• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • KERLIK: GÖRNÜŞLERI, ALAMATLARY, BEJERGISI, ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

KERLIK: GÖRNÜŞLERI, ALAMATLARY, BEJERGISI, ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.60 (15 Ses)

Kerlik – bu eşitmek ukybynyň doly ýa-da bölekleýin (gulagy agyrlyk, eşidişiň peselmegi) peselmegidir. Bu ýagdaýdan ilatyň 5%-e golaýy ejir çekýändir. Bu keselde adam düýbünden eşitmeýär ýa-da eşidişiň pesligi sebäpli sözleri aýyl-saýyl edip bilmeýär. Şol sebäpli hem adam başga adamlar bilen sözleşip bilmeýär we onuň beýleki adamlar bilen gatnaşygy kynlaşýar.

Eşidişiň peselmeginiň sebäpleri

Ortaky gulagyň gaýnaglama hadysalary, ýokanç keseller (gyzamyk, hörezek, toksoplazmoz, dümew, merezýel), dürli zäherlenmeler (gurşun, simap, uglerodyň okisi), käbir derman serişdeleriniň (lewomisetin, gentamisin, furosemid) dowamly ulanylmagy, kükürt gutysynyň döremegi, kelle-beýni şikesleri we täze döremeler, gulaga güýçli sesleriň we wibrasiýanyň uzak wagtyň dowamynda täsir etmegi kerligiň döremegine getirip biler. Onuň döremegine gipertoniýa keseli, ateroskleroz we içki gulagyň garrylyk sebäpli gan aýlanşygynyň bozulmagy hem sebäp bolup biler.

Kerligiň has köp duş gelýän sebäbi hem – ýaş bilen bagly üýtgeşmelerdir. Statistika boýunça, 50-60 ýaş aralygyndaky adamlaryň 20%-i eşidişiň peselmegine arz etse, 60-70 ýaşly adamlaryň eýýäm 30%-i bu kynçylygy belleýärler. 70 ýaşdan uly adamlaryň arasynda bu görkeziji 40%-i düzýändir.

Ýaşlyk wagty duş gelýän kerligiň sebäbi – ýaşaýşymyzda bizi gurşap alýan uýtgeşik sesleriň ýaramaz täsiridir. Bu sesler hemme ýerde-de bar we olardan gaçara ýer ýok diýsegem bolar. Mysal üçin, şaherdäki awtoulaglaryň, aeroportdaky uçarlaryň, demir ýollardaky otlylaryň sesleri. Emma eşidiş ukybyny peseldýän ýaramaz seslerden gaçyp bolýanlary hem bar. Olara diskotekalardaky, toýlardaky, konsertdaky we gulaga dakyp diňlenýän abzallardan (pleýerler) çykýan gaty sesleri degişli edip bolýandyr. Güýçli sesiň gulagyň içindäki sensor öýjükleri öldürýänligi we olary soň dikeldip bolmaýanlygy hemmelere mälim bolmasa gerek. Ýakyn aralykda döreýän partlamalar ýa-da ýaragdan atylanda döreýän ses adamda eşidişiň peselmegini döredip biler. Käbir kärhanalarda işleýän abzallaryň sesi çäksiz bolansoň, işgärlere gulagy gorar ýaly ýörite serişdeler berilýär. Gaty sesiň gulaklara uzak wagt täsir etmegi hünärmenlik kerliginiň döremegine getirip bilýändir.

Kerligiň görnüşleri

Eşidiş apparatynyň haýsy böleginiň zeperlenendigine baglylykda kerligiň indiki görnüşlerini tapawutlandyrýarlar:

► Konduktiw kerlik – gulagyň ses geçirijiliginiň bozulmagydyr. Bu görnüşli kerlikde gulagyň içindäki deprek perdejiginiň yrgyldama ýygylygy peselýär. Ortaky gulagyň boşlugynda suwuklygyň ýa-da iriňiň üýşmegi, eşidiş turbasynyň adenoýid mäzi bilen dykylmagy hem deprek perdejigiň ses geçirijiligini peseldip bilýändir.

Neýrosensor kerlik – gulagyň içindäki balykgulagyň mehaniki yrgyldylarynyň eşidiş nerw impulslara öwrülmek ukybynyň bozulmagy ýa-da ol impulslary balykgulakdan beýnä tarap gönükdirilmegiň bozulmagy esasynda döreýän keseldir. Balykgulagyň içinde impulslary öwürýän ýörite gyl ýaly inçejik öýjükler ýerleşýär. Gaty sesiň uzak wagtlap gulaga täsir etmegi esasynda ol öýjükler zeperlenýär. Uzak wagtlap içilen antibiotikler ýa-da başga derman serişdeleri, agyr ýokanç keselleriň geçirilmegi şol zeperlenmelere getirýär. Neýrosensor kerlik köplenç gartaşan adamlarda duş gelýär.

Eşidişiň peselmeginiň derejeleri

I dereje – ýeňil hasaplanyp, gulagyň eşidýän ses çägi 26-40 db. deňdir. Eşidiş mümkinçiligi ol diýen peselen däldir we adam 5 m. aralykdaky sesleri eşitmäge ukyplydyr. Ýöne başga sesler we galmagallar bolan halatynda sözleri eşitmek kynlaşýandyr.

II dereje – keseliň ýaýbaňlanmagy netijesinde ýüze çykýar. Sesi kabul etmek çägi 41-55 db. deňdir. Adam sözleri 2-4m. aralykda eşidýär we bu derejede adam özünde eşitme kynçylyklarynyň bardygyna düşünip başlaýar.

III dereje – bu derejede sesi kabul etmek çägi 59-79 db. deňdir. Adam sözleri diňe 1-2 m. aralykda eşidip bilýär. Bu zeperlenmede adam söhbetdeş bolma mümkinçiligini ýitirýär. Näsaga maýyplyk berýärler we gündelik durmuşynda ol eşidiş enjamdan peýdalanýar.

IV dereje – bu derejede ses çägi 71-90 db. ýokarlanýar. Adam sesli galmagallary eşidäýmese, gaty gepleýän adamyny eşitmäge ukypsyzdyr.

Ses kabul etmek çägi 91 db. ýokarlananada kerlik döreýär.

Kerligiň bejergisi

Konduktiw kerligiň bejerilşi

Eşidiş süňkleriň we deprek perdejigiň işjeňligi bozulan bolsa, operatiw bejergi zerur bolýar. Eşidiş ukybyny doly ýa-da bölekleýin dikeltmek üçin bir-näçe operatiw usullar bardyr we olar ses geçiriji ulgamynyň zeperlenmesine laýyklykda saýlanylýandyr:

♦ Miringoplastika – deprek görnüşli perde şikeslenende ulanylyp, ol sintetiki görnüşe çalşylýar.

♦ Eşidiş süňkjagazlary protezirlemek – olaryň hereketjeňligi bozulanda sintetiki görnüşlerine çalşylýar.

Neýrosensor kerligiň bejerilşi

Gulakdaky zeperlenen ýörite ses kabul edýän öýjükleri düzedip bolmaýar. Bu ýagdaýy hirurgiki ýol bilen hem sazlap bolanok. Keseliň başlangyç döwründe, derman serişdeleri (antibiotikler, witaminler, sowuklama garşy ulanylýan gormonal däl dermanlar) bilen bilelikde fiziobejergi, elektrogyjyndyrma, gulaklara howa bermek, kislorod bermek eşidijiligi dikeltmekde gowy peýda berýär. Öň hem, häzir hem agyr derejeli kerligi we iki taraplaýyn neýrosensor kerligi bejermegiň ýeke-täk netijeli usullarynyň biri – eşidiş protezi arkaly eşidişi dikeltmekdir. Ýörite hünärmen tarapyndan eşidiş enjamy saýlanylýar we ornaşdyrylýar. Neýrosensor kerligiň has netijeli operatiw bejergisi höküminde kohlear implantasiýa usulyny belläp geçip bolar. Ýöne bu gymmat operasiýadyr.

Ýatda saklaň! Çagalarda döreýän eşidişiň peselme ýagdaýlarynyň özwagtynda ýüze çykarylmagy we bejerilmegi olarda gepleme ukybynyň saklanmagynyň öňüni almaga kömek eder. Dogabitdi kerlik bilen dünýa inen çagalar 6 aýlyk ýaşyndan bejergi alyp başlamalydyrlar.

Kerligiň öňüni alyş çäreleri

Ylmy barlaglar kerlige getirýän köp sebäpleriň öňüni alyp bolýandygyny belleýär. Bu ugurda geçirilmeli çärelere aşakdakylary degişli edýärler:

• Çagalarda käbir kesellere (gyzamyk, gyzylja, meningit, hapgyrtma) garşy öňüni alyş sanjymlaryň geçirilşine üns bermek;

• Ýetginjek gyzjagazlara we dogurmaga ukyply ýaşdaky aýallara gyzylja garşy öňüni alyş sanjymlary bellemek;

• Göwreli aýallarda ýokanç keselleri bejermek;

• Eşidiş apparatynyň sowuklama kesellerini özwagtynda we dogry bejermek;

• Saglygy babatda ýokary howply topara (pes agramly dogan, sarylama, meningit geçiren, maşgalada ker agzasynyň bolmagy) degişli ýaňy bolan çagalary eşidiş ukybyny barlamaga ibermek;

• Eşidiş ukybyny peseldýän derman serişdelerini lukmanyň gözegçiliginde kabul etmek;

• Ýaşaýyşda, önümçilikde güýçli sesleriň täsirini peseltmek.

Awtor: Emir Aliýew

  • 4239 gezek okalan