Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
SEMIZLIGIŇ SEBÄPLERI WE ONUŇ ÖŇÜNI ALMAGYŇ ÇÄRELERI
Semizlik (adopositas) – bu adamyň organizminde ýagyň çenden aşa köp ýygnanmagydyr. Bu ýagdaý adamyň saglyk ýagdaýyna uly howp salýar.
Semizligiň birnäçe görnüşi bolýar. Onuň birinji görnüşi gönüden-göni iýmit faktory bilen baglanyşyklydyr. Ikinji görnüşi bolsa merkezi nerw ulgamanyň we içki sekresiýa mäzleriniň keslleriniň netijesinde ýüze çykyp bilýär.
Semiz adamlaryň 75%-i semizligiň birinji görnüşinden ejir çekýärler. Bütindünýä Saglygy Goraýyş (BSG) guramasynyň bellemegine görä, ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň her üçünji ýaşaýjysynyň agramy kadalaýyk agramdan 20% artykdyr.
Semizligiň IV derjesini tapawutlandyrýarlar:
I derejesi — syrkawyň agramy kadalaýyk agramdan 20-29 % artyk;
II derejesi — syrkawyň agramy kadalaýyk agramdan 39-49 % artyk;
III derejesi — syrkawyň agramy kadalaýyk agramdan 59-99 % artyk;
IV derejesi — syrkawyň agramy kadalaýyk agramdan 100% ýa-da ondan hem artyk.
Adamyň kadalaýyk agramyny anyklamagyň birnäçe usuly bardyr. Ynha olaryň biri:
Brokuň formulasy boýunça adamyň kadalaýyk agramy onuň boýunyň uzynlygyndan 1 metr aýyrmalydyr. Mysal üçin, eger siziň boýuňyz 165 santimetr bolsa, onda siziň kadalaýyk agramyňyz 65 kilogramdyr. (165sm - 100 sm = 65). Bu formula boýy 155 - 165 sm bolan adamlar üçindir. Eger adamyň boýy 165 - 175 sm aralygynda bolsa, 105sm aýyrmalydyr. Eger adamyň boýy 175 - 185 sm aralygynda bolsa, 110sm aýyrmalydyr.
Semizligiň ýüze çykmagyna we erbetleşmegine şularyň sebäp bolmagy mümkindir:
- nesil yzarlama
- endokrin bozulmalary
- az gymyldy-hereketli durmuş
Semizligiň netijesinde şu keseller we kynçylyklar ýüze çykyp biler:
- gan basyşynyň ýokarlanmagy
- ýüregiň işemiýa keseli
- ýogyn we göni içegäniň ragy
- respirator funksiýalarynyň bozulmalary
- öt haltasynda daşyň döremegi
- giperlipidemiýa
- damar distaniýasy (2-nji görnüşi)
- bogunlaryň degeneratiw keselleri
- proteinuriýa
- jyns mäziniň ragy (erkeklerde)
- ýatgynyň, süýt mäzleriniň we ýumurtgalyklaryň ragy (aýallarda)
- tromboemboliki keseller
- gemoglobiniň doýgunlyk derejesiniň artmagy
- dürli deri keselleri
- psihososial zähmet ukypsyzlygy
Semizligi anyklamak
Semizlik ýagly we kuwwatlylygy ýokary bolan iýmitiň gereginden artyk iýilmegiň, aýratyn-da olaryň spirtli içgiler bilen utgaşdyrylmagyň netijesinde ýüze çykýar. Şu ýagdaýyň ýüze çykmagyna gije-gündiziň dowamynda kabul edilýän naharyň esasy mukdarynyň agşam iýilmegi hem sebäp bolýar.
Uzak wagtyň dowamynda şol bir halda işläp oturmak, az hereketlenmek, galkan şekilli, jyns we aşgazan asty mäzleriniň işiniň bozulmalary hem semizlige eltýändir. Aşagzan asty mäziniň işiniň bozulmalary netijesinde insulin gereginden köp işlenilip çykarylýar-da, glyukozanyň artyk mukdary gana geçýär.
Aýýallarda duş gelýän semizlik köplenç çagany emdirmek we aýbaşydan galma döwürleri bilen baglanyşyklydyr.
Semizlikden insultyň bolmagy ýa-da merkezi nerw ulgamyna şikesiň ýetmegi hem ahmaldyr.
Semizlik deride, deri asty öýjüklerde, epikardda, ýag gatlagynda, böwregiň töwereginde, käwagt bolsa ýürek damarlarynyň myşsa süýmleriniň arasynda artyk ýagyň ýygnanmagy bilen häsiýetlendirilýär. Şu ýagdaýlarda bagryň göwrümi ulalýar, aşgazan asty mäzinde we bagyrda ýag galyndylary galýar.
Syrkawyň daş keşbine barlag gözegçiligi geçirilende, onuň ýeňse tarapynda, garnynda, süýt mäzlerinde, otyrýerinde gereginden artyk ýagyň ýygnanandygy görünýär.
Syrkawlar işlänlerinde çalt ýadaýandyklaryndan, dem almalarynyň kynalýandygyndan, işdäleriniň güýçlüdiginden, içleriniň gataýandygyndan, garynlarynyň çişýändiginden, jyns höwesiniň peselýändiginden zeýrenýärler. Syrkawlar gan basyşynyň ýokarlanmasyna, infarktlara we insultlara ýykgyn bolýarlar. Olar içiň ýellenmesinden, sarygaýnamadan, ýürek bulanmalardan ejir çekýärler. Içegäniň hereketjeňligi peselýär. Bu bolsa iç gatamanyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Garyn boşlugyndaky damarlarda gan durgunlygy babasiliň ýüze çykmagyna eltýär. Semiz syrkawlar köp ýagdaýlarda böwrekde daş keseliniň, peşew haltasynyň sowuklamasyndan, uretritden, süýjikeselden ejir çekýärler. Olarda newralgiýa, newritler we guragyrylar köp duş gelýär.
Semizlikde ulanylýan adaty bejergi usullary
Esasy usul – ýörite berhizi saklamak. Semiz adamlar ýagly, kuwwatlylygy ýokary bolan iýmiti az, düzüminde kletçatka bolan iýmiti bolsa köpräk iýmelidir. Şeýle-de bejergi berhizinde ýörite naharlaryň saýlanylmagy wajypdyr. Bu naharlaryň düzüminde farmokoterapewtiki täsirli düzüjiler bolmalydyr. Bu täsir esasan-da, adamyň organizmine esasy iýmit maddalaryň esensial düzüjileriniň (organizmde sintezirlenmeýän) ýetirilmeginden ybaratdyr. Bulara doýgunlaşdyrylmadyk ýag turşulyklary, aminokislotalar, witaminleriň we mineral maddalaryň köpüsi degişlidir.
Semizlige hassahanada bejergi geçirilen ýagdaýynda ýörite berhiz bellenilýär. Onuň esasy wezipesi bedeniň agramyny azaldyp, organizmdäki alyş-çalşygyň bozulmalaryny bejermekden ybaratdyr. Berhiziň kuwwatlylygy we himiki düzümi her adam üçin aýry-aýry bolup, ortaça 1620-1870kkal (semizligiň agyr görnüşlerinde 1200kkal) ybaratdyr. Esasy ýokumly maddalaryň düzümi şulardan ybaratdyr: beloklar 110-110g, ýaglar 80-90g (50% ösümlik ýagy) uglewodlar 120-150g (şekeri bütinleý kabul etmeli däl ýa-da ksilit bilen çalşyrmaly). Şular ýaly berhizlerde ýerine ýetirilmeli talaplar şulardan ybaratdyr: suwuklygy we nahar duzunyň möçberini çäklendirmeli we nahar iýmek üçin bellenilen wagty saklamalydyr. Gije-gündiziň dowamynda kabul edilýän suwuklygyň mukdary 1-1,5 litrden köp bolmaly däldir. Emma organizmdäki suw deňagramlylygy saklamak üçin peşewiň bölünip çykarylmasyna gözegçilik etmelidir: gije-gündiziň dowamynda bölünip çykarylýan peşewiň mukdary 1 litrden az bolmaly däldir. Organizmdäki suw deňagramlylygy saklamak üçin gije-gündiziň dowamynda kabul edilýän nahar duzunyň mukdary 3-5 gramdan artyk (nahar bilen kabul edilýän 3 gr hasaba almazdan) bolmaly däldir.
Günüň dowamynda iýilýän iýmiti 5-6 tapgyrda kabul etmelidir. Şeýle edilende işdä peselýär.
Işe gitmezden öň iýilýän ertirlik doýar ýaly bolmadyr. Şoň görä-de, ertirlige tworog ýa-da iki sany ýumurtga iýmek maslahat berilýär. Günortanlygy ýa-da agşamlygy işdäni peseltmek üçin çig gök önümleri iýmekden başlamaly. Nahar iýlenden soň ýatmaly däl-de, gezelenç etmek maslahat berilýär. Günüň dowamyndaky iň soňky nahary ýatmazdan 2-3 sagat öň kabul etmeli.
Nahar taýýarlanylanda işdäni güýçlendirýän serişdelerden peýdalanmaly däl. Ilki gowrulyp, soň taýýarlanylan greçkani iýmek maslahat berilýär. Çowdary çöregini ýa-da irimçik üwelen undan bişirilen çöregi iýmelidir.
Semizligiň bolan ýagdaýynda gök önümleri köpräk iýmelidir. Olar içegäni boşatmaga ýardam berýär. Gök önümler suwa we kletçatka baý bolup, kuwwatlylygy pes bolýandyr. Olar aşgazanda dokluk duýgusyny döredýärler. Şeýle-de olar C witaminine, karotine we beýleki witaminlere baýdyrlar.
Ýer almasyny (kartoşkany) köp mukdarda iýmek maslahat berilmeýär.
Mesgäni we uýadylan gaýmagy az mukdarda kabul etmelidir. Ýagly naharlardan gaça durmalydyr.
- 9252 gezek okalan