• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • WITILIGO (PIS AÇMA) KESELI: SEBÄPLERI, BEJERGISI, ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

WITILIGO (PIS AÇMA) KESELI: SEBÄPLERI, BEJERGISI, ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.29 (41 Ses)

Salam, Lukman aga! Witiligo keseli haýsy sebäplere görä döreýär? Bu kesel nähili geçýär? Oňa garşy nädip göreşmeli? Bejerginiň ygtybarly usullary barmy? Biziň ýurdumyzda bu kesel nirede, nähili usulda bejerilýär? Bu keseli öý şertlerinde nähili derman serişdeleri bilen bejerip bolýar? Umuman, şu kesel barada maglumat berseňiz hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Witiligo (gazanylan leýkoderma, leýkopatiýa ýa-da pis açma) – dowamly  kesel bolup, deriniň ýüzünde  tegmilleriň peýda bolmagy we ulalyp ýaýramagy bilen häsiýetlendirilýär. Bu kesel gadym zamanlardan bäri belli bolup, latyn diliniň "vitium" sözünden gelip çykýar we ýetmezçilik, "göz degme" diýmegi aňladýar. Witiligo örän agyr we döreýiş sebäplerini  düşündirmesi kyn bolan keselleriň biridir. Ol adamyň ýaşyna, durmuş şertlerine, ýaşaýan sebidine garamazdan  ýüze çykyp bilýändir.

Deri keselleriniň arasynda witiligodan ýer togalagynyň  uly ýaşly ýaşaýjylarynyň  we çagalaryň 4%-i  ejir çekýär. Ýöne köplenç ol 10-30 ýaş aralygynda döräp, düýpli kosmetiki, psihologiki meselelere getirýändir.

Witiligonyň deride  ilkinji ojaklary çaga we ýetginjeklik döwründe, şeýle hem jynsy taýdan ýetişilýän döwürde, aýbaşydan galma döwri, käbir ýagdaýlarda göwrelilik döwründe, çaga dogrumyndan we abortdan soň peýda bolup bilýär. Köplenç bu kesel ýaz-tomus aýlary ýüze çykýar.

Witiligo keseliniň adamyň janyna  howp salmaýanlygyna garamazdan, onuň saglyk üçin howpludygyny ýatdan çykarmaly däl. Bedende witiligo ýaly bozulmanyň peýda bolmagy, onda düýpli näsazlygyň ýüze çykanlygyndan  habar berýär.

WITILIGO NÄME?

Adamyň derisiniň reňki onuň düzümindäki dokumalara reňk berýän pigmente- melanina baglydyr. Adamyň derisiniň reňki hut şol pigmentiň mukdaryna we ýaýraýşyna bagly bolýar (garaýagyz, saryýagyz, akýagyz adamlar derisindäki melaniniň mukdary bilen tapawutlanýandyrlar).

Adamda melaniniň döremeginiň ýeke-täk çeşmesi L-tirozin aminoturşulygydyr. Onuň bilen misiň we sinkiň ionlarynyň köp basgançaklaýyn täsirleşmesiniň netijesinde pigment emele gelýär. Eger deri öýjüklerine barýan misiň we sinkiň mukdary ýeterlikli bolmasa, witiligo keseli ýüze çykýar.  Bu ýagdaý keseliň döremeginiň esasy faktorlarynyň biridir. Melanin epidermisde (deriniň ýokarky gatynda) ýerleşýän  özboluşly öýjükler bolan – melanositlerde  döreýär we toplanýar. Pigment emele gelmek hadysasy, ultramelewşe şöhlesiniň täsiri  netijesinde has işjeň amala aşyrylýandyr.

Witiligo keseli melanositleriň dargamagy we olaryň işjeňliginiň peselmegi bilen häsiýetlendirilýär. Häzirki döwürde ol ýerli immunitediň  bozulmagy bilen bagly diýip hasaplanýar. Bu ýagdaýda dürli sebäplere görä, immun  goragynyň öýjükleri melanositlere ýaramaz täsir edip, pigmentiň ýok bolmagyna getirýär. Deri öz adaty reňkini ýitirýär we ak-süýt  görnüşli reňke boýalýar. Keseliň ötügişen ojaklarynda melanositler ýok bolýar, täze dörän ýerlerinde bolsa az mukdarda, işjeňligi peselen melanositler ýüze çykarylýar.

WITILIGONYŇ DÖREMEGINE GETIRÝÄN FAKTORLAR

Häzirki döwürde bu keseliň döremegine getirýän anyk sebäpleri sanap geçmek mümkin bolmasa hem, lukmançylykda bu mesele boýunça birnäçe nazary pikirler bardyr:

♦ Genetiki meýillilik – nesil yzarlamak faktory;

♦ Autoimmun (immun ulgamynyň bedene "gönükdirilen" zeperlendiriji täsiri) keselleriň täsiri (galkan şekilli mäze, böwregüsti mäzlere, gipofize, jyns mäzlerine zyýan ýetmegi netijesinde döreýän endokrin keselleri,  mugthorlar (gelmintoz keseli) bilen zeperlenme (opistorhoz, lýamblioz), bagryň  gany arassalaýjylyk wezipesiniň bozulmagy, içegäniň disbakteriozy, Addisonyň keseli, B12 witamin ýetmezçiligi bolan ganazlyk bu keseliň döremegine getirip bilýär);

♦ Witiligo zäherleýji maddalaryň täsiri esasynda ýüze çykyp bilýär. Ol senagata we durmuşda melansitler üçin örän zäherli bolup, olaryň ölmegine getirýän: sintetiki şepbikler (smolalar), hlor, formaldegid, düzüminde fenol bolan detergentler ýaly dürli himiki birleşmeleri giňden özleşdirilmek bilen bagly bolup biler;

♦ Ruhy dartgynlyk (köplenç witiligo agyr ruhy dartgynlykdan, ondan ýeten zyýandan soň peýda bolýar);

♦ Güne ýanmak (gün şöhlesiniň bedene uzak wagtlap göni täsir etmegi netijesinde deriniň ýanmagy ondaky pigmentleriň ýok bolmagyna getirip bilýär).

Şeýlelikde, witiligonyň döremeginiň sebäplerini anyklamak üçin her bir aýratyn ýagdaýda doly we dürli ugurly barlag işlerini geçirme wajyp bolup durýandyr.

WITILIGONYŇ KLINIKI ŞEKILI

Adatça bu keseliň dowamly häsiýeti bolup, syrkawa ruhy taýdan ezýet berýär we biynjalyk edýär. Kesel deride öçügsi gülgüne ýa-da süýt-ak reňkli tegmilleriň peýda bolmagy bilen başlaýar.

Witiligoda tegmiller deri örtüginiň dürli ýerinde peýda bolup bilýär, ýöne köplenç olar eliň arka ýüzünde, goşarda, ýüzde we boýunda emele gelýär. Tegmiller dürli ölçegde, sudurda bolup, ulalyp, biri-biri bilen goşulyp hem bilýär.

Şeýle-de witiligonyň ojagynda bar bolan saçlaryň agarmagy ähtimal, ýöne olaryň dökülmegi we döwülmegi bu kesel bilen bagly däldir. Keseliň ojagynda gurap tozgalama, gijileme, çişme ýüze çykmaýar.

Köplenç witiligonyň ojagy tomus aýlary, deriniň günüň täsiri netijesinde garalan wagty bildirip başlaýar. Bu ýagdaýda örän seresap bolmaly, sebäbi pigmentini ýitiren deri ultramelewşe şöhlä garşy bolan adaty goragyndan mahrum bolýar we çalt ýanýar. Witiligonyň alamatlary peýda bolandan, dogry kesel kesgidi belläp, meňzeş deri  kesellerinden tapawutlandyrmak üçin dermatolog lukmana ýüz tutmalydyr.

Kesel kesgidi  anyklanylýar, keseliň agyr görnüşlerinde deriniň biopsiýasy geçirilýär (şöhläniň  täsiri ulanylyp geçirilen  mikroskopiki barlagyň netijesinde melanositleriň barlygy ýa-da ýoklugyny subut edip bolýar).

WITILIGODAN HALAS BOLUP BOLÝARMY?

Pigmentden mahrum bolan deride ätiýaçlyk melanositleriniň saklanýanlygy subut edilendir. Şol melanositler saç follikulalarynyň  agzynda ýerleşýär. Olara öz ösüşini başlap, deriniň reňkiniň öçen ýerlerini doldurmaklyk üçin "itergi" gerekdir. Şol maksat üçin:

► Öýjükleriň doly iýmitlenmegi üçin gan aýlanyşy güýçlendirmelidir.

► Mikroelementleriň bedende ýeterlik mukdaryny (birinji orunda pigment emele getirmek täsirleşmesine gatnaşýan mis bilen sink) üpjün etmeli.

► Witaminleriň sazlaşykly çalşygyny gazanmaly:

B1 – immunitedi sazlaýar, öýjükleri täzelemek we bölmek, olara nesil yzarlamak baradaky maglumatlary geçirmek üçin zerurdyr.  Içege gowy işlän ýagdaýynda bu witamin, içege bakteriýalary tarapyndan işlenilip çykarylýar, emma  disbakteriozda onuň ýetmezçiligi duýulýar.

С – aýdyň bildirýän antioksidant häsiýetlerine eýedir. Ol melanositleriň dargamagyna päsgelçilik  döretmek bilen, erkin radikallaryň öýjük  membranasyna edýän täsirini saklaýar; damar diwarlaryny berkidýär, gan aýlanşygy sazlaşdyrýar.

Nikotin turşulygy – deri damarlaryny giňeldýär, ganyň we ýokumly maddalaryň deri öýjüklerine ýygnanmasyny üpjün edýär.

► Immun ulgamynyň sazlaşdyrylmagyna üns bermelidir.

► Bagryň wezipelerini kadalaşdyrmaly.

► Melanositleri hökman günüň ýagtysy bilen tijendirip  durmaly.

WITILIGONYŇ BEJERGISI

Witiligo keseliniň döreýiş mehanizminiň   belli däldigi sebäpli, ony bejermegiň netijeli we gutarnykly usullary baradaky mesele häzirki wagt anyk çözgüde garaşýar.

Şu güne çenli witiligo keseliniň bejergisi toplumlaýyn alnyp barylýar. Ol umumy we ýerli bejergi çärelerinden , fizioemleri ulanyş  usullaryndan – lazer we ýagtylyk (fototerapiýa) bilen bejergilerinden, üýtgän deri ojaklaryna üýtgemedik deri bölejiklerini transplantasiýa (başga ýerden alyp goýma) etmekden  ybaratdyr.

Umumy bejergiň gidişinde deriniň  ultramelewşe şöhlelere duýgurlylygyny ýokarlandyrýan derman serişdeleri ulanylýar:

• Beroksan – ekme pasternagyň miwelerinden taýýarlanylýar.

• Ammifurin – uly ammi ösümligiň dänelerinden alynýar.

• Meladinin – uly ammi derman serişdesi.

• Psoralen – şänikli psoraleýanyň iýmişlerinden we kökünden alynýan psoralen we izopsoralenden durýar.

• Psoberan – injiriň ýapragyndan alynýan psoralen we bergaptenden taýýarlanýar.

Agzalan derman serişdeleri gerdejik , zeperlenen ýerlerine çalmak üçin ulanylýan spirtli erginler, ýaglar görnüşinde çykarylýar.

Bu derman serişdeleriniň täsiri has netijeli bolar ýaly, bejergi tapgyry  ultramelewşe şöhlelenmesi bilen utgaşykda geçirilýär. Uzyn tolkunly şöhlelenme (320-390 nm uzynlykda tolkun) –PUWA–terapiýasy ýa-da fotohimiýa terapiýasy diýip atlandyrylýar.

Arasyna  az salym wagt salyp, bu bejergini birnäçe tapgyrda geçirmek gazanylan netijeleri saklamaga ýardam berip biler.

Göwrelilik, howply täze dörän çişler, şöhlelenmä bolan ýokary duýgurlyk, aşgazandaky, bagyrdaky, böwrekdäki, ýürek-damar ulgamyndaky, gandaky  näsazlyklar, 5-den kiçi, 60-dan uly ýaş – PUWA – terapiýasyny  geçirmäge  garşy görkezmeler hasaplanýar.

Deriniň  geliý-neon lazeri bilen şöhlelendirmegiň fotosensibizirleýji serişdeler bilen utgaşykda alnyp barylmagynyň oňat netije berýänligi barada maglumatlar toplanandyr. Witiligonyň lazer şöhleleri bilen bejerilmeginiň  PUWA–terapiýasy bilen deňeşdireniňde bir näçe artykmaçlygy bardyr: ýokary  bejeriş netijeliligi, bejerginiň möhletiniň  gysgalmagy , bejeriş mukdarynyň anyk kesgitlenmegi, ýaramsyz täsiriniň  ýüze çykmaýanlygy, garşy görkezmeleriň çäklidigi.

Witiligodan ejir çekýän näsaglarda  mis we C witamininiň ýetmezçiligi ýüze çykýar. Şol sebäpli, bejergi netijeli bolar ýaly, olara agzalan  serişdeleri kabul etmek bellenilýär.

Şeýle hem witiligo keseline duçar bolan  adamlarda  T-limfositleriniň kemelenligi sebäpli, toplumlaýyn bejergä immuniteti tijendiriji serişdeleri: T-aktiwin, immunal, ehinaseýe ösümliginden taýynlanan serişdeleri  goşmak  maslahat berilýär.

5 ýaşdan kiçi, 60 ýaşdan uly witiligo bilen syrkawlanlara witaminleri, 2% ýody zeperlenen ýerine çalmak we ultramelewşe şöhlelenmesini utgaşykda almak hem bellenilip biler. Witamin serişdeleri  bilen bejergini belli tertip  boýunça alyp barmak- 5% -li B1 witamininiň 10-15 sanjymyny, 5%-li  nikotin turşusy bilen gezekleşdirmek we A witaminini, riboflawinli askorbin turşusyny içmek  maslahat berilýär.

Witiligony bejermekde birnäçe derman ösümlikleriň şowly netije görkezenligi barada maglumatlar bar. Näsaglara  deriniň zeperlenen ýerine ekme pasternagyň iýmişleriniň we ýapragynyň şiresini, injiriň gök iýmişleriniň we ýapragynyň şiresini, gyzyl burç, kiçi rýaskanyň şiresini ýa-da goýy demlemesini çalmak maslahat berilýär.

Soňky ýyllarda, birnäçe döwletlerde bu keseli bejermek üçin, zeperlenen witiligoly ojaklara kadaly deri böleklerini transplantasiýa etme usuly hem ulanylýar.

Hormat bilen, Lukman aga.

  • 12957 gezek okalan