• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • WENA DAMARLARYNYŇ WARIKOZ GIŇELMESI

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

WENA DAMARLARYNYŇ WARIKOZ GIŇELMESI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.83 (12 Ses)

Owadan, sagdyn aýaklar her bir adamyň, esasy hem zenan maşgalanyň bezegidir. Olar – ýeňil ýöreýiş, çalasynlyk, bedeniň durkunyň gözelligi, görmegeýlik, sagdynlyk we ajaýyp keýpihoşlukdyr. Ýöne iň owadan we sagdyn aýaklar hem yzygiderli ideg-aladany talap edýär. Sebäbi, iru-giç torjagaz bilen örtülen ýaly damar "ýyldyzjyklary" ýa-da düwün-düwün çişip duran damarlar aýagyň gelşigini gaçyrmagy ahmal. Ýöne keseliň esasy howpy aýagyň görküniň ýitmeginde hem däldir. Eger damar bozulmalary wagtynda bejerilmese, aýagyň çuňňur we ýüzleý wena damarlaryndaky gan basyş has ýokary galyp, birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler.

Warikoz – "varix", "vacicis" diýen latyn sözünden gelip çykyp, çiş, düwün diýmegi aňladýar we wena damarlarynda kadaly gan aýlanyşygyň bozulmagy bilen häsiýetlendirilýär. Bu kesel damar diwarjygynyň gowşaklygy, onuň işjeňliginiň we çeýeliginiň ýitirlmegi, damaryň klapan apparatynyň ýetmezçiligi zerarly ýüze çykýar. Ýöne bular keseliň ýüzleý sebäpleridir. Onuň esasy sebäbi bolsa, damaryň içiniň gan basyşynyň ýokarlanmagy, onda gan aýlanyşygyň bozulmagydyr (gan lagtalarynyň emele gelmegi).

Biz gan damarlarynyň esasy iki görnüşini bilýäris. Olaryň biri – arteriýalar, ikinjisi bolsa wenalardyr. Damarlaryň esasy wezipesi bedenden işlenen, "hapa" gany, aýlap çykarmak we öýjükleri hem dokumalary ýokumly maddalar bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Wena damarlary boýunça gan ýürege tarap hereket edip, öýkene barýar. Ol ýerde kisloroda baýlaşyp, ýaramaz maddalardan saplanýar we arterial gana öwrülýär. Aýagyň ujundan ýürege barmak üçin gan ýeriň dartyş (grawitasiýa güýji) güýjünden üstün çykyp, dik ýokaryk tarap hereket edýär. Adamyň bedeniniň gan aýlanyşy örän çylşyrymly tapgyrdan geçýär. Wena gany deriniň, deriasty ýag gatlagynyň we myşsalardaky ýüzleý damarlar boýunça hereket edip, baglaýjy (kommunikant) damarlara geçýär. Bu ýerde ýörite gan geçiriji klapanlary ýerleşýär. Olar gany ýüzleý damarlardan çuňňur damarlara geçirmek wezipesini ýerine ýetirip, gany diňe bir tarapa geçirýärler we yzyna akmagyna böwet bolup berk ýapylýarlar. Hereket edilende injik we but myşsalarynyň ýygrylmasy esasynda aýagyň çuňňur wenalary basylýar. Sagdyn wenalarda berk ýapylan klapanlar gany yzyna geçirmeýänligi sebäpli, gan ýokaryk ýürege tarap hereket edip başlaýar.

Klapanlaryň işiniň bozulmagy (olaryň doly ýapylmazlygy) bolsa, wenada gan aýlanşygyň bozulmagyna getirýär – gan çuňňur damardan ýüzleý damarlara gaýdyp gelýär. Netijede damarda gan toplanýar, gan basyş bolsa barha ýokarlanýar. Damaryň diwary muňa çydaman edil ýel berlen topjagaz ýaly çişip başlaýar we deriň aşagynda dykyz gök düwünleri emele getirýär. Ganyň ýüzleý wena damarlarynda ýygnanýanlygy sebäpli aýakda çiş döreýär we derä, derasty ýag gatlagyna eritrositleriň (gyzyl gan öýjükleriniň) çykmagyna getirip, olarda özboluşly gök-çal tegmilleri döredýär.

Wena damarynyň warikoz giňelmesiniň alamatlary

Warikoz keseli XX–XXI asyrlaryň keselidir diýsek, hakykatdan daşlaşdygymyz bolar. Bu kesel gadym döwürden bäri adamlary ynjalykdan gaçyryp gelýär. Lukmançylyk baradaky gadymýetiň ylmy eserlerinde wena damarynyň warikoz giňelmesi baradaky maglumatlar gabat gelýär, gadymy Rimde bolsa, wena  ýetmezçiliginden halas bolmak üçin, aýaklaryna deri oraýanlar eken.

Çalt ýadaýan aýaklar, wena damarlarynyň keseliniň ilkinji alamatlarynyň peýda bolandygyny aňladýandyr. Gijelerine, has hem uzak wagt aýak üstünde gezilenden soň, daban, topuk töwereginde çiş peýda bolup, ynjalykdan gaçyrmagy – damarlarda ganyň hereketiniň kynlaşanlygynyň aýdyň alamatlarydyr. Mundan soň, haýal etmän aýaklarda ilkinji warikoz giňelen damarlar peýda bolýar. Üýtgän damarlar – mawy-gök ýa-da gyzyl reňkli "ýyldyzjyklary", kapillýar "kerebini", giňelen wena we warikoz düwünlerini emele getirýär. Käwagt aýaklaryň damary çekýär, ýognaýar, aýaklaryň ýa-da bogunlaryň derisinde ýaraly şikesler peýda bolmagy hem ahmal.

Agyrlyk, awuşama, wagtal-wagtal sançma we gijilewük, agyry we çişme, "ýyldyzjyklar", wena damarlarynyň çişmegi aýaklaryň gözelligini we saglygyny gyssagly halas etmelidigini habar berýän "buşlukçylardyr". Damar keselleri başlanda zyýansyz bolup görünse hem, bejerilmedik ýagdaýynda howply kesele öwrülmegi ahmal. Onuň gaýraüzülmeleri:

  • wena damarlarynyň dowamly ýetmezçiligi;
  • deri ýaralary (trofiki başlar);
  • aýaklar zeperlenende, güýçli damar gan akmasy;
  • tromboflebit ( wena damarynyň belli bir böleginiň sowuklamagy we onda gan lagtalarynyň emele gelmegi).

Tromboflebit warikoz keseliniň has howply gaýraüzülmesidir. Islendik wagt lagtalanan gan ýürege tarap "atylyp" we damary dykyp, näsagy heläk edip bilýär.

Häzirki döwürde wena damarlarynyň warikoz giňelmesiniň esasy we giňden ýaýran sebäplerine nesil  yzarlamak, mehaniki we gormonal faktorlar degişli edilýär. Bu keselde köplenç iki aýak hem zeperlenýär. Ýöne keseliň başynda ynjalyksyzlyk bir aýakda, esasan sag aýakda peýda bolup, birnäçe wagtdan soň ikinji aýaga geçýär. Adamyň bedeni dik ýagdaýda bolanlygy sebäpli, bu kesel diňe iki aýakda ýöreýän ynsanlara mahsusdyr. Wena damarlarynyň warikoz giňelmesiniň esasy sebäpleri:

  • Gormonal üýtgeşmeler (göwrelilik, aýbaşydan galma, ýetginjeklik döwri, göwreliligiň gormonal öňüni alyş serişdeleri ulanylanda we ş.m.) damar diwarynyň gurluşyna we çeýeligine täsir edip, haýallyk bilen ony gowşadýarlar we dargamagyna sebäp bolýarlar.
  • Göwrelilik warikozyň ýüze çykmagynyň esasy faktorlaryň biridir. Gormonal üýtgeşmeleriň daşyndan, ulalýan ýatgy we düwünçek ýanbaş wena damarlaryna basyp durýar we aýaklardan ganyň geçmegini kynlaňdyrýarlar.
  • Semizlik aýaklaryň wena damarlaryna düşýän agramyň ýokarlanmagynyň bir sebäbidir.
  • Iş düzgüni iş aýratynlygyna görä uzak wagtlap bir ýerde aýak üstünde durmaly bolýan adamlar (dellekçiler, aşpezler, mugallymlar, hirurglar we ş.m.).
  • Dar, damarlara agram salýan eşikleri geýmek (eger-de, olar gasygyň töweregindäki esasy wena damarlaryny gysýan bolsa). Aýallaryň beýik ökjeli köwşi geýmegi hem sebäp bolup bilýär.
  • Güýçli fiziki agramlylyk agyr ýükleri götermek.
  • Ýylylyk bilen bejergi usullaryny (sauna, hammam) çensiz ulanmak hem warikoz keseline getirip biler.

Aýak wenalarynyň warikoz giňelmegi aýallarda, erkek adamlara garanyňda iki esse köp duş gelýär. Munuň sebäbi aýal bedeniniň özboluşly gormonal aýratynlygyndadyr. Erkek adamlaryň bu kesele duçar bolmagyna bolsa, ýokarda belleşimiz ýaly: agyr ýükleri götermek; sportuň käbir görnüşleri – mysal üçin, kulturizm we agyr atletika bilen meşgullanmak; şeýle hem ýaramaz endikler – çilimkeşlik, arakhorluk; iýmitde çenden aşa ýiti, ajy önümleri ulanmak täsir edip bilýär.

Wena damarynyň warikoz giňelmesini anyklamak

Köp ýyllaryň dowamynda lukmanlaryň elleri warikoz keselini anyklamak üçin esasy gural bolup geldi. Häzirki ylmyň we tehnikanyň ösen döwründe damarlaryň barlagyny geçirmek üçin dürli gurallar döredilip, dürli usullar ulanylýar. Mysal üçin:

  • ultrases dopplerografiýasy - aýaklarda, damar boýunça gan akymynyň ugruny we tizligini anyklamaga ýardam berýär;
  • ultrases angioskanirlemesi – damaryň durkuny, diwarynyň gurluşyny, damarda ganyň ýagdaýyny we ugruny anyklamaga ukyply;
  • pletizmografiýa – aýaklarda gan aýlanyşygyň umumy ýagdaýyny, gan ýetmezçiligini anyklamak üçin, trofiki bozulmalary bejermek üçin ulanylýar.

Bu barlaglaryň ählisi näsagyň arzlaryny we keseliň taryhyny anyklap, ilkinji lukmançylyk barlagyny geçirmegiň zerurlygyny aradan aýyrmaýar. Warikoz öz-özünden geçýän kesel däldir. Anyklaýyş işleri geçirilip, damarlaryň zeperlenme derejesi ýüze çykarlandan soň lukman bejergi belleýär.

Wena damarynyň warikoz giňelmesini bejermek

Soňky ýyllarda wena ýetmezçiligini bejermek üçin dürli derman serişdeleri işlenip taýýarlanyldy we olary kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Damar giňelmesini bejermekde ulanylýan dürli hirurgiýa  gurallary yzygiderli kämilleşdirilip gelýär.

Aýagyň warikoz keseliniň ýüze çykyş derejesine baglylykda, flebolog lukmanlary dürli bejeriş usullaryny ulanyp bilerler. Bejergi konserwatiw we hirurgiki usullary bilen geçirilip bilner. Konserwatiw usuly özbaşdak ýa-da hirurgiki usul bilen utgaşykda geçirilip, olara derman serişdeleri (lioton, troksewazin, trokserutin,wenoton we başgalar) we melhem (kompression) usullary degişli edilýär. Bu usullar aýaklaryň gan we limfa aýlanşygynyň kadalaşmagyna, çişginliligiň azalmagyna, aýaklaryň agyrlygyny hem-de agyrsyny gowşatmaga, ownuk damar "torjagazlarynyň" emele gelmeginiň öňüni almaga kömek edýärler.

Kompression (basyş arkaly) bejergisine köp ýyllaryň dowamynda derman we operasiýa bejergisine goşmaça usul hökmünde garalýardy. Ýöne bu usul gadym döwürlerden bäri belli bolup, diňe soňky ýyllarda warikoz keselinde özbaşdak bejergi hökmünde ulanylyp başlandy. Bu bejergi usuly dürli görnüşli bejergi üçin niýetlenen süýnýän sargylary we ýörite bejergi üçin niýetlenen melhem trikotažyny ulanmagy göz öňüne tutýar. Melhem trikotažyndan uzyn we gysga joraplar, kolgotkalar taýýarlanýar.Warikozyň ýüze çykyş derejesine görä, lukman tarapyndan dürli basyşy döretmäge kömek berýän trikotaž sargylar saýlanyp bilner.

Geçen ýyllarda wenanyň zeperlenen bölegini kesip aýyrmak (flebektomiýa) hirurgiki bejerginiň ýeke-täk usuly bolup, işe ýarawsyzlyk döwrüniň uzalmagy we deride tyg yzlarynyň galmagy bu usulyň ýetmezçiligi bolup durýardy.

Häzirki wagtda warikozy bejermekde netijeliligi bilen tapawutlanýan birnäçe usullar ulanylýar:

  • fotokoagulýasiýa – köplenç inçe damarjyklaryň (diametri 1 sm-den kiçi bolan) giňelmesini aýyrmak üçin ulanylýar.
  • skleroterapiýa – zeperlenen wena damarlaryna "guradyjy" serişde sanjym arkaly göýberilip wena diwarynyň gurap bitişmegi gazanylýar. Bu usuly keseliň irki tapgyrlarynda ulanma netijeli bolýar. Şonuň ýaly-da, skleroterapiýa hirurgiki bejergä taýynlyk höküminde ulanylyp bilinýär.
  • ozonoterapiýa – damaryň içine göýberilýän ozon onuň diwarlarynyň bitişmegine kömek berýär.
  • lazer koagulýasiýasy – wena diwarlarynyň ýapylmagy lazeriň täsiri netijesinde bolup geçýär.Onuň üçin ýerli agyrsyzlandyrma bilen, kiçijik kesikden maýyşgak ýagtylyk diodi damaryň içine salynýandyr.

Bu usullar netijesinde bedeniň şikeslenmeginiň peselmegini, dikeldiş döwrüniň gysgalmagyny, deride tyg yzlarynyň galmazlygyny we ýokary netijeliligi gazanyp bolýar.

Warikoz keseliniň bejergisi bejeriş çäreleriniň birnäçesiniň utgaşdyrylmagynda geçirilip, flebolog lukmanyň kadaly gözegçiligini talap edýändir.

Wena damarynyň warikoz giňelmesiniň öňüni almak

Ýokarda bellýeşimiz ýaly, warikoz keseli bejergisiz gutulmaýar. Ýöne siz onuň öňüni almak, kesel ýüze çykan ýagdaýynda bolsa agyryny peseldip, ynjalyksyzlygy azaldyp bilersiňiz.

Uzak wagt, hereketsiz aýak üstünde durmajak boluň, yzygiderli hereket edip, bedeniň duruş ýagdaýyny üýtgedip duruň, oturan ýeriňizde ýatmaň. Eger-de siz uzak wagtlap oturmaly bolýan bolsaňyz, daban bilen injik arasyndaky boguny hereketlendirip duruň, 45-60 minutdan ýeriňizden turup, aýagyňyzy ýazyň. Şonda  ganaýlanyşa goltgy berersiňiz. Oda golaý oturmaň. Daş-töweregiň ýokary temperaturasy bilen hereketsizlik goşulanda wena damarlary giňeýär, gan aýlanyşygy haýallaýar we aýaklarda biynjalyklylyk peýda  bolýar. Wannany agşam kabul etmäge çalşyň. Ol irden kabul edilse, wena damarlarynyň gaýtadan giňemegine, gan aýlanşygynyň togtamagyna we agyry alamatlaryň peýda bolmagyna getirip biler.

Hiç hili ýürek keseli bolmadyk, ýöne wena damarynyň warikozyndan ejir çekýänlere, dabanyny ýüreginiň derejesinden ýokary galdyryp ýatmak maslahat berilýär. Şuny güniň dowamynda 3-4 gezek, 5-10 minudyň dowamynda ýerine ýetirmek bolýar. Duzly iýmiti aşa köp iýmek, bedende suwuklygyň köp saklanmagyna getirýär.

Ýörite bejergi kolgotkalaryny we joraplaryny geýiň. Şonda siz ýumşak dokumalarda suwuklygyň saklanmagynyň öňüni alarsyňyz.

Eger sizde warikoz keseliniň başlangyç alamatlary ýüze çykan bolsa, ýönekeýje düzgünleri berjaý etmeklik keseli haýallatmaga, käbir ýagdaýlarda bolsa mundan beýläk ösmeginiň öňüni almaga kömek eder. Dar dartyp duran eşikleri, rezini gysyp duran joraplary geýmejek boluň. Olar damary gysyp durýar. Bedeniň artykmaç agramy – semizlik, aýaga agram salýan sportuň görnüşleri wena damarlaryndaky gan basyşy ýokarlandyrýar. 4 santimetrden beýik bolan ökjeli aýakgaplar hem siziň aýaklaryňyza ýaraýan däldir!

Damarlaryňyzy aýaň, öz "eliňiz" bilen olara zeper ýetirmäň! Siziň köpiňiziň eklenjiňiz aýak bilen bagly bolany sebäpli, esasy howply topara girýändigiňizi unutmaly däl.

Ulanylan WEB Sagylar: 1 / 2 / 3

  • 5447 gezek okalan