• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • OŇAÝSYZLYGA GETIRÝÄN KYNÇYLYK: IÇ GATAMA

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

OŇAÝSYZLYGA GETIRÝÄN KYNÇYLYK: IÇ GATAMA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (29 Ses)

Iç gatama-dürli sebäplere görä içegeleriň boşap bilmezligi ýa-da olaryň seýrek boşamagy bilen baglanşykly kynçylyk bolup, ol çagalarda hem, uly adamlarda hem deň derejede duş gelýändir. Iç gatamanyň ýüze çykmagy, esasan, nädogry iýmitlenme we ýaramaz ýaşaýyş endikleri bilen bagly bolup biler. Bu ýagdaý köplenç, iýmit siňdiriş agzalaryň keselleriniň alamaty höküminde hem ýüze çykyp bilýändir. Iç gatamada garyndaky agyry, içiň jugurdamagy, ýellenmegi we bedeniň agramynyň kemelmegi ýaly oňaýsyzlyklar ýüze çykýar. Iç gatama dürli usullar bilen bejerilip, ýörite berhiz saklamak we işjeň ýaşaýyş-durmuş tertibini alyp barmak bu kynçylygy bejermegiň iň wajyp şertleridir.

Iç gatamanyň bejergisi sowatly we salykatly çemeleşmäni talap edýär. Bejergä başlamazdan öň, iç gatamanyň häsiýetini we onuň sebäbini anyklamak zerurdyr. Diňe şondan soň bejergä başlamak bolýar.

Ýaşaýyş-durmuş endiklerini we iýmitlenmegi kadalaşdyrmak, ýörite berhiz saklamak, degişli derman serişdelerini ulanmak, halk tebipçiligine degişli serişdelerden peýdalanmak iç gatamanyň bejergisiniň esasy düzüjileri bolup durýandyr.

Kadaly ýaşaýyş – durmuş endiklerini berjaý ediň.

Arassa açyk howada gezelenç etmek, fiziki we ertirki maşklary azyndan 15 minut ýerine ýetirmek, içegeleriň kadaly ýygrylmalaryny üpjün edip hem-de garyn boşlugynyň öňki diwarlarynyň çeýeligini ýokarlandyryp, içiň gatamagynyň öňüni alýar.

Sport bilen meşgullanmak az hereket edýän adamlara (ofis işgärleri, maşyn sürüjiler we başgalar) iç gatmadan saplanmaga kömek edýär. Sporta we ertirki maşklar bilen meşgullanmaga wagtyňyz bolmadyk ýagdaýynda, her gün 25-30 minut pyýada ýöremegi endik ediniň.

Berhiz.

Içegeleriň kadaly işlemegi üçin ýörite bellenen wagtda 4-5 gezek naharlanmalydyr. Iýmitiňizde düzümi kletçatkaly önümleriň bolmagy hökman bolup, kletçatka ter we gaýnadylan bakja we miwe önümlerinde saklanylýar. Ol bedende ýeňil özleşýär, täreti ýumşadýar we onuň içegelerden aňsatlyk bilen çykmagyna kömek edýär. Kletçatka kepekli bugdaý çöreginiň düzüminde-de ýeterlik mukdarda bolýar. Mundan başga-da iýmitiňiziň düzüminde ýagsyz et, kelem, greçka, garaly kişdesi, pyrtykal, nohut, noýba ýaly önümler bolmalydyr.

Gowrulan, konserwirlenen, ajy önümler, alkogolly we gazlandyrylan içgiler iç gatamadan ejir çekýänler üçin örän zyýanlydyr. Bedende suw ýetmezçiligi içegelerde täretiň gatamagyna getirýär. Şol sebäpli hem günüň dowamynda 1,5 litr suw içmek peýdalydyr.

Iç gatamada ulanylýan derman serişdeleri.

Iç gatamanyň bejergisinde iç sürýän serişdeler hem ulanylýar. Şeýle serişdeler gartaşan adamlaryň içi gatanda, içegeleriň ýygrylmagynyň peselmegi zerarly dörän iç gatamada, dowamly iç gatamada ulanylýar. Içegede dürli görnüşli çişler, polipler bar bolan ýagdaýynda iç sürüji serişdeleri ulanmak howpludyr.

Iç sürüji derman serişdeleri täsir ediş usuly boýunça birnäçe topara bölünýärler.

Içegedäki ýygnanmalaryň mukdaryny köpeldýän serişdeler.

Içege boşlugynda suwy saklap, täretiň mukdaryny artdyrýan we ony ýumşadýan serişdelere zygyr tohumy, metilsellýuloza (sintetik serişde), Forlaks, Mukofalk degişlidir. Bu serişdeler operasiýalardan, şikeslenmelerden soň döreýän iç gatama we nädogry iýmitlenme sebäpli döreýän iç gatama bejerilende ulanylýar.

Mukofalkyň düzümine at gulagyň tohumy girýär. Bu derman serişdesi ownuk düwürler görnüşinde goýberilýär we suspenziýalary taýýarlamak üçin ulanylýar. Mukofalkyň 1 çaý çemçesini bir bulgur mylaýym suwa garyp, bir gije-gündiziň dowamynda 6 gezek içmek peýdaly.

Forlaksyň 1-2 paketi iýmit kabul edilende içilýär. Bu serişde ýeňil özleşdirilýär.

Mineral we tebigy ýaglar.

Iç gatamada wazelin, zeýtun we badam ýaglaryň ulanylmagy gysga wagtyň içinde kömek edýärler. Bu ýaglar diňe içegelerdäki zatlary ýumşatman, eýsem ýogyn içegäniň diwarjyklaryny ýaglap, täretiň çykmagyny ýeňilleşdirýärler.

Wazelin ýagyny 5 günüň dowamynda 1-2 nahar çemçeden içmek peýdaly.

Wagtal-wagtal ýüze çykýan iç gatamada gliserin şemlerini ulanmak bolýar. Olar howpsuz we ýokary täsirlidir.

Ösümlik serişdeleri, käbir sintetik ýaglar we ösümliklerden ýasalan serişdeler içegeleri gyjyndyryp, olaryň ýygrylma hereketlerini ýokarlandyrýarlar. Şeýle serişdelere Senade (sennanyň ýapraklary), kruşinanyň gabygy, sürüji ýag, Bisakodil degişlidir. Bu serişdeler 7-8 sagatdan täsir edýärler. Şol sebäpli olary agşam, ýatmazdan öň kabul etmelidir. Senade sakgyç görnüşinde öndürilýär. Ululara 1-2 sanysyny, çagalara bolsa ýartysyny ýa-da birini içmek maslahat berilýär.

Ýokarda agzalan derman serişdeleriniň uzak wagtyň dowamynda kabul edilmeginiň, içegeleriň işine ýaramaz täsir edip biljekdigini bellemelidir.

Guttalaks (natriniň pikosulfaty) belli we peýdaly iç sürüji derman serişdeleriniň biridir. Ony uzak wagt ulanmak bolýar. Näsag oňa endik etmeýär. Iç gatamadan ejir çekýänler ertirine Guttalaksyň 10 damjasyny kabul edip, dermanyň oňaýly täsirini duýup bilerler. Zerur bolanda 24 damja çenli içmek maslahat berilýär. Guttalaksy gaýnadylan mylaýym suwa ýa-da miwe şiresine garyp içmelidir.

Içege ýygrylmalaryny tijendirýän serişdeler.

Içegeleriň hereketiniň peselmegi sebäpli döreýän iç gatamany bejermek üçin olaryň işjeňligini ýokarlandyrjak serişdeler ulanylýar. Olara Serukal, Koordinaks, Motilium degişlidir. Bu serişdeler operasiýalardan we şikeslenmelerden soň lukmanyň görkezmesi bilen bellenilýär.

Laktuloza.

Çagalara we göwreli aýallara iç gatamada laktuloza (Dýufalak) bellenilýär. Dýufalak gana siňmeýär we içegede suwy saklap, täretleriň ýumşamagyna kömek edýändir. Bu sintetik serişde içegeleri gyjyndyryp, onuň ýygrylma hereketlerini ýokarlandyrýar. Dýufalak şerbet görnüşinde öndürilýär. Iç gatamany bejermek üçin, ulular ilkinji 2 günüň dowamynda 30-40 ml, soňra 3 hepdäniň dowamynda her gün irden 1 gezek ertirlik wagty 30 ml Dýufalak içmeli. Çagalara Dýufalak ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda bellenilýändir. Alty ýaşdan ýokary bolan çagalara ilkinji günler 20-30 ml, soňra 10-15 ml mukdarda 1 gezek nahardan öň berilýär. 6 ýaşdan kiçi çagalara ertirine 1 gezek nahardan soň 10-15 ml mukdarda bellenilýär. Dýufalak ýeňil özleşdirilýär. Serişde ilkinji gezek ulanylanda, içiň ýellenmegi we iç geçme ýüze çykyp bilýändir.

Çagalarda iç gatama bejerilende, içegeleriň mikroflorasynyň dikeldilmegine aýratyn uly üns berilmelidir. Bu çaganyň täretine täsir edýär. Iç gatamadan ejir çekýän çagalara içegeleriniň mikroflorasyny dikeltmek üçin düzümi bifidobakteriýaly turşy-süýt önümlerini bermek maslahat berilýär. Şeýle bifidobakteriýalar Aktiwia ýaly ýogurtlaryň düzümine girýär. Şeýle ýogurtlar içegeleriň işini gowulandyrýarlar, täreti ýumşadýarlar, içiň ýellenmegini, agyryny aýyrýarlar.

Çagalarda ýüze çykýan disbakterioz probiotik we prebiotik serişdeleriň kömegi bilen bejerilýändir.

Iç gatama bilen utgaşyp duş gelýän içiň ýellenme alamatyny bejermek üçin içegedäki howany çykaryjy serişdeler ulanylýar. Şunuň ýaly serişdeler esasan, ene süýdi bilen iýmitlendirilýän çagalarda içiň ýellenmegini bejermek maksady bilen ulanylýar. Içiň ýellenmegine garşy ulanylýan serişdeler içegä siňmeýärler we täret bilen çykýarlar. Şol sebäpli hem olaryň zyýany ýokdur. Şeýle derman serişdelerine giňden ulanylýan Espumizan hem degişlidir.

  • 16932 gezek okalan