• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • WEGETO-DAMAR DISTONIÝASY: SEBÄBI, ALAMATLARY, BEJERGI ÇÄRELERI

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

WEGETO-DAMAR DISTONIÝASY: SEBÄBI, ALAMATLARY, BEJERGI ÇÄRELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (12 Ses)

Wegeto-damar distoniýasy iň ýygy duş gelýän we alamatlaryň köpdürliligi bilen tapawutlanýan nerw ulgamynyň bozulmasy bolup, onuň dürli beden kesellerini güman etmäge esas döredýän alamatlar toplumy bilen ýüze çykmagy, bizi "aldawa" duçar edip biler. Bu kesel babatda döräp biljek esasy soraglaryň üstünde durup geçeliň.

Wegeto-damar distoniýasy näme?

Wegeto-damar distoniýasy (neýrosirkulýator distoniýa) – bu bedende iki sany esasy fiziologiki hadysalary  amala aşyrýan wegetatiw nerw ulgamynyň işiniň bozulmagydyr. Ol esasy beden hadysalary aşakdakylardan ybaratdyr:

► Bedeniň içki gurşawynyň (bedeniň gyzgyny, arterial gan basyşy, ýürek urmasy, dem alşyň ýygylygy, derleme, madda çalşygynyň tizligi we ş.m.) durnuklylygyny üpjün edýär we goraýar. 

► Bedeniň işjeň ulgamlaryny daşky gurşawdaky bolup geçýän üýtgeşmelere (fiziki we akyl zähmetine, dürli dartgynly ýagdaýlara, howanyň üýtgemegine, howa şertlerine we ş. m.) uýgunlaşmak üçin taplaýar.

Wegeto-damar distoniýasy ýygy duş gelýärmi?

Wegetatiw bozulmalar örän ýygy duş gelip, ilatyň arasynda duş gelýän nerw ulgamyň keselleriniň  80 %-ni bu bozulma tutýandyr. Olaryň 3/1 bölegi newropatolog  lukmanyň bejergisini we gözegçiligini talap edýändir.

Bu kesel  haçan ýüze çykýar? 

Keseliň ilkinji alamatlary çagalyk ýa-da  ýaşlyk döwründe ýüze çykyp bilýär. Has aýdyň alamatlar 20-40 ýaş aralygynda ýüze çykarylýar. Wegeto-damar distoniýasy erkeklere garanyňda, aýallarda 3 esse ýygy duş gelýär. 

Wegeto-damar distoniýasynyň sebäpleri

Wegeto-damar distoniýasy dürli sebäplere görä döräp bilýär:

1. Emosional (duýgy) dartgynlygy;

2. Bedende gormonal üýtgeşmeler bolup geçende (jyns taýdan ýetişmek, göwrelilik, aýbaşydan galma döwri);

3. Howa şertleriniň üýtgemegi;

4. Fiziki, akyl, duýgy dartgynlygy;

5. Newrologik, beden ýa-da endokrin kesellerinde;

6. Nerw bozulmalarynda. 

Wegeto-damar distoniýasynyň nesil yzarlaýjylyk häsiýetini bellemek wajypdyr. 

Wegeto-damar distoniýasy nädip ýüze çykýar?

♦ Wegeto-damar distoniýasynyň ýüze çykmagy, bedeniň bir ýa-da birnäçe ulgamynda wegetatiw nerw ulgamyna jogap berýän hadysalaryň bozulmagy bilen baglydyr;

♦ Ýürek-damar ulgamynda: arterial gan basyşynyň ýokarlanyp ýa-da pese düşüp durmagy, ýürek urmasynyň ýygylygynyň bozulmagy (köplenç ýüregiň çalt urmagy), döş kapasasynyň sag tarapynda ýüze çykýan agyry (kardialgiýa);

♦ Dem alyş ulgamynda: howa ýetmezçiligini duýmak, demgysma, bogulma, uludan dem almagyň kynlaşmagy, ýygy dem alma;

♦ Aşgazan-içege ulgamynda: ýürek bulanma, gaýtarma, içiň ýellenmegi, sary gaýnama, gägirme, içiň gatamagy, içgeçme, garyndaky agyry;

♦ Bedeniň gyzgynyny sazlaýjy ulgamynda: biraz gyzgynyň galmagy, üşütme, aşa köp derlemek, birden yssylamak ýa-da üşemek;

♦ Westibýulýar (deňagramlylygy saklama ukyby) ulgamynda: başaýlanma, özüňden gitme;

♦ Peşew-jyns ulgamynda: ýygy-ýygydan buşukma, jyns agzalarynda döreýän gijilewük we agyry;

♦ Wegeto-damar distoniýasynda wegetatiw bozulmalar hökman emosional (duýgy) taýdan bozulmalar bilen ýüze çykýar: ynjalyksyzlyk, howsalalyk, gaharjaňlyk, ýadawlyk, işe ukyplylygyň peselmegi, içki dartgynlylyk, keýpsizlik, zarynlylyk, ukynyň we işdäniň bozulmagy, dürli zatlardan gorky. 

Nähili ýagdaýlarda newropatolog lukmana ýüz tutmaly? 

♦ Wegetatiw alamatlar siziň gündeki durmuşyňyza päsgel berip, adaty ýerine ýetirýän işleriňizden ýüz öwürmäge mejbur eden ýagdaýynda;

♦ Ähli ýakymsyz zatlara diňşirgenip, hemişe içgi dartgynlykda ýaşaýan bolsaňyz;

♦ Wegeto-damar distoniýasy sizi yzy üzülmez  howsalalyga ýa-da çaşmaga sezewar edende;

♦ Ýakymsyz alamatlar gün-günden artyp, olaryň üstüne täze ýakymsyz duýgular goşulanda. 

Haýsy barlaglardan geçmek zerur? 

1. Ilki bilen somatik, newrologik we endokrin keselleri anyklamak  (newrolog, endokrinolog we terapewt lukmanlarynyň maslahaty);

2. Wegetatiw  bozulmalary bar bolan ulgam barlagdan geçirilmeli (elektrokardiografiýa, arterial gan basyşynyň bir gije-gündiziň dowamynda üýtgemegine gözegçilik etme, ehokardiografiýa, degişli beden agzalarynyň USB-gy, degişli gormonal barlaglary we başgalar)

Wegeto-damar distoniýasynyň  bejeriş çäreleri

Bejergi çäreleri ýüze çykyş alamatlaryň häsiýetine görä saýlanyp, bu maksat üçin wegetatiw we merkezi nerw ulgamyň işini kadalaşdyryjy, ýürek-damar ulgamynyň işini sazlaýjy derman serişdeleri, psihoterapiýa, owkalama, iňňe refleksoterapiýasy, fizioterapiýa, fototerapiýa, gidromassaž wannalary, şypahana bejegileri giňden ulanylýar. Ýokary nerw duýgurlygyny peseltmek maksady bilen ýörite witaminler we minerallar toplumy ulanylýar. Bejergi bozulmalaryň häsiýetine görä 4-6 aý dowam edýär. Käte 2-4 aý dowam edýän öňüni alyş bejergisi hem geçirilýär. 

Wegeto-damar distoniýasyny özbaşdak bejermäge synanyşýanlaryň sany örän köp. Olar trankwilizatorlary ýa-da köşeşdiriji serişdeleri içip başlap, olara öwrenişýärler. Wagtyň geçmegi bilen, şol derman serişdeleriniň täsiri peselýär ýa-da olar asla täsir etmegini goýýar. Şonuň üçin-de, derman serişdelerini diňe lukmanyň görkezmesi bilen kabul etmek zerurdyr.

  • 3725 gezek okalan

Teswirler (2)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Men Näzbibi-Lukman siziň ýazanlarymyň köpüsi mende bar men MRT barlygyň geçdim maňa kelläňde kista bar diýdiler şu siziň ýazanyňa bagly bolup bilermi?

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Hormatly lukman şu kesel horlanma sebäp bolup bilermi

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location