• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • KATARAKTA – ÝAGTY JAHANYŇ ÖŇÜNI TUTÝAN ÜMEZLIK

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

KATARAKTA – ÝAGTY JAHANYŇ ÖŇÜNI TUTÝAN ÜMEZLIK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.83 (12 Ses)

Adamyň ýaşy ulaldygyça, onuň saglygynda dürli näsazlyklar ýüze çykyp ugraýar.  Katarakta hem şeýle näsazlyklyklaryň biri bolup, görüş ukybynyň kütelmegi bilen häsiýetlendirilýär.   Köp adamyň pikirine görä, katarakta belli bir ýaşda boýun bolaýmaly keselleriň biri.  Emma lukmançylyk bir ýerde duranok. Onuň täze döwrebap tehnologiýalary kataraktadan üstün gelip,  sanlyja günüň içinde adamyň görüş ukybyny 100% dikeldip bilýär.

Katarakta sözi gadym grek dilinden gelip çykyp, "şarlawuk" diýmegi aňladýar.  Häzirki zaman oftalmolog-lukmanlary bu meňzetme bilen ylalaşýarlar.  Sebäbi katarakta keselinde göz merjenjiginde (hrustalik)  ümezleme ýüze çykýar, onuň durulygy ýitip, merjenjik ýagtylyk şöhlelerini geçirmegini bes edýär.  Dökülip duran suw edil diwar ýaly daş-töweregiňi gurşap alýan zatlaryň ählisiniň öňüni tutup durýar. Adamyň nazary ýagtylyk çeşmesine ýa-da ýagtylygy serpikdiriji zatlara düşende, töwrekdäki zatlar onuň gözüne goşa görnüp başlaýar. Keseliň soňky derejesinde, ýagny ol doly "ýetişende", göz ýagtylygy düýbünden geçirmän, älem- jahan tümlüge gaplanýar.

Katarakta islendik ýaşda ýüze çykyp bilýär.  Lukmançylykda bu kesel: dogabitdi, gözlere ýeten şikes ýa şöhlelenme zerarly we bedendäki umumy bozulmalar zrarly ýüze çykyp bilýän kesel diýip hasaplanýar.  Ýöne köplenç ol bedeniň garramak ýagdaýyna, şonuň ýaly-da merjenjikde alyş-çalyş ýagdaýlaryň bozulmalaryna, onuň düzümindäki belogyň üytgemegine baglydyr.  Bu kesel köplenç 50 ýaşdan soň ýüze çykyp ugraýar.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatyna görä, dünýäde 17 milliona golaý adam kataraktadan ejir çekýär.  Olaryň esasy bölegi 60 ýaşdan geçen adamlar.  70-80 ýaş aralygyndaky adamlaryň arasynda bu kesele her 1000 adamdan 720-si (260 erkek we 460 aýal) katarakta keseline duçar bolaýr. 80 ýaşdan soň bolsa ählisi diýen ýaly bu kesele duçar bolup bilýär. Statistikanyň görkezmegine görä, katarakta dünýä boýunça 20 million adamyň kör galmagyna sebäp boldy.

Keseliň ösmegine sebäp bolýan faktorlar:

  • Katarakta ata-eneden nesil yzarlamak arkaly geçip, genleriň "oýanmagy" zerarly ýüze çykyp bilýär.  Şeýle-de göwrelilik döwründe ene dürli ýokançlyklary geçirse (gyzylja, uçuk, sitomegalowirus ýokançlygy, gyzamyk, dümew we ş.  m. ), şöhlelenmä sezewar bolsa, güýçli täsir edýän derman kabul etse çaga katarakta keselli doglup biler;
  • Göze ýeten şikes zerarly (himiki, mehaniki, ýarag toplaryndan seňseleme sebäpli);
  • Endokrin bozulmalar (bedende maddalaryň çalyşmasy bozulan ýagdaýynda, süýji keselde, witamin ýetmezçiligi ýüze çykanda);
  • Şöhlelenme, ultramelewşe şöhlelenmesinde, iýonlaşdyryjy şöhläniň uzak täsiri, ýiti günüň şöhlesiniň aşagynda örän uzak bolanyňda;
  • Käbir derman serişdeleri uzak kabul edilende;
  • Daşky gurşawyň ýaramaz täsiri;
  • Çilimkeşlik.

Katarakta diňe okamak, kompýuterde işlemek, telewizora seretmek ýaly göze agram salýan ýagdaýlaryň netijesinde döreýär diýen pikir ýalňyşdyr.  

Keseliň alamatlary

Bu derde duçar bolan adamlarda görüş ýitiligi peselip, olar ýagty jahana edil derlän aýnanyň aňyrsyndan seredýän ýaly bolýar.  Keseliň ösmegi bilen gözüň öňünde zolaklaryň, çyzyklaryň, tegmilleriň ýalpyldysy has ýiti duýulýar, ýiti yşykda duran zatlaryň daşyny ýalkym halkasy tutýan ýaly, ýagtylykda gözde agyry peýda bolup, şekiller goşa görnüp ugraýar.  Katarakta merjenjigiň gyralaryndan döräp başlan ýagdaýynda görmek ukyby ol diýen üýtgemän hem bilýär.  Bu ýagdaýyň merjenjigiň merkezi böleginden başlanmagy bolsa görüş kynçylyklaryna getirýändir. Näsaglar esasan ýakyndan gowy görüp, daşdan pes görýärler.  Okalanda we ýazylanda, ownuk şaýlar bilen işlenende, tikin tikilende kynçylyklar ýüze çykyp başlaýar. Kataraktanyň "bişişmegi" bilen görejiň reňki öçüp, gara reňkden ak reňke boýalýar.

Oftalmohirurglaryň gözegçiligine görä, näsaglaryň 12%-de kataraktanyň "bişişmegi" çalt bolup geçýär. Kesel döränden hirurgiki bejergini talap edip, göz merjenjiginiň doly ümezlemegi 4-6 ýyl aralygynda bolup geçýändir.  Näsaglaryň 15-de haýal ösýän katarakta ýüze çykýar. Ol 10-15 ýyla çekýär.

Bu kesele duçar bolanlaryň 70%-de keseliň dowam etmegi 6-10 ýyl aralygy öz içine alyp, ol hökmany hirurgiki bejergini talap edýär.  

Kataraktany anyklamak

Katarakta – örän "hilegär" kesel.  Ony diňe oftalmolog lukmany anyklap biler.  Gynansak-da, syrkawlaryň köpüsi gözleriniň saglygyna diňe ol "azar berip" başladan soň üns berip ugraýarlar.  Eger siz özüňizde ýa-da ýakynlaryňyzda kataraktanyň alamatlaryny aňsaňyz, tizden-tiz lukmana ýüz tutsaňyz gowy bolar.

Kataraktany anyklamagyň esasy usuly – oňat yşyklandyryjynyň aşagynda gözüň düýbüne gözegçilik etmek.  Ony has çuňňur barlamak üçin ýörite çyra ulanylyp, gözüň biomikroskopiýasy geçirilýär.  Bu çyradan çykýan şöhle gözegçilik edilýän ýere gönükdirilip, ony ulaldyp görkezýär.  Şöhläniň insizçe yşdan gönükdirilýändigi üçin muňa "yşly çyra" hem diýýärler.  Bu tehnologiýa şwed fizigi Guldştrandyň 1911-nji ýylda göz almajygyny ýagtylandyrmak üçin döreden enjamy esasynda döredilendir.

Kataraktany nädip bejermeli?

Damja ulanmalymy ýa-da operasiýa etmeli? Bu sorag derde uçran näsaglaryň her biriniň öňünde dur.  Köp adam ýaragyň aşagyna ýatmaga gorkup, damjalar we derman bilen keselden gutuljak bolýar.  Ýöne olar keseli doly bejermäge ukyply däl.  Ümezligi aýyrmak üçin ulanylýan damjalar we göz dokumasynda maddalaryň çalşygyny kadalaşdyrýan serişdeler (Smirnowyň damjalary, katahrom, witafakol, wisein, witadurol) keseliň diňe başlangyç tapgyrynda kömek edip, meseläni doly çözmäge ukyply däldir.

Kataraktany bejermegiň esasy usuly – ümezleýän merjenjigi hirurgiýa usuly bilen aýyrmak.  Operatiw usuly saýlamazdan öň syrkawy doly barlagdan geçirmeli: keseliň görnüşini we derejesini anyklap, syrkawyň umumy ýagdaýyny, ýaşyny, başga göz keselleriniň barlygyny göz öňüne tutmaly.

Operatiw usul bilen kataraktany haýsy döwürde aýranyň amatly? Bu mesele-de lukmanlaryň pikiri dürli-dürlüdir.  Käbiri kataraktany diňe "bişişen" döwründe aýyrmaly diýse, başgalar bu usuly könelişen hasap edip, onuň 30 ýyl mundan ozal, ýagny tehniki mümkinçilikleriň pes wagty ýerlikli bolandygyny belleýärler.

Häzir ýagdaý düýbünden üýtgedi we görüş ukyby 50%-den pes bolan ýagdaýynda eýýäm hirurgiki bejergi barada mesele gozgalýär, sebäbi gürrüň adamyň ýaşaýşynyň hili barada gidýär.

Kataraktany bejermegiň ýene-de bir giňden ýaýran usullaryň biri – göz merjenjigini ultrases ýa-da lazer bilen owratmak.  Merjenjigi owunjak bölejiklere pytradyp, soňra sorup aýyrýarlar.  Ýöne bu usul şikesli (trawmatik) hasaplanýar.

30 ýyl mundan ozal kataraktany hirurgiýa usuly bilen bejerenlerinde, syrkawlara operasiýadan soň galyň linzaly (12 dioptriý) äýnek dakynmak bellenýärdi.  Ähli şekiller uly bolup görnüp, görüş meýdany çäklenýärdi, basgançakdan galyp düşmek hem kynlaşýardy.  Emma tehnikanyň çalt depginde ösmegi täze, kämil usullary döretdi.  Indi gözüň tebigy merjenjiginiň ýerine emeli polimer materiallardan taýýarlanan merjenjigi goýmak mümkin boldy.  Häzirki döwür bu usul iň oňaýly we isleg bildirilýän usullaryň biridir.

Kataraktany dürli usul bilen bejerip bolýar.  Adaty usul bilen operasiýa edilende uly kesik – 5mm  golaý, täze usul boýunça göz perdesinde 2 millimetrden uly bolmadyk kesik edip, ondan tebigy merjenjigiň ýerine emeli, täze, ýumşak, inçejik turbajyk ýaly edip dolanan merjenjigi oturdýarlar.  Gözüň içinde ýerleşdirilen soň, ol hakyky bolmaly ululygyna eýe bolup, üç esse ulalýar.  Operasiýa ýerli narkoz bilen geçirilip, 10 minutdan köp wagty almaýar, syrkaw eýýäm ertesi gün öýüne gaýdyp bilýär. Operasiýadan soň gaýraüzülmeleriň öňüni almak üçin birnäçe ýönekeý, emma wajyp düzgünleri berjaý etmek zerurdyr:

Lukmanyň maslahatlaryny doly berjay edip, bellenilen wagtda barlaga baryň;

  • Gözleri hapa düşmeden goraň;
  • Operasiýa geçiren gözi ellemekden saklanyň;
  • Lukmanyň bellemedik, özaşdak taýynlanan derman damjalaryny ulanmakdan gaça duruň;
  • Operasiýadan soň bir günüň dowamynda aşak egilmekden saklanyň;
  • Operasiýadan soň 2 hepde agyr fiziki işi ýerine ýetirmekden saklanmalydyr.

Emeli merjenjikler kataraktany aradan aýyrmak bilen çäklenmän, eýsem gözden dürli aralykda duran zatlary aýdyň görmek bilen bagly meseleleri hem çözýär.  Bular ýaly merjenjikler uzaklykdan hem ýakyndan görmek ukybyny sazlamak bilen, operasiýadan soň äýnek geýmek zerurlugyny aýyrýar.

Operasiýadan soňky dikeldiş döwri bir aýa çekse-de, eýýäm bir hepdeden işe başlamaga rugsat berilýär.  Eger ol gaýraüzülmesiz geçse, emeli merjenjik hiç hili azar bermän, gözüň içinde ömürlik durup adama hyzmat edip bilýär.

Gözler  ynsana berlen deňsiz-taýsyz peşgeşdir.  Olar biziň içki dünýämizi açyp, häsiýetimizi, keýpimizi, saglygmyzy görkezýär.  Şonuň üçin-de, görer gözüň gymmatyny ýaşlykdan bilip, ony sagdyn saklamak, ýagty jahana ömrümiziň dowamynda aýdyň garaýyş bilen bakmak üçin, elimizde baryny etmelidir.

Ulanylan WEB Salgylar: 1 / 2

  • 6180 gezek okalan