• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • “GELIŇ, MEÝHANADA DURUP GEÇELIŇ”...

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

“GELIŇ, MEÝHANADA DURUP GEÇELIŇ”...

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.50 (6 Ses)

arakhorlugyn bejergisi

Käbir adamlaryň aňynda orun alan ýeke-täk ýalan düşünje olary ýalňyşlyga iterýär: haçan-da seni gaýgy-gam, gussa basanda, işleriň ugruna bolmadyk ýagdaýynda, 50 gramjyk aragy jyňkytmaly we sen dünýäň aladasyndan dynýaň... Elbetde, bu ýagdaý belli bir wagt aralygynda aladalardan dyndyryp biler. Ýöne uzak wagtlyk dowam edýän bu hereketler ol adam üçin has uly aladalary – dowamly arakhorlugy (alkogolizm keseli), oňa bolan baglylygy döredip başlar. Islendik araga bolan baglylygyň düýp sebäbini gaýgy-gama, streslere, şowsuzlyklara garşy durmaga başarnygyň ýoklugu bilen baglanyşdyryp bolar.

Geçen döwürlerden bäri arakhorlugy çynlakaý kesel hasaplap, dürli dermanlyk otlary we halk lukmançylygynyň serişdeleri bilen bejermäge synanşypdyrlar. 1951-nji ýylda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy arakhorlugy lukmançylyk bilen bagly bozulma hasaplap başlady. 1956-njy ýylda Amerikan lukmançylyk birleşigi onuň bejerip bolýan keseldigini belledi.

Bejergini başlamazdan öň ilkinji we kyn ädimleriň biri – näsaga bejergä başlamagyň zerurlygyny ynandyrmakdyr. Köp arakhor adamlar bejergi almaklykdan ýüz dönderip, sagaldyş-dikeldiş bölümlerine gelmeýärler. Sebäbi olar öz näsagdyklaryny boýun almaýarlar. Bejerginiň zerurlygy babatda ynandyrmalar olaryň ýakyn garyndaşlary, psihoterapewt lukmanlary tarapyndan berilse, bejerginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga itergi berip biler.

Arakhorlugyň döwrebap bejergileri

Şu günki günde döwrebap lukmançylykda arakhorlugyň netijeli bejergisi köne we täze usullary özünde jemleýär. Olar köpdürli bolup, adamynyň alkogol içgilere bolan garaşlylygyň dowamlylygy, onuň bedeniniň ýagdaýy we ruhy saglygy bilen baglanşylykda lukman tarapyndan saýlanylýandyr.

Bedeni zähersizlendirmek (detoksikasiýa)

Arakhorlygyň yzygiderli bejergisini alyp barmak üçin alkogoly bedeni ýuwup çykarmalydyr. Düzgün boýunça ol bedene damja usuly boýunça dermanlary goýbermeklik bilen amala aşyrylýar:

↺ Antigipoksantlar – öýjüklerde we dokumalarda kislorodyň ýaýraýşyny gowulaşdyrýan, kislorod ýetmezçiligini aradan aýyrýan serişdeler.

↺ Nootroplar we neýroprotektorlar – kelle beýnisini goraýjylar we onuň madda çalşygyny gowlaşdyrýan serişdeler. Netijede ýat gowlaşyp, pikirleniş we beýleki psihiki işjeňlikler ýokarlanýar.

↺ Antioksidantlar – öýjükleri erkin radikallardan goraýan serişdeler.

↺ Antikoagulýantlar – ganyň aşa goýalmagynyň öňüni alýan serişdeler.

↺ Gepatoprotektorlar – bagryň işini gowulandyrýan we goraýan serişdeler.

↺ Damja görnüşde göýberilýän dermanlar – bedenden etil spirtini çykarmana kömek edýän serişdeler.

↺ Arakhorlugyň beden agzalarynda döredýän bozulma alamatlaryny bejerýän serişdeler.

Şu günki günde dermanly bejergi bilen birlikde ugurdaş täze usul hem ulanylýar. Beýle usullaryň biri hem – bioksenly bejergidir. Bu çäre wagtynda näsag kislorod we ksenon garyndysyndan dem alýar. Bu ýagdaý damarlary giňeldip, nerw ulgamynyň işini ýokarlandyrýar, madda çalşygyny güýçlendirýär, emosional ýagdaýy kadalaşdyrýar we özüňi duýujylygy gowlandyrýar.

Beýleki döwrebap bejergi usuly – plazmafarez geçirmekdir. Ol ýörite apparatyň kömegi arkaly gan plazmasyny arassalamakdan ybaratdyr. Zähersizlendirmäniň bu usuly netijeli we ýörgünli bejergi usullarynyň biri hasaplanýar.

"Tikmeklik"

"Tikmeklik" alkogolizmi bejermeklgiň iň irki usullarynyň biridir. Näsaglara kesgitli bir serişde meselem, Torpedo, Esperal, NIT, SIT, Antabus, Disulfiram, Tetlong-250 lukman-narkolog tarapyndan bellenilýär. Düzüminde disulfiram saklaýan bu serişdeler bagryň ferment işläp çykaryjy işine täsir edip, etil spirtini dargadyjylyk ukybyny bozýandyr. Şol esasynda adamynyň ganynda asetaldegidiň ýokary mukdary toplanyp, adamynyň ýagdaýynyň beterleşmegine getirýändir. Netije-de, adam alkogolyň biraz mukdaryny kabul edende hem ýürek bulanma we gaýtarma döreýär, adamynyň gan basyşy ýokarlanýar. Bu usulyň maksady içýän adamda spirtli içgilere bolan ýigrenji döretmekdir. Köp mukdarda spirtli içgi içilen halatynda käbir serişdeler has agyr netijeleri: ýürek ritminiň bozulmalaryny, stenokardiýa tutgaýyny, miokardyň infarktyny, beýni çişmegini döredip biler. Şu sebäpli hem näsagda spirte bolan gorky döräp, ol ony az mukdarda içmekden hem çekinýär. "Tikmeklik" üçin ulanylýan dermanlaryň näsag spirtli içgiden doly ýüz dönderen halatynda hiç hili beden üçin zyýany ýokdur. Bu derman serişdeleri gerdejik, sanjymlar, deriniň içine tikmek üçin niýetlenen implantlar görnüşinde öndürilýändir. Haýsy görnüşde kabul edilýänine garamazdan, bu bejergi usuly lukmanyň gözegçiligi astynda geçirilmelidir.

Kodirleme

Kodirleme – arakhorlugy bejermekde ulanylýan ýene bir netijeli usullaryň biridir. Näsagyň psihikasyna täsir etmeklik arkaly, onda araga bolan gadagançylyk döredilýär. Lukman emosional täsirli söhbetdeşligiň kömegi bilen näsagy spirtli içginiň az mukdarynyň hem jany üçin howplydygy hakynda düşündirip, ony ynandyrýar.

Bejergide uly netije berýän gipnoz usuly hemme näsag üçin gabat gelmeýär. Eger näsagy ynandyryp bolmasa, bu çäre hiç hili peýda bermeýär. Gipnoz ýagdaýynda näsag ynandyrylyp, oňa spirtli içgiden ýüz döndermekligiň, onuň ulanylmagynyň agyr netijelere getirýändigi bilen düşündirilýär. Çäräniň çylşyrymlylygy näsagyň bu ýagdaýda hökmany seri sag, hiç hili içgi içmedik ýagdaýda bolmagydyr. Serhoş ýagdaýda adamynyň berilýän maglumatlary dogry kabul etmezligi ähtimaldyr.

Enjamlaryň kömegi bilen bejeriş

Gurally bejeriş – bu usulda, lukmançylyk enjamy arkaly näsagyň beýnisiniň alkogol garaşlylygyna jogap berýän merkezlerine täsir edilýär. Bu usulyň kömegi bilen beýniň işjeňligi dikeldilýär, spirtli içgilere bolan islegi döredýän merkezler baglanylýar. Içmeklige bolan isleg peseldilýär we näsag durmuşy täzeçe başlamana mümkinçilik gazanýar.

Dünýäde has belli bolan beýniniň tehnologiki elektrogyjyndyrylmasy – TES-bejergisi bolup, Rossiýa Ylmy Akademiýasynyň alymlary tarapyndan işlenilip tapylan usuldyr. Bu usul häzirki wagtda dünýäniň 17 ýurdynda üstünlikli ulanylýandyr. Netijeliligine garamazdan bu usuly ulanmaga birnäçe garşy görkezmeler hem bellenilýändir: agyr şikesler we beýniniň çiş keselleri, nerw ulgamynyň ýokanç keselleri, ruhy keseller we başgalar.

Psihoterapiýa

Psihoterapiýa uzak wagtdan bäri özüniň netijeli usuldygyny görkezip gelýär. Näsagyň emosional-erkinlik ýagdaýyny gazanmak üçin psihoterapiýa usullary bilen täsir edilýär. Geçirilýän çäräniň netijeli bolmagy üçin oňa näsagyň maşgalasynyň gatnaşmagy zerurdyr. Kesgitli wagt içinde, maşgalasy bilen birlikde psihoterapiýany geçmeklik maslahat berilýär. Psihoterapewt näsagyň hossarlary bilen gürrüňdeşlik geçirip, arakhorlugyň sebäbini anyklaýar, maşgala agzalaryň biri-birine ynamyny, gatnaşygyny dikeldýär. Ýakymly gurşaw bilen berilýän goldaw, näsagyň spirtli içgiden daşlaşyp, oňat durmuşa başlamagyna ýol açar. Ýakynlarynyň goldawy öran möhüm bolup, näsag şolaryň täsiri bilen täzeçe durmuşa başlap bilýändir.

Beýleki adaty däl bejergiler

Adaty bolmadyk bejergi usullaryna iňňeler bilen täsir etmek (akupunktura) we meditasiýa degişli edilýändir. Bu usullar adamy gowşadyp, stressi aýyrýar, daşky dünýäniň meselelerinden sowaşdyrýar, spirtli içgä bolan uýgunlaşmaň sebäbine düşünmäge kömek edýär. Iňňeler bilen täsir etmek bedeniň goraglylyk işini ýokarlandyrýar, nerw ulgamyny, bedeni dikeldýär.

Meditasiýa näsaga öz-özüne düşünmäge kömek edip, täze bir zady açmana, meselelerden daşlaşyp, gamgynlykdan azat bolmana ýardam berýär. Bu maksat bilen ýoga we dem almak maşklary ulanylýar. Bu usullary spirtli içgilere garaşly bolmanyň başlangyç döwürlerinde ulanmak netijelidir.

Arakhorlugyň bejergi usullary köpdürlidir, ýöne hemme bellenen maksatlaryň näsagyň özüne we hossarlaryna baglydygyny ýatda saklamalydyr. Içgini taşlamana bolan höwes – bejergä bolan ägirt ädimdir. Maşgalasy, ýakyn hossarlary bolsa hemişe goldaw we goltgy bermäne taýýar bolmalydyr.

Makalanyň adynda ulanylan setir Omar Haýýamyň goşgysyndan alnan

  • 3160 gezek okalan