegi, ýürek bulanma;
⇒ inçe içegäniň zeperlenmesinde – beden agramynyň peselmegi;
⇒ nerw ulgamy tarapyndan – kelagyry, ýadawlyk, gaharjaňlyk, lapykeçlik.
Barlag usullary
Enterokolidiň anyklaýyş alamatlaryny, islendik kesel üçin mahsus bolan ýöriteleşmedik alamatlara we hut şu kesel üçin degişli bolan ýöriteleşen alamatlara bölmek bolar.
Ýöriteleşmedik alamatlara: ganyň umumy barlagynda EÇT-niň (eritrositleriň çöküş tizligi) we leýkositleriň mukdarynyň ýokarlanmagy, gemoglobiniň peselmegi, ganda C-reaktiw belogynyň peýda bolmagy degişlidir.
Ýöriteleşen alamatlar:
♦ täretiň koprogramma barlagynda köp mukdarda leýkositleriň, ganyň, özleşdirilmedik iýmitiň peýda bolmagy;
♦ täretde ýokançlyklaryň ýüze çykarylmagy;
♦ içegäniň aşaky böleklerinde geçirilýän rektomanoskopiýa barlagynyň netijeleri;
♦ kolonoskopiýa barlagynyň (enjam ýogyn içegäniň içki üýt ýüzüne seretmäne mümkinçilik berýär) netijeleri – ýara bolan ýerler, nemiň ýa-da iriňiň toplanan ýeri, zeperlenen içege diwarlaryndan gan akýan bölekler we ş. m.;
♦ içegeleriň rentgenoskopiýasy – içegeleriň ýygrylan ýa-da giňelen böleklerini, üpürjikleriň üýtgän görnüşlerini, bozulmalary görmek mümkindir.
Ýiti enterokolidiň bejergisi
Enterokolitli näsaglara ýeterlik mukdarda suwuklyk kabul etmek berhizi bellenilýär. Eger zerurlyk bolan halatynda aşgazany ýuwýarlar. Ýiti iç geçmelerde we gaýtarmada bedene düşýän suwuklyk gözegçilikde saklanylýar. Gaýnadylan bürünç, gaýnadylan aşlary iýmeklik mümkindir. Agyry alamatlarynda agyrsyzlandyryjy we ýygrylmalary aýryjy serişdeleri ulanmak, zerur bolan ýagdaýynda erginler bilen zähersizlendiriji bejergiler toplumyny geçirmek ýerliklidir.
Ýokançly enterokolitde antibiotikli we sulfanilamid serişdeli bejergiler goşulýar. Disbakteriozyň öňüni almaklyk maksady bilen, içege florasyny kadalaşdyryjy serişdeleri (laktobakterin, bifidum) bellenilýär.
Dowamly enterokolidiň bejergisi
Dowamly enterokolidiň bejergisinde ilkinji nobatda ony dörediji sebäbi anyklamak we ony aradan aýyrmak zerurdyr. Onuň üçin aşakdaky çäreler geçirilýär:
► iýmit düzgünleri we iýmitleniş endikleri kadalaşdyrmak;
► içege işjeňligini bozmaga ukyply bolan dermanlary aradan aýyrmak;
► ýokançlyklary görnüşlerine görä bejermek;
► aşgazan-içege ulgamynyň kesellerini bejermek (gastrit, duodenit, holesistit we beýlekiler).
Keseliň sebäplerine garşy geçirilen çärelerden soň, iýmit siňdirişiň bozulmalaryna, hereketine, ýüze çykan disbakterioza garşy çäreler alnyp barylmalydyr.
Dowamly enterokolitli ähli näsaglara iýmit berhizi bellenilýär. Iýmit siňdiriş bozulmalary güýçli ýüze çykan halatynda birnäçe iýmitler: turşy süýt önümleri, çylşyrymly belokler we gaty ösümlik önümleri, arassa süýt, kelem we käbir şekerli iýmitler çäklendirilýär.
Eger ýogyn içegede näsazlyklar dörän halatynda, witaminlere we mikroelementlere baý berhiz, köp mukdarda kalsiý saklaýan öňümler bellenilip, içegäni gyjyndyryjy ajy, öte süýji, turşy we gowurlan iýmitler çäklendirilmelidir.
Bejergide peýdaly boljak dermanlar:
→ kesel dörediji florany aýyrmak üçin antibiotik serişdeleri (furazolidon, enterofurin, etteroseptol);
→ iýmitiň kadaly özleşmegi üçin ferment saklaýan serişdeler (pansintrat, kreon, mezim, panzinorm);
→ pro-prebiotikler (bifido, lakto, enterbakteriýalar üçin iýmitlik serişdeleri);
→ içege hereketini kadalaşdyryjy serişdeler (trimebutin, loperamid, mebewerin).
Sowuklamanyň ýerli bejergilerinde dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan mikroklizmalary etmeklik peýdalydyr. Iç geçmelerde – dub gabygyndan, iç gatamalarda – zeýtun ýagyndan, iç ýellenmelerde – çopantelpekli klizmalar peýdalydyr.
Dowamly enterokolitli näsaglaryň psihiki dartgynlylygyny aýyrmak makady bilen psihoterapewtiň bejergisi üçin ýüz tutmak ýerlikli bolup biler. Şeýle hem bu näsaglara fizioterapiýa çäreleriniň (içgeleri arassalaýjy çäreler, refleksterapiýasy, magnitli bejergi we ş. m.) netijeli täsir edýändigini bellemelidir.
Ýurdumyzdaky käbir şypahanalaryň hem bu näsaglaryň ýagdaýlaryny gowulaşdyrmakda uly kömegi bardyr. Keseliň beterleşen döwründe fiziki hereketliligi çäklendirmelidir. Keseliň gowşan döwründe hereketlilik, gezelenç etmek, aerobika, işjeň durmuş iýmit siňdiriş hadysalary sazlamakda ýokary netijeleri görkezýändir. Garyn myşsalary üçin edilýän ýörite maşklar diňe bir myşsalary däl, eýdem içegeleriň hereketini hem sazlaýar.
Enterokolidiň öňüni almak çäreleri
Içege kesellerini dörediji şertlerden daşda durmaklyk, enterokolidiň ýüze çykmagynyň öňüni almakda ilkinji çäreleriň biridir. Ýokançlyklaryň we mugthorlaryň döredýän kesellerini özwagtynda bejermek, iýmitleniş düzgünini kadalaşdyrmak, derman serişdelerini diňe görkezme bilen peýdalanmak, zyýanly içgilerden we serişdelerden daşda durmak, aşgazan-içege kesellerini netijeli bejermek enterokolit we başga-da birnäçe içege keselleriniň öňüniň alynmagynda has peýdaly çärelerdir.
- 4983 gezek okalan