• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • TOMUS PASLYNDA ÝYGY DUŞ GELÝÄN KYNÇYLYK: IÇGEÇME

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TOMUS PASLYNDA ÝYGY DUŞ GELÝÄN KYNÇYLYK: IÇGEÇME

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.26 (19 Ses)

Tomus paslynda iýmit önümleriň çalt zaýalanmagy, teşneligi gandyrmak maksady bilen arassalygy belli bolmadyk suw satylýan söwda nokatlaryndan suwuň kabul edilmegi, ýaplarda, howdanlarda zyýansyzlandyrylmadyk suwda suwa düşülmegi, mazaly bişmedik ir-iýmişleriň iýilmegi iýmit siňdiriş ulgamyň işinde näsazlyklary döredip, içiň geçmegi ýaly kynçylygy döredip biler.

Bir gije-gündiziň dowamynda uly adamlarda täret etmäniň 2 gezekden artyk ýygjamlaşmagyna içgeçme (diareýa) ýagdaýy höküminde seredip, täretiň hem suwuk görnüşe eýe bolýandygyny nazara almalydyr.

Biziň köpümiz köplenç bu oňaýsyz ýagdaýa çynlakaý seretmeýän hem bolsak, özwagtynda öňi alynmadyk içgeçmäniň bütin bedeniň işinde bökdençlik döredip biljekdigini bilmelidiris.

Näme iýmeli?

Bu ýagdaýa getirýän sebäplere bagly bolmazdan (nädogry iýmitlenme, ýokançlyklar, dowamly stress ýagdaýy, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmezlik), içgeçmede berhiz saklamak esasy düzgünleriň biri bolup durýandyr. Ir-iýmişler, gök önümler, süýt, kofe, şeker, duz, miwe şireleri, nahara atylýan ýiti goşundylar täret etmäni ýygylaşdyrýan önümler bolup, olaryň kabul edilmegini wagtlaýyn bes etmelidir. Şonuň ýaly-da, zeperlendirilen aşgazana artykmaç agram salynmaz ýaly köpdüzümli agyr naharlardan hem gaça durmalydyr. Tersine, täreti "gatadyp" bedenden suwuň köp bölünip çykmagynyň öňüni alýan goýy demlenen çaýy, kiseli, gazlandyrylmadyk mineral suwy içmek, gaýnadylan tüwini, banany, guradylan çöregi (suhari) iýmek peýdaly bolp biler. Iýmitde özüňi doly çäklendirme zerurlygy gerek bolmasa hem, etiň hem-de balygyň gaýnan ýa-da bugda bişen görnüşini iýme ýaramly bolar. Bedeniň suwsuzlanmagynyň öňüni almak üçin gije-gündiziň dowamynda 2 litrden az bolmadyk suwuklyk kabul etme maslahat berilýär.

Nähili bejermeli?

Eger içgeçme ýagdaýy uzaga çekip, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy bilen utgaşýan bolsa, onda onuň bejergisi derman serişdeleriniň ulanylmagyny talap edip biler. Esasy geçirilmeli çäre-bedeniň suwsuzlanmagynyň öňüni almakdyr. Şol maksat üçin sowuk ergin görnüşinde ulanylýan regidrony, sitroglýukosolany ýa-da özbaşdak glukozany we duzlary saklaýan erginiň taýynlanyp kabul edilmegini maslahat berip bolar. Öý şertlerinde bu ergin şeýle taýynlanýar: 1 litr gaýnan suwa 1 çaý çemçe duzy, şol mukdardan iki esse az (pyçagyň ujunda) nahar sodasyny, kaliý mineralyny saklaýan 1 stakan pyrtykal şiresini ýa-da guradylan erigiň gaýnatmasyny, 4 nahar çemçesi şekeri goşup, taýynlanan ergini 170-200 ml. mukdarda 4-5 gezekde kabul etmelidir.

Içgeçmede ýokançlyklaryň zäherini, artykmaç howany hem-de suwuklygy baglap çykarýan serişdeleri (sorbentler) – işjeňleşdirilen agaç kömri, günüň dowamynda 10 gerdejige çenli, smektany, ligniniň serişdelerini kabul etmek maslahat berlip bolar. Içgeçmä getiren sebäbe baglylykda içege ýygrylmalaryny kadalaşdyrýan serişdeleri (imodium, loperamid), fermentleri (mezim-forte, kreon, pankreatin), içege sanjylaryny aradan aýyrýan serişdeleri (papawerin, no-şpa) ulanmaga görkezmeler döräp biler.

Içgeçmäniň başga çynlakaý keselleriň alamaty bolup bilýändigini hem unutmaly däldir. Täretde nemiň we ganyň görünmegi, onuň gara reňke eýe bolmagy, içgeçmäniň 4 günden uzak dowam etmegi, garynda güýçli agyrylaryň ýüze çykmagy, bedeniň gyzgynynyň birden ýokarlanmagy lukmana tizden-tiz maslahat üçin ýüz tutmaga esas bolup bilýändir.

  • 6221 gezek okalan