• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • ÄGÄ BOLUŇ! BOGUJY GAZ

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÄGÄ BOLUŇ! BOGUJY GAZ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.77 (13 Ses)

Uglerod saklaýjy maddalaryň doly ýanmagyna şert bolmadyk islendik ýerlerde bogujy gaz ýa-da uglerodyň okisi (CO) emele gelip bilýär. Bu gaz reňksiz, tagamsyz häsiýetli bolup, onuň ysyny duýup bolmaýar. Uglerod okisiniň iki göwrümi bilen kislorodyň bir göwrüminiň garyndysy ýakylanda partlama ýüze çykaryp biler.

Öý şertlerinde bogujy gaz bilen zäherlenme ýyladyjy peçlerden, suwy ýyladyjy gaz enjamlaryndan nädogry peýdalanmak zerarly döräp biler.

Enjamlaryň nädogry işlemegi kislorodyň ýetmezçiligine sebäp bolup, ýangyjyň doly ýanmazlygyna şert döredip bilýändir.

Güýz-gyş aýlary howanyň sowamagy bilen ýyladyjy gaz peçler giňden ulanylyp başlanýar. Olaryň gurnalyşynda we ulanylyşynda tehniki howpsyzlyk düzgünleriniň inkär edilmegi adamlaryň zäherlenmegine sebäp bolup biler.

Ondan başga-da, soňky ýyllarda hususy awtoulaglaryň köpelmegi sebäpli, ýapyk garažlarda maşyn dwigatellerini işletmekleri netijesinde sürüjileriň arasynda zäherlenme ýagdaýlary köpeldi.

Ýelejiretme şertleri döredilmedik maşyn saklanýan garažlarda bogujy gaz bilen zäherlenmäniň howpy uludyr. Çünki 20 l/s güýji bolan motor, 1 minutda 28 litre barabar CO emele getirip, 5 minutda howada ölüm howply zäherli gazyň mukdaryny döredip bilýändir.

Maşynlaryň çykarýan tüsseleri öz düzüminde 6,3%-den 13,5%-e çenli CO saklaýandyr.

Bogujy gaz bilen zäherlenmeler önümçilik işi netijesinde uglerodyň okisiniň köp mukdarynyň emele gelmegi bilen utgaşýan, kömri kokslaşdyrmak himiki önümçiliginde, agyr metallurgiýada, dag-magdan känlerinde ýüze çykyp biler.

Zäherlenmäniň birinji alamatlary göwrüminiň her 1 litrinde 0,22-0,23 mg CO bolan howadan dem alnanda, 2-6 sagadyň dowamynda ýüze çykyp bilýändir.

Huşuň ýitmegi ýa-da ölüme getirýän agyr zäherlenmeler zäherli gazyň 3,4-5,7 mg/l mukdarynda 20-30 minutdan ýüze çykyp biler.

Bogujy gazyň mukdary 14 mg/l-a deň bolanda agyr zäherlenmeler 1-3 minudyň dowamynda döräp bilýändir. CO öýkeniň üsti bilen gana düşüp gemoglobine täsir edýändir. Kislorody dokumalara alyp barýan gemoglobiniň kislorod bilen birleşmesi bolan oksigemoglobine täsirini ýetirip, onuň karboksigemoglobine geçmegine sebäp bolýandyr.

Oksigemoglobiniň mukdarynyň azalmagy, dokumalaryň kislorod bilen üpjünçiligini azaldyp, kislorod ýetmezçiligine getirýändir. Karboksigemoglobin oksigemoglobinden kislorodyň bölünip aýrylmagyny kynlaşdyryp, ýüze çykan zeperlenmeleri has hem beterleşdirýändir.

Bogujy gazyň zäherleýji häsiýeti aýratyn-da nerw ulgamyna täsirini ýetirýändir. Agyr zäherlenmelerde beýniniň şikeslenmegi, çişginlilik, beýniň ak maddasynyň zeperlenmegi bolup geçýändir.

Nerw ulgamynyň şikeslenmeleri köp ýagdaýlarda çalt geçip gitse-de, köplenç zäherlenmäniň gaýraüzülmesi höküminde köp wagt saklanyp bilýändir.

Köplenç wagtlaýyn ýüze çykýan kakynlylyk, ýadyň ýitmegi, garaguş keseliniň alamatlarynyň ýüze çykmagy, sustupeslik bolup biler.

Bogujy gaz bilen zäherlenmeler öýkeniň işine hem täsir edip, öýken sowuklamalarynyň dürli görnüşini döredip biler.

Zäherlenmelerden soňky birinji sagatlarda ýürek myşsasynda hem şikeslenmeler döräp, olar myşsanyň gan bilen üpjünçiliginiň bozulmagy, ýüregiň damarlarynyň üýtgemegi ýaly alamatlar bilen häsiýetlendirip bilner.

CO bilen zäherlenmelerde huşuň ýitmegi esasy alamatlaryň biri bolup durýandyr.

Huşuň üýtgemeginiň häsiýetine baglylykda, CO bilen zäherlenmesiniň hem üç derejesi kesgitlenýändir:

Ýeňil derejeli zäherlenme – çekge we maňlaýda döreýän, gysyjy häsiýetli kellagyrylar, baş aýlanma, ýürek bulanma ýüze çykýar. Gaýtarma, görşüň bozulmagy bolup biler. Näsaglary dem alşyň kynlaşmagy, gury üsgülewük, ýüregiň ýanynda döreýän ýakymsyz duýgular biynjalyk egip biler. Huşuň ýitmegi bolmaýar.

Gandaky karboksigemoglobiniň mukdary 15-30%-e barabardyr.

Orta derejeli zäherlenme – heläk bolanda ýürek bulanma, dem alşyň kynlaşmagy, howa ýetmezçilik duýgusy, demiň gysmagy ýaly alamatlar ýüze çykyp biler.

Adamyň ýüzüniň gyzarmagy bolup geçýär. Adamyň huşunyň az wagtlyk, 1-2 minutdan 20 minuda çenli ýitmegi mümkindir. Gandaky karboksigemoglobiniň mukdary 30-40%-e deňdir.

Agyr derejeli zäherlenme – huşuň ýitirilmeginiň dürli derejeleriniň (koma gitme ýagdaýy) ýüze çykmagy birnäçe sagatdan bir güne çenli dowam edip biler. Tutgaýlaryň döremegi, bedeniň duýujylygynyň ýitmegi, ysmaz ýagdaýynyň ýüze çykmagy häsiýetlidir. Dem alyş ýollarynyň zeperlenmegi netijesinde dem alşyň üýtgemegi, hat-da dem almanyň saklanmagy hem bolup biler.

Heläk bolanyň derisiniň reňkiniň aýratynlygy hem ünsüňi özüne çekip biler. Zäherlenmäniň birinji minutlarynda ýüzüň derisi gyzyl reňkde bolsa, adam keselhana getirlende, kislorod ýetmezçiligi netijesinde ol gögümtil reňke eýe bolup biler.

Orta we agyr derejeli zäherlenmelerde deriniň gan aýlanşygynyň bozulmagy netijesinde, deriniň şikeslenmeleri (onuň çüýremegi) ýüze çykyp biler.

Köplenç bogujy gaz bilen zäherlenme, onuň esasy alamatlaryny beterleşdirýän beýleki ýagdaýlar bilen utgaşykly geçýändir. Onuň ýaly ýagdaýlara ýangynda gyzgyn howadan, tüsseden dem alma netijesinde dem alyş ýollarynda döreýän ýanyklar degişlidir.

Düzgün bolşy ýaly, heläk bolanyň ýagdaýynyň agyrlygy zäherli gaz bilen zäherlenmä bagly däl-de, dem alyş ýollarynda ýüze çykan ýanyklara bagly bolýar.

Ýanyklar dem alyş ýollarynyň gysylmagy netijesinde dem alyşyň ýiti ýetmezçiliginiň ýüze çykmagy bilen howpludyr. Soňundan bu ýagdaý agyr öýken sowuklamasynyň ýüze çykmagy bilen hem gaýraüzülip biler. Näsaglary gury üsgülewük, bokurdagyň gijemegi, bogulma biynjalyk edip biler. Öýkeniň çişmeginiň ýüze çykmagy bolsa, heläk bolanyň ýagdaýyny has agyrlaşdyryp, ölüm ýagdaýyna getirip biler.

Heläk bolana ilkinji kömegiň berilmegi, ony zäherli gazly ýerden alyp çykmadan başlanmalydyr.

Adamda gowşak, ýüzleý dem alyş dörände, emeli ýol bilen dem berme çärelerini geçirmelidir. Zäherlenmäniň bedene edip biljek täsirlerini ýeňletmek üçin aşakdaky çäreleri geçirmek zerurdyr:

  • Bedeni sürtmek, gyzgyn ýyladyjylary (grelka) heläk bolanyň aýaklaryna goýmak;
  • Gysga wagtlyk naşatyr spirtini ysgatmak. Ýöne naşatyrly pamygy burundan 1 sm-dan az bolmadyk daşlykda saklamalydyr. Naşatyrly pamygy burnuň ýanyndan emaý bilen geçirmelidir, çünki ol burna degende, spirtiň dem alyş merkezine güýçli gyjyndyryjy täsiri netijesinde, onuň işiniň saklanmagy mümkindir;
  • Heläk bolana birinji minutlarda zäherlenmä garşy bolan (antidot) "Asizol" serişdesini myşsaiçre goýbermek bolar.

Nerw we dem alyş ulgamynda ýüze çykyp biljek gaýraüzülmeleriň öňüni almak üçin, orta we agyr derejeli zäherlenmede heläk bolanlar haýal etmän keselhana ýerleşdirilmelidir.

Bogujy zäherli gaz bilen zäherlenmeleriň köplenç, adamlaryň günäsi, geleňsizligi netijesinde bolup geçýänligini ýadymyzda saklamalydyr.

Ýyladyjy peçleri, suw ýyladyjy gaz serişdeleri ýalňyş ulanmak, düşekde çilim çekmek (esasan hem serhoş ýagdaýda), otluçöpleri çagalara elýeterli ýerlerde goýmak ýangynlara we bogujy gaz bilen zäherlenmelere getirýändir.

Işläp duran maşynly ýapyk garažda köp wagtlap bolmak ýa-da açyk howada ýyladyjy enjamy we motory işläp duran maşynda uklap galmak hem zäherlenme babatda uly töwekgelçiligi döredýändir.

Öý şertlerinde we önümçilikde howpsyzlyk düzgünlerini berjaý edip, olary ýatdan çykarmazlyk Sizi we Siziň ýakynlaryňyzy pajygaly ýagdaýlardan aman saklap biler.

  • 3766 gezek okalan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Bogujy gazdan zäherlenmek çalt-çaltdan bolup durmasada, obalarda we şäherlerde duş gelip dur.Bu aýratyn howanyň salkyn we sowuk wagtlary köpelýär. Bulary döredýän gurallary çagalara ynanylman diňe ulylara, mümkin bolsa maşgalada täk bir adama...

Bogujy gazdan zäherlenmek çalt-çaltdan bolup durmasada, obalarda we şäherlerde duş gelip dur.Bu aýratyn howanyň salkyn we sowuk wagtlary köpelýär. Bulary döredýän gurallary çagalara ynanylman diňe ulylara, mümkin bolsa maşgalada täk bir adama ynanmaly.

Dowamy
Ýaşuly.
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Öýde abzallar bize howply diýsek, häzirki wagt awtoulaglaryň örän köpelmegi bilen şäher howasy az mukdarda bolsada uglewod okisine gaplandy. Muňa näme diýjek, nädip adamyny halas etmeli?

Synçy.
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Sowuk wagty güýzde, gyşda bize bir tarapdan bogulma, beýleki tarapdan ýangyn howply bolup dur. Türkmrnlerde aýdylýan "ýalaňaja ýaz şagşy" diýilýäni dogry bolup dur.

Esen
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Saýtda ýazylanlar örän ähmiýetli. Her zadyň oňat tarapynyň bolşy ýaly, erbet tarapy hm bar. Öz durmuşyňa, saglygyňa ägä bol!

Ýigit
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Adamyň heläkçiliginiň esasy sebäpleri geleňsizlik we biperwaýlyk. Şol sebäpden durmuş üçin zerur bolan gaz gurallary adamyň halasgäri bolman,eýsem-de ganymyna öwrüläýýär. Haýp soňky tüýkülik sakal ezmez diýileni bolaýýarda!

Ykjam
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location