• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • AŞGAZANYŇ WE ONIKI BARMAK IÇEGÄNIŇ BAŞ KESELI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AŞGAZANYŇ WE ONIKI BARMAK IÇEGÄNIŇ BAŞ KESELI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.29 (28 Ses)

Aşgazanyň baş keseli – bu aşgazanyň we oniki barmak içegäniň işini kadalaşdyrýan nerw we gumoral (bedeniň suwuklykly sredasy) ulgamynyň işiniň bozulmagy netijesinde döreýän dowamly, gaýtalanyp durýan keseldir.

Aşgazandaky başyň döremeginiň köpsanly ýerli we umumy sebäpleri bardyr. Aşgazanyň nemli gatlagynyň kadaly işjeňligi, oňa iki faktoryň täsir etmegi esasynda amala aşýandyr.

  1.       Goraýjy faktorlar – oňa aşgazanyň we oniki barmak içegäniň işläp çykarýan nemi, öýjükleriň täzeden dikelmäge ukyplylygy, ýerli gan aýlanşygyň kadaly ýagdaýy, içege gormonlarynyň (sekretin, enteregaston) goraýjylyk häsiýeti, agyzdaky tüýküligiň we aşgazanasty mäziň şiresiniň aşgarly reaksiýany döretmegi ýaly ýagdaýlar degişlidir.
  2. Dargadyjy faktorlar – oňa aşgazan turşulygynyň işjeňlik häsiýeti we infeksion faktor bolan Helikobakter pilory (H.pilory) ýokançlygy degişlidir.

Geçen asyryň soňunda açylan spiral görnüşli ýokançlyk bolan H. Pilory, aşgazanyň nemli gatlagynyň öýjüklerinde ýaşap, aşgazan turşulygynyň täsirine durnuklydyr. Barlaglaryň görkezişi ýaly, gastritde (aşgazanyň nemli gatlagynyň sowuklamagy)  H. Pilory näsaglaryň – 100%-de, aşgazanyň baş keselinde – 60%-de, oniki barmak içegäniň baş keselinde – 95%-de, sag adamlarda – 10% ýagdaýlarda duş gelýär. Aşgazanyň nemli gatlagynyň üýtgemegi ýüze çykandan soň, H. Pilory ol ýere aralaşyp, baş keseline getirýän ýerli üýtgemeleriň sebäbi bolýandyr. H. Pilory sag nemli gatlaga aralaşýan däldir. (sag adamlarda 10% ýagdaýda duş gelýär!)

Şeýlelikde, goraýjy we dargadyjy faktorlaryň deň agramlylygy bozulanda, aşgazanyň nemli gatlagynyň üýtgemegi (metoplaziýa) ýüze çykýandyr.

Baş keseliniň ýüze çykmagynyň 15-40% ýagdaýynda nesil yzarlaýjylyk faktor hem möhüm orny eýeleýändir.

XX – asyryň 60-njy  ýyllarynda biopsiýa almak usuly ýola goýlandan soň, diňe baş keseli bilen kesellän näsaglar däl-de, olaryň garyndaşlarynyň hem aşgazanynyň nemli gatlagy gistologiki barlaga alyndy. Barlag netijesinde, olaryň aşgazanynyň nemli gatlagynda turşulygy bölüp çykarýan öýjükleriň köplügi anyklanyldy.

Netijede, nesil yzarlaýjylyk häsiýeti, aşgazanyň nemli gatlagynyň üýtgemegi we H. Pilory ýokançlygynyň aralaşmagy ýaly faktorlaryň utgaşmasy ýüze çykanda, baş keseliniň emele gelmegine oňaýly ýagdaýlar dörýändir.

Goşmaça ýaramaz faktorlar bolan, kadasyz, gury iýmitlenme, ajy, ýiti, aşa duzly naharlar, spirtli içgileri kabul etmek, çilimkeşlik, nerw dartgynlylyk hem ýüze çykan ýagdaýy has hem beterleşdirip biler.

Aşgazanyň baş keseliniň ýüze çykmagyna aspiriniň, glucokortikoidleriň, rezerpiniň, sitostatikleriň, steroid däl sowuklama garşy we agyrsyzlandyryjy serişdeleriň ulanylmagy hem itergi berip biler. Aýallara garanyňda, aşgazanyň baş keseli erkek adamlarda 4-7 esse köp duş gelýändir. Oniki barmak içegäniň baş keseli bilen köplenç 30-40 ýaş, aşgazanyň baş keseli bilen 50-60 ýaş aralygyndaky adamlar keselleýändir.

Keseliň kliniki taýdan ýüze çykmagy agyrylar, sarynyň gaýnamagy, ýürek bulanma, gaýtarma, horlanma bilen häsiýetlendirilýär. Keseliň beterleme döwründe, agyrylar günde, näsagyň aç wagty ýüze çykýandyr. ("ajygýan" agyrylar), nahar iýlenden soň, agyrylar köşeşip, ýene täzeden ýüze çykyp biler.(Aşgazanyň baş keselinde 0,5-1 sagatdan soň, oniki barmak içegäniň baş keselinde – 1,5-2,5 sagatdan soň). Käwagtlar agyrylar gije hem ýüze çykýar. Oniki barmak içegäniň baş keselinde içiň gatamagy hem bolýar.

Aşgazanyň baş keseliniň gaýraüzülmelerine, aşgazanyň diwarlarynyň deşilmegi, gan akmalar, aşgazanyň boşlugynyň daralmagy we görnüşiniň üýtgemegi, başyň raga öwrülmegi ýaly ýagdaýlar degişlidir.

Baş keselini anyklamagyň iň takyk usuly – endoskopiýadyr. Onuň kömegi bilen nemli gatlagyň ýarasyny, onuň görnüşini, ululygyny, çuňlugyny, ýerleşýän ýerini, ýaranyň düýbüniň we gyralarynyň ýagdaýyny anyklap bolýar. Endoskopiýa 4-5 nokatdan biopsiýa ( agzanyň bölejigini almak) alyp, gistologiki barlagy geçirmek üçin oňaýlydyr. Ol başyň rak keseline öwrülmegini irki döwürde  anyklamaga kömek edip biler.

Aşgazanyň bariý – bilen geçirilýän rentgen barlagynda, onuň nemli bardasynda baş keseline mahsus bolan "çukurjygyň" (ýaranyň ýerleşýän ýeri) emele gelmegi görünýändir.

Baş keseliň gaýraüzülmeleri ýüze çykan ýagdaýynda, täretiň "gizlin" gana barlagy geçirilýär.

Keseliň beterleşen döwründe bejergini keselhanada geçirýärler. Yiti döwürde iymitlenmäni çäklendirmelidir.Beterleme döwri geçenden soň,naharlanma ýygy-ýygydan, bir gije-gündizde 4-6 gezege çenli bolmalydyr. Iýmit aşgazanyň nemli gatlagyny şikeslendirmeli we gyjyndyrmaly däldir.

Bejergi üçin demanlaryň birnäçe toparyny ulanýarlar:

  • Aşgazan turşulygyň çykyşyny kesýän dermanlar – metasil, gastrozepin, firenzipin. Olaryň ulanyş mukdary hem näsagyň ýagdaýyna görä saýlanylmalydyr. Dermanyň ýeterlik  bolmadyk mukdarynda berilmegi, netijesiz bejergä we başyň köp wagtlap bitmezligine getirýär. Tersine, dermanyň köp mukdarda berilmegi bolsa, aşgazanyň şire çykarşyny uzak wagtlap togtadyp, aşgazanyň içki ýagdaýynyň düýpli üýtgemegine getirýär.(iýmit siňdiriş haýallanýar, disbakterioz ýüze çykýar).
  • Aşgazan turşulygyny basyp ýatyryjylar (antasidler) – adaty hek, magniý okis, kalsiniň karbonaty, almagel, fosfolýugel we başgalar.
  • H. Pilory ýokançlygyna garşy denol we metronidazol serişdeleri has ýokary peýdalylygy bilen tapawutlanýar. Denol wismutyň suwuk görnüşidir.
  • Aşgazanyň nemli bardasynyň öýjüklerini gorayan dermanlar – mizaprestol, delargin, entrostil.
     

Aşgazanyň we oniki barmak içegäniň baş keseli bilen kesellän näsaglar lukmanyň gözegçiliginde durup, keseliň beterlemezligi üçin, ýaz-güýz aýlary bejergi çärelerini geçirip durmalydyr. Keseliň beterlemesi ýüze çykmadyk ýagdaýynda hem, öňüni alyş bejergini 3-5 ýylyň dowamyda geçirmelidir.

  • 15179 gezek okalan