Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
HÜNÄR BILEN BAGLY KESELLER WE OLARYŇ ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI
Köp adamlar üçin iş, has hem söýgüli iş, wagtyň geçmegi bilen belli bir derejede durmuşynyň akymyna, gözýetimine we özüni alyp barmaklygyň ýörelgesine öwrülýär. Işine durky bilen berlen adama nazar salanyňda onuň haýsy kärde işleýänligini çaklap bolýar. Ýöne gynansak hem, kär bilen bagly endikler we häsiýetler bilen bir hatarda, her bir hünär bilen bagly keselleri gazanmak howpy döreýändir.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, 100000-den gowrak biologiki faktorlar, 50 golaý fiziki we takmynan 20 golaý önümçilik şertleri we fiziki agramlylygyň görnüşleri, dürli psihologiki we sosial meseleler ýaramaz faktorlar bolup, keselçilige ýa-da ruhy dartgynlylyga getirýär. Şeýle-de, meşgullanýan zähmetinden nägile bolmaklyga, içki ruhy deňagramlylygyň bozulmagyna sebäp bolýar we saglyga zyýan ýetirýär.
Dürli kärde işleýän adamlarda, wezipesiniň fiziki ýa-da akyl zähmeti bilen baglylygyna görä, keselleri hem dürli-dürli bolýar. Habar beriş tehnologiýa enjamlarynyň hünärmenleri, hasapçylar, dolandyryjylar (menežerler) we şolara kybapdaş kär bilen meşgullanýanlar iş günini, käbir ýagdaýda işden soňky ençeme sagatlary hem kompýuteriň başynda geçirmeli bolýar. Bu bolsa birinji bilen adamyň bedeniniň iň wajyp sütüni bolan oňurgasyna agram salýar, aýaklarda ganyň kadaly akmagynyň bozulmagyna getirýär, osteohondrozyň we nerw süýümleriň gysylmasynyň sebäbi bolup, egin we boýun myşsalarynyň gysylmagyna getirýär. Ulag sürüjilerde ýokarda agzalan alamatlaryň üstüne uzak wagtlaýyn ruhy dartgynlylyk ýagdaýynda bolmak hem goşulýar. Mugallymlarda, hyzmat ediş gullugynyň işgärlerinde uzak wagtlap aýak üstünde durmakdan aýaklaryň gan aýlanşygy bozulyp, olarda wena damarlarynyň warikoz giňelme keseli döräp bilýär.
Häzirki döwürde has howply hasaplanýan we ýaýran ýaramaz faktorlaryň biri – hünär bilen bagly ruhy dartgynlylyk ýagdaýynyň ýüze çykmagydyr. Sebäbi adamyň berjaý edýän her bir işi, belli bir derejede, nerw dartgynlygyny döredýändir. Eger işgär öz wezipesine çynlakaý çemeleşýän bolsa, islese-islemese öz işiniň hili, onyň amala aşmagynda ýüze çykjak kynçylyklar barada alada eder.
Hünär bilen bagly keselleri toparlara bölmek boýunça umumy, hemmeler tarapyndan kabul edilen ýeke-täk bölüniş tertibi ýokdur. Sebäbi bu keselleriň alamatlary köpdürli bolup, ol ýa-da bu kesellerde dürli beden agzalary we ulgamlary şikeslenip bilýändir. Häzirki wagtda, hünär bilen bagly keselleri olary döredýän sebäplere görä toparlara bölmek, has gollanan we ulanmaga oňaýly usul bolup durýandyr. Oňa görä hünär zerarly ýüze çykýan keseller bäş topara bölünýär:
► Himiki faktorlaryň täsir – ýiti we dowamly zäherlenmeler, şeýle hem olaryň gaýraüzülmesi degişli edilip, zäherlenmeler dürli beden agzalarynyň we ulgamlaryň özbaşdak we utgaşykdaky zeperlenmesi bilen geçip biler;
► Tozanyň täsir etmegi – elektro kebşirleýjileriň, gaz bilen kesýänçileriň, tekizleýjileriň, naždakçylaryň we ş. m. kärdäkileriň pnewmokoniozlary (öýkeniň önümçilik tozany bilen şikeslenmegi) – silikoz, silikatozlar, metallokoniozlar, pnewmokoniozlar ýaly keselleri degişli edilip bilner;
► Fiziki faktorlaryň täsiri – önümçilik enjamlaryň täsiri bilen döredilýän titreme (wibrasiýa) zerarly döreýän keseller; ultrasesiň täsir etmegi bilen döreýän keseller (meselem, wegetatiw polinewrit keseli); güýçli galmagally şertlerde eşidiş nerwiniň zeperlenmegi netijesinde kerligiň döremegi; elektromagnit we ýaýraň lazer şöhlelenmeleriň täsir etmegi netijesinde dörän keseller; şöhlelenme keseli; atmosfera basyşynyň üýtgemegi bilen döreýän keseller; ýaramaz meteorologiki şertlerde döreýän keseller – öte gyzma, sowuk temperaturanyň täsiri;
► Aýratyn beden agzalaryna we ulgamlaryna aşa agram düşmegi sebäpli ýüze çykýan keseller – olara nerwleriň we myşsalaryň zeperlenmegi bilen döreýän keseller degişli edilýär (newritler, radikulopolinewritler, boýun-egin pleksitleri, wegetomiofassitler, miofassitler); daýanç-hereket ediş agzalarynyň keselleri (dowamly tendowaginitler, baglaýjylaryň we bogunlary örtýän dokumalaryň zeperlenmegi, deformirleýji artrozlar); nerwleriň şikeslenmegi netijesinde agzalaryň adaty hereketleriniň bozulmagy; eşidiş ulgamyň keselleri (fonasteniýa); görüşiň bozulmagy we göz düýbüniň şikeslenmegi (astenopiýa, miopiýa, buýnuz gatlagynyň şikesi we başgalar);
► Biologiki faktorlaryň täsiri – ýokançlyklaryň we mugthorlaryň täsiri bilen döreýän keseller (inçekesel, brusellez, ketew, sarybaş, ornitoz, deriniň we nemli örtügiň kömelekli keseli we başgalar).
Ýokarda sanalan dörediji faktorlardan başga-da, hünär bilen bagly keselleriň arasynda allergiki täsirliligi bilen döreýän keselleri (konýuktiwit, ýokarky dem alyş ýollarynyň keselleri, bronhial demgysma, dermatit, ekzema) we onkologiki keselleri (deriniň, peşew haltasynyň, bagryň, ýokarky dem alyş ýollarynyň düwnük keselini) aýratyn agzap geçmek ýerlikli bolar.
Hünär keselleriniň ýiti we dowamly görnüşleri bolýar
Hünär bilen bagly keselleriň ýiti görnüşlerine, bir gezekde (bir iş salkynyndan köp bolmadyk ýagdaýda) ýaramaz we howply önümçilik faktorlaryň ýol berlen mukdaryndan ýokarlanmagy sebäpli, adamyň bedenine täsir etmegi netijesinde keseliň duýdansyz ýaýbaňlanyp başlamagy degişlidir.
Hünär bilen bagly keselleriň dowamly görnüşleri bolsa, ýaramaz we howply maddalaryň hem-de önümçilik faktorlarynyň uzak wagtyň dowamynda bedene täsir edip durmagy netijesinde döreýärler. Şeýle hem bu topara iş şerti bilen bagly keselleriň ýakyn we uzak netijeleri-de degişlidir (mysal üçin, uglerodyň okisinden zäherlenmegiň netijesinde merkezi nerw ulgamynyň durnukly üýtgemegi).
Ýyl-ýyldan zähmetiň şertleri we häsiýeti üýtgäp, özgerip durýar. Önümçilik gurşawynyň täze faktorlary uly ähmiýete eýe bolup, habar beriş we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň yzygiderli ösmegi bilen we sintetiki himiýa önümlerini giňden ulanmak bilen bagly ýokary tehnologiki önümçiligiň ösmeginiň ähmiýeti artýar. Işiň gidişinde adam, adatça, önümçilik gurşawy bilen ýakyndan aragatnaşykda bolup, ony özüne amatlylykda üýtgedip durýar. Ýaramaz we amatsyz önümçilik gurşawy, howply zähmetiň görnüşi bolsa, adamyň psihoemosional we beden saglygyna ýaramaz täsir edip, onuň işjeňlik ukybyny pese düşürip biler.
Hünär bilen bagly keselleriň öňüni almak
Önümçilik gurşawyndan ýaramaz faktorlary düýbünden ýok etmek mümkin däldir. Şol sebäpli hünär bilen bagly bolan keselleriň öňüni almak boýunça uly mesele ýüze çykýar. Bu işleri amala aşyrmaklyga lukmançylyk edaralary bilen birlikde döwlet, jemgyýetçilik, ykdysady, ekologiýa, kanuny goraýjy edaralary hem gatnaşmalydyr. Olar zähmeti we zähmetkeşleri goramak boýunça döwlet syýasatyny durmuşa ornaşdyryp, yzygiderli keselleriň öňüni alyş lukmançylyk barlaglaryny geçirip durmak, her bir işgäriň hususy aýratynlygyna görä iş şertiniň saglygyna ýetirip biljek täsirini öwrenmek boýunça dürli işleri berjaý etmelidir.
Galybersede, her bir adam ilki bilen saglygy barada özi alada etmelidir. Saýlan söýgüli käriňiziň eşretini görüp, ondan kanagatlanma almak üçin iş ýeriňizde öz hünäriňiziň aýratynlyklaryna görä tehniki howpsuzlygyň düzgünlerini doly berjaý etmegi, fiziki we psihologiki ýagdaýyňyza uns bermegi, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý edip, ýaramaz endiklerden ýüz döndürmegi göz öňüne tutmagy we sagdyn iýmitlenmegiň hem-de dogry dynç almagyň zähmet şertlerine täsir edip biljekdigini unutmaly däldir. Egerde siz haýsy hem bolsa bir dowamly keselden ejir çekýän bolsaňyz, onuň ötüşmegine sebäp boljak işlerden çetde durmaga çalyşmalydyr. Işde gazanylan abraý bilen bile belli bir keseli gazanmak islemeýän bolsaňyz, käriňize mahsus keselleri öwrenip, olardan goranmaň düzgünlerini berjaý etmegi başaryň.
- 6717 gezek okalan