• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • OŇURGARA INGISINIŇ ALAMATLARY WE SEBÄPLERI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

OŇURGARA INGISINIŇ ALAMATLARY WE SEBÄPLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.03 (29 Ses)

Ilkinji adamyň aýagyna galyp ýöräp gitmegi, onuň gelejekki nesillerini oňurga bilen bagly bolan ezýetlere sezewar etdi. Dört aýakly haýwanlarda oňurga keselegine ýerleşip, hemme beden böleklerini deňagramlylykda saklamaga kömek berýändir. Şunuň ýaly oňurga hemme ýaramaz täsirleriň, dartgynlylygyň hötdesinden gelip, uzak wagt şikessiz ýagdaýda hyzmat edýär.

Adamda oňurga sütüniň işini ýerine ýetirip, ýeňillik bilen zeperlenýän beden bölegine öwrüldi. Adamynyň ýaşaýyş ýörelgesi, şertleri ony oňurga şikeslenmelerine sezewar edip bilýär. Statistiki maglumatlara görä, her ikinji adamy arkada ýüze çykýan agyrylar biynjalyk edýär. Oňurgalaryň üýtgemelerinden 50 ýaşa ýeten erkek adamlaryň 80%-i, aýallaryň bolsa 60%-i ejir çekýärler. Alamatlaryň ýüze çykmagy bolsa zähmete ukyply ýaşda (ortaça 35 ýaş) başlap biler.

Oňurga bilen bagly zeperlenmeleriň 25-26%-ni oňurgara ingileri döredýändir.

Neýrohirurgiýa ugry boýunça operatiw bejergileriň takmynan 50%-i oňurgara ingiler sebäpli geçirilýändir. Oňurgara ingiler dürli sebäplere görä döräp biler:

  • oňurgara diskleriň alyş-çalyş ýagdaýynyň (distrofiýa) bozulmagy sebäpli (osteohondroz keseli);
  • oňurganyň dürli tarapa gyşarmagy – skolioz (gapdala), kifoz (yza), lordoz (öňe) ýa-da kifoskolioz ýagdaýlary;
  • dogry, dik ýöremekligiň bozulmagy;
  • geçirilen oňurga şikesleri;
  • myşsa ulgamynyň umumy gowşaklygy;
  • stressler, dartgynlylyk ýagdaýlary;
  • galkan şekilli mäziň keselleri;
  • agyr fiziki zähmet bilen meşgullanmak;
  • oňurga bölümlerine agramyň deň bölünmezligi. Meselem, uzak wagt oturyp, öňe eglip işlemek, elleriňi ýokaryk galdyryp, uzak wagt dik durmak, dik durup uzak wagt eglip işlemek.

Mysallardan görşümiz ýaly, esasy agram oňurganyň boýun we bil böleklerine düşýär. Şol sebäpli hem bu bölekleriň ingisi has ýygy duş gelýändir. Oňurgara inginiň emele gelşine düşünmek üçin biraz anatomiýany ýatlamak peýdaly bolar.

Oňurgara disk üç düzüjiden ybarat: olary aşakdan we ýokardan ýapýan kekirdewük plastinalary, fibroz halkasy we pulpoz ýadrosy.
Fibroz halkasy goýy görnüşli ýadronyň daşyna aýlanyp, oňurgara diskleriň elastiki örtügi bolup durýandyr. Ol hemme oňurgalary birleşdirip, olaryň arasyndaky hereketlenmäni üpjün edýändir. Fibroz halkasy bütün oňurga sütünini deňagramlylykda saklamaga ýardam berýändir.

Goýy ýa-da pulpoz ýadrosy bolsa fibroblastlardan, hondrositlerden, gialurin turşulygyndan ybarat dury madda bolup, gaty gysylma netijesinde düzümindäki suwy ýitirip, öz görnüşini we göwrümini kiçeldip bilýändir.

Ýadro möhüm işleri amala aşyrýar: ýokarda ýerleşen oňurga direg bolýar, hereketleri amortizirleýji  we fibroz halkasy bilen oňurganyň bedeniň arasynda suw çalşygyny sazlaýjy bolup durýandyr.

Oňurgara diskdäki suwuň mukdary adamyň ýaşyna we meşgullanýan işine baglylykda üýtgäp durýandyr. Beden garradygysaýy, oňurga ýadrosy gysylma ýagdaýda suwuň gerekli mukdaryny saklap bilmeýär. Şol sebäpli disk öz maýyşgaklyk häsiýetinden mahrum bolup, fiziki agramlylygyň täsiri netijesinde basylyp, fibroz halkasy daşyna çykyp başlaýar. Bu ýagdaý lukmançylykda "protruziýa" diýip atlandyrylýar.

Protruziýa netijesinde diskiň ýyrtylmagy, jaýrylmagy bolup geçip, ol nerw uçlarynyň we baglaýjy süýümleriň basylmagyna getirýär. Bu ýagdaý uzaga çekip biler. Ýöne bir oňaýsyz hereket, agyrlygyň göterilmegi, üsgürmek ýa-da asgyrmak  fibroz halkasynyň yzky böleginiň ýyrtylmagyny çaltlaşdyryp biler. Ol  emele gelen inginiň oňurga kanalyndan çykyp, arka-beýni nerwleriň gysylmagyna sebäp bolup biler.

Oňurgara ingiler ýerleşýän ýeri boýunça dürli-dürli bolup bilerler:

  • Oňurganyň boýun bölüminiň oňurgara ingisi – anatomiki aýratynlyklara görä bu görnüş biraz seýrek duş gelýändir. Şikeslenmeler netijesinden galan üýtgemelerden soň ýüze çykyp biler. Boýun böleginiň ingilerinde beýniň gan aýlanşygynyň bozulmalary bolup geçýär. Ondan başga-da, pilçede, elde agyrylar, olaryň hereketiniň çäkliligi, eliň barmaklarynyň duýujylygynyň bozulmagy, gan basyşyň ýokarlanmagy, baş aýlanma inginiň birinji alamatlary bolup biler.
  • Oňurganyň döş bölüminiň oňurgara ingisi – seýrek duş gelýändir. Belli bir ýagdaýda oturylanda, işlenilende agyrylaryň bolmagy bilen häsiýetlendirilýär. Döşde ýerleşýän agzalaryň kesellerinden, oňurganyň gyşarmalaryndan aýyl-saýyl etmek zerurdyr. Döş bölüminiň ingisi oňurga ýiligini basyp şikeslendirip biler.
  • Oňurganyň bil bölüminiň oňurgara ingisi –  ýygy duş gelip, bu bölüme uly agram salmalar bilen düşündirilýär. Bu bölümde oňurga diskleri has beýik bolup, olaryň aňsat zeperlenmegine esas döredip biler. Ondan başga-da, bu ýerden dik geçýän baglaýjy süýümiň inçeligi we gowşaklygy hem inginiň döremegine sebäp bolýandyr. Bil ingisi bilde we guýrukda agyryny, aýaklaryň yzky we gapdal tarapyna ýaýraýan agyrylary, öte geçen ýagdaýlarda peşewiň we täretiň saklanyp bilmezligi ýaly alamatlary döredip biler.

Bil bölümiň ingisi esasan 30 ýaşdan uly adamlarda ýüze çykyp biler. Inginiň bu görnüşi hereketsiz  ýaşaýyş düzgünli adamlarda has ýygy döräp bilýändir. Oňurgara diskleriň gan damarlarynyň ýoklugy sebäpli, olara ýokumly maddalar başga bölümlerden siňdirilme (diffuziýa) netijesinde geçýändir. Hereketlenme ýetmezçilik edende, diskiň iýmitlenmegi bozulyp, dürli distrofiki ýagdaýlara, şonuň ýaly-da bil bölümiň oňurgara ingisine getirip biler.

Oňurgara inginiň ýüze çykyş derejelerini we ýerini anyklamakda rentgen, ultrases, kompýuter we magnit-rezonans tomografiýa usullary giňden ulanylýandyr.

Anyklaýyş we bejeriş çäreleri neýrohirurg lukmanyň gözegçiliginde alnyp barylmalydyr.

Lukmanlara belli bolan häzirki zaman bejeriş usullary, hirurgiki  bejergini doly görkezmeler bolanda ulanyp, esasan dürli bejeriş meýilnamalary ulanmaga mümkinçilik berýär.

Bejeriş çäreler toplumy inginiň ululygyna, keseliň alamatlaryna we näsagyň ýaşyna görä düzülmelidir.

Oňurgara ingileriň bejergisi esasan üç ugur boýunça alnyp barylýar.

Ilki şikeslenen ýerdäki agyryny, çişginliligi aýryp, kadaly gan aýlanyşygy dikeltmek möhümdir. Bu maksatlar üçin gerdejik, melhem, gel görnüşde sowuklama garşy we agyrsyzlandyryjy dermanlary, glukokortikoidleri, fizioemleri, owkalama we el (manual bejergi) bilen ýörite hereketler arkaly täsir etme usullary ulanýarlar.

Bejerginiň ikinji tapgyrynda nerw süýümleriniň basylma alamatlaryny aradan aýyrma zerurdyr. Onuň üçin ýatyp dogry dynç alma düzgünleri, oňurgany süýndüirme, ýörite ortopediki düşekleri ulanma, fiziki maşklary saýlama usullary ulanylýar.

Bejerginiň iki tapgyryndan soň, inginiň ululygyna täsir edip, ony kiçeltmäge gönükdirilen çäreleri geçirilýär. Bu maksat üçin ingä ýörite derman serişdelerini goýbermek, dermanlary elektrofarez usuly bilen ulanmak usullary ulanylýar. Olar inginiň kiçelmegine we ýumşamagyna kömek edýärler.

Bejergi usullaryny doly we degerli ulanmak we näsagyň ýagdaýyna, alnan netijelere gözegçilik etmek üçin näsag ýöriteleşdirilen keselhana ýerleşdirilse ýerlikli bolýar.

Oňurgara ingileriň hirurgiki bejergisi oňa aýratyn görkezme bolup, bejeriş usullarynyň kömek etmedik ýagdaýynda bellenilýär:

  • peşewi we täreti saklap bilmezlik ýagdaýy ýüze çykanda;
  • 2 hepdeden hem köp wagtda aýryp bolmaýan güýçli agyrylar;
  • inginiň ululygynyň 7 mm-den uly bolup, onuň gatamagy;
  • 3 aýdan köp geçirilýän bejerginiň netijesizligi;
  • aýagyň ýa-da eliň ysmazlygy;
  • nerw süýümleriň zeperlenmegi netijesinde ýüze çykan myşsalaryň gowşaklygy.

Hiç zada garamazdan, bejeriş usullaryň netijesiz bolmagy Sizi hirurgiki bejergini saýlamaga mejbur etse, lapyňyzy keç etmäň!

Häzirki zaman usullar ýüze çykyp biljek gaýraüzülmeleri juda azaltmaga ýardam berýändirler.

Operatiw bejergi diňe 10%-den az ýagdaýda doly netijäni bermän biler.

Derňewleriň görkezişine görä, 20%-den az näsaglarda inginiň täzeden döremegi ýüze çykyp biler.

Operasiýadan soňky gaýraüzülmeleri alma töwekgelligi bolsa 3%-den az görkezijä barabardyr.

Ýöriteleşdirilen keselhanada dikeldiş çäreleriň doly geçirilmegi gaýraüzülmeleriň ýüze çykma derejesini azaldyp biler.

Oňurgara ingileriň bejergisiniň netijeliligi diňe lukmanyň hünärmenlik derejesine däl-de, näsagyň jogapkärçiligine we sagalma bolan islegine hem baglydyr.

Oňurga ingisini diliň aşagyna 1-2 gerdejik goýup çalt bejerip bolmaýar. Sagalmak üçin näsag lukman bilen uzak ýoly geçmeli bolýandyr.

  • 8510 gezek okalan